00:33 Napoleonyñ iñ güýçli generalyny osmanly talyby öldürdi | |
NAPOLEONYÑ IÑ GÜÝÇLI GENERALYNY OSMANLY TALYBY ÖLDÜRDI
Taryhy makalalar
Süleýman el-Halebi Osmanly döwletiñ kürt raýatydy we ol "Ezher" uniwersitetinde okaýardy. Häzir Pariže gidip, "Adamzat" muzeýine baryp görenler osmanly talybynyñ kelleçanagynyñ bu muzeýde näme işiniñ bardygyny geñ galyp synlasalar gerek. Süleýmanyñ kellesi Juda az adama mälim şehidimiz Süleýmanyñ göwresinden kesilip aýrylan başy eýýäm iki asyra golaý wagt bäri fransuzlaryñ her dürli kemsitmeleriniñ arasynda, üstesine adyna "adamzat" diýilýän muzeýinde sereşlenip ýatyr. Halebini göýä wagşy ýa-da adamzadyñ duşmany ýaly sereşlemekleriniñ ýeke-täk sebäbi bolsa, bu gaýduwsyz talybyñ ýurdy üçin basybalyjylaryñ gujurly serkerdelerinden fransiýaly general Žan-Batist Kleberi öldürmegidir. Ilki bilen fransuz basybalyjylygyny gaýtadan ýada salalyñ... Süleýman el-Halebiniñ kast edişligi • Okkupasiýa we dilujy "abraýly yza çekiliş" Gynansak-da, Napoleonyñ flotiliýasy bilen Müsüri okkupirlemek üçin Aleksandriýanyñ alkymynda peýda bolandygyndan Osmanlynyñ habary-da ýokdy. Belkäm şonuñ üçindir, Müsür basylyp alynandan soñam bu ýagdaýdan habarsyzdygy üçin Soltan Selim III taryhda seýrek gabat gelinýän hereket bilen resmi dokumente Fransiýadaky ilçisi Seýit Aly ependä "hepbesiz eşek" diýip ýazypdyr. Elbetde, bärde, ýeke-täk "hepbesiz eşek" ("eşek herif") Seýit Aly ependi däl, çünki tussag edilip, gyssagara sorag etmäge getirilen fransuz maslahatgüzeri Ruffiniñ özem Napoleonyñ bu hereketinden bihabar eken. Napoleon Bonapart Bedew ata atlanan pyýada bireýýäm Marselden geçipdi. Napoleon Aleksandriýanyñ alkymynda 171 agyr top bilen peýda bolanda, Osmanly hiç hili garşylyk berip bilmedi. Üstesine Müsür basylyp alynandan soñam diñe harby nota bermek bilen çäklendi. Müsüriñ basylyp alynmagy Napoleon gury ýere aýak basan badyna Müsüri basyp almak üçin däl-de, halky azatlyga çykarmak üçin gelendigini mälim etdi. Şol esasda mamlýuklaryñ-gullaryñ zalym hökmürowanlygyndan müsür halkyny halas etmekçidi we osmanly soltanynyñ häkimiýetini gaýtadan dikeltjekdi. Şu maksady babatda halkyñ magnawy duýgularyny-da ulanan Napoleon taryha "Müsür deklarasiýasy" bolup geçen hatynda şeýle diýýärdi: "Eý müsürliler! Size meniñ bärik diniñizi ýykmak üçin gelendigimi aýdarlar. Bu görnetin ýalandyr, ynanmañ. Zalymlara meniñ bärik iýlen haklaryñyzy alyp bermäge gelendigimi, Allaha mamlýuklardan has beter ynanýandygymy we Hezreti Muhammet bilen meni haýrana goýan Kurany-Kerime çäksiz hormatymyñ bardygyny aýdyñ. Nirede bol hasylly ýer, gymmatly egin-eşik, owadan ýesirler we ajaýyp öýler bar bolsa, hemmesi mamlýuklara degişli. Eger Müsür olaryñ mülki bolsa, Allanyñ muny özlerine berendigine güwä geçýän hat görkezsinler. Allatagala adyldyr we merhemetlidir. Döwlet dolandyryşyna mundan beýläk hemmeler gatnaşyp biler we hemmeler bagtyýar durmuşda ýaşar. Eý şeýhler, ymamlar we beýleki kethudalar! Fransuzlaryñam hakyky musulmandygyny we osmanlylaryñ rehim-şepagatly patyşasy bilen hemişe dost bolup gelendiklerini halkyñyza düşündiriñ. Biziñ maksadymyz patyşanyñ öñünde etmişli mamlýuklary mynjyratmak. Bize dessine goldaw bermekçi olanlar arkaýyn bolsunlar, emma mamlýuklara goşulmaga het edenleriñ waý gününe! Olar hezillik garasyny görmezler we dünýäden ýok edilerler". Elbetde, bu sözler başdan-aýak ýalandy. "Ezher" uniwersiteti taryhynda ilkinji gezek ýapylypdy, ýönekeý raýatlar öldürilipdi, Müsürde entek görlüp-eşdilmedik taryh talañçylygy başlapdy. Üstesine Napoleon basybalyjylykly ýörişini Beýtulmukaddese (Ierusalime) çenli dowam etdirmek isleýärdi. Ýeñilmezek serkerde türklere garşy belli bir derejede sekulýar haçparaz goşunyny gurupdy we çekirtge sürüsi ýaly ýurtlarymyzy basyp alýardy. Edeni ugruna bolup, Müsürde ýeñişden ýeñişe pelesañ kakan Napoleona birinji zarbany iñlisler urdy. Ebubekir portunda Napoleonyñ demirli flotiliýasy iñlisler tarapyndan otlanypdy we fransuz goşunynyñ ýurt bilen ähli baglanyşyklary kesilipdi. Napoleon Müsüri gysymynda saklanam bolsa, şol bir wagtyñ özünde Müsürde bendilikde saklanýan ýalydy. Şonuñ üçinem ümzügini Gündogara diken Napoleon Hindistana çenli uzap ýatan giñişlikdäki ähli osmanly topraklaryny basyp almak üçin herekete geçdi. 1799-njy ýylyñ 24-nji fewralynda herekete geçen Napoleon Gaza we Ýaffa ýaly strategiki ýerleri-de eýeledi. Napoleon jemi 30 müñ adamlyk goşuny bilen Osmanlymyñ häzirki Ýakyn Gündogar geografiýasyndaky ýerleriniñ agramly bölegini ýeke-ýekeden basyp alýardy. Şol döwrüñ iñ soñky tehnologiýasy bilen ýaraglanan we iñlislerden goldaw alýan osmanly esgerleri Napoleona garşy goranmak ejiz gelýärdi. Tä Jezzar Ahmet paşa fransuzlaryñ tumşugyna kakýança. Osmanly döwleti fransuz goşunlaryny Müsüre gysyp goýandan soñ Napoleon sebitden çykyp gidenem bolsa, goşunyny alyp gitmändi. Ol ýerine Kleberi belläp gidipdi. Kleber türk goşunynyñ Müsüri halas etmek boýunça operasiýalaryny üstünlik bilen yza serpikdirensoñ, Fransiýa üçin gahrymana öwrülipdi. Kleberiñ ýerli halkyñ türkler bilen dildüwşikli hereket edýändigini pikir edip girişen despotizmi Müsüriñ taryhynda öñ görlüp-eşdilmedik wagşyýana sepgide ýetipdi. Fransuzlar "abraýly yza çekiliş" diýýän gaçyş meýilnamasyny kabul etdirmek üçin Müsüri ýakyp-ýumurmaga başlapdy. Süleýman el-Halebi bu ýigrenji despota mynasyp almytyny bermek üçin elini öpmek bahanasy bilen ýanyna golaýlaşypdyr. Gopbamsy general üçin hojaýynlygyny edýän ýerli halka elini ogşamak ullakan lezzetdi, emma Halebiniñ pyçagy onuñ böwrüni garaldanda bu lezzetden binesip galanyny özem duýman galdy. Süleýman 1800-nji ýylyñ 14-nji iýunynda general Žan-Batist Kleberi öldürenden soñ Kairiñ garañky köçeleriniñ birinde ele düşdi. Kleberiñ býusty Fransuzlar bolsa, şäherde uly adam awyna başlapdyr we ahyrynda bu ýaş talyby ele salypdyr. Süleýman birnäçe günläp gynalypdyr. Ilji hanjary ulanan eli ýakylypdyr, gazyga oturdylypdyr, dört sagatlabam öz ganynda gark bolýança kem-kemden öldürilipdir. Göwresi gynala-gynala böleklenenden soñ kellesi kesilip, Napoleona ugradylypdyr. Süleýman el-Halebiniñ başy göz üçin muzeýde goýlupdyr. Fransuzlar Kleberiñ hatyrasyna uly dabaraly çäreleri geçiripdir, Süleýman şehidimiziñ başy bolsa her dürli paýyş söze we agressiýa uçrapdyr. Häli-häzirlerem muzeýiñ iñ gymmatly eksponatlarynyñ biri hökmünde, biziñ at-abraýymyz üçin bolsa masgaraçylykly eksponat hökmünde sereşlenip gelinýär. Süleýmanyñ başy basybalyjylaryñ muzeýinde däl-de, mübärek jesedinde goýulmaga mynasyp. Türkiýe bilen Müsür bu boýunça bilelikde resmi ädim ädip, şeýle masgaraçylygyñ soñuna gysga wagtyñ dowamynda nokat goýarlar diýip umyt edýäris. Mehmet MAZLUM ÇELIK. @MMazlumcel celikmehmedmazlum@gmail.com Anna, 01.03.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |