09:21 Näme etmeli, nädip etmeli? | |
NÄME ETMELI, NÄDIP ETMELI?
Maliýe we ykdysadyýet
Erdogan oñaranok. Erdogan bilenok. Erdogan oñarmaz, bilmez. Şeýdip ýene näçe gezek ýazaryska, jedelleşeriskä? Diýjek bolýanym, geljekki hökümeti haýsy ykdysady binýatda gurmagyñ gerekdigini ara alyp maslahatlaşalyñ. Ýogsam, kyrk ýyllyk müddetiñ birmeñzeş gaýtalanmasyny başdan geçirmäge dowam ederis... Bütindünýä maliýe krizisinden soñ ýyldyzy ýalpyldan amerikan ykdysatçysy professor Haýman Filip Minski şeýle diýipdi: - Kapitalist sistemalaryñ işleýişiniñ özeninde maliýe durnuksyzlygy bar. - Maliýe krizisi sistemanyñ işleýişiniñ tebigatynda bar, tötänlik bilen aýtymyña gelmez. – Diñe pul we maliýe syýasatyna gönükdirilen çekişme ýeterlik däl, ykdysadyýet bir bütewi zatdyr… Hawa: “Erdogany" agzamazdan çykalga tapyp bolaýjak çekişmelere girip bilmejek derejä geldik! Içim ýanýar şular ýaly ownandygymyza... Ykdysady galkynyşyñ düýp maksady bolan doly iş üpjünçiligi, bahalaryñ durnuklylygy we mümkingadar garyplygy ýok etmek üçin "näme etmelidigini we "nähili etmelidiginl" jedelleşmek gerek. Spekulýator humarhana ykdysadyýetiniñ maliýe-pulçulygy sebäpli, soñky kyrk ýylda dokuz gezek krizise düşdük. Her gezegem birinji gezek şeýle ýagdaýa düşýän ýaly äm-säm bolan bolýarys! Beýtmäñ. Ýene näçe gezek "kemerini çekdirmeli" bu garamaýak halk? Düýn Turgut Özala gaharymyz gelýärdi, häzir Erdogana gargynýarys. A erte? Şol bir zatlary gaýta-gaýta başdan geçirip dürli-dürli netijelere garaşýarys. Mysal üçin, soñky günlerde dilimizden düşmeýän Merkezi bankdan diñe "göterimi düşürjekdiginiñ" üstünde söz açýarys. • HAÝSY “UMUMY KABUL EDILEN” Dünýäniñ ilkinji merkezi banky Şweýsariýada 1668-nji ýylda guruldy: Riksbank! Soñ Angliýada 1694-nji ýylda, Fransiýada 1800-nji ýylda guruldy. ABŞ-nyñ Merkezi banky (FED) giç guruldy: 1913-nji ýylda... Osmanlynyñ bergisini üzmegi üçin ilkinji merkezi banky "Ottoman-Bank" ady bilen 1856-njy ýylda guruldy: merkezi-de Londondady! Ilkinji milli kapitally merkezi banky kapitulýasiýalara garşy söweş yglan eden ittihatçylar 1917-nji ýylda açdy: “Osmanlı İtibar-ı Milli Bankası.” Şu günüñ hereket edýän merkezi bankyny 1930-njy ýylda Atatürk gurdy. Bank garaşsyzdy. Düýp maksady - ýurduñ ykdysady galkynyşyna ýardam etmekdi. "Pul ygtyýarlygy" merkezi banklaryñ roly ilkinji gezek 1929-njy ýylyñ bütindünýä maliýe çökgünliginde giñ gatlaklar tarapyndan jedelleşildi. Pulçy akymyñ öñbaşçysy neoliberal M.Friedman FED-iñ bazara likwidnost bermän, pugtalandyrylan pul syýasatyny öñe sürmeginiñ bu krizisiñ gerimini ulaldandygyny aýtdy. 2008-nji ýylyñ bütindünýä maliýe krizisinde-de merkezi banklaryñ oýnaýan roly bu gezek tersine hereket edýändigi üçin jedelleşildi. TÜSİAD Erdoganyñ soñky ykdysady kararlaryny tankyt edende, "umumy kabul edilen ykdysady bilimiñ kadalaryna çaltlyk bilen dolanyp gelmeli" diýse-de, nämäniñ "umumy kabul edilendigi" häzirem jedelli mesele! 2008-nji ýylyñ bütindünýä maliýe krizisinde ABŞ-nyñ, Ýewropa bileleşiginiñ ýa-da Ýaponiýanyñ merkezi banklary göterimi nola düşürip, gowşak pul syýasaty bilen ykdysadyýeti janlandyrmaga - maliýe krizisini ýeñip geçmäge jan etdi. "Mukdarlaýyn ösüş" arkaly bazara ep-esli möçberde pul goýberdiler we ş.m. Emma. Aradan ýyllar geçdi... Ösen kapitalistik ýurtlar ABŞ, Germaniýa, Fransiýa, Gollandiýa, Ýaponiýa we başgalar göterimi ýokarlandyrmady, şo durşuna galdylar. Angliýa yza galdy! Ýagny henizem inflýasiýadyr beýleki nogsanlyklaryñ hötdesinden gelip bilmediler... Merkezi banklaryñ 2008-nji ýyldaky tagallasy maliýe durnuklylygy üpjün etmekde we ykdysadyýetiñ janlanmagynda ýeterlik bolmady. TÜSİAD haýsy "umumy kabul edilenlerden" söz açýarka? • TÄZE “MODA” Merkezi bank boýunça ýeke-täk sistema ýok. Düýnüñ “modasy” pulçy akym çökdi, indiki “moda” - Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlarynda mysallary duş gelýän merkezi bankçylyk! (Atatürküñ ýolu-da şudy). Bu ulgamda sa:p maliýe durnuklylygy ýaly ýeke-täk maksada üns bermegiñ deregine baha durnuklylygynyñ ýany bilen ösüşe we iş üpjünçiligine gönükdirilen köp ugurly maksat bar. Şol sebäpli, Günorta Koreýa ýaly käbir ýurtlar merkezi banklara kredit berme ýaly senagat syýasatlarynda kömek ediji wezipeleri ýükledi. Mesele dije sistema hem däl. Ykdysadyýetde haýsy syýasatyñ nähili durmuşa geçirilişi ýaly nähili ýerine ýetirilişi hem wajyp zat. Soñky "oýnawajy" ösüşçi merkezi bank ulgamy bolan Erdogan "nähili ýerine ýetirmeli" praktikasynyj iñ ýaramaz mysaly, gynansak-da! TÜSİAD-yñ hakynam iýmäliñ, bu ösüşçi ykdysady syýasy üstünliginiñ şertlerinden biri-de - merkezi bankyñ beýleki edaralar bilen sazlaşykly we hyzmatdaşlykda işlemekdigi göz ýumup bolmajak hakykat! Jemläp aýdar bolsam, alternatiw sistemalary, nukdaýnazarlary we nähili etmegiñ gerekdigini ara alyp maslahatlaşyp, ýurduñ gelejegini aýdyñlatmalydyrys. Hawa: maliýe ulgamynyñ-pudagynyñ bir özi ykdysady ösüşiñ jogapkärçiligini çekip bilmegi mümkin däl. Şuny ýazman sözümi soñlasym gelenok: Erdogan aýlandy-dolandy, Atatürküñ ösüşe goldanýan merkezi bankçylyk taglymyna gelmeli boldy! Soner ÝALÇYN. 21.12.2021 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |