19:12 Oba gündeligi: Di Kaprionyñ kinofilmleri | |
OBA GÜNDELIGI: DI KAPRIONYÑ KINOFILMLERI
Publisistika
"Ünsli pikir ediñ. Nebit, ajaýyplyklar we deñlikler ýurdy. Hemmeler göçhä-göçlügiñ öñüsyrasynda dur. Ýerli walýuta birliginiñ hümmeti noldanam aşakda. Elektrik togy ýok. Hiç ýerde özüñizi keseki duýañzok. Edil Di Kaprionyñ kinofilmlerindäki ýaly mawy tümlük". Baş rolda Leonardo Dikaprionyñ oýnaýan, Martin Skorsesiñ naýbaşy eseri hasaplanýan "Zyndan adasy" ("Shutter Island") çeper filminden bir parça Liwanlylar adaty wagtlarda we parahatçylyk döwründe diñe hökümetiñ, hökümetiñ ýoklugynyñ, kemçilikleriniñ we nogsanlyklarynyñ gürrüñini edýärler. Soñky wagtlarda hökümetiñ ýerini döwlet aldy. Hökümetiñ jogapkärçiliginiñ ýoklugynda hamana erbet parçalanma meselesi ýaly gürrüñ edilýär. Liwanlylar XIX asyryñ ortalaryndan bäri her kynçylyga düşen pursatynda ýurtdan göçüp gidýär. Gürrüñsiz, bu göçüşligiñ bir sebäbi-de uruşlar. Häzir ýurtda höküm sürýän üç gorky bar: korona ýokanjy, lira mikroby we käbir ygtyýarlylaryñ agzaýan graždanlyk urşy (Ysraýylda uruş ýa-da siriýaly migrantlaryñ gatnaşjak demirgazykdaky uruşy ýa-da palestinaly migrantlaryñ gatnaşjak günortadaky uruşy). Žurnalist hökmünde adamlar sizden näme boljakdygy hakda soraýarlar. Emma şular ýaly kynçylykly wagtlarda obadaky ýaşlar meniñ ýolagçylyk tejribäm bilen baglanyşykly soraglary berdiler, menden maslahat soradylar. Elli ýaşlaryndaky bir garyndaşym öñünde üç ýoluñ bardygy we haýsysyny saýlamaly boljakdygy babatda özüne kömek etmegimi haýyş etdi: Kanada, Awstraliýa, Finlandiýa. Kanadanyñ özi we maşgalasy üçin amatly boljakdygyny aýtdym. Awstraliýanyñ howasy ajaýyp, emma ol dünýäniñ añry ujundady. Finlandiýada Di Kaprionyñ kinofilmlerindäki gahrymanlaryñ başdan geçirenlerine meñzeş bir zatlary başdan geçiripdim. Doñduryjy sowuk we uzyn gijeler, welosipedem sürüp görmedik pilot tarapyndan sürülýän uçar, "Titanik" we saz... Dikaprionyñ ady tutulanda garyndaşym onuñ kinofilmlerini halap-halamaýanlygymy sorady. Muny eşidenimde oña Finlandiýany maslahat beresim geldi, emma maşgalasyna gynanýaryn. Oña başga bir ýoly saýlamagy ündedim. Garşylyk gurşawynyñ bize hödürleýän ykdysady bileleşigi: Siriýa, Eýran, Yrak, Wenesuela... Şeýle diýdim: - Ünsli pikir ediñ. Nebit, ajaýyplyklar we deñlikler ýurdy. Hemmeler göçhä-göçlügiñ öñüsyrasynda dur. Ýerli walýuta birliginiñ hümmeti noldanam aşakda. Elektrik togy ýok. Hiç ýerde özüñizi keseki duýañzok. Edil Di Kaprionyñ kinofilmlerindäki ýaly mawy tümlük. Bu garyndaşym öñ menden çagalaryny haýsy ýokary okuw jaýyna salsa gowy boljakdygyny sorapdy. Ol çagalaryny okatmak üçin obanyñ dag daşlaryny we gaýalaryny köwläp pul gazanypdy. Şonuñ üçinem ol çagalarynyñam özi ýaly gaýalaryñ arasynda daş köwläp ömrüni ötürmeklerini islänokdy. Diş-dyrnak bolup toplan puly gitjek ýurtlary üçin bilet almaga-da ýetenokdy. Ol atasynyñam edişi ýaly bu owadan gaýalary alysdan ýat etmek üçin taşlap gidermendi. Döwletiñ nirde galandygyny soraýar. Döwlet onuñ daş köwläp geçiren her gününde näme iş edýärdi? Nämüçin ony güzeranyny gaýgy etjek ýagdaýda goýdy? Semir ATAULLAH, Liwanly žurnalist. Anna, 11.07.2020 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |