02:16 Nowaýy jindeli sazyňdan | |
NOWAÝY JINDELI SAZYÑDAN
Magtymgulyny öwreniş
Beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragy “Ýar, ýüzüňden“ atly şygryny: Aý kibi roýuňy gördüm, Nur saçylar ýar, ýüzüňden. Bir mejnunam däli erdim, Nowaýy jindeli sazyňdan. diýen setirler bilen başlaýar. Biziň ýokarda mysal getiren Magtymgulynyň “Ýar ýüzüňden“ goşgusyndaky “Nowaýy jindeli sazyňdan“ diýen obrazly jümle türkmen edebiýatynda ilkinji gezek ussatlyk bilen ulanylypdyr. Nowaýynyň ýaşap geçen zamanyndan soň, türki halklarynyň arasynda “Nowaýynyň jindesi“ diýen jümle ýörgünli bolupdyr. Beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragy “Sahypjemalymy gördüňmi“ diýen şygrynda hem: Anka sypat turup, "Hak“ diýp galkan guş, Gijesi tirikdir, gündizi bihuş, Nowaýy jindeli, egni hyrka puş, Meniň sahypjemalymy gördüňmi? diýip, beýik akyldar Nowaýy jindesini geýen derwüşlerden Sahypjemalyny (Allany) görendigini-görmändigini soraýar. Pyragynyň bu goşgusynda hem Nowaýynyň adyny getirmegi tötänlik däldir. Alyşir Nowaýynyň “Lisan at taýr“ atly eseri bar. Nowaýy bu eserini Gündogaryň meşhur piri Ferideddin Attaryň guşlar hakyndaky eseriniň täsirinde döredipdir. Nowaýynyň şol eserinde Anka özüni Alla-ha doly bagyş eden guş. Edil Anka guşunyň Alla-ha wepaly bolşy ýaly, Magtymgulynyň ynanjyna görä, eger ýönekeý adamlardan Allany gören bar bolsa, hökmany Nowaýy jindesini geýen adamlarytň beýik Ýaradany görmelidigine ynam edýär. Şol sebäplem Magtymguly olara–Nowaýy jindesini geýen adamlara Allany gördüňizmi?! diýip ýüzlenýär. Sebäbi durmuşda asly baý bolsa–da meýletin ýönekeý ýaşaýşy saýlap alan adamlaryň geýýän eşikleri Nowaýy jindesi adyny alypdyr. Halypa alym Aşyrpur Meredowyň düşündirmegine görä, “Nowaýynyň jindesi“ diýen düşünje bu beýik akyldaryň geýen ýönekeý egin-eşikleri bilen baglanyşykly dörän jümledir. Hakykatda, Alyşir Nowaýy çaksyz baý adam bolupdyr. Türkmenlerde Myraly (Emir A:ly –a sesini uzyn aýtmaly, bu söz Beýik Emir diýen manyny berýär. Ol at Nowaýynyň resmi adydyr. Myraly Emir A:ly sözüniň gysgalan görnüşidir. Dünýäde patyşa-korollarda Beýik adyna mynasyp bolan şahslar az däl. Mysal: Beýik Pýotr, Beýik Karl we şm. Emma wezir bolup, Beýik titulyna eýe bolan diňe Alyşir Nowaýydyr. D.Ý.) ady bilen meşhur bolan Alyşir Nowaýynyň Merw topragynda häzirki Tagtabazar etrabynda we Marynyň töwereginde uly mülki bolupdyr. Şol mülklerinden gelýän girdejisinden Myraly Maryda “Yhlasiýe“ , Hyratda bolsa “Nyzamiýe” medresesini açypdyr. Hakykatdanam, Nowaýynyň Hyratda hem Maryda medrese açyp, şol medresäniň ähli harajatyny Nowaýynyň üpjün etmegi bilen, ol medreselerde ýüzlerçe talybyň okandygy taryhy faktdyr. Nowaýynyň Hyratda medrese we beýleki binalar saldyrmagy bu şäheriň paýtagt bolmagy bilen bagly. Onuň Maryda medresedir–metjit saldyrmagy Nowaýynyň türkmenleri, türkmen topragyny çäksiz söýendigini kepillendirýär. Alyşir Nowaýynyň türkmenler hem türkmen topragy bilen baglanyşygy aýratyn söhbet edilmeli meseledir. Nowaýynyň baýlygy baradaky söhbete dolansak, ol mal-mülkünden uly girdeji alyp, dosty hem emşen dogany Soltan Hüseýiniň köşgünde baş wezir derejesine çenli baranam bolsa döwletden aýlyk almandyr. Bu beýik akyldaryň döwürdeşi Döwletşa Samarkandynyň ýazmagyna görä, Alyşir Nowaýy uly mülküň eýesi bolup döwletden asla aýlyk almandyr. Gaýtam, gurakçylyk ýyllarynda Alyşir Nowaýy Soltan Hüseýine 60 müň puta barabar ( bir put-16,4 kg, 60 müň put 1000 tonnadanam gowurak galla bolýar. D.Ý.) galla beripdur. Alyşir Nowaýynyň Hyrat, Mary, Astrabat ýaly şäherlerde birnäçe metjit, medrese, köpri, ýol gurdurandygyny-da aýtmak gerek. Alyşir Nowaýy uçursyz baý hem sahawatly adam bolupdyr. Emma ol örän ýönekeý, emma arassa geýnipdir. Şeýlelikde “Nowaýy jindesi“ diýilýän düşünje mümkinçiligi bolsa-da, sada halk köpçüligie meňzäp, örän ýönekeý geýilýän egin-eşigi aňladypdyr. Nowaýynyň ýönekeý, ýöne örän arassa geýen eşigi ýaly jinde geýmek sada adamlarda, şol sanda päli pes işan-mollalaryň arasynda-da ýörgünli bolupdyr. Jemläp aýdanymyzda, “Nowaýy jindesi“ diýen jümle ähli babatda halallygy aňladýan söz düzümine öwrülipdir. Nowaýy jindesini geýen adamlar meýletin ýagdaýda öz ummasyz baýlyklaryny öz maksatlary-bähbitleri üçin ulanman, Hakyň, halkyň bähbidine baýlyklaryny sarp eden ynsanlar bolupdyrlar. Nowaýy jindesi diýen söz düzümi ähli babatda halal, ýönekeý, emma örän päkize geýlen egin-eşigi aňladypdyr. Pyragy ynsany hyjuwlandyrmaýan, Allany, pygamberleri hem halkyň pendi-nesihatyny wagyz edýän aýdym-sazlary “Nowaýy jindeli sazyňdan“ diýip atlandyrypdyr. Ýatladyp geçsek, Nowaýynyň hut özüniň hem aýdym-sazdan baş çykarýandygyny bellemek gerek. Bu bolsa, Nowaýynyň arassa, ýönekeý jinde geýip, munuňam üstesine, halky edep-ekrama çagyrýan aýdym-sazlary wagyz edendigini alamatlandyrýar. Şeýlelikde, Magtymgulynyň “Nowaýy jindeli sazyňdan“ diýen gysgajyk söz düzüminiň şeýle manysy bar: Allany, pygamberi taryplaýan, halky edep-ekrama çagyrýan aýdym-sazlar “Nowaýy jindeli“ sazlardyr. Döwletmyrat ÝAZGULYÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |