19:31 "Oguznamalar" we edebiýatyñ oguznamaçylyk däbi | |
“OGUZNAMALAR” WE EDEBIÝATYŇ OGUZNAMAÇYLYK DÄBI
Edebiýaty öwreniş
Türkmenler zeminiň gadymy halklarynyň biridir. Onuň gözbaşyny uzak geçmişden alyp gaýdýan edebiýaty bar. Munuň şeýledigini edebiýatymyzyň oguznamaçylyk däbi tassyklaýar. “Oguznamalar” nesilbaşymyz Oguz han hem onuň nesil daragty hakyndaky çeper eserlerdir. Olarda türkmenleriň ata-babalary bolan oguzlaryň durmuşyndan söhbet edilýär, Oguz hanyň nesil daragty yzarlanýar. Bu kitaplar türkmen halkynyň şejeresiniň çeper ýazgylary bolup taryhda orun aldy. Halk taryhynyň ýazgysyny ýöredipdir. “Oguznamalarda” oguzlaryň ýaşaýyş durmuşynyň çeper ýazgysy edilipdir. Şu hem edebiýatyň oguznamaçylyk däbiniň örňemegine getiripdir. Türkmen “Oguznamalary” özboluşly ýordumly bolup, taryhy hakykata esaslanyp ýazylan çeper eserlerdir. Olarda halkyň taryhynyň belli bir pursatlary çeper beýana geçirlipdir. Biziň şu günlerimize “Oguznamalaryň” dürli nusgalary gelip ýetipdir. Oňa mysal edip “Oguznamanyň” Pariž hem Gazan şäherlerinde saklanýan nusgalaryny, Reşideddin Fazlallahyň “Jamy at tawaryh” kitabyndaky Oguz hanyň jahangirliginiň hekaýatyny – “Oguznamany”, “Gorkut ata” kitabyny, Dana atanyň “Oguznamasyny”, Ýazyjyoglynyň, Salar Baba Gulaly ogly Salar Harydarynyň “Oguznamasyny”, Abulgazy Bahadur hanyň “Şejereýi terakime” (“Türkmenleriň nesil daragty” kitaby) eserini, Nurmuhammet Andalybyň “Oguznama” poemasyny görkezmek bolar. Bu “Oguznamalaryň” ählisiniň umumy hem aýratyn taraplary bardyr. Baryp VI asyrda Ulug han bitigçiniň (kitapçynyň, ýazyjynyň) biziň günlerimize gelip ýetmedik “Oguznamasynyň” deri diline geçirilendigi hakyndaky maglumat saklanyp galypdyr. Bu “Oguznama” gelip çykyşy boýunça seljuk türkmenlerinden bolan XIV asyrda Müsürde ýaşap geçen taryhçy Abubekr ad-Dawadarynyň “Şöhratlananlaryň taryhyndan dürler” (“Dürar ut-tidjak wa tawaryhgurar az-zaman”) atly kitabynda hem ýatlanylýar. Abubekr ad-Dawadary ady agzalan işinde Abu Muslimiň kitap hazynasynda gadymy türkileriň taryhyna degişli ýazgynyň bolandygy hakynda maglumat galdyrypdyr. Özem şol ýazgy sasanly döwletiniň patyşasy Hysrow Anuşirwan I weziri Buzurgmihr ibn Bahtagaganyň emlägine degişli eken. Edebiýatçy alym Halyk Görogly şol ýazgy Ulug han Bitigçiniň “Oguznamasy” bolmaly diýen pikiri aýdypdyr. Ol apbasly Harun Reşidiň (763-809) halyflyk eden döwründe Jebraýyl Bahtiýaşy tarapyndan arap diline terjime edilipdir. Ýöne onuň haýsy dilden (oguzçadan ýa-da ortapars dilinden) arap diline terjime edilendigi hakynda maglumat berilmändir. Halyk Görogly onuň ortapars dilinden terjime edilen bolmagynyň mümkindigi hakyndaky pikiri aýdypdyr. Sebäbi sasanly hökümdarlary otparazçylyk dini döwründe, has-da oguz türkmen döwletiniň güýçlenip başlan şol döwründe sasanly şalary gadymy türkileriň-oguzlaryň medeniýeti bilen içgin gyzyklanypdyrlar. Şol “Oguznamanyň” VIII asyrda arap diline geçirilmegi kanunalaýykdy. Sebäbi apbasylaryň häkimligi döwründe dürli kitaplary arap diline terjime etmek işi giňden ýola goýulýar. Bu iş Harun Reşidiň ogly Mamunyň döwründe-de dowam etdirilýär. Şundan görnüşi ýaly “Oguznama” kitabymyz VI asyrda ortapars, VIII asyrda arap diline terjime edilipdir. Munuň özi “Oguznama” eserlerimiziň ýaşynyň has aňyrdadygyny subut edýän ikinji bir delildir. Birinji subutnama bolup onuň mazmuny hyzmat edýär. Oguznamaçylyk däbinde ýazylan kitaplaryň käbir boýlary Aleksandyr Makedonskiniň döwründen habar berýär. Munuň özi bu edebi däbiň iň gadymy döwürlerde hem irki orta asyrlarda giňden ýaýrandygyny aňladýar. Emma edebiýatyň bu däbi araplaryň yslamy Orta Aziýa ýurtlarynda ymykly ornaşdyranyndan soň öz ösüşüni birbada haýalladypdyr. Ol XI-XII asyrdan soň ýene rowaçlanyp ugraýar. Şu ýerde Mahmyt Kaşgarlynyň “Diwany lugat-it türk” (“Türki dilleriň diwany”) sözlüginde hem türkmenleriň oguzlardygy, oguzlaryň türkmenlerdigi barasynda maglumatyň berilýändigi we onuň sözlüginde oguzlar hakyndaky rowaýatlaryň we oguz edebi nusgalyň orun alandygy bellärliklidir. Oguz han türkmen taryhy şahsdyr. Emma käbir işlerde onuň hyýaly obrazdygy hakynda nädogry bellenendigini aýtmalydyr. Oňa mysal edip L. N. Gumilýewiň “Gadymy türkiler” atly kitabyny görkezmek bolar . Şeýle pikire gol ýapýan alymlar başga-da bar. Ýöne edebiýatymyzyň ygtybarly çeşmeleri, ilkinji nobatda hut “Oguznamalaryň” özi bu pikiri büs-bütin ýalana çykarýar. Çünki olarda Oguz hanyň dogulyşyndan başlap, onuň nesil daragty-şejeresi yzarlanýar. Dürli etnonimleriň düşündirişiniň berilmegi bolsa bu pikiri has hem berkidýär. “Oguznamalaryň” özara deňeşdirme derňewi gaýragoýulmasyz wezipeleriň biri hökmünde ota çykýar. Umuman, edebiýatyň bu däbi hertaraplaýyn öwrenilmäge degişlidir. Çünki türkmeniň ýanyp duran watanparazlygyny ündeýän “Oguznamalaryň” dürli nusgalary, “Gorkut ata” şadessany we beýleki oguz dessanlary bilen tanyşanymyzda türkmeniň medeniýetiniň gadymyýetine, halk bilen häkimiýetiň birdigine, bitewi bir göwredigine göz ýetirip bolýar. Bellemeli tarapy, ol eserler şahyrana zehiniň arassa çeper toslamasy däl-de, eýsem özeninde anyk taryhy durmuş wakalaryny saklaýan, gönüden-göni taryhy wakanyň esasynda dörän eserlerdir, ygtybarly çeşmelerdir. Taryhy hakykatyň çeper ýazgylarydyr. Türkmeniň şejere daragtynyň başynda oturan Oguz han türkmen hakynda döredilen eserleri barmak büküp sanasaň ep-esli bar. Emma bäş müň ýyllyk taryhyň içinde olaryň aglabasy ýitip gidipdir. Şeýle-de bolsa, türkmen milletiniň bagtyna türkmen “Oguznamalarynyň” bir bölegi biziň günlerimize gelip ýetipdir. Beýik Garaşsyzlygymyza çenli türkmen taryhynyň öwrenilişi juda ýabygorlydy. Gynansag-da, milletimiziň medeniýetine, edebiýatyna, onuň taryhyna, ynamsyzlyk bilen garalýardy. Oguz han atamyz bilen bagly gürrüňlerde onuň edebiýatymyzdaky keşbine hyýaly bir gahryman hökmünde çemeleşilýärdi. Mesele köplenç ylmy barlaglardan çetde goýulýardy. Edebiýat barlagçylary ondan sowa geçenleini kem görenokdylar. Taryhy çeşmeleriň tassyklamagyna görä, Oguz han türkmen bäş müň ýyl mundan öň ýaşap geçipdir. Dürli çeşmelerde berilýän maglumata görä, Oguz türkmenleriniň guran ilkinji döwletine bäş müň ýyl wagt geçipdir. Oguzlaryň durmuşyna degişlidigini subut edýän ok-ýaý alamatlaryndan başlanýan şol döwre degişli tapyndylaryň Bagabat, Altyndepe, Täk gala, Ary jülgesi, Margiana, Köneürgenç taraplarynda üstüniň açylmagy, döwletiň taryhy ýerleşişi hakda düýpli pikirleriň döremegine esas beripdir. Oguzlaryň ýaşan ýerleri Oguz yurdy diýlip atlandyrylypdyr. Ol hakynda orta asyrlarda “Hududyl älem” ýaly ygtybarly taryhy arap çeşmelerinde anyk maglumat berilýär” Biziň elimizde bar bolup, özem iň bir ygtybarly hasaplanýan “Oguznamamyzyň” Pariž nusgasyny ylmy jemgyýetçilik XI-XII asyrda ýazylan hasaplaýar. Özem bu golýazma soňraky “Oguznamalara” az-u-köp derejede täsirini ýetiripdir. XII asyrda eýýam yslamyň ruhy edebiýata doly ornapdyr, şonuň üsti bilen “Oguznamalar” yslamyň täsirinde döredilip başlanypdyr. Emma Oguz hanyň Gök Taňra uýan zamany bilen yslam dininiň pygamberi Muhammediň arasynda ep-esli wagt bar. Muhammet Pygamber milady ýyl hasaby bilen 570-632-nji ýyllar aralygynda ýaşapdyr. Emma muňa seretmezden, oguzyň taryhyny ýazan ýazarlar Oguz hany musulman, yslama uýan edip görkezmäge synanyşypdyrlar. Oguzyň dini ynanja garaýşyny inçelik bilen yzarlamandyrlar. Şoňa görä-de, dürli döwrürlerde ýazylan “Oguznamalaryň” hiç birini-de taryhy hronologik eser hasaplanmaga degişli däldir. Olar düýpli öwrenilmegi talap edýärler. Diňe anyk taryhy maglumatlary bu eserleriň mazmuny bilen deňeşdirmek hem, inçelik bilen yzarlamak arkaly taryhy hakykaty ýüze çykarmak mümkin. “Oguznamalaryň” taryhy ähmiýeti hem şundan gelip çykýar. “Oguznamalarda” Oguz hanyň musulman dinine uýan şahsyýet hökmünde görkezilmegini “Oguznamalaryň” ýazylan döwrüniň täsiri diýlip düşünilmegi dogrudyr. XII asyrda we ondan soňra ýazylan “Oguznamalar” täze ornaşan yslam dininiň täsiridir. Araplar biziň ýaşaýan sebitimize VII-VIII asyrlarda gelen hem bolsa, Oguzşynas alym Faruk Sümeriň maglumatyna görä “Oguzlar esasan IX-X asyrlarda köpçülikleýin musulmançylygy kabul edipdirler.” Bu döwürde bolsa Oguz han hakyndaky rowaýatlar esasan halkyň hakydasynda ýaşaýardy. Biziň bu pikirimizi Salar Harydarynyň “Oguznamasynyň ” ilkinji setirleri-de tassyklaýar: “Türkmen halkynyň taryhçylary şeýle rowaýat edýärler. Nuh alaýhyssalam ýer şaryny perzentlerine paýlady…” Oguz rowaýatlary bolsa juda gadymy rowaýatlardyr. Halkyň hakydasynda dil üsti bilen ýaşaýan edebiýatyň öz döwrüne uýgunlaşma häsiýetini edebi ylmyň nazaryýeti öwredip, ol hakykatdyr. Islendik eser döwrüň talabyna görä üýtgeýär. Öz ýaşaýan zamanasynyň ruhuny kabul edýär. Bu onuň ýaşamagynyň baş şertidir. Şol sebäpli hem oguz dessanlarynyň yslamyň ruhuna girmegine kanunalaýyk edebi hadysa diýip düşünmelidir. Diňe ýazuwly edebiýat taryhy ösüş nukdaý- nazardan ýazylan döwrüniň ruhy ýörelgelerine tabynlykda galýar. Emma Parižde saklanýan uýgur hatyndaky «Oguznamada” (“Oguz kagan” dessany) yslamyň täsiri görünmeýär. Ýogsa bu dessan ýazylan wagty hem yslam dini oguz kowumlaryna aralaşypdy. Eýsem, muny nähili düşündirip bolar? Uýgur hatyndaky «Oguznamada” musulman dininiň täsiriniň bolmazlygynyň özüne ýetesi sebäbi bar. Uýgur halkynyň taryhyna nazar aýlanymyzda, olaryň budda dininiň bolandygyny görýäris. Bu barada oguzşynas alym Faruk Sümer şeýle ýazýar: “X asyryň ikinji ýarymynda budda uýgur köpçüliginiň dinine öwrüldi.” Edil şu mesele bilen baglanyşykly Gündogar metbeçiligini öwreniji alym Almaz Ýazberdiýewiň aşaky pikiri has gyzyklydyr: “…Buddaçylyk taglymatynyň uýgur dilindäki kitaplary uýgur elipbiyi bilen, mukdary şeýle bir köp bolmadyk maniheý kitaplary bolsa maniheý elipbiýi bilen neşir edilipdir.” Diýmek, şol döwürde uýgur elipbiýini ulananlar, esasan, budda çokunýan adamlar bolmaly. Şonuň üçünem onda musulmançylygyň ruhy ýok bolmagy kanunydyr. Bu «Oguznamanyň” ýazylan ýeri we döwri hakyndaky pikirem gyzyklydyr. Faruk Sümer bu eseriň uýgur ülkesinde ýazylandygyna kes-kelläm garşy çykýar: “Öňi bilen bir zady aýratyn nygtamak gerek, ýagny uýgurça «Oguz Kagan” dessanynyň-da Eýranda Ilhanly döwründe, Gazan han ýa-da halesi zamanynda ýazylandygyna hiç hili şübhe ýokdur.” Elbetde, ony uýgurlaryň döretmändigi hakyndaky pikir jedelsizdir. Onuň ýazylan döwri weli has irräk bolmaly. Özem bu dessanyň Oguz han atamyz baradaky bize näbelli bir “Oguznamanyň” esasynda döredilendigi ikuçsyzdyr. A. Ýazberdiýewiň “Gündogar metbeçiligi we köne türkmen basma kitaplary” atly işinde berilýän maglumata görä: “IX-X asyrlar uýgur medeniýetiniň has ösen döwri bolup, çap edilen, ýazylan eserleriň agramly bölegi şol döwre degişli hasaplanýar.” Şundan çen tutsaň, bu “Oguznama” dessanyna çeşme bolup, hyzmat eden eser X asyrdan aňyrda bolmaly. Bu juda bolup biläýjek ýagdaýdyr. Sebäbi, Oguz nesliniň guran döwletleri nämä baý, kitaba baý. Milady hasaby bilen 1179-1229-njy ýyllar aralygynda ýaşan arap alymy Ýakut Merw kitaphanalary barada gymmatly maglumat galdyrypdyr: “Men Merwden çykyp gaýdanymda bu ýerde uly kitaphanalaryň 10 sanysy bardy. Men bütin dünýäni aýlanyp şular ýaly baý hem ajaýyp kitaphanalary görmedim”. Gadymy Merwdäki “Az-Zynjanynyň” kitaphanasynda 12000 müň sany kitap bar ekeni. Eger bir kitaphanada şol döwürde şonça kitap saklanýan bolsa, onda onuň kitap baýlygy juda uludyr. Şol ummasyz köp kitaplaryň içinde «Oguznamanyň” oguzlaryň – türkmenleriň özleri tarapyndan, hut şu toprakda ýazylan nusgasynyň bolandygyna ynanasyň gelip dur. Şeýle diýip oýlanmaga esas berýän ýene bir pikir bar. Türkmen diliniň, onuň hatynyň taryhyna nazar aýlanymyzda gadymy Oguz han atamyzyň elipbiýinden – oguz-orhon ýazuwyndan soň belli bir döwür aralygynda türkmenler uýgur hatyndan peýdalanypdyr diýen pikir bar. Eger şeýle bolsa «Oguznamanyň” dessanynyň Pariž nusgasy ýa-da oňa esas bolan nusga türkmenleriň özleri tarapyndan şu toprakda ýazylandyr. 2001-nji ýylda Döwletimiziñ Halk Maslahatynda, Ýaşulularyñ Döwlet Maslahatynda, Umumymilli Galkynyş hereketiniñ bilelikdäki Mejlisinde külli oguz-türkmen dünýäsine «Oguznamalarymyzyñ” üç nusgasy: Pariž hem Gazan şäherlerinde saklanýan nusgalary, Salar Baba Gulaly ogly Salar Harydarynyñ «Oguznamasy», şeýle-de «Gorkut ata» şadessany we Beýik türkmen ruhunyñ dürdänelerini bolan nusgawy şahyrlarymyzyñ şygryýet çemenleri sowgat edildi. Bu eserler toplumy döwlet derejesinde taýýarlanan ygtybarly neşirlerdir. Gürrüñini edýän meselämiz bilen bagly «Oguznamanyñ» şu üç nusgasyny degşirip göreliñ. Oguz hanyň dünýä inişi bilen baglanyşykly waka ähli “Oguznamada” birmeňzeş däldir. Mysal üçin Pariž nusgasynda Oguz dünýä inen dessine çig et, aş, şerap isleýşi, onuň tiz ulalyşy, tokaýa awa gidişi çeper beýana salnypdyr. Özem bu waka her niçik çeper toslama baý hem bolsa, oguzlaryň yslamdan öňki irki oguz ýaşaýşyna juda mahsusdyr. Ondaky Altyn han, Urum, Ulug Orda beg, Masar han, Ulug Türük, Gök Taňry, Tömürtü Kagul, Barmaglyg Çoçun Billik kimin atlar, Çürçüt, Barkan, Tangut, Sind ýaly ýer ýurt atlary eseriň gadymylygynyň, irki nusgalygynyň nyşanydyr. Ozaly bilen Oguz hanyñ dünýä inişi bilen baglanyşykly wakany okanymyzda Oguz han dogulanda musulman bolup jahana inýär. “Salar Baba Harydarynyñ «Oguznamasynda» bu ýagdaý şeýle beýan edilipdir: “Allatagalanyñ permany bilen ondan bagtyýarlyk we patyşalyk nyşanly bir ogul dünýä indi. Ol üç gije gündizläp, enesiniň süýdini emmedi. Enesi bu ahwalatdan gaýgy-gama batyp otyrdy. Ol bir gije düýş gördi. Düýşünde ogly oña: - Eger maña öz süýdüñi emdirmegi isleýan bolsañ, onda ýeke-täk we taýsyz Hudaýa iman getirip, Tañrynyñ şerigatyny kabul etgin-diýdi.” Görşümiz ýaly, bu “Oguznamada” Oguz hanyñ dogluşy yslamy röwüşde berlipdir. Onda Oguz hanyň mydama Allatagalany ýat edip gezendigi ýörite nygtalýar: «Oguz çagalyk zamanyndan kämillik ýaşyna ýetdi. Ol hemişe şükür we doga edip, Allatagalany ýat ederdi.» Gürrüñini edýän «Oguznamamyza» şeýle ýiti derejede yslamyñ siñmegi onuñ ýazylan döwri bilen baglydyr. Sebäbi eseriñ ýazary Salar Baba Gulaly ogly Salar Harydary XVI asyrda ýaşap geçen türkmen alymydyr. Ol öz «Oguznamasyny» 1555-1556-njy miladyda ýazypdyr. Bu döwür bolsa yslam dininiñ dini ynanç hökmünde diñe bir doly kabul edilmän, eýsem, gülläp ösen döwrüdi. «Oguznamalarda» esasan iki ýerde waka yslam dininiñ täsirinde beýan edilipdir. Birinjisi Oguzyñ dogluşynda, ikinjisi Oguz hanyñ öýlenişi bilen bagly wakada. Özi-de bu ýagdaý «Oguznamanyň» Pariž nusgasynydan beýlekileriniň ählisinde bir meñzeşräk gaýtalanýar. Meselem, Salar Hyrydarynyñ «Oguznamasynda» berilýan maglumata görä, atasy Oguza ilki inisi Kör hanyñ gyzyny alyp berýär. Emma “Oguz onuñ bilen söhbet tutman, oña golaýlaşmazlygy ygtyýat etdi.» Soñra atasy beýleki inisi Ler hanyñ gyzyny alyp berýär. Ýagdaý munda-da şeýle bolýar. Sebäbi, Oguz olary musulmanlyga çagyrýar. Iki aga gyzy bolsa Oguzyñ bu sözüni kabul etmeýär. Iñ soñunda atasy Oguza kiçi inisi Or hanyñ gyzyny alyp berýär. Ol Oguzyñ sözüni tutup musulman bolýar. Edil şular ýaly ýagdaýy «Oguznamanyñ» Gazan şäherinde saklanýan nusgasynda hem görmek bolýar. Bu nusga beýlekilere seredende göwrümi boýunça has uly bolup, onda oguzlaryñ gelip çykyşy hem Oguz hanyñ taryhy terjimehaly has giñ beýan edilýär. Ýöne beýan etme yslamyñ täsirinden azat däldir: “Oguzyñ dili çykanda hemişe «Alla, Alla» diýip, aýdardy. Ony her kim eşitse: “Oglan bolýar, dili öwrülmän näme aýdanyny bilmän dur” diýýärdiler. Sebäbi, “Alla” sözi arapçadyr. Mogolnyñ hiç biri arap dilini eşiden däldi” . Munuñ öz gadymy oguz wakasynyñ yslam dininiñ ruhuna ýugrulmagyndan başga zat däldir. «Oguznamalarda» dini wakanyñ birsydyrgyn işledilmeginiñ sebäbi Oguz han atamyzyň köp hudaýlylykdan ýekehudaýlylyga geçmegidir. Il-ulusyny ýekehudaýlyga çagyran Pygamberligidir. Arap dünýäsiniñ beren Muhammet Pygamberi hem Oguz han atamyz ýaly köphudaýlylykdan birhudaýlyga, Alla uýmaga çagyrdy. Emma Oguz han Atamyz Gök Taňra-ýeke Tañra uýupdyr. Tañry sözi soñ “Alla” manysynda işledilipdir. “Oguznamalaryñ” şaýatlyk etmegine görä, Oguz han şahsyýet hökmünde ir kemala gelipdir. Kemala gelibem, ol kakasy bilen gapma-garşylyga girýär. Bu ýerde gürrüñ ownuk dawa-jenjel hakynda däl-de, jemgyýeti özgertjek tutumlar hakda barýar. Oguz han bilen kakasynyñ arasyndaky gapma-garşylygyñ esasynda düýpli sebäp ýatýar. Oguz kakasynyñ dini ynanjyndan ýüz öwrüp, täze bir ynanja gol ýapypdyr. Ol ýekehudaýlylyk ynanjynyñ tarapynda. Bu wakalarda biz taryhy özgerişikleriñ ýañyny eşidýäris. «Oguznamalara» yslam dininiñ ruhunyñ siñdirilmegi islesek islemesek Oguz han atamyzyñ ýaşyny ep-esli bäri süýşürýär. Bu bolsa taryhy hakykatyñ nädogry açylyşyna getirjek ýagdaýdyr. Şol sebäpli hem bu meselä ýokary derñew arkaly anyklygyñ girizilmegi uly ähmiýete eýedir. Islendik halk öz taryhy şahslaryna bagyşlap, öz eserlerini döredýär. Halkyň taryhynda, ykbalynda yz galdyran görnükli şahsyýetlerine, şahslaryna bagyşlap ýörite eserler ýazypdyrlar, öz gahrymanlarynyň atlaryny ebedileşdirip, geljekki nesillere ýadygär galdyrypdyrlar. Türkmen edebiýatynda namaçylyk däbi hut şunuň bilen baglanşykly döräpdir. Nama sözi taryhy tema bagyşlanyp, ýazylan eserleriň yzyna goşulýar: „Çingiznama“, „Şanama“, „Taryhnama“, „Oguznama“ we ş. m. Soňlugy bilen bu söz taryhda yz galdyran wakalara, haýsydyr bir kesgitleýji düşünjäniň yzyna goşulypdyr: „Jeňnama“, „Syýasatnama“ hem başgalar. Oguznamaçylyk türkmen halkynyň taryhynda iň gadymy döwürde dörän edebi däpdir. Bu däbiň döremegi türkmenleriň nesilbaşysy Oguz han bilen baglanşyklydyr. Oguz han hem onuň nebereleri oguzlar uly-uly döwletler gurup, dünýäni özüne tabyn edipdir. „Oguznamalarda“ Oguz han we onuň nesli barada gürrüň edilýär, Oguz hanyň nesil daragty yzarlanýar. „Oguznama“ eserleri türkmen halkynyň arasynda meşhurdyr. Salyr baba Gulaly ogly Salyr Harydarynyň “Oguznamasy“. Biziň bilşimiz ýaly „Oguznamalaryň“ birnäçe nusgasy bar. Şolaryň iň ähmiýetlileriniň biri Salar babanyň „Oguznamasydyr“. Salar baba XVI asyrda ýaşan türkmen alymy hasaplanýar. Ol öz „Oguznamasyny“ 1555-1556-nji ýyllarda ýazypdyr. Onuň „Oguznamasy“ 18 beýandan durýar. Olar şeýle atlandyrylýar: 1. Oguz hannyň dünýä inişi beýan edilýän giriş bölümi. 2. Oguzyň atasy, agalary we uruglary bilen söweşip, üstün çykmagy. 3. Oguzyň älem etraplaryna ilçiler iberip jahany eýelemek dawasyny etmegi. 4. Oguzyň Gyl Barak kowumy bilen uruş etmegi. 5. Oguzyň Zulmata baranynyň we ol ýeriň ýagdaýlarynyň beýany. 6. Oguzyň Kürdüstan ýoly bilen Diýarbekire we Şama baranynyň beýany. 7. Oguzyň ogullaryny leşgerleri bilen Pereň we Rum tarapyna ibereni. 8. Oguzyň oglanlaryny Rum welaýatyna ibereniniň beýany we olaryň ahwaly. 9. Oguzyň barça goşuny bilen Dymşyga baranynyň beýany. 10. Oguzyň Müsüre ýöriş edeniniň beýany. 11. Oguzyň Bagdada we Basra ýöriş edeniniň beýany. 12. Oguzyň Pars we Kermana oglanlaryny ibereniniň beýany. 13. Oguzyň Yrak tarapyna ilçi ibereniniň beýany. 14. Oguzyň Mazendarana, Gürgene, Dehistana, Horasana we Kahystana baryp ýeňiş gazananynyň beýany. 15. Oguzyň ogly Gün hanyň patyşalygynyň beýany. 16. Gyşlak. 17. Düýp Beýgi hanyň patyşa bolany. 18. Öwlat Mur Beýgi hanyň uruglarynyň, patyşalygynyň tamam bolup, Gara hanyň ogly Bugra hanyň patyşalygynyň başlangyjy. „Oguznamalarda“ Nuh pygamber hem onuň Ýafesden bäri gaýdýan adamzat nesli gysga aýdylyp, esasy üns türkmenleriň nesilbaşysy Oguz hana gönükdirilýär. Emma Nuhdan alnyp gaýdylýan hut şu şejere ýazgylar ähli „Oguznamalarda“ birmeňzeş däldir. Olarda az-owlak tapawuda duş gelinýär. Şol tapawut esasan, Oguz hanyň dünýä inişi, dini kabul edişi, öýlenişi bilen baglanyşyklydyr. Onuň beýanlarynyň hem birmeňzeş däldigini aýtmak gerek. Çünki her kim „Oguznamasyny“ ýazanynda öz bilýän maglumatyna esaslanypdyr. Ony özüçe baýlaşdyrmaga çalşypdyr. Salar babanyň „Oguznamasynda“ Nuh aleýhyssalam ýer ýüzüni öz neberelerine paýlanda Türkmenistan sebitlerini ogly Ýafese berendiginden şejere yzarlanyp başlaýar. Ýafesiň Düýp Beýgi atly ogly bolupdyr. Onuň hem Gara han, Or han, Kör han, Ler han atly dört ogul perzendi bolýar. Gara han atasynyň ýerine tagta çykyp, hökümdarlygy ele alypdyr. Ondan bir ogul dünýä inýär. Ol gije-gündizläp enesiniň süýdüni emmeýär. Enesi bu hala gamgyn bolýar. Ol bir gije düýş görýär, düýşünde ogly oňa „Eger sen maňa süýdüňi emdirmek isleseň ýeke-täk we taýsyz Hudaýa iman getirip Taňrynyň şerigatyny kabul etgin“ diýýär. Ol üç gijeläp şu düýşi görýär we ärinden ýaşyryn Allatagala iman getirýär. Çaga bir ýyldan soň dil çykyp, şeyle diýýär: „Maňa Oguz Türkmen diýip at goýuň. Men mydama köşkde bolaryn.” Ony Oguz Türkmen diýip atlandyrýarlar. Oguz kämillik ýaşyna ýetýär. Ol hemişe Allatagalany ýatlap gezýär. Edep, hünär, ok atmak we at çapmakda hemmeleriň diline düşüpdir. Atasy Kör hanyň gyzyny oňa adaglap, alyp berýär. Oguz ol gyzy Alla uýmaga çagyrýar. Emma gyz ony inkär edýär. Şonuň üçin Oguz gyz bilen ýakynlaşmaýar. Atasy ony görüp, beýleki bir inisi Ler hanyň gyzyny alyp berýär. Oguz ondan hem şuny talap edýär. Ol hem kabul etmeýär. Oguz oňa hem üns bermeýär. Atasy ondan soň kiçi inisi Or hanyň gyzyny oňa alyp berýär. Oguz ondan musulman bolmagy haýyş edýär. Gyz razy boldy. Oguz oňa öýlenýär. Şu ýerde bir zada üns bermek gerek. Oguz hanyň döwründe yslam dini bolmandyr. Emma muňa seretmezden ol esere goşulypdyr. Sebäbi şeýdilmese bu esere yslam dünýäsinde orun boljak däldi. Onuň ýazylan wagty XVI asyrda bolsa yslam dini, dini ynanç hökmünde kabul edilipdir. Ikinji bir ýagdaýda Oguzyň atasynyň doganlarynyň gyzyna öýlenmegidir. Şu däp biziň günlerimizde hem ýek-seýrek gabat gelýär. Emma nika ýakyn bolmasa gowydyr. Emma otparazçylyk dini döwründe ýakyn nika adata öwrülipdir. Ol şondan hem yslama geçipdir. Muny köp sanly çeper eserler tassyklaýar. Kakasy ogly Oguzyň başga dini ynanja, ýagny, ýekehudaýlyga uýýandygyny eşidende gaharlanýar. Netijede Oguzyň ýigitleri bilen onuň kakasynyň we kowum-garyndaşlarynyň arasynda söweş bolýar. Oguz bu söweşde ýeňýär we toý tutýar. Tagta çykýar. Söweşde olja alnan zatlary ýüklemäge ulaglary bolman, araba ýasap, oljalaryny ýüklän kowuma „kaňly“ at diýip goýýar. Ondan öň araba bolmandyr. Oguz han Hindistana, Kürdüstana, Diýarbekire, Şama, Pereňe, Ruma, Müsüre, Bagdada, Basra, Yraga, Gürgüne, Degistana, Horasana we başga-da birnäçe döwletlere ýöriş edip, ol ýerlerini özüne boýun edipdir. Umuman Salyr babanyň „Oguznamasy“ beýan edýän wakalarynyň giňdigi bilen tapawutlanýar. Onda Oguz hanyň ýörişlerine köp orun berlipdir. Emma biz olary taryhy hakykat hökmünde kabul edip bilmeýäris. Sebäbi „Oguznamalar“ uzak döwrüň dowamynda çeperçilik tarapdan ösdürilipdir we ol taryhylykdan daşlaşyp, çeper esere öwrülipdir. „Oguznamanyň“ Pariž nusgasy. Pariž şäherinde saklanylýan „Oguznamanyň“ özboluşly aýratynlygy bar. Ol 37 bapdan, 376 setirden ybarat. Onuň mazmuny şeýleräk: Bir gün Aý hanyň arzuwy hasyl bolup, ondan bir nurana ogul dünýä inýär. Bu oglan enesiniň süýdüni bir gezek emip, ondan soň emmeýär. Çig et, aş, meý soraýar, dil çykyp başlaýar. Ol oglan ýigitlik ýaşyna barýar. Ýaýlada äpet bir uly kyýat bardy. Ol mal-gara we halkyň janyna howply wagşy haýwandy. Oguz han bir batyr adam bolansoň, kyýaty awlamakçy bolýar. Günleriň birinde naýza, ok-ýaý, gylyç, galkan alyp awa çykýar. Bir öküz awlap ony agaja daňyp goýýar. Ertesi daň atanda gelip görse, kyýat öküzi alyp gidipdir. Ol ýene bir aýyny awlap, agaja daňyp goýup gidýär. Ertesi gelip görse, kyýat aýyny hem alyp gidipdir. Ol kyýaty öldüripdir. Oguz han bir ýerde Taňra çokunýan wagty bir owadan gyz görüp, oňa aşyk bolýar, öýlenýär. Ondan üç ogul dünýä inýär: Gün han, Aý han, Ýyldyz han. Oguz bir gün awa çykanda agajyň köweginde bir owadan gyzyň oturanyny görýär. Ony görenden aşyk bolýar, ony alýar. Ondan üç ogul dünýä inýär: Gök, Dag, Deňiz. Bu nusgada Oguz hanyň ýörüşleri beýan edilende, oňa gök tüýli, gök ýally, uly bir erkek böriniň ýol görkezendigi aýdylýar. Bir ýörişden soň oljalary ýüklemek üçin araba ýasaýarlar. Ol ýörände „kaňga, kaňga“ diýip owaz çykarandygy üçin oňa „Kaňga“ diýip at goýýarlar. Günleriň birinde Oguz han düýşünde bir altyn ýaý bilen üç kümüş ok gördi. Bu altyn ýaý gündogardan tä günbatara çenli dartylan ekeni. „Oguznamanyň“ Gazan nusgasy. „Oguznamalaryň“ Gazan şäherinde saklanylýan nusgasy şeýle bölümlerden durýar: „Ilkinji ýaradylan zatlaryň beýany“, „Adam Alaýhyssalamyň beýany“, „Nuh Alaýhyssalam“, „Ýafes barada“. Görüşimiz ýaly bu nusga dört bapdan ybarat. „Oguz hannyň dünýä inmeginiň beýany“ atly bölümde Oguzyň dünýä inmegi, onuň bilen baglanşykly wakalar görkezilýär. „Gara hanyň uly aýalyndan bir ogly boldy. Ol üç gije-gündiz enesini emmedi. Her gije oglan ejesiniň düýşüne girerdi. Ol: „Ene musulman bol. Eger bolmasaň, ölsem ölerin, emma emmerin“ diýip aýdýardy. Ahyry enesi Taňrynyň birdigine iman getirdi. Ol zamanda oglan bir ýaşyna ýetmese, oňa at goýmazdylar. Oglan bir ýaşyna ýetensoň, Gara han toý etdi. Ol beglerine biziň oglumyza at goýuň diýýär. Begler jogap bermänkä, oglan aýtdy: „Meniň adym Oguzdyr“. Oňa Oguz diýip at goýdular. Kämillik ýaşyna ýetende gara han inisi Kör hanyň gyzyny alyp berdi. Oguz gyzdan Allanyň birligini ykrar etmegi buýurdy. Emma gyz ony kabul etmedi. Oguzam bu gyzy aýal edip almady. Ondan soň Gara han inisi Gyr hanyň gyzyny alyp berdi. Oňa hem iman arz etdi. Ol kabul etmedi. Oguz oňa hem öýlenmedi. Bu wakadan birnäçe ýyl geçensoň Oguz Or hanyň gyzyna öýlendi. Ol musulman boldy“. „Oguznamanyň gazan nusgasynda pygamberleriň ýaşan wagtlary hakynda giňişleýin maglumat berlipdir. Emma ol maglumatlaryň Abdylla bin Apbasyň rowaýaty esasyndadygyny unutmaly däldir. Onda şeýle diýilýär: „Ýagny Adam alaýhyssalam wagtyndan Nuh alaýhyssalama çenli 2250 ýyldyr. Jöhiter Töwratdan gürrüň edip „Adam Aleýhyssalam wagtyndan pygamber aleýhyssalamyň geçen wagtyna çenli 400 ýyl 3 aý boldy diýýär. Nuh aleýhyssalamyň tupanyndan Ybraýym aleýhyssalama çenli 565 ýyldyr. Musa aleýhyssalam wagtyndan Beýtel mukaddesi bina eden Süleýman bin Dawuda çenli 536 ýyldyr. Süleýman wagtyndan Zülkarneýe çenli 717 ýyl Zülkarneýinden Isa aleýhyssalama çenli 551 ýyl. Hezreti Isa Wepatyndan soň biziň pygamberimize çenli hiç bir pygamber döremedi. Ýene bir rowaýata ser salanymyzda Dawut pygamber barada şeýle diýilýär. „Adamyň ömrüniň müddeti 1000 –ýyldy. Adam öz zürýatlaryna nazar salyp durka Hezreti Dawudyň suraty göründi. Ol Jebraýyldan sorady: Jebraýyl aýtdy, onuň ady Dawut pygamber bolar, onuň ömri 60 ýyl bolar. Adam Allatagalladan ömrüniň 40 ýyllygyny Dawudyň ömri 100 ýaş bolýar. Adam wepat bolandan 126 ýyl geçenden soňra Nuh aleýhyssalam Eset ýyldyzynyň aşagynda dogulýar. Nuhuň tupanyndan soň şeýtan onuň ýanyna gelip, Aperin aýdýar. Nuh aleýhyssalam 950 ýyllap halky hak ýoluna çagyryp ýol görkezdi. Onuň üç ogly bolupdyr we özi gämi ýasap haýwanlary jem edip,, olary jübüt-jübütden şol gämä saldy“. Abulgazynyň „Sejereýi-terakime“ eseri. Abulgazy Bahadur han Çingiz hanyň neberelerindendir. Ol Ürgençde 1603-nji ýylda dünýä inipdir. Abulgazy „Sejereýi terakime“ („Türkmenleriň nesil daragty“) atly oguznamasyny 1661-nji ýylda ýazyp gutarypdyr. Abulgazy belli Hywa hany hem meşhur taryhçy bolupdyr. Onuň türkmenlere bolan garaýşy, olar bilen gatnaşygy öwerlik däl eken. Şeýle-de bolsa ol halkymyzyň taryhy baradaky möhüm çeşmeleriň biri hasaplanylýan „Sejereýi –terakimäni“ ýazypdyr. Onuň özi bu eseri näme maksat bilen ýazandygyny şeýle düşündirýär: „Türkmeniň mollalary, şyhlary, begleri meniň taryhy gowy bilýänimi eşidipdir-de, bir gün barjasy gelip arz etdiler: – Biziň içimizde „Oguznama“ köp. Emma arasynda gowusy ýok. Köpüsi ýalňyş, biri-birine gabat gelmeýär, hersi bir dürli. Bize dogry, ynanar ýaly taryhy bolsa gowy boljak diýip, haýyş etdiler.“ Abulgazynyň „Sejereýi-terakime“ kitabynyň türkmen taryhyny öwrenmekde gymmatly çeşmedigini meşhur alymlar, professorlar, taryhçylar belleýärler. Abulgazynyň bu eserini ýörite öwrenen hem neşir etdiren görnikli filolog, akademik A. N. Kononow bolsa, onuň ähmiýetini onuň awtorynyň hut özüniň türkmenleriň arasynda köp bolup, halkymyzyň dilden aýdylyp gelinen taryhyny hem halk döredijiligi eserleriniň ep-esli bölegini toplandygynda görüpdir. Bu barada ol şeýle diýip ýazýar: „Türkmenleriň nesil daragtynda“ Abulgazynyň türkmenler arasyndaky ýörgünli halk rowaýatyny, taýpalaryň nesil beýanlaryny, şeýle hem Oguzlaryň legendar gojasy Gorkut atanyň ady bilen baglanşykly epiki dessanlary örän gowy bilendigi mese-mälim duýulyp dur“. Abulgazynyň bu eserinde diňe dilden eşiden zatlary bilen oňman, özünden öňki Orta Aziýada taryhçylaryň türkmenler hakda berýän maglumatlaryndan ýeterlik peýdalanandygyny bellemelidiris. Bu kitap halkymyzyň gadymy hem orta asyrdaky geçmişi barada ýazylan ajaýyp eserdir. „Adam aleýhyssalamyň beýany“ bölüminde adamyň toprakdan ýaradylandygy, oňa Allatagallanyň jan bagş edendigi hakynda aýdylýar. „Oguz hannyň dünýä inmeginiň beýany“, „Oguz hannyň han bolandygynyň beýany“ atly bölümlerde Oguz hanyň dünýä inişi, onuň Taňra uýandygy, il-günini musulmanlyga çagyryp, olary özüne tabyn edişi, han saýlanşy barada maglumatlar berilýär. Beýleki bölümlerde Oguzhanyň ýörüşleri, basyp alan ýerleri, onuň nesil daragty barada gyzykly hem taryhy maglumatlar beýan edilýär. Abulgazynyň bu eseri käbir ýetmezleriniň bardygyna seretmezden türkmen taryhyny öwrenmekde çeşme bolup hyzmat edýär. Andalybyň „Oguznamasy“. Andalybyň „Oguznamasy“ giriş bilen başlanýan birnäçe bapdan ybarat. Ol mesnewi (ikileme) görnüşinde ýazylypdyr. Eserdäki wakalar şeýleräk: Girişde ilki bilen Adam Atanyň we Mama Howyň ýaradylyşy barada aýdylýar. Adam Atanyň How Enäniň onunjy oglunyň ady Nuh. Onuň nesli Jahanyň dört ýanyna pytraýar. Nuhuň hem Ýafes atly ogly, onuň hem Türk atly ogly bolýar. Türkden hem Oguz atly ogly dünýä inýär. Şunuň bilen giriş bölümi gutarýar. 1.“Oguz hannyň It barak han birlen söweş kylgany“. Oguz hanyň Hytaýyň soltany It barak bilen söweşýär. 70 gün uruşdan soň Oguz han ejizleýär. 2.“Kypjak hanyň togulgany“. Oguz han bilen It barak söweşinde Il han ibn aradan çykýar. Onuň yzynda hamyla hatyny galýar. Ol aýal bir çüýrik agajyň içinde dogurýar we Oguz han oňa Kypjak diýip at goýýar. Ol ýigit çykansoň, Oguz han oňa türk iliniň birtopar ýerlerini berýär. Ol orus, owlak, Eýran, Rak, Horezim ülkelerini tabyn edýär. 3.“Çingiz han destany“. Mongol tatarlara Çingiz han baştutanlyk edýär. Çingiz han Horezme ýöriş edýär. Horezmiň hany Muhammet ýurdy taşlap gaçyp gidýär. Çingiz han Samarkandy, Yragy, Eýrany basyp alýar. 4.“Oguz hannyň It barak handan ar algany“. Öň Oguz han Hytaý hany It barak bilen söweşende ýeňilýär. Soňra Oguz han It barakdan aryny alýar. 5.“Oguz hannyň Garahytaýny algany“. Bu bölümde Andalyp adamzadyň taryhy ýaşaýşyndan söhbet açýar. Ol adamlaryň aň-bilimsiz mysaly haýwan şekilde birnäçe ýyl ýaşaýşyny ýatlaýar. Adam ogly doglansoň, älem jahanda dört sany kysymyň bolandygyny beýan edýär. Olar: pişdadylar, keýanylar, eşkanylar we sasanylardan ybarat bolupdyr. Birinji soltanlyk on bir kişiden ybarat. Bularyň birinjisi Keýumers. Onuň ogly Huwşen bolupdyr. Ol Oguz han bilen söweşde ýeňilýär. Oguz Horasany, şähri-Bestamy, Taşkendi, Samarkandy (Samyrkendi-A. T.), Buharany, tabyn edýär. Oguz Gurda baranda birnäçe ordany gar basyp alýar. Oguz olara Karlyk diýip at goýýar. Şeýle-de, bu bölümde Oguzyň Keşmiri gol astyna geçirişi beýan edilýär. 6. „Oguz hannyň öz ilige kaýtgany“. Oguz han Badahşanyň üsti bilen Müsüre ýetýär. Ol ýerde bir ýyl dynç alýar. Soň türk iline gelýär. Şonda olar: „Bizler galla ajy“ diýip Oguz hana aýdýar. Oguz han olara Gallaç diýip at goýýar. Soň Gallaja adamlar Halaç diýipdirler. 7. „Oguz hannyň saltanat basgançagyna ýetgeni“. Türki dünýäsiniň basgançagyny goýan Oguz handyr. Ol hat-ýazuwy döredipdir. Oguzlar araba oýlap tapypdyr. Oguz hanyň üç garyndan - aýalyndan 6 ogly bolupdyr. Birinji aýalyndan Gün han we Aý han. Ikinji aýalyndan Ýyldyz we Gök han. Üçünji aýalyndan Dag han hem Deňiz han. Olaryň hem her haýsynyň dört oly bolupdyr. 8. „Tamgalar hakynda halaýyknyň aýtgany“. Bu bölümi Andalyp çistan şekilinde beýan edipdir. Onda Andalyp Oguz hanyň äleme getiren ýigrimi dört tamgasy hem olara düşünip hat ýazyp bolýandygyny beýan edipdir. Bu ýerde oguz hatynyň 24 harpdan ybaratdygy aýdylypdyr. Emma onuň ýigrimi bäşdigi hem nygtalýar. Bir tamga Oguz hanyň öz tamgasy bolupdyr. Şonuň bilen jemi ýigrimi bäş tamga-harp hasaplanýar. 9. “Oguz hannyň Şam-Şerifge bargany“ Oguz han şama gelende Gulam oňa salam berip şeýle diýýär: „Näme hyzmat bolsa aýdyň, berjaý edeýin“. Oguz han Bardu-maşryk çölünde altyn ýaýy tapýar. Gök han, Deňiz han, Dag han maşryk çölüne awa gidýärler we ýaýy tapýarlar. Oguz han ýaý tapanlara „Siz şah boluň“, oky tapanlara“Ilçi“ diýipdir. 10. „Oguz hannyň hakanlygyny ogullaryga tabşyrgany“. Oguz han il-güni ýygnap uly toý tutýar. Ogullaryna ýer-ýurt paýlaýar. 11. „Oguz hannyň ogullarga pent-nesihat kylgany“. Bu bölümde Oguz han ogullaryna adalatly bolmagy, bilim edinmegi we akyla sarpa goýmagy, ili parahat saklamagy, zulum etmezligi, halka uýmagy pent-nesihat edýär. Andalybyň „Oguznamasy“ ata-babalarymyz bolan Oguzlaryň durmuşyndan gymmatly maglumatlar berýär. 12. „Andalypnyň ýitgen oguz hatyga matam-mersiýesi“. Andalybyň „Oguznamasy“ şu bölüm bilen tamalanýar. Onda oguz haty hakynda gymmatly maglumat berlipdir. Ol „Andalypnyň ýitgen oguz hatyga matam-mersiýesi“ diýlip atlandyrylýar. Bir asmany-bela inip nahandan, Ýuwutdy ol dürri-gymmat bahany. Tirilikde zerur ol bizge jandan, Oguz öwlatynyň ruhy-rowany. Egerçe Nuh ýaşyn berdi awwaly, Toky bermiş bu gün bady-hazany. Ki bizge ança ýyl turganyň uly, Bela sançgan imiş tiri-kazany. Any ret eýlemek emri-mahaly, Mähw olmas tiýdi anyň ýazgany. Birew ret kylmakka bolsa mejaly, Kim ol merdud hem ilniň azgany. Ýaşyň üç miňden aşyp törtge mündi, Bu ýaşda çekmediň renji-yzany. Oguz öwlatydan aýryldyň indi, Ki bizlerge köýup matam-gazany. Seni asmany-aždarha ýuwytdy, Sen ol Ýunus, girip tutdyň mekany. Jemalyňdan jahan köňlün sowytdy, Men oldum Andalyp –wasfyň ýazgany. Oguz hanyň döreden haty ata-babalarymyz tarapyndan hem ýazuw, hem tamga hökmünde ulanylypdyr. Andalybyň maglumatyna görä, ol haty arap elipbiýi çalşypdyr. Şeri gelende bellesek, ХVIII asyrda ýaşap geçen nusgawy şahyr Şeýdaýynyň döreden „Gözel ýigrim bäş“ mersiýa goşgusy Oguz hanyň ýiten elipbiýiniň agysydyr . Şeýle gulaga ýakymly, Sözledim, gözel ýigrim bäş. Niçe owazy çekimli, Yzladym, gözel ýigrim bäş. Ýedisinden owaz çykyp, On sekizin tartar çekip, Üç müň ýaşda ömrün ýakyp, Geçirdik, gözel ýigrim bäş. Şeýdaýy diýr, bar beterler Seniň üçin ýas tutarlar, Bu wagt kem-käs tutarlar, Ýiter sen, gözel ýigrim bäş. Andalybyň türkmen edebiýatynda tutýan orny uludyr. Ol türkmeniň nesilbaşysy Oguz han, onuň döwleti, alyp baran söweşleri, nesilleri hakynda „Oguznama“ eserini ýazypdyr. Andalybyň „Oguznamasy“ edebiýatçy alymlar, şol sanda A. Bekmyradow tarapyndan öwrenildi. Bu ýazuw ýadygärligiň edebiýatymyzyň hem halkymyzyň taryhyny öwrenmekde ähmiýeti uludyr. Ýöne oňa seretmezden Andalybyň eserde berýän maglumatlary ylmy tesfirleme berilmäge degişli bolup durýar. Türkmeniň geçmiş taryhyndan söhbet açýan „Oguznama“ kitaplary türkmenleriň ata-babalary baradaky ajaýyp eserlerdir. Olar geçmişimizi öwrenmekde, oňa göz ýetirmekde uly gollanma bolup hyzmat edýär. Biz „Oguznamalary“ okap, nesilbaşymyz Oguzhanyň we onuň nesil daragty barada, oguzlaryň durmuşy barada baý maglumatlary bilýäris. Geçmişimizden habar berýän „Oguznamalary“ çuňňur bilmek biziň esasy borjumyzdyr. Çünki taryh iň uly terbiýe mekdebidir. Türkmende şeýle dana söz bar: „Geçmişi bolmadygyň, geljegi-de bolmaz“. Biziň geçmişimiz bolsa buýsançdan, şan-şöhratdan doludyr. Ony biz „Oguznamalardan“ görüp bileris. Ol bizde türkmeniň geljeginiň hem geçmişi ýaly beýik boljakdygyna ynam döredýär. Türkmenleriň ata-babalary hasaplanýan oguzlarda bir işiň başy tutulsa, hökman il bilen maslahat edilipdir. Köpe geňeşilipdir. “Oguznamalaryň” dürli nusgalarynda nesilbaşymyz Oguz hanyň Erkil hoja, Buýçy hoja, Garasülük ogly (Salar Harydarynyň nusgasy), Ulug Törük (Pariž nusgasy) atly maslahatçylarynyň bolandygy aýdylýar. Olar halkyň içinden çykan adamlar bolup, köpçüligiň erk-islegini Oguz han atamyza ýetirip durupdyr. Oguz han atamyz her bir işi geňeşli edipdir. Ol ýörişlerde-de, bir mesele ýüze çyksa, akylly-başly oýlanyp, maslahatlaşyp çözgüdini tapar eken. Mysal üçin, “Oguznamanyň” Salar Harydarynyň nusgasyndaky “Oguzyň zulmata baranynyň we ol ýeriň ýagdaýlarynyň beýany” atly beýanyndan aşakdaky jümleleri okaýarys: ”Oguz garaňkylyga, ýagny zulmata ýetdi. Garaňkylyk sebäbinden oňa girmek örän kyndy. Geňeşdarlary we akyldarlary hernäçe geňeş etseler-de, peýda bermeýärdi. Garasülük atasynyň gaşyna baryp, ol müşgül işi oňa arz etdi. ” Ýokarda okan “geňeşdarlary we akyldarlary hernäçe geňeş etseler-de” diýen söz düzümi arkaly Oguz han atamyzyň “geňeşdarlarynyň”, “akyldarlarynyň” bolandygyny we onuň “hernäçe geňeş edendigini” bilýäris. Bu jümleleriň edebi manysy juda giňdir. Üns berseňiz geňeşdar hem akyldar sözleri köplük manyda gelip, ol il serdary Oguz hanyň düýpli hasaplanylan ýa-da zerur jogabyny talap edýän meseläni hut köpçüligiň, halkyň, ýörüşde goşunuň maslahaty bilen çözgüdini, bir netijä gelendigini aňladýar. Diýmek türkmeniň her bir işi maslahatly etmek ýörelgesi, maslahat geçirmek däbi hut, Oguz han atamyzdan öz gözbaşyny alypdyr we onuň bäş müň ýyllyk taryhy bar. “Oguznamalary” okap türkmen milletimiziň ata-babalary bolan oguz ilinde edil biziň şu günlerimizdäki ýaly, ýaşuly nesle iňňän uly hormat goýulýandygyna şaýat bolýarys. Sebäbi, nijeme kynçylyklary, gowgalary başyndan geçiren hem durmuş tejribesi kemsiz ýeten ýaşulylarymyz her bir işiň çözgüdini dogry tapypdyrlar. Salar Harydarynyň “Oguznamasynda” ady getirilýän paýhasly Buýçy hoja köp gowgany başdan geçiren ýaşuly bolup, ol barasynda şeýle diýilýär: “Olaryň arasynda köpi gören, akylly we paýhasly bir kişi bardy. Onuň adyna Buýçy hoja Garasülük ogly diýýärdiler. ” “Oguznamanyň” iň gadymy hem ygtybarly hasaplanýan uýgur hatyndaky Pariž nusgasynda Oguz hanyň Ulug Törük atly düýş ýorujy garry weziriniň bolandygy barasynda maglumat berilipdir. Geliň ol edebi habary bilelikde okalyň: “Unutmalyň, kişilere bellik bolsun, Oguz hanyň ýanynda ak sakgally, ak saçly, ukyply bir garry adam bardy. Ol sowatly we düýş ýorujy wezirdi, onuň ady Ulug Törük ekeni. ” Ýeri gelende bellesek Oguz han atamyz hut Ulug Törügiň nesihaty, maslahat bermegi bilen ýurduny ogullaryna bölüp berýär. Ynha görüşimiz ýaly, Oguz han atamyz ýaşuly, kemsiz durmuş tejribeli ak sakgal gojalaryň sarpasyny belentde saklapdyr. Gadymy oguzlaryň soňra gurultaý atlandyrylan oguz ăhliumumy ýygnagynda–maslahatlarynda ýaşulular aýratyn hormatdan peýdalanypdyrlar. Diýmek, türkmen halkymyzda maslahatly iş tutmak däbi Oguz han atamyzdan gaýdýan eken. Türkmen halky aradan bäş müň ýyl geçse-de, edil oguz döwründäki ýaly, hatda ondanam zyýada ýaşuly nesle, dana hem paýhasly aksakal gojalarymyza hormat goýýar. Oguz han jemgyýetiň jemagatyny daýhanlar, çopanlar, azyk öndürijiler; hünärmentler; söwdägerler hem söweşijiler ýaly toparlara bölüpdir. Garaz jemgyýetde her kimiň anyk öz etmeli işi bolupdyr. “Gorkut ata” kitabynyň “Salaryň öýüniň ýagmalandygy boýunda” Salar Gazanyň Garaja çopany söweşe ýany bilen alyp gitmänliginiň bir sebäbi, jemgyýetiň agzalarynyň hersiniň özüniň etmeli işiniň kesgitlenendigi bilen baglanyşyklydyr. Ýöne Watan mukaddes. Zerur halatynda, Watana gezek gelende hiç bir kim durmuşda eýeleýän ornuna, aýal-erkegi, uly-kiçi diýmän, aýdylyşy ýaly ýerden döräni aýaga galypdyr. Şeýle jebislik köpçüligiň erk isleginiň kanagat, myrat tapyp, amala aşan zamanynda, azatlygyň, erkinligiň häkimiýet tarapyndan doly kepillendirilen wagtynda bolýandygyny şu günümiziň mysalynda düşündirip bolar “Oguznamalarda”, şonuň ýaly hem “Gorkut ata” kitabynda türkmeniň goýmak hem at almak däbiniň durmuşda esasy orunda durýandygyna, oňa juda jogapkärçilikli çemeleşilýändigine göz ýetirmek bolýar. “Oguznamalarda” ady Oguz han atamyz, “Kitaby dädem Gorkutda” Dädem Gorkut at goýýar. Şu ýerde birbada garşylykly görünse-de, bir hakykaty aýdyp, geçmek makul. Ýigitleriň öz atlaryny özleri gazanmak däbi Görkut atanyň ýaşan zamanynda ýüze çykypdyr. Megerem, ol döwrüň galagoply ýagdaýy, jemgyýetiň gerçek goç ýigitlere, harby ussatlyga aýratyn zerurlyk çekmegi bilen baglanyşyklydyr. “Oguznamanyň” has irkiligi üçin ygtybarly hasaplanýan Pariž nusgasynda Oguz hanyň at berýän her bir adamsynyň öňden ady bar eken. Geliň ygtybarly hasaplaýan nusgamyzdan alan delillerimize seredeliň: ”Leşgerleriň içinde Ulus Orda beg diýen bir ýagşy beg bardy. Ol ukyply we akylly adam ekeni. Ol beg derýa boýunda köp agaçlaryň durandygyny gördi. Şeýlelik bilen ol beg ol agaçlary kesdi. Olary suwuň üstünde ýüzdürip, özleri onuň üstüne münüp, Itil derýasyndan geçdiler. Oguz han şatlanyp gülüp aýtdy: “Eý, sen bu ýerde bol, beg, gypjak saňa at bolsun.” Şeýle mysallary ýene-de getirmek mümkin. Oguz han gypjakdan başga halaç, kaňly, garlyk, uýgur, araçäri ýaly atlary özi goýupdyr. Soňra olaryň hersi bir urugyň adyna öwrülipdir. Oguz hanyň halaç adyny dakyşy barada şeýle maglumat getirilýär: “. . . Ol ýolda bir öý gördi, bu öýüň tamy altyndan, tüýnügi kümüşden, gapysy demirden ýasalan ekeni. Gapysy gulplanan bolup, açary ýok ekeni. Leşgerleriň içinde bir çeper ussa bardy. Onuň ady Temürdä Kagul ekeni. Oguz oňa: “Sen bu ýerde gal, gapyny aç, gapyny açanyňdan soň orda gel” diýip höküm etdi. Hem-de oňa “Galaç” diýip at goýdy.” “Oguznamalarda” görşümiz ýaly oguzlaryň käbir urugynyň atlarynyň gelip çykyşy barada örän gyzykly maglumatlar berilýär. Kaňly adynyň gelip çykyşy hem şolaryň biridir. “Leşgerleriň içinde eli çeper bir adam bolup, onuň ady Barmaklug Jusun Billig ekeni. Bu çeper adam bir uly araba ýasady. Arabaň üstüne jansyz oljalary ýükledi, arabanyň öňüne janly “oljalary” goşdy, olara arabalary çekdirtdi. Nökerler halk muny görüp haýran galdy. Olar hem araba ýasadylar. Uly araba ýörände “kaňga”, “kaňga” diýen owaz çykarýardy. Şunluk bilen oňa “Kaňga” diýip at goýdular. Oguz han kaňgalary görüp, güldi, şeýle diýdi: “Kaňga bilen jansyz oljany janly olja sürdüren sen. Arabany ýatdan çykarmazlyk üçin Kaňgalug saňa at bolsun” diýip, ýöräp gitdi.” Ýokarky mysallardan görşümiz ýaly, Oguz han atamyz Ulus Orda Gypjak, Temürdä Kagula Galaç (Halaç), Barmaklug Jusun Billige bolsa Kaňgaluw atlaryny dakýar. Nygtamakçy bolýan pikirimiz, başarnyk-ukybyna görä at dakylan adamlaryň öň hem ady bar eken. Emma Gorkut ata heniz at almadyk oglanlara eden, başaran işine görä, at dakypdyr. Şu ýerde ýene bir ýagdaýy bellemekçi. Ýokarda “Oguznamanyň” Pariž nusgasyndan getirilen maglumatlar beýleki nusgalarda başgarak görnüşde getirilýär. Biz ylmy jemgyýetçilik tarapyndan ygtybarlygy ykrar edilendigi üçin “Oguznamanyň” Pariž nusgasyna daýandyk. Emma “Oguznamalaryň” beýleki nusgalary-da ähmiýetlidir. Mysal üçin “Oguznamanyň“ Gazan nusgasynda Oguz hanyň gypjak adyny dakyşy barada gymmatly maglumat bar. Onda şeýle diýilýär: „Bir söweşde Oguz hanyň nökeri aradan çykýar. Aýaly gutulypdy. Ol hamyla eken.Bir çüýrük agajyň arasynda ogul dogurýar. Han ony:“Munuň atasy biziň öňümizde öldi. Hossary ýok“ diýip, ogul edindi. Adyna Gypjak goýdy.“ Okuw gollanmada “Oguznamalaryň” özara derňewüni maksat edinilmändigi üçin bu barada şulary aýtmak bilen çäklenýäris. Gadymy döwürde ada şeýle üns berilmeginiň sebäbini galagoply döwür bilen bagly bolup, onuň türkmen ýigitleriniň söweşijilik ukybyny terbiýelemekde biçak uly ähmiýete eýedigini öňde ýatlapdyk. Ýöne onuň ýene bir oňyn tarapyny nygtasymyz gelýär. Geçmişde ata-babalarymyz ýigidiň gaýratlydygyna, synagdan geçendigine kepil geçýän ady bermek, dakmak bilen jemgyýet ony tapawutlandyrypdyr. Il-halk gaýratly ogluna minnetdarlygyny bildiripdir. Sebäbi, ady berýän il, köpçülik. Oguzlaryň yslamy kabul etmegi bilen olaryň at dakmaklyk, ady özüň gazanmak däbi kem-kemden musulmançylyk düzgüne geçýär. Ýöne şeýle-de bolsa, türkmen gaýratly ogullaryna azan aýdylyp, goýlan adynyň yzyndan öz rowa gören “serdar, han, il ogly, halkyň ogly, batyr, beg” kimin atlary dakypdyr. Biziň günlerimizde onuň ýerini hormatly atlar, orden, medallar eýeläpdir. Ýöne şonda-da halk kalbyndan orun beren gaýratly ogullaryna, watan gerçeklerine ýagşydan ýagşy atlary dakýar. Şu günki gün saklanyp galan “Oguznamalar” aslynda oguz rowaýatlarynyň esasynda döräpdir. Çeper eser görnüşine getirilipdir. “Oguznamalaryň” ýa-da oguz edebýatyna degişli golýazmalaryň ýazylan wagty X – XI asyrlar ýa-da ondan bärdedir. Olar öňden bar bolan haýsydyr bir taryhy ýazga esaslanyp döredilipdir. Emma aljyraňly döwürlerde ol diňe halkyň aňynda ýaşapdyr. Soň ol haýsydyr bir ussat tarapyndan çeper eser, kitap görnüşine getirilipdir. Emma onuň taryhy temadadygy üçin ähmiýeti juda uludyr. Türkiýeli oguz – türkmen taryhyny öwreniji alym Faruk Sümer “Oguzlar–türkmenler” atly taryhy işinde “Oguz han” dessanynyň (“Oguznamanyň” Patiž nusgasy) uýgur dilindedigini, hatyndadygyny nygtaýar we onuň özünden soňky ýazylan oguznamalara maglumat çeşmesi bolup hyzmat edendigini habar berýär: “Bulardan “Jamy at-Tawaryhdaky”, “Türkleriň taryhy we Oguzuň jahangirliginiň hekaýaty” atly eser uýgurça dessanyň yslamy nukdaýnazardan işlenen nusgasyndan başga zat däldir. Şu sebäbe görä “Oguz Kagan” dessany gürrüňi edilýän esere garanyňda birnäçe ýyl öň ýazylandyr diýip pikir edýäris.” *** Oguz han atamyzyň taryhy keşbi “Oguznamalara” siňipdir. “Oguznamalar” taryhy çeper kitaplardyr. Taryhy eserleriň öz aýratynlygy, öz talaplary bolýar. Taryhy keşp janlandyrylanda taryhy hakykatdan kän bir daşlaşylmaýar. Onda taryhy wakalar çeperleşdirilip beýan edilýär. “Oguznamalarda” şu talabyň belli bir derejede saklanandygyna şaýat bolýarys. Ýöne muňa garamazdan çeper edebiýat bolsada gadymyýetde çeper toslamasyz oňmandyr. Şol sebäpli taryhy keşpler şahyrana çeperleşdirmänň ýolunda hyýaly gahrymanlara öwrülipdirler. Emma hakykatda olar real obrazlar bolmalydy. Ýöne irki, onda-da uzak gadymyýetde real obrazy döretmek beýlede dursun, ol wagtlarda ony göz öňüne getirmek hem mümkin däldi. “Oguznamanyň” uýgur hatyndaky nusgasynda hyýaly çeper suratlandyrma diňe Yslam dini bilen baglanyşykly ýüze çykmaýar. Emma bu ýagdaý beýleki “Oguznamalarda” saklanmandyr. Olarda oguz durmuşy-da, Oguz hanyň çeper keşbi-de hyýaly ýa-da soň tapylan, goşulan, dini wakalara dahylly edilip beýan edilýär. Şeýlelikde, taryhy hakykatdan daşlaşylýar. Netijede eseriň durmuşy ynandyryjylygy gowşaýar. Ondaky hereket edýän gahrymanam hyýaly keşp öwüşgüninde janlanýar. Munuň özi orta asyr edebiýatymyza mahsus ýagdaýdy. Orta asyr şahyrlarymyz saýlap alan gahrymanlarynyň häsiýetini, gujur-gaýratyny, adaty bolmadyk ukyplaryny açmak üçin, hiç bir çäklendirmesiz çeper toslama wakalary isledigiçe ulanypdyrlar. Biz bu barada aşakda jikme-jikligi bilen durarys. Ýöne şu ýerde anyk şu mesele-de “Oguznamalardaky” arassa oguz durmuşynyň, Oguz han atamyzyň taryhy çeper keşbiniň şahyrana şöhlelendirmesi bilen ondaky hyýaly çeper toslama durmuşyň arasyna parh goýmaklygyň edebiýatymyzyň baş borjy, wezipesidigini aýratyn tekrarlaýarys. Bu ugurda ylmy işleri alyp barmak ähmiýetli bolar. Pariž nusganyň ýene bir aýratynlygy nesilbaşymyz Oguz hanyň danyşmend ýaşulysynyň, maslahatçysynyň bolandygyny habar berýänligidir. Dogry bu keşp beýleki “Oguznamalarda” hem bar. Ýöne Pariž nusgasynyň ygtybarlydygy üçin bu maglumat gymmatlydyr. Dessanda bu barada şeýle diýilýär: “Unutmalyň, kişilere bellik bolsun, Oguz hanyň ýanynda ak sakgally, ak saçly, ukyply bir garry adam bardy. Ol sowatly we düýş ýorujy wezirdi, onuň ady Ulyg Törük eken” «Oguz han» dessanynda berilýan maglumata görä, Oguz atamyz ilki Gökden inen mawy yşygyñ içinden çykan peri gyza öýlenýär. Soñra agajyñ köweginiñ içinde oturan ýer gözelini gelinlik edinýär. Soñraky ýazylan «Oguznamalarda» ol atasy Gara hanyñ inisi Or hanyñ gyzyny gelinlik alýar. Eýsem, bu maglumatlaryñ haýsysyny has ygtybarly hasaplap bolar? Biz öñde «Oguznamalarda» Oguz hanyñ çeper keşbiniñ taryhylygy meselede has ynandyryjydygyny nygtapdyk. Bu esasan dessana yslam ruhunyñ çaýylyşy babatyndady. Emma anyk şu meselede «Oguznamalarda» gadymy mifologiýanyň aýratyn orun alandygyny, gadymy mifçilik häsiýetiniñ agdykdygyny hakykatyñ hatyrasyna aýtmalydyrys. Biziñ pikirimizçe, «Oguz han» dessanynda Gökden düşen mawy yşygyñ içinden çykan gyza öýlenmegi Oguzyñ Gök Tañry ýeke hudaýyñ Pygamberidigi bilen baglydyr. Ol Oguz hanyň Pygamberlik mertebesiniñ hyýaly çeper waka arkaly beýan edilmeginden başga zat däldir. Oguzyñ ruhy dünýäsiniñ şahyrana çeper berilmegidir. Onuñ agajyñ köweginde oturan ýer gözeline öýlenmegi bolsa, Oguzyñ Asmany Tañrynyñ ýerde ýeke-täk saýlan we mertebe beren, şeýdip, ähli kişiden beýik eden adamsydygynyñ alamatlandyrylmasydyr. Oguzyñ Asman-u-Zemin içre ýeke-täk Tañry halan Patyşa, Beýik Soltandygynyñ çeper suratlandyrylmasydyr. Oguz hanyñ Asman hem Zemin sazlaşygyny, umuman sazlaşykly ýaşamak isländiginiñ subutnamasydyr. Ol Oguz hanyñ ogullaryna dakan atlarynda hem görünýär. Ol Oguz zamanynyň edebiýatynda oguz dünýäsini öwrenmekde bahasyna ýetip bolmajak gymmatly pelsepe taglymat jümleleridir. Oguz hanyñ alty oglunyñ, ýigrimi dört agtygynyñ bolmagy we olaryñ hersiniñ bir urugy esaslandyrandygy hakykatdyr. Türkmenlerde häli-häzire çenli ýakyn garyndaşlaryndan gyz gelinlik lyşmak däbi saklanyp galypdyr. Türkmen halky çagasyna at dakanda-da öz ruhy dünýäsine ýakyn atlary saýlap alýar. Ol atlarda ata-enäniñ arzuw isleg-myrady görünýär. Oguz han Pygamberlik mertebesine galan Beýik şahsyýetdir. Ol Oguz ýurduny döretipdir. Döwlet gurupdyr. Bu zeminde ýaşamagyñ, dowamat dowam bolmagyñ müdimi kanunlaryny nesillerine ýadygär galdyrypdyr. Onuñ döreden elipbiýi müñýyllyklaryñ dowamynda oguz dünýäsini ýazga geçiripdir. Dünýäde bir halk, iñ bärkisi elipbiyiniñ gadymylygy bilen şöhratlanmaly bolsa, olaryñ içinde türkmenem bardyr. Oguz han atamyz bilime aýratyn sarpa goýupdyr. Oguz han dünýäde ilkinjileriñ hatarynda elipbiýi döredip, öz nesillerine terbiýe we bilim bermegi ýola goýan şahsyýetdir. Onuñ döreden mekdebinde, esasan, serkerdeleriñ çagalary söweş we serkerdelik başarnyklary öwrenipdirler, zamanynyň ähli ylmy öwredilipdir. Oguz handan: “Bilegi zor birini ýykar, bilimi zor müñüsini ýykar. Eger bilimiñiz bilen bilegiñiziñ güýji birleşse, onda her biriñiz müñ kişä taý bolarsyñyz diýipdir. Muña göz ýetirmek üçin Oguz hanyñ harby ýörişlerini synlamak ýeterliklidir. Ol söweşde ýüze çykan kynçylyklardan akyl paýhasy bilen baş alyp çykýan batyrlaryna aýratyn sarpa bildirip hormatly at goýýar. Arabanyñ ýasalmagy, derýadan geçilmegi ýaly bir giden, «Oguznamalardaky» taryhy wakalaryñ çeper beýanlary muña delildir. Oguz han tebigy zehinli parasatly bolupdyr. Onuñ ýaşan zamanyndan bäri bäş müñ ýyl wagt geçipdir. Onuñ Beýik ruhy - Milli oguz türkmen ruhy bolup nesilden-nesile geçip gelýär. “Oguznamalar” türkmen halkynyň gadymy taryhydyr. Olarda suratlandyrylýan wakalar munuň aýdyň subutnamasydyr. Hut “Oguznamaçylyk” däp arkaly türkmen halky müň ýyllyklaryň dowamynda öz taryhyny ýazypdyr. Bu däp biziň günlerimize çenli hem saklanyp galypdyr. Munuň özi türkmen halkynyň gadymy medeniýetini gelejekgi nesillerine geçirmekde ähmiýete eýedir. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |