00:45 Okaraňy getir süýt bereýin | |
OKARAÑY GETIR SÜÝT BEREÝIN
Geň-taňsy wakalar
"Okaraňy getir süýt bereýin" atly tomzajygy biziň ählimiz bilýäs. Ruslar ol jandara "Hudaýyň sygyrjygy" diýýärler. Ol jandar tomzaklaryň içinde, ýeke-täk ýigrenç döretmeýän jandar. Ol jandary biziň ählimiz çaga wagtymyz öz elimizde saklap gördük, biz ol jandary gören badymyza öldürmäge ymtylamzok. Ýöne tomazaklaryň başga görnüşlerini biz şol bada basyp öldürerdik. Eýsem näme üçin "okaraňy getir süýt bereýin" biziň kalbymyzda beýle ýeri eýeleýär? Elbetde ol jandar ekarançylykda peýdaly diýip hasaplanýar. Baglara we ekinlere zyýan ýetirýän şireli akja möjegi iýýär. Belki şol sebäpden ol tomzajygy öldürmeli däl diýip, ähli adamlar agzap geçendir we adamlaryň indiki nesillerine eýýäm hiç zat agzamak gerek däl bolandyr, informasiýa eýýäm biziň ganymyza ýazyldy? Mümkin? Ýöne bu ýerde başga-da bir tarap bar. "Okaraňy getir süýt bereýin" tomazajygyň ýewropa ýurtlarynda başga owadan atlary bar: Bibi Merýemiň guşy, Merýemiň tomazajygy we şoňa meňzeş. Ol jandar näme üçindir Isa pygamberiň (a.s) ejesi Bibimerýem bilen assosasiýalaşdyrylýar. Ondan başga dini rowaýatlara görä, "okaraňy getir süýt bereýin" Hudaýyň dünýäsi bilen adamlaryň dünýäsiniň çaparymyşyn. Rus çagalary ol tomzajyk ellerine gonanda, ýönekeýje sanawajy sanaýarlar, ol sanawajyň mazmuny şeýle: "Asmana uç, maňa çörek getir, ak bolsun gara bolsun, ýöne köýük bolmasyn". "Okaraňy getir süýt bereýin" asmandan çörek getirmeli. Bu ýerde Bibimerýem bilen hem baglanyşyk ýöne ýere däl. Gurhana görä Bibimerýemiň ýaşaýan otagyna asmandan her dürli nygmatlar inýän eken. Merýeme seredýän adam Zekeriýa (pygamber): "Bu zatlar nireden gelýär?" diýip soranda, Bibimerýem "Alladan!" diýip jogap beripdir. Indi şu ýerde meniň şahsy çaklamam: "Okaraňy getir süýt bereýin" atly jandarjyk, dogrudan hem iki dünýäniň habarçysy bulup çykyş eden bolmagy mümkin. Mysal üçin aýdaly, asmandan nygmatlar inmezden öň otagyñ içinde ilki bilen şol jandar peýda bolýan bolmagy mümkin, ýa-da şoňa meňzeş bir alamatlar? Garaz okaraňy getir süýt bereýin Biberýem bilen dahylly bir ýeri bar. A biziň ählimiz adamzadyň we Hudaýyň duşmanlary tarapyndan döredilen informasion giňişlikde ýaşaýanymyz üçin, ol tomzajyklaryň ady hem hökman garalanaýmaly. Tomzajyklary nämede aýyplap bolar diýip piki edýärsiňiz? (Şu zatlary ýazýanym üçin Alla meni bagyşlasyn) Bibmerýemi nämede aýyplajak bolýan bolsalar, şol zatlarda hem olary aýyplaýarlar. Tomzajyklary jelepçilikde aýyplaýarlar. Hamala alymlar ol tomzajyklaryň urkaçysynyň, tertipsiz jynsy durmuş alyp barýandyklaryny anyklapdyrlar, şol sebäpden ol tomzajyklar jyns ýollary bilen geçýän keseller bilen keselleýärler. Rus dilinde internete sorag berip görüň we siz aňk bolarsyňyz. "Okaraňy getir süýt bereýin" tomzajyklary zynanyň we günäniñ ähli görnüşlerinde aýyplanýarlar. Beçebazlykda, ölen jandarlar bilen jynsy gatnaşykda, ganiballykda we ýene bir giden zatlarda. Bir makalada bolsa, ol jandarlarda "ahlak ýok" diýip ýazypdyrlar. Eýsem mör-möjek toparlaryň haýsy birinde ahlak bar? Ahlak diňe pikir edip bilýän jandarlaryň aýratynlyklary bolup durýar. Ol jandarlaryň oba hojalykda getirýän peýdasy hem şübheli diýip aýdylan ýerlerine-de gabat geldim. Gürrüň kiçijek tomzaklar barada dälde, eýsem belli bir adam barada gidýän ýaly bolup dur? "Ýewropanyň alymlary subut etdi" diýen sözler bilen başlaýan islendik informasiýa bolsa, adamlaryň 99% şol bada ynanýarlar. Ýeri gelende aýtsam, "Okaraňy getir süýt bereýin" bilen bagly bolan barlag işlerini BBC guramasy geçiripdir. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |