11:51 Ol baýraga mynasyp | |
OL BAÝRAGA MYNASYP
Edebi makalalar
Golaýda Magtymguly adyndaky halkara baýraklary baradaky komitetiň mejlisi bolup, şonda 1992-nji ýylyň Magtymguly adyndaky halkara baýraklaryny almak üçin ýazylyp berlen işler ara alnyp maslahatlaşyldy. Komitet tarapyndan bäsdeşlige gatnaşmak üçin goýberilen kandidaturalaryň spisogy metbugatda çap edildi. Şol spisogyň içinde Türkmenistanyň ýaşlar baýragynyň eýesi, ýazyjy, žurnalist Allaýar Çüriýewiň adyna gözüm düşenden begenjimiň çägi bolmady. Özümi şol bada şatlyk alamatynyň gurşap alanyny-da duýman galypdyryn. Durmuşda şeýle bir pursatlar bolýar, adamyny kiçijik bir zat eseldibem bilýär, peseldibem. Şol spisokda Allaýar Çüriýewiň «Ömür kyssasy» diýen publisistik kitabynyň Magtymguly adyndaky halkara baýragyna hödürlenmegine çäksiz begendim. Žurnalist 270 sahypadan ybarat bu kitabynda 1930-njy ýyllaryň pajygaly wakalaryny ökdelik bilen beýan edip bilipdir. Şol döwürlerde öňki SSSR-iň sostawyna girýän respublikalarda, şol sanda Türkmenistanda hem tutha-tutluklar bolup geçipdi. Şol tutulan adamlaryň köpüsi bigünä, ýurduna, halkyna berlen adamlardy. Ol adamlaryň aglabasy ýurduny gülledip, halkyny eşretli ýaşadyp biljek adamlardy. Ýöne şeýle gerekli, merdana adamlaryň ömür tanaplary arman, biwagt üzülmeli boldy. Ine, nähak basylyp, türmede biderek geçirilen şol ýyllary ýöne bir ýatlamak-da aňsat däl. Şol aýylganç ýyllar ýadyňa düşende-de iniň sandyraýar. Şol nähak tutulyp, sorag edilen, soň hem ençeme ýyllap türmä dykylan gerçek ogullarymyz ýadyňa düşende ýüregiň gyýym-gyýym bolýar. Allaýar Çüriýew şol wakalary kämillik bilen beýan edip bilipdir. Elbetde, onuň şeýle makalalary ýazmak üçin köp materiallar bilen tanşanlygy belli zat. Ýazyjynyň bu kitabyna onuň soňky ýyllarda ýazan taryhy-publisistik makalalarynyň ençemesi girizilipdir. Kitapda taryhy faktlar ýerlikli ulanylypdyr. Bu bolsa kitabyň gymmatyny has-da artdyrýar. Tutha-tutluk ýyllarynyň ajysyny datmadyklary biziň aramyzdan tapmak çetin bolsa gerek. Ýagny, häzirki adamlaryň arasyndan ilen-çalanlary nähak tutulmadyk adamlary tapaýmak aňsat düşmez diýip pikir edýärin. Häzirki wagtda taryhy-publisistik kitabyň ýaş nesli terbiýelemekde hem ähmiýetiniň uludygy öz-özünden belli bolsa gerek. Awtor bu kitabynda şol pajygaly ýyllaryň wakalaryny anyk mysallar arkaly okyjylar köpçüligine, umuman, halka ýetirýär. Müňlerçe adamlar «Ömür kyssasy» kitaby arkaly şol aýylganç wakalar bilen içgin tanşyp bilýärler. Ahyr netijede bolsa halkyň iň saýlantgy ogullarynyň ençemesiniň jebir-süteme sezewar edilendikleri aýdyň bolup galýar. Bu ýazyjynyň şol kitabynda halkyň wepaly hem gaýduwsyz, merdana ogullarynyň atlary getirilýär, olaryň birenteginiň ömür ýoly beýan edilýär. G.Atabaýew, N.Aýtakow, N.Paskuskiý, A.Muhammedow, B.Ataýew, O.Täçnazarow, H.Çaryýew hem-de başga-da birentek merdana ogullar baradaky makalalary okanyňda ýazyja alkyş aýdanyňy duýman galýarsyň. Bu görnükli döwlet işgärleriniň köpüsi nähak töhmet atylyp türmelere taşlanýar we atylyp öldürilýär. Olaryň birenteginiň bolsa Sibirde ejir çekip, ömür tanapy ir üzülmeli bolýar. Şol merdana adamlar barada häzirki gezip ýören adamlaryň, ylaýta-da ýaş nesliň köp zatlary bilmekleri nämä degmeýär?! Şu faktyň özi-de Allaýar Çüriýewiň bu baýraga mynasypdygyny aýdyň görkezýär. Kitapda şol gerçekleriň her biriniň durmuş ýoly barada täsirli söhbet edilýär. Türkmenistanyň taryhy öwrenilende onuň edermen, gaýduwsyz ogullarynyň we gyzlarynyň bitiren işleri, gören nähak jebri-jepalary hem içgin öwreniler. Awtoryň «Ömür kyssasy» taryh predmeti geçilende peýdalanyp boljak gymmatly kitaplaryň biridir. «Ömür kyssasy» atly publisistik kitabyň awtory Allaýar Çüriýew Magtymguly adyndaky halkara baýragyna tüýs mynasyp ýazyjy diýip hasap edýäris. Biziň kollektiwimiziň şu pikirini garaşsyz, özbaşdak Türkmenistan döwletimiziň adamlary-da goldarlar diýip berk ynanýarys. Bagdagül MEREDOWA, Aşgabat şäherindäki 47-nji orta mekdebiň türkmen dili we edebiýat mugallymasy. «Mugallymlar gazeti», 1992-nji ýylyň 15-nji apreli. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||