10:35 Napoleonyñ täç geýme dabarasyndaky kapýuşonly şahsyñ syry | |
NAPOLEONYÑ TÄÇ GEÝME DABARASYNDAKY KAPÝUŞONLY ŞAHSYÑ SYRY
Taryhy makalalar
Taryhyñ iñ beýik serkerdelerinden Napoleon Bonapart 1804-nji ýylda Notterdam katedralynda geçirilen dabaraly çärede imperator yglan edildi. Suratkeş Žak Lui Dawidiñ sungat direktorlygynda taýýarlanan meşhur kartinada biri-birinden täsin detallar bar. Mysal üçin, Napoleon täji papanyñ elinden geýenok we aýaly Žozefina Bogarnä täji öz eli bilen geýdirýär. Munuñ özi dünýewi Fransiýanyñ esaslaryny görkezýän iñ anyk mysaldyr. Diktator Napoleon öz üstünde hekem tutunjak dini gegemoniýany ykrar etmejegini aç-açan görkezýär. Kartinadaky beýleki detallaryñ biri-de Napoleonyñ we onuñ aýalynyñ şo wagtkysyndan has ýaş edip şekillendirilmegidir. Ýagny, kakabaş imperator heniz aýatda dirikä taryha bermek islän ýörite signallary bar. Rim papasy Piý VII-niñ ýüzüniñ salyklygy bularyñ biridir. Elbetde, bu kartinanyñ her detalynyñ üstünde aýratyn durup geçmek mümkin. Bizi gyzyklandyrýan iñ esasy detal suratdaky kapýuşonly (selle şekilli başgap) şahsdyr. Suratdaky "Döwletiñ Kahýasy" diýip tanalan kapýuşonly kişi Mehmet Sait Halet Ependidir. Ol juda az osmanly döwlet işgärine nesip eden ýigrenji diri gezip ýörkä gazanmagy başarypdyr. Soltan Selim III, Mustapa IV, Mahmyt II döwrüne şaýatlyk edip, ahyrynda ölüm jezasy bilen soñlanan ömür ýoluny geçipdir. On üç ýyla golaý wagt soltanyñ "müsteşary-hassy" (soltanyñ orunbasary) wezipesinde oturypdyr. Döwlet işinde çalt beýgelmeginiñ bir sebäbi Galata möwlewihanasynyñ we Şeýh Galybyñ ynamyna girmegidi. Daşary ýurt dillerini suwara bilmegi-de oña ähli gapylary ardyna çenli açdy. Ol 1802-nji ýylyñ 24-nji dekabrynda şol döwür üçin Osmanlynyñ iñ uly basdaşy Fransiýanyñ paýtagtyna ilçi edilip ugradyldy. Halet ependiniñ bu wezipesi Napoleonyñ häkimiýet başyna gelen döwrüne gabat gelýär. Ol juda kyn bitaraplygyñ adyndan deñagramly syýasaty ýöretmekden jogapkär osmanly döwlet işgäridi. Parižde geçiren günlerinde Halet ependiniñ iñ kösençlik çekýän zady pulsuzlykdy we Osmanlynyñ ýüzüni ýere saljak işe het edip, Napoleondan karz pul sorap bilipdi. Halet ependiniñ aýyplary şunuñ bilen gutarsa hiç zadam boljak däldi. Onuñ gorkunç derejä çykan Günbatar duşmançylyyy we Pariždäki iñ bir ownuk hadysany-da ullakan bir zat ýaly edip Stambula habar bermegi Döwleti-Alynyñ (Osmanlynyñ) at-abraýyny Parižde mazaly pese düşüripdi. Halet ependi Stambula gaýdyp gelenden soñ hasam "baýdagy parlap" başlady. Halet ependiniñ gara nebsiniñ durary ýokdy. Nijeme şeýhulyslamlar, weziri-agzamlar, häkimler onuñ pyrryldaklarynyñ gurbany boldy. Ahyrsoñunda Halet ependi patyşanyñ buýrugy bilen öz başyny-da iýenden soñ yzyndan şeýle setirler ýazyldy: Ne özi eýledi rahat, ne halka berdi huzur, Ýykyldy gitdi jahandan, daýansyn ehli-kubur". Halet ependi pyssy-pyjurlykda hernäçe öñüne adam geçirmedigem bolsa, özgerip barýan dünýäni ýerbe-ýer okap bilenokdy. Hususanam, Mahmyt II-niñ reformslaryna garşy çykmagy we öñki düzgüniñ tarapyny tutmagy onuñ gözden düşmegine sebäp boldy. Iñ strategiki ýalñyşlygy-da "Ýanyçarlar ojagynyñ" (Ýanyçarlar gwardiýasy) ýatyrylmazlygyny öñe sürmegidi. "Wakaýy-Haýriýe"-den ("Haýyrly waka") öñ bu pozisiýa döwlet apparatynda ylalaşyp boljak ýagdaý däldi. Tepedelenli Ali paşa gozgalañyndan soñ Halet ependi mazaly gözden düşüp, didiwana mündürilipdi. Halet ependi ilki Bursa, yzyndanam Konýa sürgün edildi. Yzyndan bogup öldürildi we kellesi kesildi. Göwresi Konýa ugradyldy, Napoleon Bonapartyñ täç geýme dabarasynda görünen başy bolsa, Stambula getirildi we patyşanyñ öñünde goýuldy. Ine, gowy synlap görmegiñiz üçin ýakynladyp görkezilen Napoleon Bonapartyñ täç geýme dabarasyndaky kapýuşonly şahsyñ syry we akybeti şeýledi. Mehmet MAZLUM ÇELIK. Penşenbe, 22.06.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |