12:50 Oguz-Orhon ýazgylary | |
OGUZ-ORHON ÝAZGYLARY
Edebiýaty öwreniş
Edebiýatyň taryhyny öwrenmegiň öz talaplary bar. Edebi mirasa dogry we dürs düşünmek üçin ýazuw ýadygärligiň döredilen döwrüniň taryhyny bilmeli bolýar. Çünki taryhy hakykat çeper hakykata düşünmek üçin açar bolup hyzmat edýär. Şundan hem edebiýatyň taryhyny öwrenmekde taryh ylmynyň gazananlaryna daýanmaly bolýar. Türkmen halkynyň uzak geçmişdäki durmuşyndan söhbet açýan Oguz-Orhon ýazgylaryny öwrenmekde hem taryh ylmynyň gazananlaryna ýüzlenmek dogrudyr. Oguz-Orhon ýazgylary türk kaganaty bilen baglanşykly döräpdir. Türk kaganaty ylmy çeşmelerde Göktürkmen döwleti diýlip hem atlandyrylýar. Şonuň üçin biz mundan buýana ol hakynda gürrüň edenimizde Gök türkmen diýip almagy dogry hasaplaýarys. Sebäbi ony şeýle atlandyrmak Oguz-orhon ýazgylarynyň maglumatlary bilen gabat gelýär. Bu birinjiden. Ikinjiden, bu döwleti guranlar oguzlar has takygy, göktürkmenlerdir. Oguz-Orhon ýazgylarynda Göktürkmen döwletiniň soňky döwri beýan edilýär. Bumyn kagan VI asyryň ortalarynda Göktürkmen döwletini esaslandyrypdyr. Ol 522-nji ýylda žužanlary ýeňip, kagan lakamyny-unwanyny alypdyr. Žužan döwleti gündogar Mongoliýada we günbatar Manjuriýada dörän çarwa taýpalaryň guran döwleti bolupdyr. Bu döwlet V asyrda özüniň ösüşiniň çür depesine ýetipdir. Onuň günbatar serhetleri Altaý ülkesine çenli gelip ýetipdir. Bumyn kagan ine, şu döwletiň ýerinde öz döwletini gurupdyr. Bu kaganatyň merkezleriniň biri Ötügendir. Mongoliýanyň demirgazygynda ýerleşýän Orhon, Selenge derýalarynyň ýakalary we Hangaý daglarynyň töwerekleri Ötügen diýlip atlandyrylypdyr. Bumyn kaganyň Istemi atly dogany bolup, ol örän batyr, gaýduwsyz, juda erkli hem söweş tälimini bilýän kagan bolupdyr, bular iki dogan bolup ýurdy dolandyrypdyrlar. Istemi kagan Göktürkmen döwletini günbatara, Bumyn kagan hem gündogara tarap giňeltmek bilen meşgul bolupdyrlar. Kaganatyň günbatara tarap giňemegi netijesinde gyrgyz, tarduş, uýgur ülkeleri, Orta Aziýa Göktürkmen döwletine tabyn edilýär. Şeýlelikde bu kaganat Eftalit döwleti bile serhetleşýär. Eftalit döwletini ak gunlar gurupdyr. IV asyryň ahyrlarynda Kuşan döwletini agdaryp dörän Eftalit döwleti Eýrana hem hinde garşy söweşler alyp barypdyr. Emma Göktürkmen döwletiniň Eýran bilenem Wizantiýa bilen Eftalit döwletiniň bar wagtynda hoşniýetli gatnaşyklaryň alnyp barylandygy çeşmelerde aýdylýar. Sebäbi götürkmenlerem, eýranlylaram Eftalit döwletiniň bolmagyny islemändirler. Eýranlylar bilen eftalitler serhetdeş bolany üçin bularyň arasynda oňuşmazlyklar ýüze çykyp ugraýar. Şol döwürde Eýranyň günbatarynda Wizantiýa güýçli bir döwlet bolupdyr we bu iki döwletiň arasynda duşmançylyk güýçlenipdir. Göktürkmen döwleti 563-567-nji nji ýyllarda eftalit döwletini agdarypdyr we ony özüne tabyn edipdir. Netijede Göktürkmen döwleti indi Eýran bilen araçäkleşýär. Şu ýerde Göktürkmen döwleti bilen Wizantiýanyň arasynda dostlukly gatnaşyklar ýola goýlup, bu iki döwletiň arasynda söwda ösýär. Tersine Eýran bilen gatnaşyklar sowaşypdyr. Şol ýyllarda Eýranda sasanylar döwleti bolup, onuň patyşasy Hysrow Anuşirwan bolupdyr. Şeýlelikde, Göktürkmen döwletiniň günbatar tarapy Eýran bilen araçäkleşipdir. Indi bu kaganatyň gündogar tarapynda bolup geçen ýagdaýlar bilen tanyşalyň. Göktürkmen döwletini esaslandyran Bumyn kagan 552-nji ýylda aradan çykýar. Tagta Muhan kagan çykýar. Ol 553-572-nji ýyllarda kaganlyk edýär. Muhan kagan Hytaýa ençeme gezek ýörişler geçiripdir. Muhan kaganyň döwründe Göktürkmen döwleti berkleşipdir. Göktürkmen döwleti ägirt uly imperiýa öwrülipdir. Ol Mongoliýany, Sibiri, Hytaýyň bir bölegini, Orta Aziýany we Kawkazy öz içine alypdyr. Onuň bir gapdaly Hytaý, beýleki gapdaly Wizantiýa bolup, giden giň territoriýa Göktürkmen döwletiniň garamagynda bolupdyr. Muhan kagan aradan çykansoň, onuň ýerine ogly Tobo kagan bolýar. Tobo kagan miras alan döwletini saklamagy başarypdyr. Ol 581-nji ýylda aradan çykýar. Tobo aradan çykansoň Göktürkmen döwleti ownap başlaýar. Kaganata giren soýuzdaşlaryň her biri ondan çykmaga we özbaşdak bolmaga jan edip, gozgalaň turuzýarlar. Bu ýagdaý bilen baglanyşykly wakalar Oguz- Orhon ýazgylarynda beýanyny tapypdyr. Ol esasan merkezi kaganata garşy aýaga galan tireleriň söweşleri bilen bagly bolupdyr. Agzalalyk Göktürkmen döwletiniň ikä bölünmegine getirýär. Netije Gündogar hem Günbatar kaganlygyň ikisinde-de yzly-yzyna ýeňlişler bolýar. Hut şol döwürde 589-617-nji ýyllarda Hytaýda häkimiýet başyna Suý maşgalasy geçýär. Göktürkmen döwletiniň Gündogar kaganaty Hytaýyň goşunlaryndan ýeňilýär. 588-nji ýylda Günbatarda Kara Çurun Eýran serdary Bähram Çubyndan ýeňlipdir. Gündogar kaganatda 630-njy ýylda hytaýlylar Helli kagany güýçli ýeňlişe sezewar edipdir. Şu ýeňlişlerden soň Gündogar kaganat Hytaýyň baknalygyna geçýär. Bu baknalyk elli ýylap dowam edýär. Kültegin hormatyna bagyşlanan uly ýazgyda bu elli ýyllyk baknalyk türk kaganatynyň taryhynda iň bir garaňky pursat hökmünde görkezilýär. Erkekleriň we aýallaryň hytaýlylaryň guly we gyrnagyna öwrülendigi çuňňur gynanç bilen bellenilýär. 679-680-nji ýyllarda Hytaý baknalygyndan çykmak ugrunda söweşler bolýar. 682-nji ýylda Ilteriş adyny alan Kutlug ýa-da Kutuly (çeşmelerde Gutlug hem Gudulu görnüşinde hem duşýar) han kesgitleýji gozgalaňa başlaýar. Meşhur sekerde Tonýukuk we ady belli goşun başlygy Aşid öz goşunlary bilen gelip Kutlugyň goşunyna goşulýar. Ilki bada bularyň sany 700 adam bolýar. 682-nji ýylda bolan söweş Hytaý baknaçylaryň doly ýeňilmegi bilen gutarýar. Kutuly ýa-da Kutlug Ilteriş ady bilen şol ýylda türk kagany diýlip yglan edilýär. Ol 690-njy ýylda aradan çykýar. Onuň yzynda iki sany ýaşajyk ogly galýar. Şol wagt Ilterişiň uly ogly Mogilýan ýedi, kiçi ogly Kültegin bäş ýaşynda eken. Oglanlaryň ýaş bolany üçin tagta olaryň daýysy Kapagan kagan çykýar we tä 716-njy ýylda aradan çykýança Göktürkmen döwletini dolandyrýar. Şol ýyl Ilterişiň uly ogly han Mogilýan 32 ýaşynda tagta çykypdyr we ol Bilge Kagan lakamyny alypdyr. Bilge Kagan döwründe Tonýukukyň öňki mertebesi dikeldilýär. Ol kaganyň iň ýakyn maslahatçysy bolýar. Kültegin bolsa umumy goşun başlygyna bellenilýär. 731-nji ýylda Bilge Kaganyň dogany Kültegin aradan çykýar. Onuň yz ýany 734-nji ýylda Bilge Kaganyň özi aradan çykýar. Soňra döwleti Ozmuş kagan dolandyrypdyr. Başga bir oguz kagany Moýun Çory agdaryp, hanlygy alýar. Taryhçylar Göktürkmen kaganatynyň iň soňky soltany Ozmuş Kagan diýip görkezýärler. Sebäbi Ozmuş Kagany tagtyndan agdaran Moýun Çory uýgur hasaplapdyrlar. Emma edebiýatçy alym Rahman Rejebow ýazgylary içgin özleşdirip Moýun Çoruň oguz bolandygy hakyndaky pikirini delillendiripdir. Moýun Çor Ozmuş kagany tagtyndan agdaryp, onuň aýaly Özbilge Hatuny özüne aýal edinýär. Ol Göktürkmen döwletiniň içini tertibe salmak üçin köp ileri edýär. 756-njy ýylda agyr goşun bilen gelen Hytaý kaganyny ýeňip onuň bir gyzyny hem sekiz ogluny ýesir alýar. 757-nji ýylda Hytaý kagany iki gyzynyň birini Moýun Çora aýallyga beripdir. Oguz-Orhon ýazgylaryny çeýelik bilen öwrenmek zerurdyr. Ol ýazgylarda oguzlaryň öz içki uruşlary, agzalalygy basyp ýatyrmak ugrunda alnyp barlan söweşler beýan edilýär. Şonuň üçin olara dogry düşünmek derwaýysdyr. Oguz-Orhon ýazgylarda Göktürkmen döwletiniň ahyrlarynda ýaşap geçen kaganlaryň (soltanlarynyň) ömür ýazgylary beýan edilýär. Şu ýerde ýazgy etmek bilen baglanyşykly bir ýagdaýy bilmek derwaýysdyr. Gündogar metbeçiligini öwrenen alym A.Ýazberdiýewiň bellemegine görä, miladydan öň hem miladynyň ilkinji müňýyllyklarynda Beýik hem şöhratlanan patyşalar, soltanlar öz taryhyny ýazyp galdyrypdyrlar. Olar azyndan iki ýa üç dilde öz şöhratlaryny ýazdyrypdyrlar. Olar ilkinji nobatda öz ene dillerinde soň hem imperiýanyň çäklerinde ýörgünli bolan, köpüň düşünýän, aralyk diýen ýaly dilleri saýlap alypdyrlar. “Mysal üçin, Müsüriň faraonlary özleriniň resmi ýazgylaryny gadymymüsür, kort we grek, ahemeni patyşalary – gadymypars, elam we akkad, parfýan hökümdarlary – parfýan, gun we ortapars, sasany şalary – ortapars we parfýan dillerinde monimental ýazgylaryny bina edipdirler” Oguz – orhon ýazgylary hem iki dilde oguz hem hytaý dillerindedir. Türkmenler zeminiň iň gadymy medeniýetli halklarynyň biridir. Munuň şeýledigini Oguz-Orhon ýazgylary hem tassyklaýar. Onuň umumyadamzat medeni gymmatlyklar ulgamyna goşan goşandy kiçi-girim däl. Uzak geçmişden saklanyp galan ýazuw ýagygärliklerimiziň biri oguz-orhon ýazgylarydyr. Bu ýazgylar ýörite ylmy işlerde orhon-ýeniseý ýazgylary ady bilen hem tanalýar. Oguz-orhon ýazgylary daşyň ýüzüne oýulyp ýazylypdyr. Onuň oguz-orhon ýazgylary diýlip atlandyrylmagynyň sebäbi ol Mongoliýaniň çäginde Orhon hem Selenge derýalarynyň boýlaryndan tapylmagydyr. Oguz-orhon ýazgylaryna “Ongin ýazgysy”, “Kulte¬gin hormatyna ýazgy”, “Bilge kagan hormatyna ýazgy”, “Tonýukuk hormatyna ýazgy” we “Kuly Çor” we “Moýun Çor hormatyna ýazgy» ýadygärlikleri girýär. Bu ýazgy ýadygärligine oguz ýazgylary diýilmeginiň sebäbi, şol ýurtlar olaryň bina edilen döwründe oguzlaryň watany, oguz iliniň ýaşan merkezleriniň biri bolandygy bilen düşündirilýär. Şol ýazgylaryň dili hem oguz dilindedir. Şol ülkelerde kaganlyk-hanlyk eden şalar oguzlar bolupdyr. Şu sebäplere görä-de bu ýazgylara oguz ýazgylary hem diýilýär. Edebiýatçy alym Rahman Rejebow bu ýazgylary öwrenip, bu ýazgylar¬dan, başga Talas we Eniseý ýazgylary hem bar diýen maglumaty berýär. Olary öz tapylan ýeriniň atlary bilen atlandyrýarlar. Şolaryň içinde biziň üçin iň ähmiýetlisi Oguz-Orhon ýazgylarydyr. Sebäbi olar türkmen edebiýatynyň ýazgylary bolup, olarda türkmen halkynyň taryhy çeperleşdirilip beýan edilipdir. Şu ýazgylaryň içinde iň ähmiýetlileriniň biri ”Ongin ýazgysydyr.” Onuň ongin diýlip atlandyrylmagynyň sebäbi ol Ongin degresinden, Taramel diýen ýerden tapylypdyr. Ýazgy ýadygärligi 1889-njy ýylda N.M.Ýadrinsew tapypdyr. Bu ýazgy oguzlaryň hökümdary Ilteriş kagana hem onuň aýaly Bilge Hatynyň hormatyna dikeldilipdir. Ýazgy toplumyň içinde iň gadymylaryndan biri hasaplanýar. Ilterişiň hakyky ady Gutlug ýa-da Gudulu bolupdyr. Ol 682-nji ýylda Hytaý baknaçylygyna garşy göreş alyp baryp, halky baknaçylykdan halas edýär we özi kagan bolýar. Çeşmelerde berilýän maglumata görä, ol 8-11 ýyl patyşalyk edipdir. Ol 690-693-nji ýyllarda aradan çykypdyr. Ýadygärlik ýazgysy alymlaryň pikirine görä, 690-706-njy ýyllarda dikeldilipdir. Ýazgyda Ilteriş kaganyň edermenlikleri, baknaçylykdan çykmak ugrunda alyp baran göreşleri hem söweş gahrymançylyklary beýan edilipdir. N. M. Ýadrinsew tarapyndan açylan ýazgylaryň içinde ähmiýetlilerinden ýene biri “Kültegin hormatyna ýazgydyr”. Bu ýazgy hem 1889-njy ýylda açylypdyr. Bu ýazgy Orhon derýasynyň kenaryndan tapylýar. Ýazgy ýadygärlik 732-nji ýylda Ilteriş kaganyň ogullary Kültegin we Bilge kagan hormatla¬ryna bina edilipdir. Rahman Rejebow “Gadym türkmen edebiýaty” atly kitabynda G. Aýdarowyň “Язык Орхонских памятников древнотюркской рисменности VIII века» atly işine salgylanyp bu ýadygärlikler ölçegi barada anyk maglumatlary beripdir. Oňa görä “Kulte¬gin hormatyna salynan ýazgy-ýadygarligiň belentligi 3 m. 15 sm, esasynyň giňligi 1. 24 sm, ýogynlygy bolsa 41 sm. Munuň bir gapdalynda 40 bölekden ybarat ýazgy bitilipdir. Muňa uly ýazgy diýip at berýärler. Onuň başga bir gapdalynda 13 bölekden ybarat ýazgy bitilipdir. Oňa bolsa ýazgy diýilýär. Bu ýazgylarda Külteginiň söweşlerde görkezen gah¬rymançylyklary beýan edilýar” diýlip maglumatlar berilýär. Ylmy işlerde uly ýazgy hem kiçi ýazgy düşünjeleri köp ulanylýar. Şonuň üçin bu getirilen maglumatlar Oguz-Orhon ýazgylaryna düşünmekde, olary göz öňüne getirmekde ähmiýetlidir. Oguz-Orhon ýazgylarynyň juda ähmiýetlileriniň biri Han Mogilýan ýazgy ýadygärligidir. Oňa “Bilge kagan hormatyna ýazgy” diýlip at berilýär. Bu ýazgy hem 1889 njy ýylda N.M.Ýadrinsew tarapyndan açylýar we ylym älemine mälim edilýär. Ol Orhon derýasynyň degresinde Erdeni Szu atly Budda metjidiniň 60 kilometr gaýrasyndan tapylypdyr. Onuň “belentligi 3 m. 45 sm, giňligi, ini 1 m. 7 sm, onuň galynlygy bolsa 72 santimetrdir. Ýadygärligiň her tarapynda ýazgy¬nyň bölekleri bar”. Han Mogilýan Ilteriş kaganyň uly ogly, Kültegin bolsa kiçi ogly bolupdyr. Han Mogilýan bilen Kültegin dogandyr, aga-inidir. Mogilýan 683-nji ýylda dogulyp, 735-nji ýylda hem aradan çykypdyr. Ilteriş kagan ýogalandan soň, onuň ogullary heniz gögöle bolany üçin tagta olaryň daýysy Moýun Çor çykypdyr we uzak wagtlap döwleti dolandyrypdyr. Moýun Çor Kapagan 735-nji ýylda aradan çykypdyr. „Tonýukok hormatyna ýazylan ýazgy“ Tonýukuk atly ady belli goşun serdarlaryna bagyşlanypdyr. Ol Ilteriş kaganyň ýakyn ýoldaşlaryndan biri bolupdyr. Hytaý baknaçylygyndan çykmak ugrundaky söweşlerde Ilteriş kagan bilen birlikde söweşipdir. Bu ýazgy 1897-nji ýylda Ý.LKlemenes tarapyndan açylýar. Ol 1898-nji ýylda bu ýazgynyň suratyny alýar. Birinji gezek ony W.W.Radlow terjime edýar. „Bu ýazgy häzir Ulanbator şäherinden 36 km uzaklykda, onuň günorta-gündogarynda ýerleşýär. Bu ýadygärlik biri-biriniň garşysynda salnan iki sany purs ýaly şalmandan ybaratdyr. Günorta ta¬rapda ýerleşýän şalmanyň belentligi 1,70 m. Onuň garşysyndaky, ýagny demirgazyk garşysynda ýerleşýän ýadygärlik şalmanyň belentligi 1,60 m. Birinjide ýazgynyň 36 bölegi ýerleşdirilipdir, ikinjide bolsa galan bölekler ýerleşdirilipdir. Ýazgylaryň jemi 62 bölekden ybaratdyr.” „Kuly Çor we Moýum Çor hormatyna ýazgy“. Moýun Çor türk kaganlygynda Ozmuş kagany agdaryp, onuň ýerine geçen kagandyr. Moýun Çor özüne bina etdiren ýazuw ýadygärliginde özüniň oguz bolandygyny nygtap görkezýär. Ol „Oguz meniň hut öz halkym“ diýip aýdýar. Ýazgyda Moýun Çor görkezen gahrymançylygy we ýadygärlik ýazgysyny ýazdyryşy barada aýdýar. Ýazgy profesor G.I.Ramsted tarapyndan açylýar. Bellemeli zatlaryň biri ýazgylar ilki tapylan badyna alymlar olary birbada okamagyň hötdesinden gelip bilmeýärler. Sebäbi ylym üçin onuň haty entek näbellidi. Şonuň üçin ol dünýäniň ylmy jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredipdir. Köp tagallalardan soň ýazgylaryň birinji nusgasyny ilkinji bolup 1893-nji ýylda Wilgelm Tomsen okaýar. Görlüp oturylsa bu ýazgylar biziň ata-babalarymyzyň galdyryp giden ýadygärligi eken. Ol oguz hatynda eken. Oguz-Orhon ýazgylary taryhy maglumatlar bolmak bilen birlikde, olar edebi eserler hem hasap edilýär. Oguz-Orhon ýazgylarynda ýüpek, altyn, kümüş, gunduz we samyr derileri, goýun, sygyr, ýylky, at atlary şol zamanyň iň gymmat mallary hökmünde köp duş gelýär. Ýüpek mata söwda harytlarynyň iň ýörgünlisi bolupdyr. Toý edip, ogul öýlendirmek däbi ýazgylarda öz beýanyny tapypdyr. Ýazgylary siňe öwrenmek bilen türk kaganatynda döwlet gurluşygynyň we goşun nyzamynyň köp taraplaryna göz ýetirmek bolýar. Türk kaganatynda akyla, bilime uly üns berlipdir. Şonuň üçin oguz kaganlary Bilge, Bumyn ýaly atlary göteripdirler. Ýeri gelende bellesek bäş müň ýyllyk taryhy bolan Oguz-Orhon ýazgylary kämil ýazuw bolupdyr. Ýazuwyň taryhyna nazar aýlanymyzda onuň dürli görnüşleriniň bolandygyny ylmy jemgyýetçilik subut etdi. Olardan piktografiýany, iýograflary mysal getirmek bolar. Emma oguz türkmen haty-tamgalar bäş müň ýyl mundan öň hem ses aňlatmak ukybyna eýe bolupdyr. Özem çekimsizleriň inçelik ýogynlyk häsiýetiniň göz öňünde tutulmagy, sözleriň, sözlemleriň iki nokat arkaly tapawutlandyrylmagy, çekimlileriň inçelik, ýogynlyk, dodak hem dodaklanmaýan tapawudynyň anyk kesgitlenip bilinmegi oguz-türkmen ylmynyň, medeniýetiniň, onuň ses baradaky düşünjeleriniň juda ýokary bolandygyna güwä geçýär. Megerem , öňde atlaryny agzan şahyrlarymyz oguz hatyny taryplanlarynda bu hatyň şu artykmaçlyklaryny göz öňünde tutan bolsalar gerek. Indi bir asyrdan gowrak wagt bäri oguz türkmen haty dünýä ylmy jemgyýetçiligini özüne çekip gelýär. Emma olaryň bu ýazuw ýadygärliginiň dörän wagty meselesinde miladydan öňki II-III asyrdan aňry geçesleri gelenok. Nusgawy şahyr Şeýdaýy «Gözel ýigrim bäş», Şakandy «Döredi», Andalybyň «Andalypnyň ýitgen oguz hatyga matam-mersiýesinde» oguz hatynyň ýaşynyň üç müňden geçip, dört müňe münendigi aýdylýar. Şeýdaýy: Üç müň ýaşda ömrüň ýakyp, Geçirdik gözel ýigrim bäş. Şakandy: Üç müň ýyldan geçýär aýagnyň ýaşy, Başy bir eýýamlar ölüp gurady. Andalyp: Ýaşyň üç müňden aşyp törtge mündi, Bu ýaşda çekmediň renji yzany. Görşümiz ýaly, bu ýazylan bu eserlerde mundan II-III asyr öň oguz hatynyň dört müň ýaşandygy aýdylýar. Edebiýat ylmymyzyň taryhynda «oguz runy haty Günbatar grek elipbiýiniň täsirinde döräpdir» diýen pikir orta atylypdyr. Emma oguzlar elipbiýli-hatlyka Gadymy grekler öz öýlerinden çykmandy. Aleksandr Makedonskiniň ýörişi bolsa biziň eýýamymyzdan öňki IV asyrlara degişlidir. Bilşimiz ýaly, Şeýdaýy oguz elipbiýiniň ýigrimi bäş harpdan-belgiden ybarat bolandygyny ýatlaýar. Oguz-Orhon ýazgylarda onuň sany 38 diýlip berilýär. Bellemeli tarapy oguz elipbiýi bilen Oguz-Orhon ýazgylary Oguz hanyň döreden ýazuwydyr. Eýsem, belgileriň san aratapawudyny näme bilen düşündirip bolar?! Bu meselede ylmy çaklamany orta atyp bolar. Elbetde , çaklama çaklama bolýar. Onuň bilen alymlaryň ylalaşmaga-da, ylalaşmazlygy-da haklarynyň bardygynam bilýäris. Görşümiz ýaly, oguz hatynyň uzyn taryhy bar. Ol müňýyllyklaryň dowamynda millete hyzmat edip gelipdir. Oguzlar dünýäniň gaty köp ýerlerini basyp alyp, ýer togalagynyň gaty giň meýdanyny eýeläpdirler. ýazuwam, dilem ösýän hadysa. Şu ösüş ýolunda oguz hatynyň dürli nusgalary bolupdyr. Oguz-Orhon ýazgylary oguz hatynyň Orhon nusgasydyr. Orhon derýanyň adydyr. Gyzykly ýeri, Salar Babanyň «Oguznamasynda» berilýän maglumata görä, Or han Oguz hanyň atasy Gara hanyň doganydyr, Düýp Beýgiň alty oglunyň ikinjisidir. Şeýdaýy, Şakandy, Andalyp hem tamga hem ýazuw hyzmatyny bitiren belgileriň gürrüňini edýär. Ol Oguz hanyň özüniň hem ýigrimi dört agtygynyň tamgalarynyň esasynda döräpdir. Oguz-Orhon ýazgylary VII-VIII asyrda daşa ýazylan uly hem kiçi ýazgylarda belgileriň sany 38. Çekimliler dört belgi bilen aňladylypdyr. Çekimsizleriň hatda inçe, ýogyn görnüşleri üçin özbaşdak belgi ulanylypdyr. Şeýdaýy bilen Oguz-Orhon ýazgylarynyň arasynda müň töweregi ýyl hem uzak geografiki aralyk ýatyr. Şeýdaýynyň oguz hatynyň Orhon nusgasyndan habarsyz bolandygy gürrüňsiz hakykat. Bu elbetde, Şakandy bilen Andalyba-da degişlidir. Şeýdaýy «Gözel ýigrim bäş» goşgusyny Mahmyt Kaşgarynyň, Reşidetdiniň, Abulgazy Bahadur hanyň maglumatlary esasasynda döreden bolmaly. Olarda belgileriň sany 24 diýlip berilýär. Eger taryhy syýasy ýagdaýy göz öňünde tutsaň, ol şahyrlary oguz elipbiýini bilmezlikde aýyplamak hem günädir. Sebäbi arap basybalyjylary Orta Aziýa ülkelerine gelenlerinde gaty maksatly gelipdirler. Yslamy ornaşdyrmak üçin milletleriň taryhyny, şol taryhy hem medeniýeti, dürli ynançlary özünde jemleýän ýazuwy ýok etmegi maksat edipdirler. Bu olara başardypdyr. Tamga hem ses aňladyjy harp hyzmatyny bitiren belgileriň sanynyň 25-den 38-e çenli artmagynyň sebäpleriniň biri, megerem, oguz nesliniň artmagy, täze uruglaryň döremegi we olara haýsy hem bolsa bir tamganyň degişli edilmegi bilen düşündirip bolar. 7 çekimlisi, 18 çekimsizi bolan oguz hatynyň 38 sany belgi bilen aňladylmagy, şol bir sesiň dürli nusgalary, aýratyn fonemalar üçin biri-birine meňzeş, golaý belgileriň saýlanyp alynmagy juda täsindir. Diýmek, hatyň Orhon nusgasy düýbi bir tamgalar hakynda oýlanmaga esas berýär. Elipbiý hyzmatyny bitirýän 38 harpyň 38 tamgaň oguz-taýpa eýelerini anyklamak -bu ugurda edilen işleri mynasyp dowam etmek oguz taryhymyzy öwrenmekde ähmiýetlidir. Oguz-Orhon ýazgylarynda şu günki dil bilen aýrylmaz baglanyşyk bar. Oguz-Orhon ýazgylary taryh üçinem, edebiýat üçinem, dil bilimi üçinem bahasyna ýetip bolmajak gymmatly ýazuw ýadygärligidir. Olar diňe bir taryhy ýazgy bolman, esem onda edebi elementleri, nusgalary hem görmek bolýar. Oguz-Orhon ýazgylaryny öwrenmekde türkmen alymlaryndan M.Hydyrowyň we R.Rejebowyň hyzmatlary aýratyn bellenmäge mynasypdyr. R.Rejebow bu ýazgylary öwreneninde S.G.Malowyň „Памятники древнотюркской писменности“ we „Памятники древнотюркской писменности Монголии и Киргизии“ atlandyrylan kitaplardaky tekstlerden peýdalanypdyr hem „Gadym türkmen edebiýaty“ atly gollanmasynda olardan bölekleri ýerleşdiripdir. Okuw gollanma taýýarlanynda R.Rejebowyň bu ylmy işinden peýdalanyldy we oňa ýüzlenildi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |