09:18 Nigilizm näme? | |
NIGILIZM NÄME?
Pedagogika we edep-terbiýe
Ylmy çeşmelere we sözlüklere laýyklykda, nigilizm – bu umumy ykrar edilen ýörelgeleri, ahlak kadalaryny we gymmatlyklaryny şübhe astyna goýýan hem-de inkär edýän dünýägaraýyşdyr. Bu adalga, “nihil – hiç zat” diýen latyn sözünden gelip çykyp, özüniň has ahyrky görnüşinde tutuş ynsanyýetiň adamkärçilik gymmatlyklaryny doly inkär etmek derejesine çenli baryp ýetýär. Nigilizmiň ol ýa-da beýleki bir görnüşleriniň jemgyýetde ýörgünli bolup-bolmazlygy dürli döwürlerde, jemgyýetiň taryhy-medeni durmuşynyň aýratynlyklaryna bagly bolupdyr. Dünýägaraýşyň bu görnüşi babatda, uzak wagtyň dowamynda onuň jemgyýetiň keselidigi ýa-da sosiumyň we indiwidiumyň (jemgyýetiň we şahsyýetiň) galp, ýasama dünýägaraýyşlardan saplanmagynyň melhemidigi hakda jedel yzygiderli dowam edip gelýär. Ýokarda-da bellenip geçilişi ýaly nigilistler inkär edýärler: - ahlak kadalaryny we gymmatlyklaryny; - söýgi, mähir, jogapkärçilik, ýagşylyk, rehim-şepagat ýaly ynsanperwerlik duýgularyny; - sungaty we ş.m.. Nigilistler adatça, hiç zada ynanmaýarlar, olar hiç hili awtoritetleri ykrar etmeýärler. Nigilistler öz dünýägaraýyşlarynyň artykmaç taraplary hökmünde şu aşakdakylary görkezýärler: - Adamyň öz indiwiduallygyny aýdyň ýüze çykarmaga mümkinçiligi hem ukyplylygy; - şahsyýetiň öz dünýägaraýşyny yglan etmäge we öz ynançlaryny aç-açan goramaga mümkinçiligi hem ukyplylygy; - täze açyşlaryň gözlegleri we mümkinçiligi. Nigilizmi inkär edijiler :-) bolsa, ýagny ret etmegi ret edýänler, bu dünýägaraýşyň kemçilikleri hökmünde şu aşakdakylary görkezýärler: - pikirleriň artykmaç çürt-kesikligi (bu köplenç nigilistleriň özlerine zyýan ýetirýär); - nigilistleriň öz dünýägaraýyşlarynyň çäginden çykyp bilmezligi (dünýägaraýyşlarynyň darlygy we garyplygy); - nigilistleriň töwereginde ýaşaýanlaryň-a olara düşünmezligi, olaryňam beýleki adamlara düşünjek bolmazlygy we ş.m.. Nigilizmiň esasy görnüşleri şulardan ybaratdyr: 1. Mereologiki nigilizm – filosofiýa ylmynda, dürli böleklerden ybarat bolan jisimleriň düýbünden ýoklugyny ykrar edýän akym; 2. Metafiziki nigilizm – filosofiýa ylmynda, ol ýa-da beýleki bir jisimleriň (hadysalaryň, ynançlaryň) hakykat ýüzünde hökmany däldigini ykrar edýän akym; 3. Epistemologiki nigilizm – filosofiýa ylmynda, islendik ylymlary we bilimleri inkär edýän akym; 4. Ahlak nigilizmi – hiç bir zadyň ahlakly ýa-da ahlaksyz (moral ýa-da amoral) bolup bilmejekdigini ykrar edýän metaetiki dünýägaraýyş; 5. Hukuk nigilizmi – jemgyýetde şahsyýetiň borçlarynyň bardygyny we bellenilen tertipde kabul edilen hukuk kadalaryny hem düzgünlerini işjeň ýa-da işjeň däl görnüşde inkär edýän dünýägaraýyş; 6. Dini nigilizm – ylahy dünýägaraýşy, dini kadalary, däp-dessurlary, gudraty doly inkär edýän dünýägaraýyş; 7. Geografiki nigilizm – dünýäň taraplaryny (gündogar, günbatar, demirgazyk, günorta) doly inkär edýän we adamzat siwilizasiýasynyň ykrar eden geografiki düşünjelerini düýpgöter kabul etmeýän dünýägaraýyş; 8. Sosial (durmuşy) nigilizm – jemgyýetde bolup geçýän hadysalary, üýtgeşmeleri inkär edýän dünýägaraýyş. Elbetde, rus gardaşlarymyz aýtmyş: “Her kim özüçe aklyndan azaşýar”. Ýöne, şu ýerde, hiç kime, şol sanda nigilistlere-de (ýa-da özlerini şoldur öýdýänlere-de :-)) dahylsyzlykda we kimdir birini kemsitmek niýeti bolmazlyk bilen, birnäçe tymsaly (aforizmi) agzap geçmegi makul bilýän: ***** Men haçan-da şonuň bilen kesellänleri ýakyndan görenimde, dälilikden gorkmagymy bes edýärin – Winsent Wan Gog. ***** Däliler üçin gadaganlyk ýok, ýöne rahatlandyryjy köýnekler (däli köýnek) bar – Weselin Geýorgiýew. ***** Birew üçin – dälilik, beýleki üçin – hakykat – Tim Berton. ***** Dälilik kofeden gowy çuslandyrýar – Saşa Kramar. Indi, nigilizm hakdaky bujagaz gysgajyk ekskursymyzy munuň ýaly tukat hem nigilistik :-) notada tamamlamazlyk üçin, nigilistler hakda anekdot: Bir gezek sosiopat, nigilist hem-de durmuşdan wäpşe ýadap galan sinik kafe girýärler-de, özlerine näme-de bolsa bir zat guýup bermegi talap edýärler. Barmen, olara bakýar-da, hüňürdeýär: -Bizde diňe 18 ýaşy dolanlara guýlup berilýär... Ýene-de pessimistler we optimistler hakda anekdotlar we nigilizm hakda aforizmler: Optimist hemişe aýdýar: - Hemme zat gowy bolar! Pessimist şonda soraýar: - Kime?! ***** Optimistler iki görnüşde bolýar: Birinji görnüşi: bankdan karz alýar; Ikinji görnüşi: şo karzy berýär. ***** Optimist begenç bilen oýlanýar: “Ertir şenbe, birigün ýekşenbe!”. Pessimist tukatlyk bilen oýlanýar: “Ýene-de iki günden duşenbe...”. ***** Optimist – bu, kisesi ýeke şaýy pulsuz, iň gymmatbahaly restorana baryp, onuň gabygynyň içinden çykjak merjen dänesi bilen bahasyny tölemäge bolan ýagşy umytda, ustrisa sargyt edýän adamdyr :-). ***** Pessimistler hemişe geçmişden gaçýarlar. Optimistler hemişe geljegi kowalaýarlar. ***** Pessimistde – hereketlendiriji (dwižok :-)) ýok, optimistde – tormoz. ***** Müňkürligiň kindiwanja gurçuklaryndan Lohness nägehanlary emele gelýär. Pawel Şarpp ***** Durmuşda gollaryny ganat deýin galgadyp, gagyldamagy halaýan adamlar bar – olar özüni laçyndyr öýdýär. Pawel Şarpp ***** Hemme zada tüýkürip ýörseň, hiç haçanam tüýküligiň sowa geçmez. Wladimir Kafanow ***** Nigilizm – bu aklyndan azaşmaga başlanyň özüňi hemmelerden akylly saýyp başlaýan wagtydyr. Näbelli awtor ***** Hemme zady inkär etmek – şonuň bilen birlikde-de hatda inkär etmegi (nigilizmi) inkär etmek – biçak gyzykly we beýniň ýitiligini talap etmeýär. Wenedikt Ýerofeýew ***** Nigilizm – bu pikiriň hyzmatkärligidir. Nigilist – bu pikiriň hyzmatkäridir. Fýodor Dostoýewskiý ***** Ynançsyzlyk – bu hiç ýere barýan ýoldur. Oleg Kriwçenko ***** Nigilizm – bu ýetilmedik zadyň inkär edilmegidir. Gennadiý Malkin ***** Nigilizm – bu doktrina däl-de, poza. Karlos Ruis Safon ***** Pessimistiň adamlara maslahaty: -Hemme zatdan ýadadyňmy?! Ölýänçäň garaş. Onsoň dynç alarsyň... Dürli internet maglumatlaryndan terjime edilip taýýarlandy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||