20:06 Obam | |
Orazguly ANNAÝEW
Goşgular
▶ OBAM Gyssanyp gidýärin seniñ ýanyña, Göýä saña tarap barýan ýol eññit. Obam bilen duşuşyga howlugyp, Ylgap gitmek maña bolupdyr endik. Hemişe ýanyña barýaryn obam, Ýatsa-da menziller biziñ arada. Başga zat barada aýtmakçy bu gün, Bu ahwalat bolup geçdi arada. Göz öñne getirip, seni höwesläp, Süýji hyýal bilen ymyzganamda, Irkilen mahaly ak sahypalar, Goşgy ýazyp berýän syýa galamda... Süýşüp geldi meniñ ýanyma obam, Meñ oba diýýänim ~ obadaşlarym. Üýşüp geldi bärik olaryñ bary, Bar bolan dostlarym, garyndaşlarym, Nämüçin bu taýyk geldikä olar, Aladaly, çytyk, ýüzleri asyk. Meni oýatmakdan çekinýän ýaly Ýöreýärler munda ýuwaşja basyp. Ýöne men şonda-da isleýän juda, Men ýetmek isleýän iñ soñky pellä. Dolanmak isleýän şondan soñ yza, Agram salman ýa ýürege, ýa kellä. Wagt çägi bada-bat bulaşan eken. Belli däl bu pursat şu günmi, düýnmi? Bu ýagdaýda özüm oýa ýalydym, Myhmanlarym bolsa irkilen ýaly. Näbelli mekana ugramak üçin Barysy bir-birne tirkelen ýaly. Bu bolýan zatlara düşünmän asla, Diýdim bir sowaly bereýin göni. Birden olañ bary öwrülip gitdi, Hamana hemmesi menden öýkeli... Duýgular aldamaz, bir zat bolmaly, Bir bela bolmaly meniñ başymda. Ýa-da ýowuz derde duş gelip obam, Şumluk aýlanyp ýör onuñ daşynda. Ýöne biz bilmeli abanan howpy, Ol belañ öñünde aljyrap durman. Obam borçly däldir meniñ öñümde, Men özümi oña bererin gurban. Ýöne sizem biliñ, etmän ikilik, Öz päkligme kaýyl bolup öterin. Şonda üýşüp geliñ ýene bir gezek, Alyp gidiñ egniñizde göterip... ◆ ◆ ◆ Bilýän ähli kişiñ güni sanalgy, Gelýär bu ölçegli ömrüñ ahyry. Haçan gelse geläýmeli bu ajal, Hasaba alanok seniñ ahyñy. Soñ men size ejir, azar paýlaryn Gamdan dynyp, synan günümden başlap. Gözýetimde ýitip, dolanmakçy men Dostlarymyñ, duşmanlarmyñ ýanyna. Her zat edip dolanmakçy yzyma, Sygmasamam olañ gysga añyna. Öçen ýürekleri gorjasyn goşgym, Göripleñ görejin köretsin ýene. Bada unutmakçy bolan dostlarym Tisginip tursunlar galanda ýeke. Aýdymlarym galsyn özüme derek, Ömri uzak bolsun, gezsin aýlanyp. Ýeñşine begenip gezsin duşmanlam, Gezsinler ýigrençden bilmän aýñalyp. Ömrüñ paýaw bolýandygy mälim zat, Bilýän, pursat geler, ahyr ölerin. Ýöne siziñ islegiñize garaman Ýanyñyza ýene gaýdyp gelerin. Bu gün ählije zat meniñ garşyma, Ejir berýär gaýly günde aýanym. Tanamadyk duşmanlarmyñ içinde Dostlarym, doganym, özüm, aýalym. Bilýän ýürekdäki azar kiparlar, Iñ soñky uçutdan gaýdamda başak... ◆ ◆ ◆ Jägildäp dünýä iñeñde, Gygyrañda "iññä" diýip, Gelen dünýäñden çekinip, Kesilmez eken göbegiñ Señ synaña tyg çekilip. Bir ekeniñ käbäñ bilen, Ilki gezek dem alanda, Agza emme dykylanda... Göbegiñ kesilýän ekeni "Waý, eje!" diýp ýykylañda. | |
|
√ Içimizdäki Musa... / Goşgular - 07.11.2024 |
√ "Gitdim senden ilerledip ümzügi..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Asmaýar / Goşgular - 07.09.2024 |
√ Eý, Ýusup, şu gözleri görmeýän Ýakuba gel... / Goşgular - 18.10.2024 |
√ Geçmişden bir ahwal ýa-da Sanjar hekaýaty / Goşgular - 17.05.2024 |
√ Söýüň çagaňyzy / Goşgular - 11.12.2024 |
√ Ýolma guşuñ ganatyn / Goşgular - 07.09.2024 |
√ Eý janlary süýjeden, huşly gider huşundan... / Goşgular - 26.09.2024 |
√ Ýiten ýyldyz / Goşgular - 31.08.2024 |
√ Ogurlyk goşgular ýa-da goşgy bolup ýetişmedik setirler / Goşgular - 29.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |