10:33 Örüsi giñeýän eserler | |
ÖRÜSI GIŇEÝÄN ESERLER
Edebi makalalar
Golaýda «Türkmenistan» neşirýaty belli türkmen ýazyjysy Atajan Taganyň «Uruşdan soňky söweş» atly kitabyny çapdan çykardy. Kitapda ýazyjynyň 6-7 ýyl mundan öň yzly-yzyna ýazan powestleriniň üçüsi ýerleşdirilipdir. Täze kitaby okap bolanyňdan soňra, çuňňur pikire batýarsyň. Eýsem ýazyjy öz okyjylaryna näme hakda gürrüň berýär? Gürrüň uruş hakynda, onuň adamlara getirýän agyr hasratlary hakynda barýar. Kitapdaky «Pereňli ýesiriň ýatlamasy» atly dokumental powestde geçen asyryň ikinji ýarymynda türkmen topragynda bolup geçen pajygaly wakalar hakda gürrüň berilýär. 1860-njy ýylda Nasreddin şa özüne golaý serkerdeleriň biri bolan Hemze Mürzäni agyr leşger bilen türkmenleriň üstüne iberýär. Hemze Mürze türkmenleri talamalydy, «ogul olja, gyz ýesir» etmelidi. Onuň türkmen topragyna ätläp, edýän ilkinji hereketleri oňa we onuň ýaranlaryna ýigrenç döredýär. Ol goja çopanyň gelnine göz gyzdyrýar. Oguljereniň namysyny depeledýär. Eserde: «Ýüregi ýara bolan goja kişiniň nalasyna tärim, üzük, serpik, hemmesi lerzana gelen ýaly boldy. Ynsanyň çyn ýürekden çeken nagrasyna diňe ynsan gynanmady...» diýlip nygtalýar. Hemze Mürzeleriň geçmişde türkmen topragynda turzan oýunlary köp. Bu waka bolsa ýazyjynyň toslamasy däl. Şeýle wakanyň şaýady bolan fransuz Guli bef de Blokwil Hemze Mürzelä we onuň ganhor ýal ýagylaryny itden beter ýigrenipdir. Blokwil duşman leşgeri bilen türkmenleriň üstüne iberilen adam. Onuň wezipesi türkmenleriň ýaşaýan ýerleriniň kartasyny çekmelidi, soň bu karta şa üçin hyzmat etmelidi. Gahar-gazaba münen türkmenler şanyň agyr leşgerine gaýtawul berýärler. Blokwik bu ýurduň adamlarynyň wagşyýana däl-de, ynsanperwerdiklerine göz ýetirýär, olaryň hiç wagtam uruş islemeýändiklerine göz ýetirýär. Eger gerek bolsa toprak üçin janlaryny mertlerçe gurban edip bilýändikleriniň şaýady bolýar. Gowşut hanyň egindeşi Kelhan Kepele bilen baglanyşykly waka ýazyjy tarapyndan ussatlyk bilen suratlandyrylypdyr. «Gowşut hanyň» adyny eşiden Hemze Mürze generalyň ýüzüne seretdi-de, gözüni süzdi. – Gowşut han näme isleýär? – Gowşut han siziň islemeýän zadyňyzy isleýär. – Men saňa aman bereýin. Ýöne sen oň üçin Gowşut hanyň ýanyna baryp, biziň permanymyzy aýt. – O niçiksi perman? – Gowşut han üç günüň içinde ähli ýaragyny, atyny ýygnap bize getirip tabşyrmaly. – Tabşyrmasa nähili bolarka?..» Ine, Kelhan Kepeläniň daşary ýurtly gelmişegiň öňündäki jogaby. Ol Kelhan Kepeläni dyza çökerip bilmejegine göz ýetirenden soň, ony iň aýylganç ölüme buýruk berýär. Blokwilin hiç bir ýagynyň öňünde müzzermeýän türkmenlere bolan sarpasy uly. Powestde onuň obrazy ýatda galyjydyr. Ýazyjy oňa fransuza mahsus häsiýetleri bermekde asgynlyk çekmändir. Blokwil birnäçe wagtlap türkmenlerde ýesirlikde galýar. Ol ýesirlikdekä Muhammetöwez pälwan ýaly paýhasly gojany görýär. Pälwan oňa iň agyr pursatlarda hemaýat edýär. Mary etrapynda Pereňli molla we onuň okumyşlygy hakyndaky gürrüň dilden dile geçýär. Ýesirlikden boşap, yzyna gaýdan wagty bolsa kerweniň ýoly taşlanan guýynyň üstünden geçýär. Indi guýynyň töwereginde hiç kim ýaşamaýardy. Goja çopan bu ýeri taşlap gidipdir. Pereňli molla Hemze Mürze tarapyndan jebir çekdirilen gojanyň ýurduna telpegini çykaryp tagzym edýär. Ýazyjynyň «Aýylganç baharyň jybarly güni», «Uruşdan soňky söweş» atly powestlerinde-de urşuň elhençlikleri barada tolgundyryjy gürrüň berilýär. Uruş adamyň ykbalyny bütinleý üýtgedýär. Ýazyjy bu pikirini Saparyň («Aýylganç baharyň jybarly güni»), Rejebiň («Uruşdan soňky söweş») üsti bilen örän ynandyryjylyk bilen suratlandyrýar. Ýazyjy şeýle wakalary çeper beýan etmek bilen okyjyda urşa bolan gahar-gazaby oýarýar. Ol adamlaryň ters ykbalyna ýüregiňden gynanýarsyň. Saparyň urşa gitmänkä bar güýmenjesi itler. Ýok, bu güýmenje däl. Itlere bolan söýgi, olaryň wepalylygyna bolan çäksiz hormat il arasynda oňa güjükçi lakamyny almagyna getirýär. Ol bu lakam üçin il-günden öýkeläbem duranok. Gaýtam muňa guwanýar. Bu ýazyjy tarapyndan şeýle bir ýasama zat hökmünde beýan edilmeýär-de, örän çeperçilik bilen suratlandyrylýar. Ýazyjynyň özüniň çagalyk ýyllary uruş döwrüne gabat gelipdi. Şeýle bolanlygyndan bolsa gerek, powestiň gahrymanlarynyň obrazynda birjik-de ýasamalyga duşmaýarsyň. Çünki olar Atajan Taganyň belet adamlary. Ýazyjy olaryň gepleýşine, dil aýratynlyklaryna pugta üns beripdir. Powestde hatda sähel wagt hereket edýän gahrymanyň obrazy-da ýatda galyjy, suratlandyrylyşy-da çeper. Eserde Sapar güjükçiniň itlere bolan söýgüsi ynandyryjy detallaryň üsti bilen berilýär. Sapar güjükçi urşa gidýär. Ol nemeslerde ýesirlikde bolýar. Ine şu ýerde-de bir aýylganç waka onuň it diýen haýwana bolan garaýşyny düýbünden üýtgedýär oturyberýär. Günäsiz ýesiri itiň dalaýşyna ol uzak syn edip durup bilmeýär. Çünki onuň düşünişiçe, duşmanyň itleri ýesirleriň azatlyga çykmagyny islemeýän eýelerine kömek berýärdiler. Itler indi adamynyň dosty däldi-de, adamlaryň duşmany bolan wagşylaryň dostudy. Uruşdan gaýdyp gelensoň, ol indi itleri uruşdyrmakdan lezzet alýar. Iti iňňe berip öldürmekdenem gaýtmaýar. Ozal aýaly iti gowy görýänligi üçin ärine igenç baryny sürten bolsa, indi ol äriniň öz pişesini taşlamagyny haýyş edýär. – «Men ýuka ýürek däl, Sapar. Oň sesine ýüregiň daşam bolsa eremeli. Akmämmediň okuw kitabynda-da «It adamynyň dostudyr» diýlip ýazylypdyr. – Akmämmediň kitabynda ýazylan haýsy bir söze ynanjak, heleý. Iň ýakyn dostuň it bolsa...» Ine Sapar güjükçiniň itlere bolan garaýşy. Eýsem, munuň üçin itlere zabunlygy üçin ony ýigrenmelimi? Muňa bir söz bilen «ýok» ýa-da «hawa» diýip jogap beresiň gelenok. Düşündirmesi aňsat däl jogabyň asyl manysyny urşuň elhençliklerinden gözlemeli bolýar. Ýazyjynyň «Uruşdan soňky söweş» powestiniň gahrymany Rejebiň ykbaly hem Sapar güjükçiniňki bilen ugurdaş gidýär. Rejebiň tragediýasy Saparyňkydan has agyr. Uruş onuň ýaşlygyny, söýgüsini elinden alýar. Uruş birmahal gutaranam bolsa, ol onuň üçin indi başlanýar. Uruşdan gelensoň, her näçe syr bildirmejek bolsa-da, gelni Aýýadan daşlaşmaga mejbur bolýar. Ýogsa Aýýa onuň üçin gelinleriň täjidi ahyryn. Bu ýerde hiç hili biwepalyk-da ýok. Aýýa öz söýgülisine wepalylyk bilen garaşypdy. Onda bu sowuk-salalygyň syry nämede? Bu syry Rejepden özge adam bilmeli däl. Ony diňe Rejep bilmelidi. Başga hiç kim! Emma oba adamlary, onuň dosty Ýolaman, ejesi ony başga zatdan görýärler. «Rejep başga birine öýlenjekmiş» diýen gürrüňe Aýýa birjik-de ynanmaýar. Rejep-de, Aýýa-da ruhy ejir çekýärler. Şonuň üçinem nähili agyr bolsa-da Rejep mundan çykmagyň ýeke-täk çykalgasyny görýär. Bu çykalga hem söýşüp alan ömürlik ýoldaşyndan hemişelik jyda düşmekdi. Rejep şeýle-de edýär. Kim näme diýse-de Rejep özüniňkini dogry hasaplaýar. Munuňam esasy günäkäri uruşdy. Uruşda gasygyndan operasiýa edilen Rejebi hiç bir jähtden günäkärläsiň gelmeýär. Durmuş-durmuş bolýar. Elbetde, kitap saýyn kämilleşýän ýazyjynyň Atajan Taganyň bu şowly çykan kitaby hakynda ýene-de gürrüňi uzaltsa bolardy. Çünki ýokary ideýa-çeperçilik bilen ýazylan powestler şeýle gürrüňe mynasyp. Sözümiziň ahyrynda neşirýatçylaryň günäsi bilen goýberilen käbir nätakyklyklar hakynda aýdasymyz gelýär. Kitapda käbir grammatiki ýalňyşlyklara ýol berlipdir. Şolaram goýberilmedik bolsa, has gowy bolardy. Ýakyn günlerde Türkmenistanda sowet edebiýatynyň günleri geçiriler. «Türkmenistan» neşirýaty şol günleriň öňüsyrasynda A. Taganyň kitabyny okyjylara hödürläp oňat iş etdi. Atajan Tagan Soýuz möçberinde adygyp ugran türkmen ýazyjysy. Ýazyjynyň türkmen durmuşyndan ýazan hekaýalaryny, Sosialistik Zähmetiň Gahrymany, kolhoz başlygy Gyzylgül Annamuhammedowa barada ýazan dokumental oçerkini, dürli temadaky powestlerini rus okyjylary gyzgyn garşyladylar, ol eserler daşary ýurt dilleriniň 10-dan gowragyna hem terjime edildi. Sowet edebiýatynyň Türkmenistanda geçiriljek günlerinde örüsi giňän şeýle eserleriň gürrüňi giňden ediler diýip umyt edýäris. «Sowet Türkmenistany» gazeti, 6.09.1980 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |