03:41 Oguz dessanlary | |
OGUZ DESSANLARY
Edebiýaty öwreniş
Türkmen halkynyň bäş müň ýyllyk taryhy bar. Onuň uzak geçmişde hem baý edebiýaty bolupdyr. Ol edebiýatyň türkmenleriň ata-babalarynyň döreden eserleridigini iň gadymy döwrüň ýazuw ýadygärlikleri tassyklaýar. Uzak geçmişden biziň günlerimize “Oguznama” eserleriniň dürli nusgalary bilen bir hatarda käbir oguz dessanlary hem gelip ýetipdir. Olary biz şertli ýagdaýda özüniň döwrüne laýyk oguz hem sak-skif dessanlary diýip öwrenmegi dogry hasaplaýarys. Oguz dessanlary barada edebiýatçy alym Kakajan Ataýew şeýle maglumat beripdir: “Türki halklaryň birnäçesiniň, şol sanda türkmenleriň-de ata-babalary bolan oguzlar geçmişde uly medeni ýadygärlikleri döredipdirler. Oguz medeniýeti ençeme müň ýyllyklary öz içine alýar. Ol biziň eýýamymyzdan öňki asyrlardan gözbaş alyp gaýdýar. Edebi ýadygärlikleriň bir topary halk döredijiligi eserleri görnüşinde halkyň arasynda saklanyp gelen bolsa, başga bir topary ýazuw ýadygärlikleri görnüşinde biziň günlerimize gelip ýetipdir. Olardan “Ýaradylyş” (“Dünýäniň ýaradylyşy”), “Döreýiş”, “Alp Är Töňňe”, “Oguz han”, “Boz gurt”, “Ergeneokon” dessanlaryny we beýlekileri görkezmek bolar.” Bulardan başga-da “Tumarly” şadessany, “Syrak” gahrymançylyk dessany, “Hurma agajy we geçi”, “Zarina we Strangiýa”, “Zariadr we Odatyda”, “Zareriň ýadygärligi” ýaly yşky gahrymançylyk hem durmuşy kyssalar gönüden göni türkmen halkynyň gadymy edebiýatynyň dür däneleri bolup, biz olary taryhy-etnografik hem antropologiýa ylmy tarapyndan ylmy subut edilen türkmen halkynyň gadymy ata-babalary bolan skif-sak edebiýaty hökmünde öwrenmegi makul hasaplaýarys. ■ “Dünýäniň ýaradylyşy” dessany Bu dessan oguz dessanlarynyň içinde iň gadymylarynyň biridir. Eseriň adyndan belli bolşy ýaly waka dünýäniň ýaradylyşy hakyndadyr. Dessanyň mazmunynda gürrüň berijilik häsiýeti güýçli duýulýar. Waka esasan çeper hereket arkaly däl-de ýazyjynyň gürrüňi usulynda beýan edilýär. “Dünýäniň ýaradylyşynda” oguzlaryň dünýä hem onuň döreýşi, ýagşylyk hem ýamanlyk, Taňry hem onuň gudraty hakyndaky ilkinji garaýyşlaryny görmek bolýar. Bu eseriň mazmunyna görä, ähli zatdan öň dünýäde bir bölejik suw hem Keramatly Gara han bilen Adam bar eken. Gara han adamy gark bolmakdan halas edýär. Ýeri – daşlary, toprakdan adamlary, haýwanlary, ir-iýmişleri ýaradýar. Adam bolsa başdan Gara handan ogrynça ýer ýasanmak isleýär. Emma Taňrynyň mydama ýanyndadygyny, özüni görüp durandygyny soň bilýär. Soňra ol gönüden göni Keramatly Gara hana garşy gidip, bäsleşip başlaýar. Adamlary azdyryp, aldap, agajyň günüň düşmeýän tarapynyň miwelerini iýdirýär. Munuň üçin ol üç gat ýeriň aşagyna oklanýar. Gara han Taňry adamlara Erligiň – Adamyň aýdanyny edendikleri üçin iýmiti özleriniň gözlemelidigini aýdýar. Özi bolsa asman gurup şol ýerde ýaşaýar. Ýere Gök oguly iberýär. Ol adamlara köp zady öwredýär, kömek edýär. Erlik Gök ogluň kömegi bilen Gara hanyň günäsini geçmegini gazanýar. Erlik Gara handa özüne asman ýasanmaga rugsat bermegini soraýar. Rugsat alyp, asman ýasanyp, keýpi-sapada ýaşap, ol ýene-de adamlara ýamanlyk edýär. Keramatly Gara hanyň tabşyrygy bilen onuň oňat görýän guly Uly Kişi Erligiň asmanyny ýumurýar. Gara han Erligi ýedi gat ýeriň aşagyna salmagy Günüň hem Aýyň ýagtysyndan mahrum etmegi tabşyrýar. Soňra Gara han göge çykýar. Ýerine Gök Ogly, Gün Aşany, Uly Kişini galdyrýar. Olar adamlara kömek edýärler. Ölenleriň ruhlaryny Erlige bermän Taňra äkidýarler. Adamlara kän zady öwredip ýagşylyga ündeýärler. Eseriň mazmuny gysgaça ýokarda aýdylanlardan ybarat. Iň gadymy eserlerde adamyň durmuşdaky orny öçügsi suratlandyrylýar. Onuň ýerine esasy gahrymançylygy adaty bolmadyk güýçler ýerine ýetirýär. Olarda adam ejiz, kämil däl, tejribesiz görkezilýär. Emma ynsan ýaşaýşynyň dowamynda adamyň işjeňligi artyp başlaýar we ol çeper eserlerde hem esasy gahrymançylygy amala aşyryp başlaýar. Bu, elbetde, adamyň özüne ynamynyň kemala gelmegi bilen bolýar. Bu ösüş gadymy edebiýatda hem öz ýüzüni görkezip ýetişipdir. “Oguznamanyň” uýgur nusgasy bolan “Oguz Kagan” dessanynda Oguz han aždarhany öldürip, ilini agyr dertden halas edýär. Edil şular ýaly ýagdaýy “Gorkut ata” şadessanynyň Besediň Depegözi öldürdigi boýunda görýäris. Munuň özi ýaşaýşyň ösüşiniň dowamynda onuň işjeňliginiň artýandygyny, duýgy-düşünjesiniň ösýändigini alamatlandyrýar. Bu birinjiden. Ikinjiden “Dünýäniň ýaradylyşy” iň gadymy dessanydygyny onda adamlaryň obrazynyň juda solak şöhlelendirilmegem tassyklaýar. Adamlar dessanda özbaşdak ýaşamaga ukypsyz, başarnyklary juda pes edilip görkezilýär. Olar mydama Gara hanyň, Gök Ogluň, Gün Aşanyň, Uly kişiniň kömegine mätäç. Olaryň asman hakynda mifiki düşünjeleri bar. Eserde asman Keramatly kişileriň, başgaça aýdanyňda hudaýlaryň ýaşaýan ýeri hökmünde suratlandyrylýar. “Dünýäniň ýaradylyşy” dessany oguzlaryň hyýaly çeper eseridir. Onuň wakalary şu günki okyjy üçin juda sada görünýär. Ýöne eser dörän wagtynda oguzlaryň çeper dünýäsiniň bir bölegi bolandygyny unutmaly däldir. Ol arzuwçyl hyýaly edebiýatyň ilkinji gadymy nusgalarynyň biridir. Gyzykly ýeri dünýäniň ýaradylyşy baradaky oguz garaýşy yslam dininiň garaýyşlaryna juda golaýdyr. Munda Keremli Gara han Taňry bilen musulman dünýäsiniň Allasy, Erlik bilen şeýtan, How ene bilen Eçe (Eje), Doganaý bilen Adam biri – birine juda meňzeş obrazlardyr. Adam ata bilen How enäniň gadagan edilen iýmitden iýip, jennetden binesip bolşy, Allanyň gaharyna duçar bolşy, Doganaý bilen Eçäniň hem Gara hanyň hereketlerini ýada salýar. Bu pursat eserde şeýle beýan edilipdir: “Ol ýerde adamlardan başga-da, ýabany haýwanlar, guşlar hem başga-da köp bilinmeýän ýaradylan zatlar bar ekeni. Erlik: “Gara han bulary nädip ýaradyp bildikä? Bular bu ýerde näme iýip, näme içýärlerkä?” diýip, geñirgenipdir. Ol şeýdip, geñirgenip durka adamlar agaçlaryñ miwelerinden iýmäge başlapdyrlar. Erlik görse, adamlar agaçlaryñ diñe bir tarapyndaky miweleri iýýärdiler, beýleki tarapyndakylara ellerini degirmeýärdiler. Baryp munuñ sebäbini sorapdyr. Adamlardan alan jogaby şeýle bolupdyr: “Tañry bize ol tarapdaky miweleri iýmegi gadagan etdi.Biz-de şonuñ üçin, ol miwelerden iýmeýäris. Güneşiñ dogýan tarapyndaky rugsat edilen miwelerden iýýäris. Şu duran ýylan bilen köpek hem şol miweleriñ iýilmezligi üçin garawulçylyk edýär”. Bu jogap Erligiñ ýanan janyny begendiripdir. Agajyñ añyrsynda bolan doganaý /Törüngeý/ diýen bir adamyñ ýanyna barypdyr-da oña: “Gara han size ýalan sözläpdir. Siziñ gadagan edilen miwelerden-de iýmegiñiz gerek, ol örän süýjüdir, dadyp görseñiz bilersiñiz” diýipdir. Şonda ol ukuda ýatan ýylanyñ agzyna giripdir-de, oña agaja çyk diýip aýdypdyr. Ýylan hem agaja çykyp gadagan edilen miwelerden iýipdir. Doganaýyñ aýaly Eçe (eje) hem şol olaryñ ýanlaryna gelipdir. Erlik Doganaý bilen Eçäniñ-de miwelerden iýmeklerini talap edipdir. Doganaý Gara hanyñ sözüne gulak asyp, gadagan edilen miwelerden iýmändir. Emma aýaly Eçe, saklanyp bilmändir-de, iýipdir. Miwe örän datlydy. Eçe olardan alyp, äriniň agzyna-da salypdyr. Şol pursatda-da Doganaý bilen Eçäniň tüýleri döküliberipdir. Birden utanmaga başlapdyrlar. Gaçyp hersi bir agajyň aňyrsyna duwlanypdyr”. Görşümiz ýaly bu bölek Adam ata bilen Howa enäniň jennetden kowulmagyna sebäp bolan wakany ýatladýar. Ýöne ondan tapawutlylykda Doganaý bilen eçäniň tüýi dökülýär. Tersine Adam ata bilen Howanyň hapa degen ýerlerine tüý çykýar. Şu hili tapawut “Dünýäniň ýaradylyşy” dessanynyň juda gadymydygyny özboluşly subut edýär. Oguzlaryň dünýägaraýşy Yslamyň öňe sürýän pelsepesine gaty köp babatlarda gabat gelipdir. Bu mesele dünýäniň ýaradylyşynda-da, adamyň döreýşinde-de meňzeşdir. Iki garaýyşda-da toprak esasy orunda durýar. Ruhuň ýaşaýşy, ýagşylyk ýamanlyk babatda hem şol bir meňzeşligi görýäris. “Dünýäniň ýaradylyşy” dessanynda otparazçylyk dininiň täsirini hem görmek bolýar. Onuň delili hökmünde gök asman, ýagtylyk, garaňkylyk düşünjelerini görkezmek bolar. Keramatly Gara han (Gara – Uly, Beýik diýmekdir) gowy gören adamlaryny ýagtylykda ýaşadýar. Günüň şöhlesi düşen agajyň miwesini eçilýär. Onuň özüde ýagtylykda ýaşaýar. Bu meselede edebiýatçy alym K. Ataýew: “Dünýäniň ýaradylyşynda” otparazçylyk dininiň taglymaty bilen bagly hem pikirler ýöredilýar. Bu diniň düşündirişine görä dünýa üç bölege – üç gata bölünýär: Birinji gat asman-kosmos bolup, onda iň arassa zatlar, şol sanda keramatly hudaýlar, perişdeler ýaşaýarlar. Ikinji gat ýeriň üsti bolup, munda haýyr bilen şer ýaşaýar. Üçünji gat ýeriň asty bolup, onda diňe erbet zatlar, erbetlikler toplanýar” diýip, adalatly belleýär. Hakykatdan-da dessanda Keramatlylaryň asmanda, adamlaryň ýerde, erbetlik, günä eden Erligiň ýeriň astynda, garaňkylykda ýaşamaga höküm edilmegi muňa mysaldyr. Erlik ýer astynda ýaşaýan ýylan, gurbaga ýaly jandarlary ýaradýar. Bu eser juda gadymydyr. Onda hudaý bolup Taňry çykyş edýär. Dessanda Gök Ogluň obrazynyň bolmagy eseriň Gök Taňry dininiň ideýalaryny şöhlelendirýär diýmäge esas berýär. Biziň pikirimizçe, Gök Taňry dini otparazçylyk dininden hem gadymydyr. Emma bu iki diniň hem şol bir taryhy döwürlerde deň derejede adamlaryň toparyna hyzmat edendigini hem çaklap bolar. Sebäbi biziň şu günlerimizde hem dürli dinler ýaşamagyny dowam edýär. Erlik bilen Gara hanyň bu dessanda tutýan orny biri-birine gapma-garşy hudaýlar bolan otparazçylyk dininiň Ahura Mazdasy bilen Angro Many ýatladýar. Otparazçylyk dininde Anura Mazda ýagşylyk hudaýy bolsa Angra Man ýamanlyk hudaydyr. Umuman, onda ýagtylyk bilen garaňkylygyň, ýagny ýamanlyk bilen ýagşylygyň arasynda garşylyk ösýär. Şu babatda “Dünýäniň ýaradylyşy” otparazçylyga juda golaýdyr. Emma dessanda Taňrynyň keşbiniň getirilmegi we asmana mifiki mazmun berilmegi bu eseriň esasynda Gök Taňry dininiň dünýägaraýyş hökmünde ýatýandygyna subutnama geçýär. Şu ýerde soňraky dörän dinleriň özünden öňki dinlerden zerur hasaplan zatlaryny alandygyny aýtmalydyrys. Ýagtylyk, garaňkylyk, Gün, ot, suw bilen baglanyşykly düşünjeleriň Gök Taňry dininde esasy orun eýeländigini bellemek gerek. Muňa mysal edip dessandan aşaky jümleleri getirmek mümkin: “Gara han: “Beýle bolýan bolsa, üç gat ýeriň aşagynda Aýy, Güni bolmadyk bir dünýä bardyr. Seni şol taýa taşlaryn” diýip, Erligi jazalandyrypdyr”. Öňde hem belleýşimiz ýaly bu eserde çeper toslama şol döwrüň adamlarynyň ýönekeý hem örän sada düşünjeleriniň esasynda döräpdir. Dessanda Gara han asmanda ýaşaýar. Gara hanyň rugsady bilen Erlik hem ozüne asman ýasanýar. Soňra Uly Kişi Erligiň adamlara ýaramazlyklary öwredýändigi üçin onuň asmanyny ýumurýar: “Gara han Uly Kişä bir naýza beripdir. Uly Kişi naýzany alyp, Erligiň guran asmanyna gidipdir. Erligi ýeňipdir. Ol gaçyp gidipdir. Onuň ýaşan asmanyny astyn-üstün edipdir, gyryp – gyrjaşdyrypdyr. Erligiň guran asmany bölek-bölek bolupdyr. Ýer ýüzüne dökülipdir. Şoňa çenli düp-düz bolan Ýer ýüzi soňra harsaň daşlar, sommak – sommak daglar bilen dolupdyr. Gözel Taňrynyň bezäp – besläp döreden owadan Ýer ýüzi egri – bugry bolupdyr. Erligiň ähli nökerleri-de ýere dökülipdir. Suwa düşenleri gark bolupdyr, agajyň üstüne gaçanlary, daşlaryň üstüne düşenler ölüpdir. Haýwanlaryň arasyna gaçanlary haýwanlaryň aýaklarynyň astynda galypdyr”. “Dünýäniň ýaradylyşy” atly oguz dessany biziň ata-babalarymyzyň döreden iň gadymy eserleriniň biridir. Onda iň ilkinji döredilen çeper toslamalar bar. Bu dessan hyýaly ertekilerimize juda çalymdaş. Dessan iň gadymy oguz ruhuny öwrenmekde gymmatlydyr. ■ «Ergenekon» dessany «Ergenekon» dessany gadymy oguz ýazuw ýadygärlikleriniñ biridir. Onda Oguz han eýýamynyñ taryhy wakalary suratlandyrylýar. Aslynda bu eseriñ göwrümi juda uly bolmaly diýip çaklamak mümkin. Emma ol biziñ günlerimize çaklañja taryhy rowaýat görnüşinde gelip ýetipdir. Eser barada dessany döwürleýin metbugat arkaly türkmen il-ulsuna ýetiren alym K. Ataýew şeýle ýazýar: «Belli taryhçy Fazlallah Reşideddiniň «Jemi at-tawaryh» hem-de Abulgazy Bahadur hanyñ «Şejereýi-türk» atly kitaplary arkaly bu gadym oguz dessanynyñ umumy durky saklanyp galypdyr». Dessanyñ mazmunyna görä, Göktürk döwleti synandan soñ Il hanyñ söweşde ölmän galan Kaýan (Gaýa han) atly kiçi ogly bilen ýegeni Tokuz (Dokuz oguz) ikisi duşmana ýesir düşýär. Emma olar bir alajyny tapyp ýesirlikden boşaýarlar we maşgalalaryny alyp gadymy ýurduna gidýärler. Azaşan mallaryñ dört dürlüsinden alyp, adam aýagy sekmejek daga aşýarlar. Dört tarapy gaýa bilen örtülen dagyň içinde giñiş hem ýaramly giñ ýer tapyp ýaşap başlaýarlar. Ol ýere diñe bir darajyk dag ýodasy bilen baryp bolýar. Soñ ol ýoda hem ýapylýar. Şeýdip olar dört ýüz ýyl ýaşaýarlar we juda köpelýärler. Soñra bir ýaşulynyñ maslahaty bilen dagyñ bir gaýasyndaky demir käni eredip ýagtylyga, daşky dünýa çykýarlar. Dessanyñ mazmuny gysgaça şundan ybarat.. Bu dessan hem onuň «Ergenekon» ady barada döwürleýin metbugatda makalalar neşir edildi. Olarda bu eseriñ dörän döwri, onuñ ähmiýeti, şonuñ ýaly-da eseriñ ady bilen baglanyşykly dürli-dürli pikirler aýdyldy. Dessanda berilýän maglumata görä, olar saýlap alan ýerini «Ergenekon» atlandyrýarlar: «Bu ülkäniñ adyna Ergenekon diýip at goýdular.» Fazlallah Reşideddin bilen Abulgazy Bahadur han «Ergenekon» sözüni «ergenek» we «kän» sözlerinden diýip düşündirýär. Emma biziň pikirimizçe, bu söz «eregen kän» sözündendir. Sebäbi eserde demir käniniñ eredilişi bilen bagly waka bolup, ol göze dürtülip dur. Taryhy çeşmelerde berilýän maglumata görä, oguzlar gadymy döwürlerde demir almak bilen meşgullanypdyr. Olaryñ bu ugurdan gazanan şöhraty uly bolupdyr. Oguzlar dünýäde ilkinji bolup magdan eredip, demir alypdyrlar. Magdan eredip, ondan her hili gurallary dünýäde ilkinjileriň hatarynda ýasap başlapdyrlar. «Ergenekon» dessany türkmeniň gadymýetinden söhbet açýar. Onga tutuş magdan dagynyñ eredilip, ýagtylyga, dünýä çykylmagynyñ göçme manysy bar. Türkmenleriñ ata-babalary bolan oguzlaryñ milagy senesiniñ III-IV asyrlarynda magdan eredip demir alyp, dürli demir önümleri Žujanlara satandyklary barada ylmy çeşmelerde maglumatlar bar. «Ergenekon» dessanynda suratlandyrylýan wakalar haýsy döwürlere degişli? Onuñ esasynda taryhy durmuş wakalary ýatýarmy? Eserde atlary agzalýan hanlar barada taryhy çeşmelerde maglumatlar barmy? Bu soraglara edebiýat ylmy ilkinji jogaplary berdi. Ýöne olarda eseriñ Oguz-orhon ýazgylarynyñ döwriniň wakalarynyň suratlandyrýandygyny aýtmak bilen çäklenildi. Emma «Ergenekon» dessanynyñ esasynda anyk taryhy wakalar ýatýar. Munuñ şeýledigini eseriñ biziñ günlerimize çenli saklanyp galan, gelip ýeten çaklama bölegem belli bir derejede tassyklaýar. Dessanda wakalaryñ bolup geçen zamany barada ýekeje sözlem bar. «Ol zamanlar Gök türkleriñ başynda Ilhan han bolup oturypdyr» Eýsem, Ilhan han kim? Ol haçan ýaşapdyr? Ilhan han barada L.N.Gumilýewiñ «Gadymy türkiler» we A.Ýazberdiýewiñ «Gündogar metbeçiligi we köne türkmen basma kitaplary» diýen işlerinde maglumatlar bar. Ilhan hanyñ hakyky ady Bumyn bolupdyr. Ol taryhy çeşmelerde agzalýan Beýik Türk kaganaty ady bilen meşhurlyk gazanan döwleti esaslandyrandan soñ Ilhan han adyny göteripdir. «Bumyn meşhur döwlet işgäri we serkerde, Oguz hanlygyny esaslandyran han. Ol 552-nji ýylda aradan çykypdyr.» Ol Gök Türkler ýagny oguzlar Žujan döwletini ýeñip, özleri uly döwlet gurupdyrlar. Ol döwlet şu wagta çenli ylymda «Beýik Türk Kaganaty» ady bilen tanalypdyr. Emma türkmen taryhçy alym A.Ýazberdiýewi ol döwleti guranlaryñ, oguzlardygy üçin ony “Beýik Oguz döwleti” diýip atlandyrmagy teklip edipdir. Bu teklip bilen biz hem ylalaşýarys. Ýöne gelejekde ylmy yzygiderligi saklamak üçin Oguz hanyň öz guran döwletini “Beýik Oguz han döwleti” diýip, öňki adyň oguz sözüniň yzyna “han” sözüni goşup, parhlandyrmak şerti bilen kabul edilse ýerine düşerdi. Indi “Ergenekon” dessanyna dolansak, onda ýatlanylýan Ilhan han Bumyň handyr. Bumyň hanyň guran döwleti 745-nji ýylda ýykylýar. Emma dessanda ýesir düşen Gaýy han Ilhan hanyň iň kiçi ogly diýlip berilýär. Gök türkmenleriň döwletiniň synan wagty bolsa ondan has soňdyr. Bu bolsa eseriň asyl nusgasyndan birneme üytgän görnüşinde bize gelip ýetendigini aňladýar. Eserde Ilhan hanyň ogly Kaýanyň (Gaýy hanyň) ýesir düşendigi aýdylýar. Şeýle-de dessanda olaryň Ergenekonda dört ýüz ýyllap oturandyklary-da nygtalýar. Biz ýokarda Ilhan hanyň taryhy şahs Bumyn handygyny ykrarladyk. Biziň pikirimizçe, dessanda Ilhan hanyň iň kiçi ogly diýip görkezilýän Kaýan han Beýik oguz döwletiniň serkerdeleriniň hökümdarlarynyň biri Kat Il han bolmaly. Kat sözi bilen Kaý-Kaýan sözüniň ses ýakynlygy bar. Kat sözüne dürli hili düşündiriş berlipdir. Ýöne onuň “örän”, “galagoply”, “hoş niýetli däl” manysynyň bardygy bellenýär. Bu bolsa bir bogundan ybaratlyk mahsus bolan gadymy oguz “gaý” sözüni ýadyňa salýar. L.N.Gumilýewiň berýän maglumatyna görä, Kat Il hanyň döwründe Göktürk döwleti adyny alan uly döwlet gowşaýar. Tersine Hytaý imperiýasy güýçlenýär. Hytaý imperatory Kat Il hany hytaý daýhanlaryny talamakda we gaýrylarda aýyplaýar. Emma onuň günäsini geçýär. Kat Il han 634-nji ýylda aradan çykýar. “Ergenekonda” çeper keşbi çekilýän Gaýy hanyň Kat Il han bolmagy mümkin. Ol Bumyn hanyň – Ilhan hanyň ogludyr we ol atasynyň ady bilen bile ulanylypdyr. Sebäbi taryhy we çeper ykbal ýazgylaryň biri beýlekisiniň üstüni ýetirip, olar juda çalymdaşdyr. “Ergenekon” dessany ertirki güne bolan ynamy ösdürýän eserdir. Eserde Göktürk döwletiniň synyşy hem oguzlaryň Ergenekondan ýagtylyga çykyşy ynandyryjy beýan edilýär. “Beýik Oguz döwleti” ady bilen Garaşsyzlyk ýyllarymyzda tanadylyp başlan şol döwlet hem daşyndan ýykylman, eýsem içinden ýykylypdyr. Taryhy maglumatlara görä, Kat Il hanyň ýegeni Tölös han Beýik Oguz döwletiniň Gök türkmenleriň döwletiniň uly serkerdeleriniň biri bolup, ol daýysyna bildirmän Hytaý imperatory bilen gepleşigi alyp barýar. Hut Tölös hanyň günäsi bilen Kat Il han uýgur goşunlaryndan ejir çekýär. Ol şonuň üçin Tölös hany gabap saklamagy buýurýar we taýak bilen ýençdirýar. Yogsa Tölös han Kat Il handan soň tagta çykmalydy. Tölös han gabap saklanmakdan boşap 628-nji ýylyň gyşynda, 629-njy ýylyň baharynda gozgalaň turuzypdyr. Görşümiz ýaly, Gadymy Oguz döwleti içinden opurylypdyr. Göktürkmen döwleti hun taýpalarynyň dowamaty Bumyn han tarapyndan 552-nji ýylda binýat edilipdir. 745-nji ýylda garlyklar we uýgurlar tarapyndan ýykylypdyr. Iň gowy döwürleri Bilge hanyň döwri bolup, ol 683-nji ýylda dünýä inipdir. Kakasy Ilteriş Gutlug han, Göktürkmen döwletini täzeden gurupdyr. Bilge han 33 ýaşynda Göktürkmen döwletiniň beýik hany bolýar. Bilge han özüniň oguzdygyny mazar daşyna ýazdyryp gidipdir: “Oguz ili menin öz ilimdir.” Göktürkmen döwleti bir tarapdan içki gapma-garşylyklar, tagt dawalary, ýene bir tarapdan daşky güýjüň artmagy netijesinde, 630-njy ýylda ilki gündogar Göktürkmen hanlygynyň, soň günbatar Görtürkmen hanlygynyň çökmegi netijesinde dargady. Halk özüniň taryhynyň ýitmezliginiň aladasyny edip ýaşaýar. “Ergenekon” dessanynda şol döwrüň taryhy wakalary beýanyny tapypdyr. “Ergenekonyň” mazmuny bilen şol döwrüň taryhy wakalarynda belli bir derejede çalymdaşlyk bar. “Ergenekon” dessany bilen “Görogly” şa dessanymyzyň arasyndaky edebi ýakynlygy görmek bolýar. “Ergenekon” belli bir derejede, “Görogly” şadessanynyň içine siňipdir. Bu iki eseriň arasyndaky çeper täsir meselesiniň üsti bilen edebi çeper pikirlenmäniň ösüşinde emele gelen täzelikleriň taryhyň gatynda galman, eýsem onuň başga eserlere siňyändigine şaýat bolýarsyň. Bu elbetde, edebi täsinlikdir. “Görogly” şadessanynda Adybeg soltan ölenden soňra kyrklar dargap, Jygalybeg beg agtygy Röwşen bilen Üçgümmez dagyna göçýär. Ol şol ýerde Görogly ýigit çykýança ýaşaýar. Görogly Üçgümmez dagynda Gyratly hem ýarag esbaply bolýar. Ondan soň atasynyň ýurduna dolanyp gelip, iline-gününe eýe çykýar. Jygalybeg hiç bir dawa jenjele goşulman gelejekki ýurt eýesini terbiýeläp ýetişdirýär. Akylly başly maslahatlary, terbiýesi bilen Görogly Soltanlyk mertebesine ýeten är ýigit bolup ýetişyär. Şu wakada dag Jygalybege gaçybatalga bolup hyzmat edýär. Eýsem şu waka bilen “Ergenekon” dessanynda ýakynlyk ýokmy näme?! Elbetde bar. “Ergenekonda” hem Gaýy han bilen Dokuz oguz daga çekilýärler. Dört ýüz ýyllap şol ýerde ýaşap, köpelip, güýç toplaýarlar. Ondan soň olar ata-baba ýaşan ýerlerine gaýdyp gelýärler. “Ergenekonda” Göktürkmenler gaçany kowup, bela sataşýarlar. Duşmanlar bolsa yzlaryndan kowup gelýän göktürkmenleri gören batlaryna yzlaryna dönüp söweş edipdirler. Ýeňiş gazanypdyrlar. Megerem, şonuň üçin Jygaly beg gaçany kowmazlygy ýaşlykdan Göroglynyň gulagyna guýýar. Ýene bir ýagdaý “Ergenekondaky” söweş tilsimi Göroglynyň “iturşy” söweş usulyny ýadyňa salýar. Bularyň hemmesi birigip “Ergenekonyň” “Görogly” şadessanyna täsiriniň bolandygyny subut edýär. Umuman “Ergenekon” dessany taryhy çeper dessandyr. Onda oguz taryhy ýazgy edilipdir. Wagtynyň geçmegi bilen eseriň taryhylygyndan çeper häsiýeti güýçlenipdir. Bu eser oguz taryhyny, oguz däp-dessuryny, ýaşaýyş ýörelgelerini öwrenmekde ähmiýetlidir. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |