22:33 «Nesile» ýazylyñ! | |
«NESILE» ÝAZYLYŇ!
Publisistika
Gadyrdan abunaçy, salam! Seniň bilen aragatnaşykda bolýanym çin, seniň bilen dostlugym üçin men-ä «Nesil» gazetine minnetdar. Özüm-ä gowy diýip düşünen ýumoreskamy, makalamy, aglaba, şu gazete eltip berýän. Okaýandygyňyza-da begenip, iki bolup bilemok. Arkaňda özüň ýaly düşünjeli okyjyň bolmasa, eser döretmäge känbir höwesiňem bolmaýar. Tank söweşe sürünende gapdalynda pyýada goşun hökman gerek. Ýurt aeroportdan başlanýar diýýärler. Gelen myhman aeroportdaky hyzmatlary görüp «hä, bu ýurd-a ýurt jan eken-ow» diýýär. Belki, ýurt gazetden başlanýandyr. Gysgadan tagamlyja habarlar, erniňi gulagyňdan geçirip bilýän ýomaklar, beýik-beýik binalaryň teswirnamasy, suratlary şo ýurduň hakykatdanam Garaşsyz, Baky Bitarapdygyny görkezýär. Gazet ýurduň pasporty, istimagy, terjimehaly, wizit kartoçkasy. Halypamyz Ata Köpekmergen gazeti köp okardy. Ol: «Gazet türkmen sözüdir, oglanlar» diýip degişerdi: «Gazet däl-de: «göz et!» bolmaly. Täzelikleri tizräk habar ber diýlen sözdür» diýerdi. Bu jähetden Ata aga mamla. Arada «Türkmenistan» gazetiniň baş redaktorynyň orunbasary Mämmet Orusow bilen çaýlap otyrkam, ol «abuna» sözüniň gelip çykyşy barada öz pikirini orta atdy. Ýigriminji, otuzynjy ýyllarda biziň metbugatymyzda, çaphanalarymyzda köplenç Azerbaýjan we beýleki milletler işläpdir. Meselem, köp neşirleriň redaktory Guseýnow eken. Şol wagtlar podpiska sözüne ilat känbir düşünip durmandyr. Abunaçy boljaklara haýsydyr bir gazeti görkezip: «Abuna ýazylyň, abuna» diýip, azerbaýjançalap wagyz-nesihat edipdirler. «Abuna» sözi, megerem, ýigriminji ýyllaryň ahyrlarynda dörän söz bolsa gerek. Sözlüklerde bu söze men-ä gabat gelmedim. Geliň, esasy gürrüňimizi dowam etdireliň. «Nesil» gazeti üstümizdäki ýyl nähili çykar? Ol barada mugallym, žurnalist Rejep Gaýypguly, ruhyýetçi gyzymyz Oguljemal Çaryýewa, ahunymyz Hoja Ahmet aga, ýazyjy Nargylyç Hojageldiýew dagy käbir zatlary aýtdylar. Kän wadalar berdiler. Wadada wepa bolar. Indi men «Nesile» näme ýazyp bilerin? Men öz mümkinçiliklerimi ölçerip gördüm. Satira, ýumor, ýomak ugurdan orup, ýygnap, desseläp, «kombaýnyň» agzyna beribilsem-ä mende hasyl bar. gektardan näçe sentner diýsem önjek, çünki gülki bilen iş salşan stažym hem az-owlak däl. Ata Köpekmergen, Çary Gurbangylyç, Pyhy Tagan, Allanazar Begnazarow dagy bilen köp ýoldaş boldum. Olaryň başdan geçiren gülküli waklary ýadymda. Türkmen ýazyjylarynyň biri-birine atan henekleri hem az däl. olar hem ýaşlaryň eşidäýmeli geň-taň zatlary, gülkiniň berip gelýän peýdasyny hiç zat bilen deňeşdirer ýaly däl. Hol gün «Nesiliň » baş redaktory Annamyrat Poladowa duşamda, ol: «Japbaklar» sahypamyzy hut özüň alyp barsana, Gurbangylyç aga!» diýdi. Ýok. Onsuzam men ýazyp duraryn. Pensiýanyň hem hözirini görmel-ä. Öňde biri agzyna pampasa atypdyr-da, birdenem ony, atanlykda ýuwdaýypdyr. Şonda ol: «Wah, datman galdym-ow!» diýipdir. Ýazyjy bir işe bagly bolman, erkinlikde döretse gowy bolar. Gazet adamyň ýakyn geňeşçisi. Durmuş ýolundaky kyblanama. Hemişe radionyň, telewizoryň başyny alyb-a oturyp bolanok, gazetiň agyry-ýeňili ýok, ýanyňa göteräýmeli. Soňky ýyllarda gazetlerimiz büs-bütin gowulandy. Sebäbi «daň öz erkine atanok aşyrsynda gün gyssaýa» diýlişi ýal, durmuş çalt depgin bilen ösýär. Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistanyň ýaşlary uly ruhubelentlik bilen okaýar, işleýär. «Nesil» şoňa laýyk hem çykyp dur. Öňler gazetiň özi bir günlük, sözi müň günlük diýlerdi. Indi onsuzam düşnükli. Gazetiň Orsýetde birinji gezek çykyşyny bilmek okyjy üçin, belki, gyzyklydyr. On ýedinji asyryň başynda Orsýetde gazet ýok ekeni. Ilkinji gezek Pýotr birinji gazeti neşir etdirýär. Ýöne ony hiç kim okamandyr. Sebäbi okamak endigi ýok ekeni, düşünje bolsa pes. «Nätmeli?» Pýotr özüne sowal berýär: «Urup-sögübem-ä okadyp bolmaz». Ahyry netijä gelýär: «Kim gazet okasa, şonuň garnyny mugt doýurmaly». Naharhana, restorana barýaň. «Men-ä gazet okamaga geldim» diýýäň. Biri, ýörite goýlan adam, eliň gazet berýär. Okap çykaňsoň, mugt nahar berilýär. Häzirki döwürde hemmeler düşünjeli, sowatly, köpümiz ýokary bilimli. Ýöne bilimi, zehini hemişe çarha tutup durmasaň, ol peselmek, kütelmek bilen bolýar. Bu ugurda gazetiň belli bahasynyň ýokdugyny tekrarlap oturmasam-da düşnükli bolsa gerek. Hormatly okyjy, 1997-nji ýylyň ikinji ýarymy beýik Serdarymyzyň pähimi bilen öňe çykarylan «Müň gün» Maksatnamasynyň 183 gününi öz içine alýar. Ol günleriň hersi, her sagady uly özgerişlikleriň pursatlary hökmünde Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistanyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylar. Sen «Nesile» abunaçy bolmak bilen şol pursatlaryň şaýady bolarsyň. «Nesiliň» sahypalaryndan gülkiniň aýrylmajagyna-ha men güwä geçip bilerin. Saglyk bolsa, özümiň-ä sizi jak-jaklap güldürmesem-de, ýylgyrdaryn diýen tamam bar. «Nesile» ýazylyň! Gurbangylyç HYDYROW. «Nesil» gazeti 27.05.1997 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |