00:27 Napoleon daýym | |
NAPOLEON DAÝYM
Publisistika
Iraj Pezeşk-zod… 1928-nji ýylda dünýä indi. Häkim bolup işledi... Diplomat bolup işledi... 1973-nji ýylda ýazan "Napoleon daýym" kitaby bilen bütin dünýäde meşhurlyga eýe boldy. Pars edebiýatynyñ naýbaşy nusgalarynyñ arasyna goşulan bu eser iñlis, nemes, fransuz, rus dillerine terjime edildi. Jemgyýetçilik satirasyna ýugrulyp ýazylan bu kitap esasynda 1976-njy ýylda on sekiz bölümlik teleserial ekranlaşdyryldy. Eýran Yslam rewolýusiýasyndan soñ kitap gadagan edildi. Eseriñ wakalary... kyrkynjy ýyllaryñ başynda tähranly üç maşgalanyñ ýaşaýan ýerinde bolup geçýär. Eserde özüni Napoleon saýýan we dowamly ýagdaýda intrigaçy iñlisleriñ öz garşysyna iş alyp barýandygyny çaklaýan otstawkadaky ofiserden söz açýar. Ýazyjy Pezeşk-zod eserinde Eýranda ýüze çykýan her wakanyñ düýbünden kese ýerli güýçleri gözleýän jemgyýetçilik psihologiýasyny suratlandyrýar. "Napoleom daýym" köptaraplaýyn eser. Şonuñ üçinem... eser diñe Eýrany däl, eýsem şeýle seredende soñky döwrüñ Türkiýesiniñ hem durmuşyny-da gürrüñ berip dur! Ýagny... Zol-zol her çöpüñ aşagyndan "kese ýerli güýçleri" gözleýän paranoikleri… Bular üçin... hiç zat daşyndan görnüşi ýaly dąl, sap hakykaty diñe özleri bilýär. Gürrüñi şuña baglamakçy: Eýranda bolup geçen soñky wakalar boýunça sagda-solda kimdir birileri kesgitli höküm bermäge durdy: Kese ýerli güýçler meçew berýär! (Gürrüñsiz pitneçi ýurtlar - ABŞ, Ysraýyl, Saud Arabystany). Ynha... Türkiýede wakalara syýasy taýdan seljerme bermek şugadar añsat! Iñ gynançly ýeri bolsa... he meseläni (neoliberalizmiñ zäherleýändigine ynanyp) etniki-ynanç binýatly analizlemeler! Pozitiwizm ýatdan çykaryldy. Indi wakalaryñ ykdysady tarapy görmezden gelinýär... Eýranda-da köçä çykyp, gygyryp bilýän oppozisionerlere "kese ýerlileriñ aýakçysy" hökmünde garalýar. Ýogsam bolmasa... • Ine, hakykatlar Eýrandaky jemgyýetçilik wakalary dogry analizlemek üçin şulary bilmeli: – Ýokary prosenti wada bermek bilen depozit toplaýan “Saminü'l-Hujej”, “Saminü'l-Eimme” ýaly maliýe edaralary yzly-yzyna batdy. Müñlerçe adam puluny giderdi. (Kerman, Lurystan ýaly welaýatlarda maý aýynda nägilelikli çykyşlar bolup geçdi. Hatda Tähranda “Arman” atly maliýe edarasynyñ başlygy öldürüldi.) – Býurokratlaryñ korrupsiýasy we alýan astronomik aýlyklary dillerden düşmedi. – Täze çykan býužet hakyndaky kanun arkaly subsidiýalaryñ kesilmegi we içerki howpsuzlyk edaralary bilen dini guramalaryñ aksiýalarynyñ çendenaşa artdyrylmagy adamlarda lapykeçlik döretdi. – Ýurtda resmi maglumatlara görä 13% işsizlik we 9% inflýasiýa bar. – Eýranyñ agsaýan problemalary gözbaşyny ykdysadyýetden alýar. Soñky tolgunşyk Maşat ýaly dini-ideologiki simwolizmiñ agdyklyk edýän ýerinde ýüze çykdy. Şol sebäpli protestçiler yslam rewolýusiýasynyñ dini ýolbaşçysy Aýatolla Hamaneýe-de, Prezident Hasan Ruhana-da gazaply tankydy çykyşlary etdiler. – Eýrandaky protestler täze dörän zat däl... Mysal üçin, Ahmedinejatyñ 2009-njy ýylda ikinji möhlete Prezident saýlanmagyndan soñ ýüze çykan wakalar gyzgyn seslenme döredipdi. Ýadyñyza salyñ: 1997-2005-nji ýyllarda prezidentlik eden Seýitmuhammet Hateminiñ döwründe-de şeýle wakalar ýüze çykdy. Ýagny... Eýrandaky ykdysady bimazalyk täze dörän zat däl... Bu hadysalar Eýranda düýpli özgerişlere sebäp bolup bilermi? Bu karary Eýran hökümeti berer! "Ykdysady reformany" wada berip ikinji gezek häkimiýete gelen Hasan Ruhanynyñ amala aşyrjak işleri bu meseläniñ jogabyny berer. Çünki... hernäçe dogrulyk ýokundysy baram bolsa, "problemalaryñ çeşmesi ABŞ-nyñ goýan embargosy" diýip, garyplygyñ soñuna çykyp biläýenoklar. Şol sanda... Eýran hökümetiniñ düzüminde 1979-njy ýylyñ rewolýusiýasyny amala aşyryn birinji we ikinji tapgyr nesiller häzirem iş başynda. Emma… Eýranda ýaş müçesi 29,4 bolan syýasylaşmadyk ýaşlar bilen rewolýusiýa geçiren kadrlaryñ arasynda añ-düşünje tarapdan alanda aralyk barha açylýar... Eýrana dogry analizleri bermek gerek. • Eýranşynaslarymyzyñ azlygy Belki-de, taryhda hiç bir ýurt Eýran ýaly düýpli radikal öwrülişikleri başdan geçiren däldir! Bu ýurduñ syýasy, ykdysady we medeni taryhyny ýakyndan bilmek gerek… Nejati Lugalyñ (1878-1964) adyny eşdipmidiñiz? Ýa-da onuñ şägirdi Adnan Sadyk Erziniñ (1923-1990) adyny? Tahsin Ýazyjy (1892- 1970)… Aly Nihat Tarlan (1898- 1978)… Faruk Sümer (1924- 1995)… Meliha Ülker Anbarjyogly (1923-2012)… Ýa-da Togtamyş Hojanyñ kakasy Ahmet Ateşiñ (1917- 1966) adyny eşdipmidiñiz? Eşdensiñiz öýdemok… Bularyñ hemmesi eýranşynasdy - eýran dillerini, taryhyny suwara bilen, eserler ýazan we terjime eden alymlardy. Häzir Türkiýede Eýran boýunça iş alyp barýan näçe alymymyz bar? Ysmaýyl Aka we F.Tulga Ojagy bilýärin. Ilber Ortaýly bar. Bularyñ Eýran boýunça taýsyz işleri edendiklerini şundan bilýärin: Rimde 1983-nji ýylda “Societas Iranologica Europaea (SIE)” guruldy. Biziñ bu üç alymymyz SIE-niñ agzalygyna saýlandy. Birem Osman Gazy Özgüdenlini tanaýaryn. Ol Tähranda çap edilen ýigrimi tomluk "Eýran ensiklopediýasyny" taýýarlamaga gatnaşdy. Ýeri... Türkiýede Eýran boýunça iş alyp barýan institutdyr ylmy-barlag merkezi barmy? (Eýran duşmany we ysraýylparaz FETÖ sebäpli) düýne çenli ýokdy... Ýakynda Ankarada "Eýrany öwreniş merkezi" (İRAM) açyldy. Eýrandaky iñ täze syýasy üýtgeşmeleri şularyñ üsti bilen öwrenýärin. Size-de şony maslahat berýärin. Şeýle-de... köp-köp gyzykly maglumat edinjegiñiz Jin Ralf Gartueýtiñ “Eýranyñ taryhy" kitabyny okamagy hökman ýadyñyzdan çykarmañ. Hiç bir meselede şobada gutarnykly kesgitleme berjek bolmañ, ilki seljermäge, doly we dogry öwrenmäge çalşyñ… Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 04.01.2018 ý. Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |