13:44 NATO: Günbatar siwilizasiýasynyñ parçasymy ýa könelişen jeñ maşynymy? | |
NATO: GÜNBATAR SIWILIZASIÝASYNYÑ PARCASYMY ÝA KÖNELIŞEN JEÑ MAŞYNYMY?
Publisistika
Siziñ pikiriñizçe, Awstriýa, Irlandiýa, Malta, Ýaponiýa, Täze Zelandiýa NATO guramasyna agza däldikleri üçin adam hukuklary babatda beter erbet ýagdaýdamy? Türkiýäniñ prezidenti we AKP-nyñ başlygy Rejep Taýýip Erdogan ABŞ-nyñ prezidenti Jo Baýden NATO-nyñ baş sekretary Ýens Stoltenberg, Angliýanyñ öñki premýer-ministri Boris Jonson NATO-nyñ 2022-nji ýylda Madridde geçirilen ýygnanyşygynda Megerem, men diýsem pitiwa etmersiñiz, şonuñ üçin örän meşhur we baý biriniñ Ilon Maskyñ sözlerine salgylanaýyn (Onuñ 200 milliard dollary bar, ýagny ondaky pul mendäkiden 200 milliard dollar has köp). Amerikan işewüriniñ mart aýynyñ başlarynda Warşawa paktynyñ otuz ýyldan gowrak wagt mundan öñ ýatyrylandygyny ýatladyp, "baş duşmany aradan aýrylandygyna görä NATO näme sebäpli şindizem bar?" diýip soraýardy. Oña jogap berenleriñ birem Latwiýanyñ prezidenti Edgars Rinkewiçs boldy: - NATO-nyñ gurluş şertlerini emele getirýän sebäp - Russiýa we azat dünýäniñ beýleki duşmanlary şu günem bar, soñam bolarlar. • "Demokratmyñ, NATO dil ýetirme!" NATO-nyñ näme üçin bardygyny derñeýän soraglaryñ we çemeleşmeleriñ ýurdumyzda sagçydyr çepçi frontdaky gaty köp gatlakdan, şeýle-de döwürdeş, demokratiýa we adam hukuklaryna goldanýan düzgün gurulmagyny isleýän adamlaryñ bir bölegininden nägileçilikli seslenme alýandygyny bilmän duramok. Bu ýurtda belli bir pikiri öñe sürmek, hatda sorag bermek hem juda kyn. Seni şonada kellelerde emele gelip, şobada kereplenen kategoriki galyplardan birine gaplap goýberýärler: - Kommunist! - Könebiçüw çepçi! - Nasionalist, milletçi! - Günbatar duşmany! - Putinçi! "Walla, men bularyñ hiç biri däl" diýseñ-ä, hiç alajy ýok. Bular ýaly bölünişik şertlerinde hiç kimsäniñ inçeden düşünesi gelenok. Eliñdäki tagmalardan bas alnyna, gidibersin! Aý-how, doganjygym, men "Günbatar siwilizasiýasy" diýlende, şahsy hak-hukuklaryñ, demokratiýanyñ, azatlyklaryñ, baý we adam şekilli durmuşyñ pikirini alyşarys öýdýärdim. NATO harby-syýasy pakt. Hawa, paktyñ resminamalaryna göz aýlasak, agzalyk üçin "hukuk döwleti we demokratik strukturalaryñ hökmanylygy" ýaly talaplaryñ ýazylgydygyny görýäris, emma birem öwrülip agzalaryna seredilende, muña o diýenem eýerilmeýändigini görýäris. NATO "kollektiwleýin howpsuzlyk guramasy". Emma biziñ günlerimizde bir ýandan Russiýa, bir ýandan NATO bütin dünýäniñ howpsuzlygyny uçurymyñ erñegine getirdiler we şol erñekde depişýärler. Harby bileleşigiñ gereklidiginden, hatda gutulgysyzlygyndan şübhelenýän diñe men däl. "Günbatar siwilizasiýasynyñ" içinden ýa-da oña ýakyn durýanlardanam meniñ ýaly pikir edýän ýa-da azyndan şübhe duýýanlar barmak büküp sanardan köp. Ýeri gelende aýtsak, siziñ pikiriñizçe, Awtsriýa, Irlandiýa, Malta, Ýaponiýa, Täze Zelandiýa NATO guramasyna agza däldikleri üçin adam hukuklary babatda erbet ýagdaýdamy? Bularyñ birinji üçüsi Ýewropa bileleşiginiñ (ÝB) agzasy. (ÝB-niñ jemi agza sany 27, elbetde hemmesi ýewropa ýurtlary. NATO-nyñ hemi 32 agzasyndan ABŞ-dyr Kanadadan başgasy Ýewropada). • ABŞ-nyñ elindäki oýnawaç Geçen gezekki makalalarymyñ birinde munuñ tapawutly tarapyny ýazypdym. Şol ýazgyda "NATO-nyñ asla giñemejegi" sözi bilen Gorbaçýowy aldan günbatarly liderleriñ, has soñra Ýelsindir Putiniñ "Barybir ulalman oñmajak bolsañyz, Russiýany-da pakta agza ediñ" çagyryşyny ret edişini ýazypdym. Hakykatdanam 90-njy ýyllaryñ başynda Sowet Soýuzy we Warşawa pakty taryhyñ çañly sahypasyna siñendigine görä, ýeñiji pakt NATO-nyñ wezipesini añryýany bilen ýerine ýetirendigi mynasybetli ony ýatyrmagyñ pikirini etmelidi. Ýöne munuñ pikirini eden bolmady. Täze agzalar bilen ädimme-ädim giñelme meýilnamasy hereket etdi. Gurama häzire çenli on gezek agza sanyny köpeltdi, üstesine täze agzalaryñ hemmesi öñki sowet respublikalary we Sowet Soýuzynyñ öñki ýaranlary bolan sosialistik döwletlerdi. NATO-dan el çekilmedi, çünki ol birnäçe nukdaýnazardan ulanmaga amatly mehanizmdi. Diñe harby taýdan däl, syýasy taýdanam oýnawaç kemi ýokdy. Ony ulanyp köplenç çaknyşyga girmezdenem, zarba urujy taktikalar bilen "burny deşilen" garşydaşlar, ahyrynda agyr sosial-ykdysady prosesleriñem basyşy bilen ýeñlişe bakan iterilýärdi. Bu guramanyñ üsti bilen Günbataryñ, onuñ hojaýyny ABŞ-nyñ güýjüni bütin dünýäniñ boýnuna dakmagy añsatlaşýardy. Bu shema belki-de, iñ köp häzir doly güýjüni saklaýar. Geçmişde paktyñ dürli ýagdaýlary başdan geçiren döwürleri boldy. Fransiýanyñ prezidenti Makronyñ 2019-njy ýylda "Beýin ölümi bolup geçdi" diýýän NATO-sy häzir Russiýa-Ukraina uruşy arkaly her wagtkysyndan has dinamiki se konsolirlenen ýagdaýda. Şu manyda ABŞ-nyñ prezidenti Jo Baýdeniñ rus lideri Putini manipulirläp uruşa girme islegini goldama başarnygy sebäpli gutlaýandygyny çaklasa bolar. (Hakykatda edil häzir ýakynlaşyp gelýän saýlawlar boýunça barha güýçlenýän Trampyñ kölegesinden gorkup, onçakly begenere ýagdaý galmadyk bolmagy-da mümkin). Meýilnama doly güýjünde hereket edýär. Formula şeýle: "Günbataryñ puly + Ukrainalylaryñ gany = Russiýanyñ gowşamagy". Şu formula bilen ölen ukrainlere we ruslara gynanmagyñ geregi ýokdugyny size aýdyp oturmagymyñ hajaty ýok bolsa gerek. • NATO hemişe duşman gerek NATO-nyñ ömrüni dowam etdirmegi we ösmegi üçin edil birinji onýyllyklarynda bolşy ýaly "duşmana" we bölünişige mätäçligi bar. Öñler duşman SSSR we kommunizmdi, häzir Russiýa bilen Hytaý (olara Eýran, Demirgazyk Koreýa ýaly ýurtlary-da goşup bolar). Paltyñ könelişen düşünjesiniñ bardygyny, shemalara baglydygyny, özüni täzeläp bilmeýändigini arkaýyn aýtsa bolar. Näme diýseñiz diýiñ, ahyrynda NATO könelişen guramadyr. Şonuñ üçinem onuñ özgerýän zamana bilen aýakdaş gitmegi-de añsat bolmaýar: Mysal üçin, agza sanyny köpeldende kabul edýän her bir kararyny biragyzdan ses berilşik bilen kabul etmäge dyrjaşýan paktyñ sany barha artýan agzalarynyñ bähbitlerini tegelek stolyñ başynda jemlemekde kynçylyk çekýän Şwesiýanyñ agzalyk müddetiniñ orta goýşy ýaly görülýär we mundan soñ hasam köp görüljege meñzeýär. 4-nji aprelde ýetmiş bäşinji ýaşyny doldurýan NATO iýulda Waşingtonda ýetmiş bäş ýaşynyñ taryhy ýubileý toýuny belläp geçmäge taýynlanýar. Hökman dabaraly gutlaglar we el çarpyşmaly nutuklar ünsümize düşer. Emma bileleşigiñ XXI asyryñ reallyklaryna uýgunlaşan täzelenme çarçuwasyna girjekdiginiñ yşaraty heniz orta çykmady. Has köp Ukraina meselesi we paktyñ býužetindäki we wezipesindäki Amerika-Ýewropa deñagramlylygynyñ üstünde duruljaga meñzeýär. Elbetde, şol ikiarada NATO bilen Moskwanyñ arasyndaky dartgynlylyk howply ýagdaýda güýçlenýär. Bilnikli ýa-da bilniksiz çykyp biljek ýekeje uçgun Russiýa bilen pakt agzasy ýurtlaryñ birini, aýratynam 5-nji madda güýje girse, tutuş bileleşigi uruşa sokup biler. NATO-nyñ Rumyniýada gurulýan iñ uly harby bazasy Garadeñizde artýan howplary we Kremliñ "Diñe bize garşy uruşa girjek "F-16-lary däl, olaryñ uçýan howa menzilleriniñ we bazalarynyñam külüni göge sowrarys" diýmegi we başga-da bolup geçen birnäçe üýtgeşme dünýäniñ ýadro ýangyny bilen ýok bolma ähtimallygynyñ mundan beýläk gury samrama bolmajakdygynyñ pikirini etdirýär. Dogrusy, külli adamzat bolup, edil häzir kyn ýagdaýy başdan geçirýäris. Bu kynçylygy wagtyñ geçmegi bilen Russiýany NATO-nyñ düzümine alyp, ullakan döwleti pakta uýgunlaşdyrmagyñ kynçylyklary bilen deñeşdirmäge hakymyz bar bolsa gerek. Hem munuñ haýsysynyñ has mantykly çözgüt boljakdygyny soramaga-da. Hakykaty aýtmaly bolsa, biziñ hakymyz bolanda näme üýtgeýär. Häzirki wagt dünýäniñ iñ girdejili işleriniñ birini edýän ýarag öndürijileriñ we satuwçylartñ hak-hukuklary we ygtyýarlyklary biziñkiden has köpdügine görä... Hakan AKSAÝ. "T24" internet gazeti, 06.04.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |