17:17 Nusgawy äheñe öýkünme | |
NUSGAWY ÄHEÑE ÖÝKÜNME
Goşgular
![]() Adamyň içinde adam döreden, Saňa aklym haýran kadyr Ýaradan, Dünýäni düzüpsiň akdan-garadan, Garadan daş eýle, akdan daş etme. Ak zat alnyňadyr, ýollar ak bolsun, Ynsanyň söýeni ýeke-täk bolsun, Her bir zatda serhet bolsun, çäk bolsun, Bedasyly asyllara baş etme! Saklap başar uly-kiiň sarpasyn, Şonda kän alarsyň taňryýalkasyn. Nobatynda gelse ýagşy her pasyl Gyşlary ýaz etme, ýazy gyş etme! Ynsançylyk salam bilen başlanar, Näme diýse diýibersin başgalar. Adamçylyk, käte kise boş bolar, Ýöne hiç wagt kelläni bir boş etme! Başymyz sag bolsa, başga gaýgy ýok, Nadan dostuň hiç bir zada haýry ýok, Hak ýolunda kösenenmiň aýby ýok, Haram ýolda köňlümizi hoş etme! Adamyň içinde adam döreden, Sen beýiksiň Allam şadan-töreden. On sekiz müň älemleri ýaradan- Taňrym bizi ak imandan daş etme! Sylapberdi MUHAMOW. | |
|
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |