15:07 Neşe serişdesi ýalany | |
NEŞE SERIŞDESI ÝALANY
Publisistika
Ady - Rudolf Dizel (1858-1913)… Asly nemes, prussiýaly, Parižde doglan. Kakasynyñ ýanynda deri işleýji bolup işledi. Fransiýa-Prussiýa urşy çykansoñ, köp nemes ýaly olam ýurduna dolandy. Dizel Bawariýa korollygynyñ Mýunhendäki politehniki uniwersitetinde okady. 1892-nji ýyl. Dünýä ony dizel motorynyñ oýlap tapyjysy hökmünde tanady. 1890-njy ýyl ösümlik-ýer hozunyñ ýagyndan bioýangyç ýasady. Bioýangyç bilen işleýän dizel motoryny 1900-njy ýylda Parižde geçen Bütindünýä sergisinde görkezdi. Emma nebitiñ has ýoñ bolandygy sebäpli gyzyklanan bolmady. Dizel lapykeçlige düşmedi. 1913-nji ýylyñ 29-njy sentýabrynda Angliýa gitmek üçin "SS Dresden" ýolagçy gämisine mündi. Iñlis suwasty gämilerine dizel motor bilen güýç bermek mümkinçiligini gürleşmek üçin "Consolidated Diesel Manufacturing Ltd." kompaniýasynyñ ýolbaşçylary bilen Londonda görüşmäge barýardy. 30-njy senýabryñ ir säherinde Harwiç portuna gelen gämiden düşenleriñ arasynda ol eýýäm ýokdy! Ol 29-njy sentýabr güni agşam sagat 22:00-da küpesine çekildi, prowodnige ir sagat 06:15-de turuzmagy haýyş etdi. Dizel ýitirim boldy. Küpesi boşdy. Düşeginiñ gylam gymyldamandy. Manş deñizine böküp, öz janyna kast edendigi aýdyldy! Başga bir öñe sürülýän pikire görä, Dizeliñ biodizel barlaglary nebit läheñleriniñ peýdasyna däldi, şonuñ üçiem ol gämiden zyñylyp öldürilipdi! • JEM ÖZDEMIR Jem Özdemir… Türk-nemes raýaty. Ekologist-tebigaty öwreniji. "Ýaşyllar" ("Die Grünen") partiýasynda syýasatçylyk edýär... Täze hökümetiñ Azyk we ekerançylyk ministriniñ wezipesini kabul edip almagyñ öñüsyrasynda dur. Öñki güni onuñ kenebe arka durmagy üns çekdi. Aslynda geçen iýulda Germaniýa üç şerekete kenep önümçiligine rugsat berdi. "Ýöne" diýip şert goýdy: medisina maksatly satuwa çykarylar... Paragraf açaýyn: Kenep diýlende göz öñüñize diñe “neşe serişdesi” gelýär. Ýadyñyza düşýändir: ALS keseline ünsi çekmek üçin bir döwür adamlar depesine gowa bilen buzly suw döküp, sosial mediýada paýlaşypdy. Jem Özdemirem muny şeýdip, wideoýazgysyny paýlaşdy. Emma ýazgyda balkonyndaky saksı içinde kenep ösdürip ýetişdirýändigi ýüze çykdy! Bu boýunça derñew işi açyldy... Hakykatda... “Kenep” diýlende, nämüçun diñe neşe serişdesi - marihuana ýada düşýär? Ýogsam bolmasa: Kenep “cannabaceae” maşgalasyndan bolan ösümlikdir we onuñ üç dürli görnüşi bar: Cannabis Indica (Конопля индийская), C.Sativa (Конопля посевная), C.Ruderalis (Конопля сорная). Neşe serişdesi hasap edip boljagy diñe C.Sativa… Iññän peýdaly görnüşi bolsa C.Indica… Bu kenep diýseñ gowy we saglyga peýdaly iýmit önümi. Onuñ berýän peýdalaryny ýazmaga bu sahypa azlyk eder. (Gyzyklanýanlar "Ýaşyryn saýlananlar" (“Saklı Seçilmişler”) kitabyma seredip bilerler.) • "VOLKSWAGEN" JEZASY Plastiki önümleriñ ählisini kenepden öndürip bolýar, özem kenep plastikasynyñ ýene tebigata siñip gitmegi añsat. Kenebiñ tebigata hiç hili zyýany ýok. Meselem, kenepden eidlen kosmetiki önümler suwy hapalanok... Bir gektar ýere ekilen kenep 25 gektarlyk tokaýyñ berýän kislorodyna barabar kislorod işläp çykarýar. Dokma senagatynda ulanyp bolýar. (Ilkinji jinsi jalbaryñ kenepden edilendigini bilýäñizmi: kanwas!) Binalaryñ suwagy (теплоизоляция) üçinem ulanyp bolýar: çydamly, arzan we maýyşgak. Awtoulagyñ süññi kenepden edilse, çydamlylygy polatdan on esse artyk. Kenep iýip ýören haýwanlar gormon çalşygyna zerurlyk duýanok. Gürrüñsiz, bioýangyç hökmünde-de ulanyp bolýar. (Bir barlagyñ netijesine görä, Türkiýede ekin meýdanlarynyñ diñe 15%-ne kenep ekilse, ýylda 31,5 million tonna biodizel öndürip bilýäris.) "Şolar ýaly peýdaly bolsa, bu ösümlikden nämüçin peýdalanyp bolanok" soragyñyzy eşidýän ýaly bolýaryn. "Rokfeller" ýaly nebitçiler… "Dupont" ýaly plastiki-petrohimiýa trestleri… "Andrew Mellon" ýaly alýumin läheñleri… "Hearst" ýaly medýa hojaýynlary… Bir çukura tüýkürdiler: ABŞ-da 1937-nji ýylda çykarylan "Marihuana salgydy kanuny" bilen kenep ekmek gadagan edildi. Narkotiki serişdeleriñ önümçiligine garşy býuro (FBNDD) açyldy, býuronyñ başlygy edibem Mellonyñ bajasy bellendi! Yzyndan ABŞ-nyñ basyşy bilen bütin dünýäde kenep "ölüm howply ösümlik" diýip yglan edildi we ş.m. Şu güne dolanyp geler bolsak: Germaniýa kenebe diñe derman senagaty üçin rugsat berdimi? Dowamy gelmez öýdýäñizmi? Nebit ýangyjynyñ tebigaty zaýalaýandygy, klimat üýtgeşmelerine sebäp bolýandygy gizlin syr däl. Emma... Ýadyñyza salyñ: ABŞ-nyñ basyşy bilen nemes awtoulag läheñi "Volkswagen" kompaniýasyna dizel emissiýasy sebäpli taryhy jerime kesildi. Alty milliard dollara golaý! Dünýä hamana Birinji we Ikinji jahan uruşlarynyñ öñüsyrasyndaky ýaly ýiti bölüşik basdaşlygyna giren ýaly boldy. Kenebe neşe serişdeleriniñ hatarynda baha bermek nebit artykmaçlygyny elinde ýarag dek saklaýan imperializmiñ basyşydyr. Şuny biliñ: Muña garşy çykanlary ýa "komplimasiýaçy” diýip, eline-aýagyna kakýarlar ýa-da Rudolf Dizel ýaly ýitirim edýärler! Nebitiñ ýerini aljakdygy aýdylan "suw ýangyçly batareýanyñ” oýlap tapyjysy Stenli Meýeriñem 1998-nji ýylda garbanyşhanalaryñ birinde zäherlenip öldürilendigini-de ýatladaýyn... Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 13.01.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |