15:30 Nebitçi | |
NEBITÇI
Goşgular
Türkmen taryhynda görmändim seni, Döwrümizde täze dörän nebitçi. Dörärsiñ diýp düýşde ýormandym seni, Täzeden-täzäni guran nebitçi. Seniñ hökmüñ ýörýär ýeriñ astyna, Edeniñ em gözel toprak ütüne, Äginme dost, hereket et dessine, Zähmet wahtasynda duran nebitçi. Arma diýip bararyn men ýanyña, Guwanýaryn her gün ösýän sanyña. Döret dostum, döwrümiziñ şanyna, Seniñ düşgür demriñ derman, nebitçi. Gaýratyñdan dörýän gözel şäherler, Senagat jaýlary, güllän baharlar. Maşyna, motora gurply ''naharlar'', Tükeniksiz kän öndürýän nebitçi. Ynan, dostum, saña hormat goýýaryn, Hünäriñem, özüñem men söýýärin, Berekella gaýratyña diýýärin, Senagaty öñe sürýän nebitçi. Şöhrat, zähmetsöýer, merdan ärlere, Halklar dostlugyny döredenlere, Dostluk bezeg berýär beýewanlara, Ömürbaky bolsun döwran, nebitçi! 1953 Berdi Kerbabaýew | |
|
√ «Akar gaýmaklapdyr aýyň nurundan...» / Goşgular - 14.11.2024 |
√ Rep goşgular / Goşgular - 06.08.2024 |
√ Hoş örütdüň / Goşgular - 29.05.2024 |
√ Damak belasy... / Goşgular - 22.05.2024 |
√ Gider idim men ýol syra, ýawlak uzamyş bir agaç... / Goşgular - 12.09.2024 |
√ "At bilen kowalap gördüler ony..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Gyş rubagylary / Goşgular - 10.12.2024 |
√ Ýar ýüzümi görüp derdi-gamymy bilse gerek... / Goşgular - 03.08.2024 |
√ Şahyryň göwnüne degmäň! / Goşgular - 23.08.2024 |
√ Hoş sözli goşgy / Goşgular - 28.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |