10:33 Ömür pursatlary | |
ÖMÜR PURSATLARY
Taryhy makalalar
Biz şu ýazgymyzda Gaýgysyz Atabaýewe degişli arhiw materiallarynyň birnäçesi hakda gürrüň etmekçi. Şol dokumentleri bolşy-bolşy ýaly okyjylara hödürlemekçi. Ine-de, ol dokumentleriň biri. Ol 1923-nji ýylyň 5-nji ýanwaryna degişli: «Moskwa, Türkmenistanyň hemişelik wekilhanasyna, Atabaýewe. Daşhowzuň, ilkinji nobatda hem Guşgynyň kazarmalaryna gerekli zerur medeni-durmuş hajatlary üçin serişdeleriň goýberilmegini çaltlandyrmak hakda Woroşilow bilen gürleşmegiňizi haýyş edýärin. Paskuskiý, TSSR HKS-nyň başlygynyň orunbasary.» «Aşgabat, MIK Aýtakowa, HKS Paskuskä. Ýakyn günleriň içinde Woroşilowyň ýanynda bolup meseläni gozgaryn, Atabaýew.» «Magaryf halk komissarlygyna, ýoldaş Pereňliýewe Men ýoldaş Azolinany diňe oňat tarapdan tanaýaryn. Ol türkmen diline gaty suwara. Şeýle hem ol öz hususy başarnyklaryna görä, terbiýeçi hökmünde işläp biler. Eger-de mümkinçiligiňiz bolsa, onuň haýyşyny kanagatlandyrmagyňyzy soraýaryn. TSSR Halk Komissarlar Sowetiniň başlygy Atabaýew. 1926-njy ýylyň 5-nji sentýabry.» «Bäşim Pereňliýewe Ýoldaş Minaýewiň ssenarisini Size iberýärin hem-de onuň mazmuny bilen tanyşmagyňyzy haýyş edýärin. Eger-de zerur hasap etseňiz, kinofilmi goýmak barada awtor bilen gepleşik geçirersiňiz. Özüm hakda aýdanymda bolsa ssenariniň mazmuny bilen tanyş bolanymdan soň, entek onuň birnäçe kemçilikden halas däldigi hakda pikir döredi. Muny men begiň ilatdan salgyt ýygnaýşy dogrusynda, düşelgede basmaçylaryň hemaýaty bilen baýyň doganlarynyň Annajemaly gynap öldürişleri we başga-da birnäçe waka dogrusynda aýdyp bilerin. Galyberse-de, bir topar zatlar türkmen durmuşyna mahsus däl. Garaz, ssenaride türkmen durmuşyna häsiýetli pursatlar görkezilmändir. Awtoryň adresi Lýublino şäheri, Kuhmister posýolugy. TSSR Halk Komissarlar Sowetiniň başlygy Atabaýew. 1927-nji ýylyň 27-nji ýanwary.» «Magaryf halk komissarlygyna, ýoldaş Pereňliýewe ýa-daKožuhowa. Türkmen halk teatryny döretmek zeruryýetligi ýüze çykmagy sebäpli, zehinlidikleri we ýörite teatr başarnyklarynyň bardygy üçin Daşhoguz okrugispolkomynyň guramaçylyk bölüminde instruktor bolup işleýän Molla Pürini teatra işe çekmegiňizi haýyş edýärin. Bu hakda maňa goşmaça habar berersiňiz. 1927-nji ýylyň 21-nji awgusty. Atabaýew. «Moskwa. Agyr senagat halk komissarlygyna. Kopiýasy Türkmenistanyň hemişelik wekilhanasyna. 1-nji noýabra çenli Arpaklen bariýwiterit magdanyndan ýükleriň 6418 tonnasy daşalman ýatyr. Galan bölegi geçen ýylyňkydan ep-esli artyk. Agyr senagat halk komissarlygynyň gözegçiligini gowşadanlygy sebäpli, transportyň ýagdaýy gözgyny halda. Bar bolan transportda hem ýükleri daşamak ýeterlik däl. Şonuň üçinem Türkmenistan Halk Komissarlar Soweti magdan käninde işleri gowulandyrmak maksady bilen 1935-nji ýylyň birinji kwartalynda azyndan 5 sany maşyn hem-de gaýry zerur zatlary ibermegiňizi soraýar. TSSR Halk Komissarlar Sowetiniň başlygy Atabaýew. 10. 12. 1934 ý.» Bu telegrammalary okap, hökümet baştutanynyň ömrüniň bir pursatynyň şaýady bolýarsyň. Oýlanyp otursaň, bu oýnam setirleriň aňyrsynda gör, nähili uly-uly aladalar ýatyr. Hökümet baştutanynyň uly aladalarynyň biri hem suwdy. Respublikada ekerançylygy ösdürmek üçin suw ýetmezçilik edýärdi. Emma, muňa garamazdan, türkmen daýhanlary ýeriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak ugrunda gaýratlylyk görkezýärdiler. Bosaga-Kerki kanalynyň ulanmaga berilmegi diňe bir şol etrapyň daýhanlarynyň durmuşynda däl, respublikanyň durmuşynda hem uly waka boldy. Ol täze-täze gidrotehniki desgalary iň bir kyn şertlerde-de gurup boljakdygyny görkezdi. Gaýgysyz Atabaýew Ärsary kanalyna uly ähmiýet berýärdi. Emma ony proýektirlemek örän haýal barýardy. Has takygy, muny proýektirlemek işi ýedi ýyla çekdirilipdi. Proýekt tamamlanansoň ilki Orta Aziýa suw hojalyk uprawleniýesiniň garamagyna hödürlenilýär. Emma bu ýerde oňa birnäçe düzediş girizmeli edilýär. Şondan soňam her ýyl bir sebäp tapylýar. Proýekt taýýar diýlenden soň bolsa ony tehniki sowete hödürlemeli bolýar. Bu ýerde-de proýekte on iki sany düzediş girizmek karar edilýär. Şondan soň ýene bir ýyl wagt gerek boldy. Boldum edilip, ol Ýokary tehniki sowetiň garamagyna hödürlenilýär. Sowet proýekte ýene iki sany düzediş girizmegi teklip edýär. Garaz, ýene-de bir ýyl garaşmaly bolupdy. Orta Aziýa suw hojalyk uprawleniýesiniň işgärleriniň bu işe çemeleşişleri Gaýgysyz Atabaýewi biynjalyk edýärdi. Olar Bosaga-Kerki kanalynyň gurluşygynda ýüze çykan kemçilikleri tutaryk edinýärdiler. Garaz, eýdilip-beýdilip tutumly iş bökdelýärdi. Olar öňki kanalyň gurluşygyna garanyňda, indi tehniki şertleriň hem oňaýlydygyny görmezlige salýardylar. Täze kanalyň möhüm bir syýasy ähmiýeti hem bardy: kanalyň gurulmagy bilen öňki aýry-aýry tire-taýpa ýaplary gömülip, uly magistral kanal döredilmelidi. Bu bolsa ozalky tire-taýra oňşuksyzlygyny aradan aýyrmaga şert döretjekdi. Aýratyn hem Gaýgysyz Atabaýewe inžener Sewastýanowyň bu babatdaky garaýşy düşnüksizdi. Ol jykyr bilen suw çykarmagy kämilleşdirip, tire-taýpa ýaplaryndan ulanybermeli diýýärdi. Sewastýanow şeýle hem kanalyň örän gymmat düşjekdigini bahanalaýardy. Ol «Täze kanal çekilenden soň, köne ýaplary gömmek üçin serişdäni kimden almaly?» diýen sowaly orta atýardy. Esasy meseleden welin gaça durýardy. Respublika üçin bolsa täze çekiljek kanal örän zerurdy. Bu wezipäni Gaýgysyz Atabaýew öz üstüne aldy. Indi bu meseläni ýekeje günem yza çekmäge hiç kimiň haky ýok! – bu onuň gelen aýgytly nätijesidi. Ol öz kabinetinde şeýle pikirlere gümra bolup oturyşyna, sagadyna seretdi. Sagadyň dili on birden işleýärdi. «Wagt bir çene baraýan oguşýan» diýdi-de, ol ýerinden turmak bilen boldy. Şol wagt telefon jyňňyrdady. Usullyk bilen trubkany göterdi. –Atabaýew diňleýär! Ol aňyrdan til kakýanyň kimdigini sesinden bada-bat tanady. GPU-nyň naçalnigi Gorbunow jaň edýärdi. Ol özüni şu wagt Atabaýewiň kabul etmegini sorady. Atabaýew «Garaşýan» diýdi-de, trubkany goýdy. Sähel salymdan harby geýimli, orta boýly, berdaşly adam gapydan harbylarça salam berip girdi. Atabaýew ýer görkezenden soň, ol oturdy-da, ýagdaýy aýtmaga başlady. – Konstantin Sergeýewiç, şu gün maňa habar berlişine görä, Merw okrugynda ýagdaýlar barha çylşyrymlaşýar. Synpy ýatlar baş galdyrýarlar. – Nirede? – Suhtyda. Gorbunow aýylganç wakany gürrüň bermäge durdy. 1929-njy ýylyň awgust aýynyň ahyrlarydy. «Birinji Suhty obasyndan Ata Garrybaý bilen Semennigiň tohumçylyk hojalygynyň gullukçysy Lewin synpy ýatlar tarapyndan haýynlyk bilen öldürilipdir. Olaryň öldürilen ýeri Ýelliwir bilen Gyzyljar guýularynyň aralygynda. Olar şol ýerde hem jaýlanýar. Bu ýerde banda bilen baýlaryň mallaryny sanamak üçin döredilen komissiýanyň çlenleri garpyşýar. Komissiýanyň birnäçe çleni wepat bolýar. Komissiýanyň çlenleri oba şurasynyň başlygy Aga Japar, Atajan Çomy hemem komissiýanyň ýolbeledi Nurly Emir dagy Ýeroýlanduz diýen ýerden sag-aman oba dolanyp gelipdir. Banda kimossiýa degişli iki aty, iki tüpeňi, ýigrimi bäşe golaý oky özleri bilen äkidipdir. Şeýle hem olar saragtly Metyr Hojaberdä degişli 2,545 sany garaköli dowary sürüsi bilen Owganystana geçiripdirler». Gaýgysyz Atabaýew bandalaryň eden-etdilikleriniň soňuna çykylmagya hut özi gözegçilik edýärdi. Ol sosializmiň işi ugrunda wepat bolan edermen gerçekleriň ýagty ýadygärligini hormatlamagy ündeýärdi. Soňky ýyllarda bolsa Ata Garrybaýyň agasy Sylap bilen ol kän gezek söhbetdeş bolupdy. Sylap Garrybaýew öz inisiniň ýöreden ýoluna mynasyp iş bitiripdi. Onuň ady otuzynjy ýyllarda bütin respublikamyzda ýörgünlidi. Ol ilkinji stahanowçylaryň hem biridi. * * * Türkmenistanyň durmuşynda uly-uly özgerişlikler bolup geçýärdi. Oba hojalygyndaky üstünlikler Gaýgysyz Atabaýewi guwandyrýardy. Ol bu hakda Moskwada bolan halatlary hökümet ýolbaşçylaryna uly guwanç bilen gürrüň berýärdi, ýygnaklarda çykyş edýärdi. Ol respublikanyň hajatlary hakda hem prinsipial gepleşikler geçirýärdi. Respublikada böwrek keselleri sanatorisini açmakda, onuň işini oňyn ýola goýmakda G. Atabaýewiň uly hyzmaty bar. Şol döwre çenli böwrek keseliniň bejerilýän ýeri diňe Müsürde bardy. Sowet medisinasy bu keseli bejermekde Müsüriň howa şertlerine kybapdaş ýeriň gözlegine çykdy. Türkmenistanyň howa şertleri Müsüriňki bilen gaty golaýdy. Şonuň üçinem Türkmenistanda 1928–1929-njy ýyllarda ýörite komissiýa işledi. Komissiýanyň ýolbaşçysy professor Aleksandrowdy. Ol Sowet Soýuzynda belli klimatologdy, bu ugurdan dünýä belli alymdy. Komissiýa Türkmenistanda böwrek sanatorisini açyp boljakdygyna doly güwä geçdi. Sanatoriý üçin amatly ýer diýlip Baýramaly bellendi. Howasynyň ýylylygy boýunça-da, guraklygy boýunça-da, howanyň ortaça akymy boýunça-da, gün şöhlesiniň radiasiýasynyň bollugy boýunça-da Baýramaly beýleki ýerlerden has tapawutlanýardy. Buržuaz gazetler Baýramalyda böwrek sanatorisini açmak hakdaky habara göwnüýetmezçilik bilen baha berdiler. Professor Aleksandrowyň Baýramalyda açyljak böwrek sanatorisiniň artykmaç taraplaryny görkezip ýazan makalasynda Londonyň gazetleri kes-kelläm garşy çykdylar. Professoryň ozal bu gazetlerde makalasy çap edilýärdi. Daşary ýurtlularyň bu reaksiýasy düşnüklidi: Baýramalyda sanatoriý açylaýsa, onda o ýerik Ýewropa ýurtlaryndan hem öz kesellerini bejertmek üçin gitjekler az bolmaz. Bu bolsa Sowet Russiýasynyň abraýyny belende göterer! Ýöne böwrek sanatorisini açmak üçin serişde kän gerekdi. Has takygy 250 adamlyk sanatoriý üçin 1.600 müň manat goýberilmelidi. Respublikanyň býužetiniň tassyk bolanlygy üçin, munça puly şu wagt tapmak kyndy. Şoňa görä Gaýgysyz Atabaýew haýal etmän Moskwa ýüz tutmalydy. Halk Komissarlar Sowetiniň rezerwindäki puluň hasabyna, heý bolmanda 200 müň manat, kommunal bankyň hasabyna hem 500 müň manat pul goýberilmegini gazanmalydy. Býujet komissiýasynyň teklip etmegi bilen hem ýene-de birneme pul almaga mümkinçilik bardy. Eger-de şu iş bir ýüzli ediläýse, ýakyn 4-5 aýyň içinde ähli gurallary oturdyp, sanatorini 1930-njy ýylyň maýynda ilkinji möwsümiň açylyşyna gabatlap taýýar etmäge ýagdaý dörejekdi. G.Atabaýew Baýramaly böwrek sanatorisiniň gurluşygyna başlanylmagyny gazandy. * * * TSSR Halk Komissarlar Sowetiniň başlygynyň ýanyna respublikanyň ähli künjeginden öz arza-şikaýatlaryny, hal-ahwallaryny aýtmaga gelýärdiler. Hut Atabaýewiň özüniň gatnaşmagynda özüne hemaýat edilendigi hakda häli-hälem onuň eden ýagşylygyny mukaddeslik bilen ýatlap gürrüň berýän adamlara telim gezek sataşdym. Bular hakda TSSR Merkezi döwlet arhiwinde saklanylýan dokumentler hem habar berýär. 7. III. 1933 ý. «Ýaňyguýy oba Sowetine degişli Atabaýew adyndaky kolhozyň başlygynyň arzasyny Krasnowodsk raýispolkomyna ibermeli hemem kolhozyň çeken zyýanynyň möçberini anyklamagy tabşyrmaly». * * * «Maldarlara mart aýynda berilýän galla önümleriniň normasyndan daşary kömek bermekligiň zerurdygy hakda hökümetiň öňünde mesele goýmaly. Basmaçylaryň çozuşyndan horluk çeken hojalyklara ilkinji nobatda kömek etmeli.» * * * «Baýram Geldiýewiň arzasyny Baýramaly raýonynda ekiş geçirmek boýunça wekil ýoldaş Atamyşewe ibermek bilen, ondan bu arzany düýpli barlamagy haýyş etmeli. Onuň öz kakasyndan haçan ara üzendigini, zat babatda gatnaşyklarynyň bardygyny ýa-da ýokdugyny barlamak örän möhüm. Eger-de hakykatdanam 10-12 ýyldan bäri olaryň arasynda zat babatda gatnaşyk ýok bolsa, onda kulagyň garyndaşy hökmünde kolhozdan çykarylmagy esasly däldir. Şeýle hem onuň kolhozda näderejede işleýşini, zähmetsöýerligini, kolhozyň işine jany-teni bilen berlenligini anyklamak gaty möhüm.» * * * «Sary Agalykowyň arzasyny Daşhowuz okrug ispolkomynyň başlygyna iberip, oňa şulary ýatlatmaly: Agalykowyň ýigrimi dördünji ýylda basmaçylara goşulandygyna hakykatdanam ökünýänligi çyn bolsa, indem zähmetde görelde görkezýän bolsa, 8-9 ýyl mundan ozal basmaçylar şaýkasyna gatnaşany üçin ony kolhozdan çykarasy iş ýok...» * * * Atabaýewiň tabşyrygy esasynda onuň kömekçisi her günde halk komissarlyklarynyň ýolbaşçylary bilen, dürli edaralar bilen gepleşmeli bolýardy. Ine-de olaryň käbiri: 1932-nji ýylyň 3-nji sentýabry. «Telefonda Maliýe halk komissarlygy bilen gürleşmeli. Kerki okružkomynyň sekretary Döwlet Mämmedowyň habar bermegine görä, olar häzire çenli hökümet tarapyndan goýberilen 600.000 manat puly almandyrlar. Iýun, iýul hem-de awgust aýlarynda 350.000 manat möçberinde aýlyk berilmändir. Mekdep jaýlaryny remont etmäge niýetlenen serişde henize çenli goýberilmändir. Ýoldaş Atabaýew şu günüň özünde siziň bu mesele bilen gyzyklanyp, gyssagly çäreler görmegiňizi, iberilmeli puly geçirmegiňizi tabşyrdy». 1933-nji ýylyň 14-nji oktýabry. «Işçi-daýhan inspeksiýasy halk komissarlygyna, ýoldaş Batyr Ataýewe. Graždan Kuzbakirowyň arzasyny size iberýärin, meseläni ýerinde barlamak üçin Işçi-daýhan inspeksiýasynyň bir inspektoryny (senagat ugry boýunça) hökmany suratda komandirowka ibermek gerek. Jebeldäki bidüzgünçilikleri – hojalyksyzlygyň, alan-aldylygyň, işçileriň aladasyny etmezligiň, aýratynam duz promysellerinde adamlary iş bilen yzygiderli üpjün etmezligiň faktlaryny anyklamaly. Sowrujylygyň hemem uprawlýaýuşiý tarapyndan eden-etdiligiň, jenaýatçylygyň soňuna çykmak üçin Jebeldäki ýagdaýy biziň jikme-jik bilmegimiz hökmandyr. Şonuň üçinem Işçi-daýhan inspeksiýasyndan iberiljek adamyň işi çynlakaý we doly barlamagy üçin gözýetiminiň giň bolmalydygyny ýatladýarys. Barlagyň netijesini maňa habar berersiňiz. Atabaýew.» Biz türkmen halkynyň mähriban ogly Gaýgysyz Atabaýewiň ömür pursatlarynyň käbirine ser saldyk. Onuň halk üçin bitiren uly işleri bu gün halkyň ýüreginde ýaşamagyny dowam etdirýär. («Türkmenistan kommunisti» žurn. № 10, 1987) | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |