21:02 Napoleon Gadymy Müsüriñ we piramidalaryñ syryny nädip açdy? | |
NAPOLEON GADYMY MÜSÜRIÑ WE PIRAMIDALARYÑ SYRYNY NÄDIP AÇDY?
Taryhy makalalar
Ieroglifleriñ okalmagyny mümkin kylýan reşit daşyny fransuzlar tapdy Mamlýuk goşunlaryna garşy bolan Piramidalar söweşinden (1789-njy ýyl) soñ Napoleon Müsüre ýetmek ugrunda esasy ädimini ädipdi. Ol garşydaşlaryny piramidalaryñ öñünde ýeñlişe sezewar etmegi başaryp, bu gadymy ýurdy basyp almaga başlady. Sebit hukuk taýdan alanda Osmanlynyñ düzüminde bolsa-da, Napoleon strategiki çemeleşýärdi we düýp duşmanlarynyñ mamlýuk pomeşikleridigini aýdýardy. Napoleon gury ýere aýak basanda, maksadynyñ Müsüri basyp almak däl-de, halky azatlyga çykarmakdygyny yglan etdi. Şoña görä-de, mamlýuklaryñ-asly guldan gelip çykanlaryñ zalym agalygyndan müsür halkyny azat etmelidi we osmanly soltanynyñ häkimiýetini täzeden berkarar etmelidi. Şu maksady babatda halkyñ magnawy duýgularyny-da ulanan Napoleon taryha "Müsür deklarasiýasy" bolup geçen hatynda şeýle diýýärdi: "Eý müsürliler! Size meniñ bärik diniñizi ýykmak üçin gelendigimi aýdarlar. Bu görnetin ýalandyr, ynanmañ. Zalymlara meniñ bärik iýlen haklaryñyzy alyp bermäge gelendigimi, Allaha mamlýuklardan has beter ynanýandygymy we Hezreti Muhammet bilen meni haýrana goýan Kurany-Kerime çäksiz hormatymyñ bardygyny aýdyñ. Nirede bol hasylly ýer, gymmatly egin-eşik, owadan ýesirler we ajaýyp öýler bar bolsa, hemmesi mamlýuklara degişli. Eger Müsür olaryñ mülki bolsa, Allanyñ muny özlerine berendigine güwä geçýän hat görkezsinler. Allatagala adyldyr we merhemetlidir. Döwlet dolandyryşyna mundan beýläk hemmeler gatnaşyp biler we hemmeler bagtyýar durmuşda ýaşar. Eý şeýhler, ymamlar we beýleki kethudalar! Fransuzlaryñam hakyky musulmandygyny we osmanlylaryñ rehim-şepagatly patyşasy bilen hemişe dost bolup gelendiklerini halkyñyza düşündiriñ. Biziñ maksadymyz patyşanyñ öñünde etmişli mamlýuklary mynjyratmak. Bize dessine goldaw bermekçi olanlar müsterih bulunsunlar fakat mamlýuklara goşulmaga het edenleriñ waý gününe! Olar hezillik garasyny görmezler we dünýäden ýok edilerler". "Napoleonyñ basybalyşlaryna çenli musulmanlar piramidalaryñ syryny nämüçin çözüp bilmedi?" atly şundan öñki makalamda-da aýdyşym ýaly Napoleon Müsüri basyp alandan soñ özüni hamana ýurduñ täze faraonydyr öýdenokdy. Iñ esasysy-da, ol gelende ýany bilen 130-dan gowrak fransuz alymyny getirip, sebitiñ taryhyndan klimatyna çenli hemme zady öwrenýän Müsür Ylymlar Akademiýasyny gurupdy. Institutyñ geçiren işleriniñ netijesinde Gadymy Müsüriñ taryhyna düşünmegimizi üpjün etjek we müsür ieroglifleriniñ okalmagyny gazanjak reşit (rozetta) daşy tapyldy. Reşit daşy • Ieroglifleriñ syry nädip çözüldi? Mukaddes ýazgy manysyny berýän ieroglif "ieros - mukaddes, glifikos - ýazgy" sözleriniñ birikmeginden döräpdir. Munuñ özi has köpem ybadathanalarda we köşkde ulanylýan birtüýsli ölüler dilidi. Müsür halkynyñ ulanýan gündelik diline "ieratik" diýilýärdi. Aýratynam mazarlarda bu diliñ ulanylmagy we halk arasynda giñden ýaýramazlygy wagtyñ geçmegi bilen ýatdan çykmagynyñ iñ esasy sebäpleriniñ biridi. Gadymy Müsür b.e.öñki 525-nji ýylda persler, b.e.öñki 332-nji ýylda-da Aleksandr Makedonskiý tarapyndan basylyp alyndy we dinastiýa çalşyklaryna uçrady. B.e.öñki Ptolomeý (A.Makedonskiniñ serkerdelerinden) gadymy Müsürde öz dinastiýasyny guranam bolsa, özünden öñki faraonlaryñ däplerini dowam etdirdi. Bu dinastiýa çalşygy we yzyndan gelen Rim basybalyşlygy Müsürde köşk apparatynda grek diliniñ gürlenmegine sebäp bolandygyna garamazdan, Müsüriñ gadymy dilleri urp-adatlarda ýaşamagyny dowam etdirdi. Günbatar dünýäsi bu dile birinji gezek 1633-nji ýylda nemes popy Afanasiý Kirheriñ üsti bilen düşünmäge synanyşanam bolsa, hiç hili netije gazanyp bilmändi. Napoleonyñ guran Kairdäki Müsür instituty 1809-1824-nji ýyllarda 19 tomluk ýygyndyny taýýarlady, emma Gadymy Müsüre degişli ähli syrlar bu ýygyndynyñ içinde jemlenenem bolsa, ieroglifler çözülmese, hiç hili gymmaty ýokdy. Şeýle-de bu tomluklar gündogarşynas syýahatçylarynyñ, mazar talañçylarynyñ, günbatarly akyldarlaryñ ähli ünsüni Müsüre gönükdiripdi. Pýer Fransua Buşer atly serkerdäniñ Reşit şäherinde üstünden baran tapyndysy Gadymy Müsüriñ ykbalyny tutuşlygyna üýtgedip taşlady. 760 kg agyrlykda, 114x72x sm, 28 sm-lik goýy gök-ýaşyl, bazalt daş müsür ieroglifleriniñ altyn açary ýalydy, çünki daşda ieroglif demotiki we gadymy grek dili bilenem birmeñzeş tekst ýazylgydy. Munuñ özi Gadymy Müsüriñ diliniñ fonetikasyny we semantikasyny çözüp biljek rewolýusion açyşdy. Bütin bu üýtgeşmeler bolup geçýärkä, Napoleonyñ işleri şowlap gidibermeýärdi. • Napoleonyñ faraonlyk arzuwy soñlanýar Edeni ugruna bolup, Müsürde ýeñişden ýeñişe pelesañ kakan Napoleona birinji zarbany iñlisler urdy. Ebubekir portunda Napoleonyñ demirli flotiliýasy iñlisler tarapyndan otlanypdy we fransuz goşunynyñ ýurt bilen ähli baglanyşyklary kesilipdi. Napoleon Müsüri gysymynda saklanam bolsa, şol bir wagtyñ özünde Müsürde bendilikde saklanýan ýalydy. Şonuñ üçinem ümzügini Gündogara diken Napoleon Hindistana çenli uzap ýatan giñişlikdäki ähli osmanly topraklaryny basyp almak üçin herekete geçdi. Napoleonyñ iñ uly ýalñyşlygy Akka galasyna göz gyzdyrmagy boldy. Osmanly Napoleonyñ garşysynda yzly-yzyna alynan ýeñlişlerden soñ aşa lapykeçlige baryp, Napoleonyñ Müsürdäki "döwletjazagyny" ykrar etme sepgidine geldi. Jezzar Ahmet paşanyñ garrap lagar düşensoñ gaýtawul bermäge gurby çatmaz öýden Napoleon Ebu Utbäniñ töwereginde düşläp, galany basyp almak üçin taýynlyk gördi. Galanyñ bir gije-gündiziñ dowamynda eýelenip, indiki ýörişlere başlanmagyny talap eden Napoleon 1799-njy ýylyñ 19-njy martynda goşun bölümlerine hüjüme geçmegi buýurdy. Gala top atyşlary bilen böwsüldi, gala diwarlarynda açylan gädiklerden birinji hüjüme geçildi, emma netije fransuz goşuny üçin gaty erbet gutardy. Osmanly esgerleri köplenç birinji hüjümde gumbaýrak ýaly pytrap gidýärdi we fransuz esgerleri gyrybilen adamyny gyrýardy. Jezzar Ahmet paşanyñ serkerdeligindäki esgerleriñem birem yza tesmedi we hüjüme geçen fransuz goşun bölümini doly ýok edipdi. Gala diwarlaryna düşen gädiklerem şobada düzedilipdir, hatda ýumrulan ýerler örülip durka Ahmet paşanyñ esgerleri galadan çykyp, garşylyklaýyn hüjüme geçipdir we fransuz goşunynyñ nyzamyny bozupdyr. Napoleon birinji hüjüminiñ ertesi güni täzeden hüjüme geçenem bolsa, hiç hili netije gazanyp bilmändir. Mundan soñ ol gala diwarlarynda has ulurak gädikler açyp, galanyñ darajyk gädiklerinden ötri meýdan garpyşygyna öwrüljek hüjüm meýilleşdirdi. Gala diwary top atyşlary bilen uzak wagt oka tutulyp jaýrylandan soñ, fransuz goşuny uly güýç bilen hüjüme geçdi. Fransuz esgerlerini iñ beter aljyradan zat hem togsan ýaşdan goja Jezzar Ahmet paşanyñ goşunyñ başynda durup fransuzlary garşylamagydy. Däriniñ döreden tüssesi dargansoñ Napoleon has beter aljyraññylyga düşdi, çünki hüjüm ýollan goşun bölümleriniñ aglabasy ýok edilipdi we diri galanlary Jezzar Ahmet paşanyñ eline ýesir düşüpdi. Taryhyñ gujurly serkerdelerinden biri bolan Napoleon añsat-añsat ýan berjek general däldi, emma ol galanyñ bir burçuny ýumranam bolsa, galany eýeläp bilmedi. Yza çekilmegi makul bilen Napoleonyñ ýüzlerçe esgeri ýesir düşüpdi, ol bulary Ahmet paşanyñ elinde goýup biljek däldi. Şonuñ üçin Jezzar Ahmede hat ýazyp, ýesir çalşygyny etmegi teklip etdi. Paşa bolsa oña beren jogap hatynda şeýle diýýärdi: "Eden weýrançylyklaryñyzy düzetmeseñiz, biziñ size gatba-gat jogabymyz ýagly gülle bilen kesgir gylyç bolar". Napoleon Kaire gaýdyp gelende, yzynda wepat bolan we ýaralanan san-sajaksyz esgerini taşlap gelipdi. Şeýle-de bolsa, beýik serkerde özüniñ ýeñlendigini boýun alman, hatlarynda gojanyñ köşgüni başyna ýumrandygyny we yzynda daş üstünde daş goýmandygyny aýdýardy. Bady türkler tarapyndan gaýtarylan Napoleon kän wagt geçmänkä Müsürdäki häkimiýeti iñlisleri aldyrdy we ýurtdan çykmaga mejbur boldy. Rozetta daşy-da 1802-nji ýylda ähli fransuz goş-golamy bilen bile iñlisleriñ eline geçdi we öwrenmek üçin Londona getirildi, emma fransuzlar akylly hereket edip, daşyñ ýüzünde ýazylanlary tutuşlygyna kopiýalap Pariže ugradyp bilipdiler. Mundan beýläk fransuz we iñlis alymlary ýurtlarynyñ goşunlarynyñ edişi ýaly rozetta daşynyñ syryny çözmek üçin biri-birleri bilen ýaryşdylar. Bu daşyñ syryny, ýagny, ieroglif ýazgysyny birinji gezek okamak fransuz dilçisi Žan-Fransua Şampolýona miýesser etdi. Žan-Fransua Şampolýon Şampolýon iýerogliflerdäki şekilleriñ käbiriniñ sözlere, käbirleriniñ bogunlara, galanlarynyñam harplara gabat gelýändigini anyklady. Şampolýonyñ Müsürdäki kypty gepleşigini suwara bilmegi bu ýazgyny çözmegiñ iñ esasy sebäpleriñ biridi, çünki kypylaryñ dili gadymy müsür halkynyñ diliniñ gönüden-göni dowamydy. Häzir Gadymy Müsüre degişli näme bilýän bolsak, barsy üçin minnetdar bolmaly rozetta daşy Londonyñ "Britan" muzeýinde saklanýar. Napoleon Müsüri basyp almaga synanyşmadyk bolanlygynda, belki-de, bu daş hiç wagtam tapylmazdy, çünki оl Reşitde harby galany giñeltmek işleri geçirilende tapylypdy. Mehmet MAZLUM ÇELIK. Duşenbe, 26.06.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |