02:29 "Ol şirwan perdäñe galsana bagşy..." | |
“OL ŞIRWAN PERDÄÑE GALSANA BAGŞY...”
Aýdym-saz sungaty
Efirde “Pyragyny gören daglar” diýen aýdym ýaňlanýardy. Aýdym diňleýjileri özüne bendi edipdi. Onuň sözi-de, sazy-da şaplaşyp durdy. Men bolsam şol wagt içimden pikir öwürýärdim: “Bu aýdymy näçinji ýola diňleýärkäm? Her gezek diňlämde-de, şol ilkinji gezekkisi ýaly täsirli!”. Hawa, bu aýdym indi ýigrimi ýyldan bäri halkyň söýüp diňleýan aýdymyna öwrüldi. Eýsem-de bolsa, bu aýdymyň ömrüniň uzak bolmagynyň syry nämedekä?! Elbetde, muňa bir söz bilenem jogap berse-de bolardy. ...Döwletgeldi bilen çaý başyndaky söhbetimiz uzaga çekdi. Biziň edebiýat baradaky gürrüňimiziň soňy saza ýazyp gitdi. Ol gapdalynda duran dutaryny emaýlyk bilen eline aldy-da, ýuwaşlyk bilen onuň kirişlerine kakyp gördi. Dutary düzenden soňam saz çalmaga başlady. - “Pyragyny gören daglar” meniň ilkinji döreden aýdymym bolmaly. Men ol wagtlar uniwersitetde okaýardym. Beýik Magtymguly-Pyragynyň doglan gününiň 225 ýyllyk toýy tutulýardy. Halk şahyry Kerim Gurbannepesowyň “Daglar” atly goşgusyny gazetde okapdym. Bu goşgy meni labyzlylygy, akgynlylygy bilen tolgundyrypdy. Ozalam birlän-ikilän aýdym aýdyp ýöremsoň, mende bu goşgyny aýdym etmek pikiri döredi. Sebäp diýeňde, şahyryň wasp edýän daglary maňa ýakyndan tanyşdy. Bu daglaryň arasynda meniň çagalygym geçipdi. Çagalyk ýyllary. Adamyň çagalyk ýyllarynda gören-eşiden zatlary ýadynda galgyç bolýar diýýärler. Bu hakykatdanam şeýledi. Ol çagalyk ýyllaryny ýatlanda, tolgunyp gürrüň berýär. Neneň tolgunmajak. Ol şol ýyllar durmuşyň agyr hupbatlaryny ýaşajyk gerdende çekmeli bolupdy. Çünki ýurtda uruş gidýärdi. Hemme zat front üçindi. Aýal-ebtatdyr çagalar fronta gidenleriň ornuny tutmaly bolupdylar. Gazy gazýanam, orak orýanam, gyşyň aňzagynda daglarda mal bakyp, çopançylyk edýänem şolardy. “Adam başy – daşdan gaty” diýlenidi. Açlyk bilenem, horluk bilenem oňşuk etmeli bolýardy. Adamlar ýeňşiň hatyrasyna bilini berk guşap işleýärdiler. Ýöne frontdan biri-birinden ajy habar gelip gowuşýardy. Kimiň kakasynyň, kimiň doganynyň, kimiň bolsa söwer ýarynyň “öldi” habary gelýärdi. Dag obasy çolaryp galypdy. Iň ýowuz bela açlykdy. Ana, şonda-da daglar adamlara pena bolupdy. -Alwan diýip bir ot bar. ol diňe dagda bitýär. Alabaharda ol şeýle bir owadan gülleýär welin, hiç çeniň-çakyň däl. Ine, şonuňam köküni gazyp alyp, ýuwup-ardyp, un bolsa-ha ne ýagşy, bolmasa-da, şony üwäp iýmeli bolýardy. Çagajygam bolsak, ýatymlyk gidip, aýlanmadyk jülgelerimiz, çykmadyk daglarymyz galan däldir – diýip, söhbetdeşim gürrüň berýär. Ine, onuň daglar hakdaky çagalyk ýatlamalary şeýle. Hawa, Döwletgeldi Ökdirowa ilkinji döreden aýdymy şöhrat getirdi. Onuň adyny uly ile äşgär etdi. Bu aýdymy onuň özi ýerine ýetiripdi. Bagşy Döwletgeldi Ökdirowyň mylaýymdan hoş owazy bar. Onuň ýakymly sesini aýyl-saýyl etmek diňleýji üçin känbir kyn düşenok. Bu owaz radioda ýaňlananda, adamlar derrew “Döwletgeldi aýdym aýdýar. Hany, diňläliň” diýişýärler. Il içinde “Bagşyçylyk nesil yzarlaýar” diýen gürrüň bar. bu ähtimal şeýledirem. Oba adamlary Döwletgeldiniň daýy ugurlarynyň atly bagşy bolandyklaryny häli-bu güne çenli ýatlaýarlar. Onuň uly daýysy Artyk bagşy urşuň ilkinji ýyllarynda Watan goragyna gidipdi. Ol öz ýany bilen dutaryny hem alypdy. Artyk bagşy duşmana garşy hem eli ýaragly, hem dutarly söweşipdi. Onuň aýdan aýdymlary türkmen esgerlerini gahrymançylyga ruhlandyrypdy, duşmana gahar-gazap döredipdi. Artyk bagşynyň söweşüçin oňa wagtlaýynça obalaryna görme-görşe rugsat beripdiler. Artyk dag obasynda az wagtlyk bolsa-da, öz obadaşlarynyň göwünlerini galkyndyrypdy. Hoşlaşyk gijesi, ýaşuly adamlaryň şu günki ýaly ýadynda. Bagşy uly-uly söweşleriň şaýady bolan dutary bilen Gün batandan tä daň atýança aýdym aýdyp, obadaşlaryna hezil beripdi. Soňam ol Çukurýurtdan tä Bäherdene barýança, her obada dynç alyp, aýdym aýdyp gidipdi. Neressäniň şol gidişi-gidişi bolupdy. Hawa, indi Döwletgeldi daýylarynyň ýoluny dowam etdirýär. Ol öz senedi bilen halkyň alkyşyna mynasyp bolýar. Döwletgeldi Ökdirow bu gün onlarça ilhalar aýdymlaryň awtory. Öz döreden aýdymlaryny özi hem ussatlyk bilen ýerine ýetirýär. - “Az bolsun – uz bolsun” diýlip ýöne ýere aýdylanok. Bu her bir kärdäki adama degişli. Ol döredijilik adamy üçin-ä hasam gerekli – diýip, ol aýdýar. Bu dana söz Döwletgeldi Ökdirowyň döredijilik ýörelgesi. Munuň şeýledigine özüm hem bir gezek şaýat boldum. Şahyr Kerim Gurbannnepesowyň “Apat” atly goşgusy çap edilipdi. Goşguda zenan gözelligi ussatlyk bilen wasp edilýärdi. Şonuň üçin hem ony bada-bat aýdym diline geçiräýmek ýeňil däldi. Mahlasy, goşga mynasyp saz tapmalydy. Saz tapyldam. Birlän-ikilän diňläp görenler ony unadylaram. Emma kompozitor täze aýdymyny çeperçilik sowetine hödürlemäge howlukmady. Ony gowy timarlady. Emma şondan soňam bir ýyllap dagy iş edindi. Her gezegem ony täzeçe öwüşgin bilen bezedi. Şonuň üçinem aýdym ilkinji gezek efirde ýaňlananda, Döwletgeldi öz zähmetiniň ýerine düşendigine göz ýetirdi. Sebäbi şondan soň kän salym geçmänkä, aýdymy diňlemäge isleg bildirip, sazly gepleşikler redaksiýasynda diňleýjilerden yzly-yzyna hat gelip gowşupdy. Onuň “Sumbaryň nary” atly aýdymy hem wagtyň synagyndan geçen aýdymlarynyň biri. Aýdymyň tekstini şahyr Meretguly Garryýew ýazypdy. Bu aýdym Döwletgeldi üçin hasam arzyly. Çünki munda onuň dogduk diýarynyň waspy ýetirilýär. Elbetde, onuň aýdymlarynyň her biri hakda aýratyn durup geçmekligiň zerurlygy ýok. Ýogsam, onuň şahyr Sapar Öräýewiň sözlerine döreden “Bibijan”, “Maral”, Rehmet Seýidowyň sözlerine döreden “Türkmenistan” ýaly aýdymlary hakynda-da köp gürrüň etse bolardy. Kompozitoryň klassyk şahyrlaryň döredijiligine ýygy-ýygydan ýüzlenmegi hem tötänden däl bolsa gerek. Onuň “Guba gazym”, “Zülpüň”, “Garyp” ýaly aýdymlary hem muňa şaýatlyk edýär. - Magtymguly, Kemine, Zelili, Mollanepes... – bularyň hersi bir özboluşly dünýä. Olar öz goşgularyny, nähili nepislik bilen döredipdirler. Giden bir hazyna – diýip, Döwletgeldi Ökdirow aýdýar. ...Garrygala raýonynyň çetki Könekesir obasynda çagalyk hem ýetginjeňlik ýyllary geçen dagly oglanyň adyny bu gün güneşli ülkämiziň hemme ýerinde tanaýarlar. Onuň döredýän hem ýerine ýetirýän aýdymlaryny höwes bilen diňleýärler. Bu gün ol bagtly maşgalanyň eýesi. Ýakynda bolsa bir hoş habar bu maşgalanyň şatlygyna şatlyk goşdy. Döwletgeldiniň inisi Alyhan Ökdirow fiziki-matematika ylymlarynyň kandidaty diýen ady almak üçin jemagat öňünde üstünlik bilen dissertasiýa gorady. Zehinli bagşy, kompozitor, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Döwletgeldi Ökdirow tejribeli magaryf işgäri hökmünde-de uly hyzmatlar bitirýär. Emma gazet makalasynyň möçberiniň çäkliligi sebäpli, ondan saklanmaly bolduk. Ýogsa, Döwletgeldiniň bu ugurdaky işleri barada-da köp gürrüň etmek mümkin. Allaýar ÇÜRIÝEW. “Edebiýat we sungat” gazeti, 05.08.1981 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |