06:37 Namaz okamadygy öldürmelimi? | |
NAMAZ OKAMADYGY ÖLDÜRMELIMI?
Fykh kitaplarynda we mezhep çemeleşmelerinde şu günüñ adamlaryny akyl taýdan, dini taýdan, wyždan we hukuk taýdan ynjalyksyzlyga düşürip biljek hökümlere duş gelip bolýar. Mysal üçin: Dininden dänen (mürtet) kişä gaýtadan musulman bolmagy üçin çagyryş edilýär. Onuñ şübheleri aradan aýrylmadyk ýagdaýynda üç gün tussaglykda saklamak jezasy berilýär we çagyryşa dowam edilýär. Muña garamazdan musulmanlyga dolanmasa, dört amaly mezhebe görä-de (hanafy, mäliki, şafygy, hanbaly) ol adam öldürilýär. Hanafylara görä mürtet aýal maşgala bolsa, dine dolanyp gelmegi üçin zorluk ulanylýar, gerek bolsa taýaklanýar. Mürtediñ mal-emlägi alnyp, beýtul-mala (döwlet hazynasyna) tabşyrylýar. Ebu Hanyfa mürtediñ mal-emläginiñ onuñ yzynda galan musulman hossarlaryna berilmelidigini aýdýar. Dine ynanýan biridigine garamazdan namaz okamaýanyñ jezasyna seredenimizde, hanafylarda uly günä saýylýar, ýöne dinden çykan hasaplanmaýar. Beriljek jeza-da tazir (şallak urmak, gamçylamak) jezasydyr. Şafygylar, hanbalylar, mälikiler namaz okamaýan adamyñ had jezasynyñ (ölüm jezasy) çäginde öldürülmeginiñ gerekdigini aýdýarlar. Dört mezhebiñ dördüsinde-de, zyna edeniñ tä "ölýänçä daşlanyp" öldürilmelidigi aýdylýar. Ýokardaky mysallary näçe köpeltseñ, köpeldip oturmaly. Diniñ bitewi gurluşyna, Kuranyñ ruhuna, jemgyýetlerdir dinleriñ taryhyna göz gezdirip, gelen netijelerimi dykgatyñyza ýetirmek isleýän: 1. Fykh boýunça ýazylan müñlerçe kitap awtorlarynyñ we ýazylan wagtynyñ şertlerini öz içine alýan subýektiw düşündirişlerdir. Taryhyñ dowamynda syýasaty, ykdysadyýeti, aýal-gyzlara bolan garaýşy, maşgala gurluşy, ylym we añ-düşünje durmuşy bilen eriş-argaç bolan fykh düşündirişleriniñ gürrüñini edýäris. Berilmeli temmiler barada aýdanda bolsa, yslam taryhynda we musulman jemgyýetlerde namaz okamandygy üçin tussag edilen, urlan ýa-da öldürilen ýeke adam ýok. Ýazylanlaryñ barsy alymlaryñ meseläni süýndürmegi ýa-da gereginden artyk çişirmegi sebäpli nygtalyp geçilen zatlardyr. Şeýle-de rejm jezasy-da (daşlamak) ýerine ýetirilmändir. Pygamber döwründe bir-iki wakanyñ bolandygy aýdylsa-da, munuñ anyk bolup geçen wakadygy jedellidir (Terrorçylykly toparlaryñ zorluk-zulumly "temmilerini" yslama dahylly etmekden beter körsowatlyk bolmaz). 2. Dini sferada orta atylan şeýle hökümler jemgyýetiñ medeniýeti bilen gönüden-göni baglanşyklydyr. Hristian ýa-da jöhit jemagatlaryna seredenimizde-de, şuña meñzeş jezalaryñ bolandygyny görýäris. Dinler ilki gelende bir medeniýetiñ üstüne gelýär. Şol medeniýetdäki amallar bilen diniñ amallary eriş-argaç bolýar. Orta asyrlaryñ bedeni jezalaryny şo durşuna dine ýelmemegiñ özi adamzat taryhynyñ jeza kanunlarynyñ ösüş prosesinden bihabarlygy añladýar. Antropologik barlaglar, medeni-taryhy ylmy-barlag işleri munuñ hasam aýdyñlaşdyrýar. Fykh ylmy bilen bir hatarda gadymy jemgyýetleriñ kanunlaryny-da okamak gerek. 3- Dinleriñ agalyk sürýän döwlet gurluşlarynda hemaýatkärligi kemala getirmegi taýdan jemgyýetiñ seresap esedýän rituallary döwlet eli bilen hukuk sferasyna oturdylypdyr, konstitusion we jemgyýetçilik tertip-düzgünini gorap saklamagyñ bir parçasyna öwrülipdir. Orta asyrlaryñ dini esas edinen döwletleri watandaşlyk baglanşygyny diniñ üstünden gurandygy üçin dinden dänmegi milletiñden dänme ýaly görüpdir, şonuñ üçinem jezalar dini däl-de, syýasy refleksleriñ netijesinde işlenip düzülipdir. 4. Kuranda bolmadyk, Allanyñ we Pygamberiniñ aýtmadyk zadyny dile getirmegiñ yslama berjek zyýany yslamy daşyndan tankytlajak bolýanlaryñ berýän zyýanyndan has kändir. Iñ ýamany-da, Alla özüne "merhemetlileriñ iñ merhemetlisi" diýip, "merhemet etmegi öz şanyna ýazandygyny" aýdyp durka, "Diý ki, eý özleriniñ garşysynda (günäde) hetdini aşanlar, Allanyñ rehmetinden umydyñyzy üzmäñ. Çünki Alla ähli günäleri bagyşlaýar. Şübhesiz, Ol örän bagyşlaýjy, örän geçirimlidir" ("Zümer" süresi, 53-nji aýat) aýaty ortada durka, Allany taýak, gynamalar, tussag, ölüm hudaýy ýaly tanatmak düýbünden ýalñyşdyr. 5. Yslamy bölünişikleriñ, polýuslaşmalaryñ, saýrylaşdyrmagyñ serişdesine öwürmek yslamyñ döretmek islän parahatçylyk ýurdy garaýşyna-da ters gelýär. "Kesretde wahdet" (köplükde agzybirlik) Anadoly medeniýetiniñ dinamosydyr. Bir öýüñ namaz okaýany-da, okamaýany-da bolup biler. Bir öýüñ orazada agzyny bekleýäni-de bolup biler, beklemeýäni-de. Başyna bürenjek atynýany-da bolup biler, atynmaýany-da. Garry enelerimiziñ, atalarymyzyñ elinden tesbi düşenok, olaryñ agtyklary bolsa ynanjyñ üstünde jedelleşýärler. Adamlaryñ nähili ybadat edýändigi ýa-da etmeýändigi hakda gürrüñ etmegi aýyp saýan ("Ybadatam, gabahatam gizlindir" sözüni ýatladaýyn) medeniýetiñ nesillerine ybadat we öldürmek düşünjelerini biri-birine baglap dini ybadatlary düşündirjek ýa-da mejbur etjek bolmagyñ hiç bir tarapdan dogry tarapy bolup bilmez. 6. Ybadatlar ýülünmek üçindir, göwünjeñlik bilen ruhy we fiziki taýdan amal edilen takwalygyñ bar ýerinde ybadatyñ lezzeti bir başgadyr. Jebir çekdirmeler, urup-ýençmeler, gorkuzmalar, jeza we gorky mynapyklygy döredýär. Galyberse-de, "La ikrâhe fiddîn" (Dinde zorluk ýok) aýaty esas edinýär. 7. Bularyñ barsyndan öñde bolan şu aýratynlyk hem asla görmezlige salynmaly däl: Allatagala islese, aýatda aýdylşy ýaly külli adamzady ýeke-täk dinde, ýeke-täk ynançda, ýeke-täk imanda, ýeke-täk düşünjede, ýeke-täk dünýägaraýyşda ýaradybam bilerdi. Bu aýratynlygy bilgeşleýin görmezlige salmak, adamlary birmeñzeş tipleşdirmäge dyrjaşmak, "meniñ ýaly ynanarsyñ, meniñ ýaly ybadat edersiñ, meniñ ýaly ýaşarsyñ" pikiri bilen hereket etmek, "özüne ynanmagy we diñe özüne ybadat etmegi" erkin erk-ygtyýarlara goýan Allanyñ eradasyna tersdir. Wessalam... Aýşe SUJU. "SÖZCÜ" gazeti, 29.08.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |