11:47 Obam | |
Seniň gujagyňda dünýä indim men,
Goşgular
Ýörjen-ýörjenligi sende öwrendim. Men sende duşuşdym bu Durmuş bilen, Seniň gujagyňda söýdüm, ýigrendim. Men sende düşündim aga hem gara, Seniň gujagyňda güldüm, agladym. Hut seniň gursagyma guýşuňa görä Geljek menzillere ganat bagladym. Seniň gujagyňda uçurym bolup, Ahyr bir gün senden uçup gaýtdym men. Bilen bolsam näçe belende galyp, Onuň üçin saňa alkyş aýtdym men. Durmuş öňde. Geçilmeli menzil kän. Ýol sökemok barmak üçin uçmaha, Orta ýolda galmazlyga çalyşýan, Dalaş edýän has uzaga uçmaga. 2 Bir ýany ýylgynlyk. Bir ýany gumluk. Arasynda dört-bäş sany palçyk tam. Saňa müň bir sapar tagzym hem gulluk. Eý, meň dogduk depäm. Eý meniň obam! Şärik sen ömrüň iň ajap çagyna, Sende galdy meniň çagalyk döwrüm. Sygmajak bolardy seniň çägiňe Meniň çaga göwnüm, Hyýalbent göwnim. Bir tarapda Köneürgenjiň bazary, Bir tarapda gadym Hywanyň keşbi, Bir tarapda eždatlaryň mazary, Gullaryň zyndany, Şalaryň köşgi. Aşgabat, Moskwa, Hindistan, Müsür… Gidesim gelýärdi dag-deňiz geçip, Bilesim gelýärdi galagop asyr Nähili dem alýar, Ýaşaýar niçik?! Ine, şu zeýilli arzuwlam bardy, Synlajakdym giň dünýäň geň gurluşun. Meň üçin içgysgynç, Meň üçin dardy, Obam seniň birsydyrgyn durmuşyň. Şo günler seň çöregiňi iýýärkäm, Uzak-uzak ýurtlardady hyýalym. …Bu gün şol arzuwlan ýerlemde ýörkäm, Küýseýänim — seniň ýüpek şemalyň. 3 Men sende gidelim kän wagt geçipdir, Kän öwrüm edipdir aýlar hem ýyllar. Ak mekdep kän gezek ”jüýje” seçipdir, Gyzlar ösüp, Ýetişipdir ogullar. Obaň tukat keşbi üýtgäpdir birden, Her daban ýerinde bir täzelik bar. Nam-nyşan ýok öňki jeňňelliklerden, Çar tarapy tutup ýatyr pagtazar. Asfalt ýol geçipdir, Geçipdir zeýkeş, Öňki hütdüklerden galmandyr kän yz. Gupba ýaly jaýlar bir-birine meňzeş, Oklaw dek köçeler gözel hem tämiz. Obam! Eziz obam! Ýyl geçdik saýy Ösüp hem ulalyp, Giňelip barýaň, Bu saňa ykbalyň ýapan serpaýy — Juwanlanyp barýaň, Ýigdelip barýaň. Sen ýigdelip barýaň, Men garrap barýan, Ýok, bu meniň diýdigim däl ahymy. Sen ýigdelip barýaň, Men garrap barýan, Meniň arzuwum hem şudy ahyry! Tirkiş Sadykow. | |
|
√ Kyrk ýaşa ýüzlenme / Goşgular - 03.02.2024 |
√ Eý, bagtyň asmanyna uçanlara bat beren... / Goşgular - 02.08.2024 |
√ Herkaýan gitdi / Goşgular - 26.08.2024 |
√ "Gama batanyñy gördüm, Allaýar" / Goşgular - 09.09.2024 |
√ Kakama / Goşgular - 26.06.2024 |
√ Jojak zalym / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 09.07.2024 |
√ Eý, aşyklar bahary, haýyr hamyla senden... / Goşgular - 22.10.2024 |
√ Perizat / Goşgular - 27.08.2024 |
√ Ene hakynda / Goşgular - 28.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 3 | |||
| |||