10:32 Nazym Hikmetiñ woleýbolçy ogly | |
NAZYM HIKMETIÑ WOLEÝBOLÇY OGLY
Sport we turizm
Ugrunda inçekesel bolarlyk derejede futbol janköýeridi. Ejesi Piraýäniñ gahary geldi: türmede oturan Nazym Hikmet bilen hat alşyp durmagy tabşyrdy. Şeýdibem Emil Zolýa, Balzak, Dostoýewskiý, Maksim Gorkiý ýaly ýazyjylaryñ eserlerini okamaga başlady. Emma futboldan daşlaşmady. Futbol oýnamagy saglygy zerarly 1945-nji ýylda, futbola tomaşa etmegi Metin Oktaýyñ 1969-njy ýylda ýaşyl meýdança bilen hoşlaşandan soñ taşlady. Stambulyñ Altunizade raýonynda boş meýdançalarda top oýnap ýören çagalara tomaşa edip ýören boldy. Jany ýanýardy, raýonyñ ýaşaýjylary çagalary arkaýyn top oýnamaga goýmaýardylar, urup-sögýärdiler, kowýardylar, Ol çagalaryñ sportsmenler ýaly sport bilen meşgullanmaklary üçin hemmesini bir kluba jemledi: "Altynýurt Ýaşlar we sport kluby"... Türgenleşikleri meşhur iñlis tälimçisi Uolter Uinterbottomyñ “Soccer Coaching” atly kitabynda aýdylanlara laýyklap geçirdi. Çagalar birküç ýylyñ içinde professional futbolçylar bolup ýetişdi. Emma: "Koşuyolu" topary bilen geçirilen duşuşykda myhman toparyñ janköýerleri "Altynýurtly" futbolçylaryñ üstüne çozup, oýun polisiýa bölüminde gutaransoñ, janyndan eý görüp we nijeme azap siñdirip açan futbol toparyny ýapdylar. Çagalary "Galatasaraý" futbol klubyna berdi... * * * Futbol diýlen zady düýpgöter ýatdan çykardy. Dawa-jenjelden, goh-galmagaldan azat, ýeke-täk siwilizlenen sport hökmünde görýän woleýbola ünsüni berdi. 60-njy ýyllarda woleýbolda Rumyniýa tüweleý turuzýardy. Rumyn tälimçisi Gabriel Çerebetiunyñ woleýbol hakdaky kitabyny okap, işe girişdi. Yzysüre Ýaponiýadan, ABŞ-dan, Kanadadan, Çehoslowakiýadan, SSSR-den tälimçileriñ ýazan kitaplaryny getirtdi. Türk sportsmenleriniñ boýynyñ kelte bolýandygy sebäpli meýdançanyñ öñ hataryndaky hereketliligini öñe çykarýan çakgan-aldawaçly "aziýa tilsimini" saýlap aldy. Türk woleýbolynyñ ýokary paslardan ýatyk, gysga, çalt paslar geçiş müddetini başlanlaryñ biri boldy. Şeýdibem... Ummasyz pul çykdajy edip gurulan läheñ toparlary bilen bir hatarda şäher raýonlarynyñ biriniñ höwesjeñ toparynyñ gazanýan üstünlikleri gazet sahypalaryna çykyp başlady. Professional ligalara çykdylar... "Altynýurtdaky" üstünliginiñ yzyndan Stambulyñ ýaş oglanlar ýygyndysynyñ, soñ milli ýaşlar ýygyndy toparynyñ baş tälimçisi edilip bellendi. Germaniýanyñ Mangeým şäherinde geçirilen ýaryşda ýaş oglarymyzyñ milli ýygyndy topary birinjiligi eýeledi... Diñe praktikada eden işleri däl, woleýbol oýnunyñ teoriýasyna degişli ýazan "Woleýbol" kitaby bilenem sporta hyzmat etdi. "Anadoluhisarı Gençlik ve Spor" sport akademiýasynda leksiýalar berdi. Ol... sport jemgyýetçiliginde Mehmet Bengü diýip tanalan bolsa, edebiýat dünýäsinde Memet Fuat ady bilen tanaldy. Hakyky ady Mehmet Fuat Engin Bengüdi (1926-2002). * * * Ogly Kenan Bengüni-de woleýbolçy edip ýetişdirdi. Sözümiñ şu ýerinde ýaş türgenlere nusga bolsun diýip, onuñ woleýbolçy ogluna ýazan hatyny dykgatyñyza ýetiresim gelýär: "Söýgüli Kenan, menden birnäçe gezek seni nädip ýetişdirenimi soradylar. Diýmek, bu işiñ tälimçilige degişli bir "gizlin syrynyñ" bardygyny güman edýänler bar. Ýöne bärde syr däl, sowatsyzlyk bar. Okamasañ, agtarmasañ, öwrenmeseñ islendik iş isleseñ-islemeseñ "gizlin syra" öwrüler duruberer. Adamlar şular ýaly "gizlin syrlary" gowy görýär... Ýogsam bolmasa, woleýbolda pasçynyñ nähili oýunçy bolmalydygy, saýlap alanda-da, özüni kämilleşdirende-de nämelere üns bermelidigi kitaplarda düşnükli dilde ýazylan ahyry... Añlaýyş, düşüniş menzeşlikleriniñ añyrsynda üstünlige täsir edýän köp zat bar. Üşük güýjünden başlap, amal etme ukyplary bilen formulirlenýär, şol taýýarlygyñ soñunda-da dürli hilli pasçylar orta çykýar... "Menem oñararyn, menem şo derejä ýetip bilerin" diýip pikir etmeli, ýagny adam özüne ynanmaly, edýän işiniñ dogrudygyna ynanmaly... Sen üşügi güýçli, ukyply, myşsasyndan has köp beýnisine agram salyp oýnaýan woleýbol okuwçysydyñ, men bolsa ussatlyga ýeten woleýbol mugallymy... Özüñ bilýäñ-ä, men poeziýany gowy görýärin. Hemme zadyñ añyrsyndan şahyrana tagam, şahyrana inçelik gözleýärin. Seniñ woleýbol oýnuñdanam hemişe şol tagamy alyp gezdim. Sag-salamatlykda gal, mähriban oglum..." Diñe çeper edebiýata däl, türk sportuna goşan goşantlary üçinem Memet Fuata çäksiz minnetdarlygymyzy bildirýäris. Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 08.09.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |