19:34 Ömrüm | |
ÖMRÜM
Goşgular
![]() Ömrüm-eý, Gara gözüm. Görejim, Didäm meniñ. Men señ bilen ýol almaly, Ýogsa kim idär meni. Meni hor etmeginiñ, Harlamajak bolanym. Ha uzyn bol, Ha gysga, Ýöne senden dilegim: Äkit. Ýa-da mün gerşime. Ýol görkez, Bagta ýetir Basaýyn ony bagryma, Ganaýyn ony ysgap. Ýogsa, uzyn bolañda nä, Boljak bolsa dilim gysga. Ömrüm-eý, Alñasama, Diýme sen: - Hany munça wagtym meniñ. Ömrüm-eý, bagtym meniñ. Bu gün ýada düşdüñ. Bildim. Saña berk baglydygymy. Boldy, köp wakalar boldy, Kebap deý daglady seni. Ömrüm-eý, Gül ömrüm-eý, Señ bilen bile dönüp, Seń bilen bir öwrüleý. Erkinlikde gül açar sen, Ganatymmy şygrym-eý?! Meniñ gara gözüm, bagtym, Ömrüm-eý, Gül ömrüm-eý! Aşyrmät GARLYÝEW. | |
|
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |