19:47 Nobat | |
NOBAT
Goşgular
Bir goja bu durmuşa, Hem ga:rylyp, garalyp. Ýaşar eken durmuşda, Hem sa:ralyp, saralyp. Zähmete ähmýet bolmaz, Boş çykarmyş bijesi. Asla güýze ýetmändir, Jan etse-de jüýjesi... Ýalançy erbet çakdy, A goja aýawlady. Sanalmadyk sanalgy, Bir güni paýawlady. Hiç ýatasy gelmedi, Imrikmänsoñ düşege. Tabyda nädip müner, Münmändem ol eşege. Çar tarapy ümmülmez, Gark edäýjek okean. Emma, goja dik aýakda, Ýöräp gezýär iki ýan. Öýe girmez, şo:l köçede, Ýatanok, goja ýatanok. Wagt bolsa gandally deý, Ýöränok, şapak batanok... Bir oglanjyk sorady, Görüp onuñ halyny. -Nüçin mydam daşarda, Öýsüzmiñ ýa dälimi? -Bar bolsa-da güjükde, Öýi bolmaz gojalañ... Häzir durun garaşyp, Nobatynda ajalyñ. -Nüçin dursuñ nobata, Sen nä iliñ tersine? Arka mündürjek wagty, Nämä münýäñ gerşine? -Şu çaka çen bir sapar, Nobat ýetmän gijikdi. Iýermen nobat iýdi, Nobat meni iýjekdi. Ömrüm ötdi ýumruklap, Kä ýeri käte seri. Men muña garaşmandym... Eh, ogul, diñle meni! Ölüm lezzetin dadar, Jan lezzetin dadany. Hiç beresim gelenok, Özümki däl zadymy. Şeýle gezsem Ezraýyl, Ütüp guta:r ganatym. Ýöne on ýyl içinde, Ýetesi ýok nobatym... Emma, tiz ara ýetdi, Goja ýatyr tabytda. Gör-ä, ýene öñkülik, Adam ýene nobatda. Ahmet ARAZOW. | |
|
√ Ýogaldy / Goşgular - 05.05.2024 |
√ Şol işandan / Goşgular - 12.06.2024 |
√ Garyp köñlümiñ soltany / Goşgular - 21.02.2024 |
√ Adamzat taryhyna çaklama / Goşgular - 16.10.2024 |
√ Aýşy-eşret çagynda / Goşgular - 20.08.2024 |
√ Eý, dynç bilmeýän şemal... / Goşgular - 06.08.2024 |
√ Zenan imany / Goşgular - 08.07.2024 |
√ Ynanarmykan? / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Daglar we adamlar / Goşgular - 10.12.2024 |
√ Hakyky şahyr / Goşgular - 08.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |