NUSGALYK HEKIMLER!..
Ömrümiñ bir bölegi Stambulyñ Ýeşilköý raýonynda geçdi. Raýonda ýaşap başlan günlerimde ilkinji tanan adamlarymyñ biri-de doktor Konstantin Kalangos boldy. Adamlar ondan hem-ä işine ezber hekim, hemem elinden gelen ýagşylygynu gaýgyrmaýan perişdepisint adam hökmünde söz açýardylar.
Günleriñ bir güni sowuklama geçirdim-de, onuñ öýüniñ ýanyndaky şahsy hirurgiýa binasyna gitdim. Aslynda meniñ maksadym raýatlaryñ ýüreginde tagt guran, at-owazasy Ýeşilköýiñ daşunda çykan bu "rowaýaty" ynsany ýakyndan tanamakdy. Aýdylyşy ýaly ol meni iññän mähirli garşylady. Ünsli hirurgiki gözegçilikden soñ "Dynjyñyzy alsañyz tiz wagtdan aýrylar" diýdi-de, derman saklanýan sowadyja ýöneldi. Sowadyjydan saglyk wekilleriniñ mugt berýän dermanlaryndan birnäçesini alyp maña berjek bolýanyny görüp, "Gadyrdan halypa, maña resept ýazyp bermegiñizi haýyş edýärin. Siz bu dermanlary hakyky mätäç ýagdaýdaky beräýiñ. Puluñyzy töläp, rugsat berseñiz yzymdakylary garaşdyryp durman gaýdaýyn indi" diýdim.
Ol güldi-de:
- Şu gün meniñ näsaglara mugtuna seredýän günüm. Hepdede üç gün şeýdýärin. Şonuñ üçin bulary almaly bolarsyñyz. Siziñ Ugur Dündar bolandygyñyz ýagdaýy üýtgedip bilmez - diýip, jogap berdi.
Men utanjyma sesimi çykaryp bilmedim.
2004-nji ýylda aradan çykan doktor Konstantin Kalangosyñ ady häzir onuñ janyndan eý gören Ýeşilköý raýonynyñ bir köçesinde ýaşaýar…
★★★
Biziñ hemmämiziñ durmuşynda doktor Kalangosa meñzeş, adamy adam bolandygy üçin hormatlaýan we muny eden ýagşy işleri arkaly başgalaryna-da nusgalyk şekilde öwredip bilen ýagşylygyñ simwoly bir hekim hökman şypaly ellerini uzadandyr.
★★★
Şeýlekin nusgalyk şahsyýetlerimizden biri bolan hormatly professorymyz Myrat Dilmeneri koronawirus belasy elimizden aldy. Izmiriñ uly tiražly baýry gazetlerinden "Ege Telgraf" gazetiniñ žurnalisti Aýşegül Çakmak ony şeýle ýatlaýar:
“Adaty Stambul günleriniñ biridi. Näsag uzyn koridordan ýöräp, gözläp ýören otagynyñ deñesine geldi.
Dem almasy kyndy. Gapyny kakdy, içerik kellesini uzatdy.
Içerde ýatan "Gel, bakaly!" diýip, oña mähirli seslendi.
Içerik girdi. Kör-köpük pulunyñ ýokdugyny, durmuş ätiýaçlandyrmasynyñ (medstrahowka) ýokdugyny aýtdy.
Ol bulary eşitmedik ýaly bolup diñledi. Megerem ol näsagy utandyrmajak bolup şeýtdi. Soñam:
- Niräñ agyrýar? - diýip sorady.
Eli bilen garnyny basyşdyran orta ýaşly aýal "ynha, şu ýerlem agyrýar" diýen manyda garnyna yşarat etdi.
- Zemmeriñ (sedýe) üstüne geç-de süýn, men seni bir hirurgiki gözegçilikden geçireýin!..
Häzirki ýaly iñ soñky medisina enjamlarynyñ bolmadyk şol ýyllarynda, ol gözi bilen bir seredende diagnoz goýup bilýän iç keselleri boýunça ökde hünärmenleriñ biridi. Onuñ diagnoz goýşundaky ussatlygy rowaýat ýaly adamlaryñ dilinden düşmeýärdi.
Ol ýüzüne "Numunalyk. Satlyk däl" diýip ýazylan birnäçe gap dermany sowadyjydan çykaryp aýala uzatdy. "Bulary ulan, on bäş günden soñ ýene gel" diýip ugradyp goýberdi.
★★★
Gadymkylar “Ýagşylyk ediñ, diñe ýagşylyk ýol alar” diýipdirler. Şeýle-de boldy. Ol bu artykmaçlygy bilen eli ýuka garyp-pukaralaryñ umydyna öwrüldi. Indi onuñ gapysynda uzyn-uzyn nobatlar emele geldi. Ýoksul näsaglaryñ nobaty…
★★★
Ýyllar ýyllary kowalady.
2004-nji ýylyñ adaty günleriniñ birinde ýene gapysy kakyldy.
Mylaýym ses "Gel!" diýip seslendi.
Bu gezek ýagdaý başgaçady! Çünki içerik girenler penjek-jalbarlyja we galstuklyjady. Ellerinde-de gara diplomat bardy.
“Derñewçu” diýdiler. "Üstüñizden arz-şikaýat bar. Maddy ýagdaýy peslere kömek edip, döwlete zyýan edýän ekeniñiz!.. Düşündirişiñizi almaga geldik!.."
★★★
Ol ýatsa-tursa oýuna gelmejek bu aýyplamany eşdeninde, ajy-ajy güldi. Içinden "Bu ýurtda garyplary mugtuna bejermek haçandan bäri jenaýat bolduka?" diýdi. Daşyndan bolsa hemişeki hoşgylaw häsiýeti bilen: "Islän zadyñyzy sorap bilersiñiz, meniñ hasabyny berip bilmejek eden işim ýok" diýdi.
★★★
Derñew prosesi tamamlandy. "Döwlete zyýan ýetirmek" etmişini etmekden jogapkärçilige çekildi. Birnäçe ýyllap dowam eden derñew prosesi ahyrynda püçege çykdy!..
★★★
Ol öz ýetişdiren ähli şägirtlerine hemişe şol bir zady ündedi:
“Gapyñyzy kakany boş gaýtarmañ… Derdini diñläñ, serediñ, dermanyny beriñ. Güler ýüz bilenem ugradyñ. Näsaglaryñyzdan güler ýüzüñizi gysganyjy bolaýmañ …”
★★★
Golaýda koronawirusa ýolugyp hassahana düşdi. Şägirtleri jan etdiler, gije-gündiz daşyndan aýrylmadylar. Emma gynansak-da, ussady zalym ajalyñ elinden halas edip bilmediler.
Ýoksullaryñ, ýarlykly garyplaryñ lukmany professor Myrat Dilmener üç gün öñ aradan çykdy.
★★★
Konstantin Kalangos we professor Myrat Dilmener ýaly manyly ömrüni garyp-gasarlaryñ ömrüne ömür goşup ýaşan nusgalyk hekimleriñ sanynyñ artmagyny dileýäris...
Ugur DÜNDAR.
06.05.2020 ý, "Sözcü" gazeti.
Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW,
Stambul uniwersitetiniñ başlygy.
Medisina