OKALMADYK HAT
Işiň köplüge hyzmat etmek bolsa «Bir depäň, bir dabanyň» diýleni bolar eken. Dükana satyjy bolup gelelim bäri her gün şeýle. Bir işi gutaryp ýetişmänkäň, ýene biri elini salgap otyr. Onsoň hemişe albaşymsyň. Şu gün irden bir daýza gelip, «Düýnki alan ýarym kilogram şekerimiň elli gramy ýetenok» diýip, alan zadyny yzyna gaýtarmakdan-a geçen, gaýta onuň puluny-da gözüme basyp alyp gitdi. Bi alyjylara-da haýran galaýmaly. Hem-ä olara hoz gerek, hozuň hem mürrügi. Şonda dagy ýer ýarylmady, men girmedim.
Şeýdip, bu gün hem iş başymdan agdyk boldy. Hemme işe ýetişjek bolup, ondan-oňa haýdap ýörşüme, arka tarapymdan çykan hoşamaý sese endamym dyglap gitdi:
- Bagyşlaň, maňa-da bir kilogram şeker çekip beräýiň-dä...
Gaňrylyp yzyma seretdim. Başga biri bolsa-ha, «Azajyk sabyr ediň!» diýäýsem-de boljakdy. Emma öňümde dagyň jereni ýaly ýüzünden gözüňi aýryp bolmaýan bir gözeliňsarsman durmagy meni bu pikirimden çürt-kesik dänderdi. Edip oturan işimi taşlap, laňňa dikelemde, gapdalymda duran çelek düňderiläýmezmi?! Duýdansyz çykan şakyrda, dogrusy, özümem birhili boldum.
- Näme diýdiňiz? – diýip, hiç zat bolmadyk ýaly, göýä şol çelegiň hem sesi gulagyma ilmedik ýaly osmakladyp sorag beren boldum. Ol utanyp, hasam ýygryldy.
- «Şeker» diýip, sizi aljyradaýdym öýdýän. Han-ha, men sebäpli çelek hem döküldi. Wah, birazajyk garaşaýmaly ekenim. Howlukdyranym üçin siz meni bagyşlaweriň! – diýip, bir gapdala çekilip duran ýaly etdi. Men «Ýok, ýok,.. oňa üns bermeseňizläň!» diýen äheňde çalaja elimi daldaladyp, gyzyň ýumşuny bitirmäge howlukdym. Elim işde, gözüm weli gyzyň duran tarapynda. Şol tarapa bal çalnan ýaly, seretdigimçe, seredesim geldi durdy.
- Ine, alyň! – diýip, ýylgyryp, şekeri oňa uzatdym. Ol şekeri alyp, dükandan çykyp gitdi. Çykyşy ýaly hem derrew dolandy.
- Men şeker diýipdim weli, siz un çekip beripsiňiz-ä...
Ýüzüm gyzyp giden ýaly boldy. Asyl men ondan gözlerimi aýyrman otyrşyma, näme guýýandygyma esewan etmedik bolsam nätjek?! Hernä, yzda duran alyjylaryň biri «guk» diýlen ýaly dadyma ýetişäýdi.
- Un bolsa, getir gyzym, maňa beräý! Men häliden bäri hem şoňa garaşyp durdum-da – diýip, onuň elindäki gaby alyp, maňa onuň bahasyny uzatdy. Men indi gyzyň ýüzüne ýürek edip seredip bilemokdym. Ol göwnüme «Şeker bilen unuň tapawudyny bilmeseň, satyjy bolup işläp ýörmäň näme?!» diýäýjek ýalydy. Emma sesini çykarmady. Şeker çekip berenimden soň, eglenmän çykyp gitdi. Şol pursat göwnüme gara bulut çöken ýaly, gaty erbet hala düşdüm.
Näme bolandygyny bilemok. Şol günden soň hiç zat bilen wejim bolman, düňle halda içimi hümledip ýören ýaly bolaýdym. Kalbymda dörän düşnüksiz duýgynyň ýesiri bolup ýörün. Söýgümikä, janlarym?! Şol gyzy göresimiň gelýändigi-hä çyn. Ýöne ýüregiňden islän zadyň bolup durmy diýsene! Ol gyz käwagtlar dükana gelip gidýär diýäýmeseň, başga üýtgeşik zat-ha ýok. Ol her gezek gelende, ýüregimiň hem bir bölegini sogrup alyp gidýändigini bilýärmikä?!
Bir gün-ä halys çydaman, uzakly günläp dükanymy ýapman, onuň gelerine garaşdym. Şol gün meniňki oňuna boldy. Nämedir bir zatlara güýmenip otyrkam, onuň gapydan girenini duýman galypdyryn. Hernä, özi dillenensoň, bilip galdym.
- Bagyşlaň welin, uly azara-da goýýan öýdýän. Maňa şo-ol ýagyňyzdan birini uzadaýyň. Ýolda biraz eglenmeli bolamsoň, dükan bir ýapylaýmasyn diýip, haýdap gelşim boldy şu – diýip, demi-demine ýetmän, zordan gürledi. Kakylan gazyk ýaly, bir ýerde sömelip durşuma zordan başymy atdym. Içimden bolsa: «Seniň geljegiňi bilsem, uzyn gijesi bilen daňdana çenli garaşmanmy men» diýip, göwün ýüwürtsem, ýene bir ýerden «Şundan amatly pursat ýok. Gyza ýüregiňi aç, hany, bol!» diýen pikir böwrümi dürtüp ugrady. Ýöne, näme üçindir, oňa gözüm düşenden, şol pikirler edil gyrgy gören serçe sürüsi ýaly duw-dagyn boldy. Ozaldan bişirilip, jemi çykarylan sözleri gaýtalaýmaly welin, şony hem aýdyp bilmän, ýaýdanyp durşuma janym dagy ýanaýdy... Ol diýen zadyny alyp gidibermäge hyýallanan ýaly etdi, ýöne gidibermedi. Özi dil açaýdy:
- Siz bärde köpden bäri işleýäňizmi?!
Gürrüňiň böwediniň ýarylanyna begenip, birbada «hawa» diýmänem unudyp, çalaja başymy atdym. Ahyry dilime gelen söz hem şu boldy:
- H...hawa, köp wagt-a boldy – diýenimde, sesimiň erbet sandyrap gidenini özümem duýdum. Hernä, syr bildirmejek bolup, sözümiň yzyny ýetirdim:
- Ýöne şol gün gaty başagaý bolanymdanmy, nämemi, size ýalňyşyp, un çekip beräýipdirin. Şonda göwnüňize zat alan dälsiňiz-dä!
Içimden öz-özüme igendim: «Ýeri, şundan başga söz tapmadyňmy diýsene!». Men özümiň juda emelsizligime janym ýanýar... Gyz bu sözleri eşidip, mähirli ýylgyrdy.
- Beren zadyňyz-a alyp gitdim. Ýöne göwnüm-ä hiç zat almadym. Gaýtam, şol gün özümem bilmändirin. Öýe baranymdan soň, alyp giden zadym hem duz bolup çykdy. Hernä, öýümizde duz ýok ekeni – diýip, gyz jak-jak edip güldi.
Dogrusy, bu sözleri eşidip, üstümden bir bedre sowuk suw dökülen ýaly boldy. Ömrümde beýle aljyrap görenim ýadyma düşenok. «Duz bolup çykdy» diýen duzly söze birbada ynanmajak boldum.
- Näme, duz bolup çykdy? – diýip, onuň sözlerini ýene bir öwra gaýtaladym. Onuň gülki peltesine ýag daman ýaly, hasam möwjäp ugrady. Gülki arasynda şu sözleri zordan saýlap aldym:
- H...ha...hawa, hakyt duz-da...
«Adamlar-a dälä güler, däli hem olara» diýlenini edip, menem onuň gülküsine gülmän durup bilmedim. Ýöne bu uzak dowam etmedi. Ol ahyry «ýüregini döküp» bolansoň, üýtgeşik nazar bilen maňa diňkesini dikdi. Men onuň bu bakyşyndan hiç zat aňlap bilmedim. Dogrusy, oňa söz gatmaga hem bognum ysmady. Mundan soň oňa bir zat diýmek, ylgawyň öňüni çekip gelýän ýeňijini edil pellehananyň alkymynda saklap, «Hany, dur-la, gardaş, bir çilim kükedeli!» diýen ýaly bir zat boljakdy. Saklandym. Aňlaýşym ýaly hem boldy. Ol uzak garaşdyrmady.
- Siz göwnüňize hiç zat alan dälsiňiz-dä. Gülkimi saklap bilmedim-dä. Göwnüňize degen bolsam, siz meni bagyşlaň – diýip, onuň birdenkä başga keşbe girip, çaga ýaly ötünç sorap durmagy meni ör-gökden getirdi. Aslynda, bu zatlar üçin men ondan ötünç soramalydym ahyry.
- Ý... ýok-laý, diýýäniňiz näme?! G... gaýtyb-a bu sözleri men aýtmalydym – diýip, sakyna-sakyna zordan dilimiň bardygyny aňlatdym. Ýagyş-ýagmyrdan soň bulutlaryň syrylyp, ýalpyldap Gün çykyşy ýaly, bu sözlerden soň onuň ýüzündäki gam gubary syrylyp, birhili, açylan ýaly boldy. Asyl gürlemek hem gerek bolmady. Ol ýakynda göçüp gelendiklerini, eneleriniň öýünde ýaşaýandyklaryna çenli ilik-düwme gürrüň berdi. Adynyň Şekerdigini aýdanynda bolsa, dünýäm giňäp gitdi. Men saklanyp bilmän:
- Size çekip barýan zadymyň şeker däl-de, başga zat bolup çykýandygyny ilki-ilkiler geňem gördüm-le. Size şeker çekip hem bermeli däl eken-ä. Asyl özüňiz Şeker ekeniňiz – diýip, ýylgyran boldum.
- A siziň adyňyz näme?
Emma Şekere adymy aýdyp ýetişmedim. Dükana alyjylaryň gelmegi bilen biziň sözümiz orta bilinden ýolundy. Ol haýal etmän, dükandan atylyp çykyp gitdi.
Şol günden soň iki gün geçipdi. Säher bilen bir işe dümtünip otyrkam, daşarda kimdir biriniň maňa garaşyp durandygyny aýtdylar. Çyksam, şol gije düýşümde, gündiz huşumda soraglap ýören Şekerim-dä. Özi-de juda gyssagly bolara çemeli. Meni göreninden ýanyma gelip, edil alkymymda saklandy. Indi onuň dem alşyna çenli maňa eşidilip durdy.
- Salam, bimaza edenim üçin bagyşlaweri. Şol gün çendenaşa köp gülüp, öteräk geçipdirin öýdýän. Şonuň üçin... Ýörite saňa ýaglyk satyn aldym. Göwnüňe almadyk bolsaň-a şu ýaglygy al. Men muny seniň üçin niýetledim. Ol menden saňa ýadygärlik bolsun! – diýip, meniň islegime-de bakman, gyralary seçekli, owadan gülli ýaglygy uzatdy. Elime ýylan tutdurylan ýaly, ätiýaçlyk bilen elýaglyga seredip durşuma zordan gürledim:
- Siziňem alada edip ýören zadyňyzy... Geregem däldi-dä – diýip, kellämi galdyryp, töweregime seredenimde, Şekeriň eýýäm menden arany açyp, daşlaşyp barýandygyny gördüm. Kalbymda dörän pikirler bolsa, edil gaýnag suw ýaly lasyrdap, köpürjikläp ugrady: «Ah, ony ýene-de elden giderdiň. Iň bärkisi, oňa adyňam-a aýtmadyň».
- Taýmaz... Taýmaz, saňa başlygymyz gelip gitsin diýýär – diýen sese «häh» diýlen ýaly tisginip gidipdirin. Arynyň öýjügi ýaly kelläm şunça güwläp dursa-da, «başlyk» sözüni eşidip, dükana tarap ýelk ýasanymy duýman galdym.
Şol «ýaglykly» günden soň, oňa bolan söýgim has-da güýjän ýaly boldy. Onuň sowgatlyk beren ýaglygyny, hamala, asman-zemin arasynda ýer ýok ýaly ýüregimiň üstünde — goltuk jübümde göterdim ýördüm. Ol biziň kir-kimirsiz söýgimiziň ýüzüdi, asyl keşbidi. Oňa gara sürtmek, onda tegmil galdyrmak öz söýgiň ýüzüne gara çalmak ýaly bir zat boljakdy. Birnäçe gün geçdi. Bir gün säwlik bilen dükana gijä galyp geläýmenmi?! Aňyrdan howlugyp gelşime dükanyň agzyna ýetenimem şoldy welin, seniň pete-pet öňümden çykmagyň meni diýseň gorkuzdy. Tas ulilim bilen gygyrypdym... Ýöne, näme üçindir, sen birhili, gaýgylydyň. Birmahalky gyrmyzy ýaňaklaryň, okara ýaly gözleriň, birhili, sus görünýärdi...
- Salam! – diýip, sen zordan dillendiň. Men henizem seniň sendigiňe ynanmajak bolýan ýaly, gözlerimi aýryp bilmän durdum. Ynanar ýalymy?! Ýaňy açylyp ugran gunça birnäçe günüň içinde beýle saralyp, solar diýilse, kim ynanar! Hernä, seniň dil açmagyň meni özüme getirdi. Saňa gürlemegiň diýseň agyr düşýändigini sözleriňdenem aňdym.
- Seniň geleriňe kän garaşdym – diýip, ýellenip giden ýüzüňi menden gizlejek bolýan ýaly, ony elleriň bilen ýapdyň. Seniň häzirki ýagdaýyň meniň üçin diýseň geňdi, syrdy.
Hernäçe bildirmejek bolsaň-da, ýüregim bir zatlar aňan ýaly boldy. Sen gaýdyp gürlemediň. Eliňi ýüzüňe tutup durşuňa gaýralygyna tarap ylgap gitdiň. Senden näme üçin aglaýandygyň sebäbini hem sorap ýetişmedim. Gumaksy köçäniň ugry bilen tüwdürilip gidip barýardyň...
Birnäçe günden soň, seniň durmuşa çykýandygyň hakyndaky habar gulagyma ilip, dünýäm garaňkyrap gitdi. Seniň beýle netijä geleniňe hiç ynanyp bilmedim. Ýogsam, sen şeýle etmeli gyzmydyň?! Indi meniň üçin ähli zat gutardy. Näme üçindir, sen gelmegiňi keseniňden soň, dükanda hem işler kän ýöräbermedi. Ine, bir gün hem harytlaryň hasabyny ýöretmek üçin galam-kagyza güýmenip otyrkam, iki sany daýaw, murty taban pyýada dükana geldi. Olar haryt satyn almaga gelene meňzeş däldi. Özleriniň hem ýeňleri çermelgidi. Men olaryň päliniň düzüw däldigini gözlerine seredip aňdym.
- Senmi şol gyza azar berýän? – diýip, olar gele-gelmäne meniň ýakama ýapyşdylar. Men ör-gökden geldim.
- Kim ol? Ol haýsy gyz? – diýip, sorag berenim hem şoldy welin, alkymymyň aşagyna bir zat gütüläp degdi. Şondan soň özümi bilmän ýatypdyryn. Birhaýukdan soň, gözümi açsam, oýansam, töweregimde menden başga iňlär siňek ýok. Bir özüm. Kellämiň erbet ganap durandygyny hem elimdäki gan yzlaryny görüp, bilip galdym. Hasyr-husur goltuk jübimden ýaglygymy çykaryp, ony maňlaýyma tutanymda, ýaglygyň iç ýüzündäki ýazga gözüm düşdi. Onda şeýle sözler bardy: «Salam, Taýmaz! Men seniň adyňy hem dostlaryňdan eşitdim. Bu ýazgyny ýazmagyma hem ýüregimde dörän söýgim sebäp boldy. Men seni gowy gördüm... Ýazan Şeker!».
Kalbymda ýyldyrym süýnüp gitdi. Bu ýaglyk Şekeriň maňa beren ýaglygydy. Ýöne, näme üçin, ondaky ýazgyny görmedimkäm?! Indi ähli zat maňa edil aýnada ýüzüňi görüp oturan ýaly düşnükli boldy. Şol gün onuň aglamagynyň sebäbine hem edil şu pursat düşünip galdym. Başymy aşak egip oturşyma, dilime gelen söz hem şu boldy: «Ne-hä oňa söýgiňi duýduryp bilipsiň, ne-de onuň söýgüsini kabul edipsiň». Haýp!
Goçmyrat ORAZBERDIÝEW.
Hekaýalar