21:15 Öñbaşçylardan we öýsüzlerden düzülen halk | |
ÖÑBAŞÇYLARDAN WE ÖÝSÜZLERDEN DÜZÜLEN HALK
Publisistika
Urşuñ her dürlüsinde gymmatlyklar çym-pytrak bolýar. Erbet adamlaryñ topary derrew özüni belli edýär, Alladan gorkup ýaşaýan wyždanly adamlaryñ topary ýom-ýok bolýar. Haos zalymy gurbanlary bilen deñleşdirýär. Garyplyk we gorky adamlaryñ çydamlylygyna howp salýar. Adaty çemeleşmeleriñ ýerini diýdimzorlyk we el urma düşünjesi eýeleýär, düýnki alyş-berişler utanmazdan, çekinmezden adamkärçulikli duýgulardan uzak "gara bazara" öwrülýär. Gazada bolup geçýän munça gorkunç hasratlaryñ üstüne indem eksplutasiýa, basyş we el bilen döredilen tragediýanyñ jümmüşinde ýaşaýan adamlary goñşy ýurtlara we islendik ýere äkitmegi wada berýän uruş we adam söwdasyny edýän bandalar döredi. 100 müñe golaý bosgun Kaire ýerleşdi we bu ýerde çagalarynyñ bilim alyp bilmegi üçin islendik gara işde işleýärler. Beýleki bir ýandan elbetde hemme ýerde haýyr-sahawat guramalary, fondlar hem göze ilýär. Emma ýük göterip bolmajak derejede agyr. "Haşdi Şabi" goşuny Iordaniýany bombalamaga goşant goşup, gönüden-göni Ierusalimi halas etmäge ýönelýär. Beýlekileri-de Müsüriñ Sinaýy doly bölümleri bilen birlikde DEAŞ-a açmakdaky ähtimallygyna garşy alnyp barylýan kamlajiýalara gündelik goşant goşýarlar. Şu günüñ iñ uly duşmany okuw töleglerini tölemek üçin nahar bişirip satýan kiçijik garbanyşhanany kireýine alan gazaly enedir. Betbagtçylyk gowularyñ edýän haýyr-sahawat kömeginden has uly. Gazada ýitirim edilen iki million, Liwanda ýitirim edilen iki million, Iordaniýada näme etjegini bilmeýän iki million, haýsydyr bir atlandyrmadan we toparlandyrmadan daşgaryn iki million adam bar we hemmesiniñ ýeke-täk maksady bar: bilim almak! Ha gönüden-göni bolsun, ha täze jadyly "onlaýn" arkaly alysdan bilim almak. Çünki wagt we bilim ýitgisijden başga ähli ýitgileriñ öwezini dolup bolýar. Tükeniksiz labirintlerinde muny iñ gowy palestinalylar öwrendiler. Ne ýeriñizi, ne öýümlñizi, ne çadyryñyzy ýanyñyz bilen äkidip bilmersiñiz? Şaýatlygyñyz bolsa teniñiziñ bir parçasydyr. Taha Hüseýiniñ ýeke-täk aladasy bardy: garyplary okatmak. Döwletiñ baýlara salýan salgydy bilen garyplaryñ hökmany bilim almagyny ýola goýupdy. Emma Taha Hüseýiniñ kellesindäki bilimiñ maksady diñe sowatsyzlygy ýok etmek däl-de, şol bir wagtyñ özünde Fransiýanyñ edişi ýaly bilim döwletini we halkyny kemala getirmekdi. Dogrusyny aýtmaly bolsa, Arap edebiýaty fakultetiniñ dekany bu meselede bir öñbaşçy bolman, hakyky dekandy. Öñbaşçylar müsürli ýaşoary döwrüñ iñ ýokary derejeli bilimini almak üçin Pariže ugradan, goşunda, saglygy goraýyş ulgamynda we hemme ugurda edinilen tejribäni ýaýan Kawalaly Mämmedaly paşa we Hidiw Ysmaýyldy. Semir ATAULLAH, Liwanly žurnalist. Şenbe, 27.07.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |