02:15 Osmanly Bella Hadidiñ atasyny nämüçin öldürdi? | |
OSMANLY BELLA HADIDIÑ ATASYNY NÄMÜÇIN ÖLDÜRDI?
Taryhy makalalar
Izabella Haýriýa Hadid / Fotosurat: AFP ABŞ-ly manken Bella Hadid (Izabella Haýriýa Hadid) Palestina babatda bildirýän duýgudaşlygyny gyzgyny bilen agzap, sionist mobbingden çekinmezden gürläp bilýän az sanly daşary ýurtly meşhur şahsyýetleriñ biri. Ýaşlary uzak bolsun welin, onuñ maşgalasyny biraz tanaýanlar içinden "Ol gürlemän kim gürlesin!" diýýär. Bu belli bir derejede dogry hem. Elbetde, bizem Hadidi gutlaýarys we goldaýarys. Onuñ maşgalasy Siriýada, Liwiýada, Palestinada möhüm orunlary edinen güýçli taýpalaryñ biri bolupdy. Bella şol bir wagtyñ özünde Zahir bin Omar bin Ebu Zeýdan ez-Zeýdaniniñ, biziñ Zahir Omar diýip tanaýan Palestinanyñ möhüm liderlerinden biriniñ neslinden gelýär. Zahir bin Omar Şam-Nablusyñ arasyndaky söwda ýollaryny gysymyna alan güýçli taýpa serdarydy. 1750-nji ýyla gelinende Zahir bin Omar Akkanyñ kontrolyny doly öz eline alypdy. Sebitde güýçli abadanlaşdyryş işlerine başlap, pagta önümçiligine uly goşant goşan Zahir bin Omar Osmanlynyñ ýerine sebitdäki şaýylar bilen güýç birikdirip hereket etmegi Stambul hökümetini ynjalykdan gaçyrdy. Malta garakçylarynyñ Akka portundan logistika goldawyny almagy sabyr käsesini dolduran meseleleriñ biri boldy. Osmanlynyñ Zahir bin Omara bolan gahar-gazaby barha artýardy. Ol bir ýandan şaýy güýcleri bilen bilelikde hereket edýärdi, beýleki bir ýandanam Ortaýer deñiziniñ howpsuzlygyny howp astyna salýardy. Zahir bin Omar Osmanlyny äsgermezçilik edip, Palestinanyñ we Liwanyñ ýerlerine tarap süýşme syýasatyny dowam etdirdi. Osmanly Şamyñ häkimi Osman paşany Zahir bin Omaryñ üstüne ugradyp, onuñ boýun egmegini we ýyllyk salgydyny ugratmagyny talap etdi. Jiji Hadid (Bellanyñ uýasy) Şuny aýratyn nygtamak gerek, Zahir bin Omar Osmanlynyñ gönüden-göni duşmany däldi. Çünki onuñ ogullary Stambul hökümetinde ýokary wezipelerde işläp ýördi, şonuñ üçin ondan gözegçiligi astyndaky ýerlerden çykmak talap edilenokdy. Osmanly Hadidiñ atasyndan salgydyny tölemegini we Stambulyñ duşmanlary bilen hyzmatdaşlyk etmezligini isleýärdi. Gepleşikler dowam edip durka, Osman paşa bilen Hadidiñ güýçleriniñ çaknyşyga girmegi hemme işi bulaşdyryp taşlady. Indi gan dökülipdi we Zahir bin Omar mundan beýläk resmi ýagdaýda jelaly (basmaçy) bolupdy. Osmanlyda bagyşlanmasy iñ kyn jürümleriñ başynda gozgalañ turuzmak bardy, Hadidiñ atasy-da bu etmişi resmi ýagdaýda amala aşyrypdy. Zahir bin Omar akylly adamdy. Ol Osmanla garşy 1770-nji ýylda rus harby-deñiz güýçlerinden we Müsür hökümetinden goldaw alyp, özüniñ howpsuzlygyny kepillik astyna alypdy. Osmanly mundan soñ Osman paşany we Kuddus güýçleriniñ serkerdebaşysy Jezzar Ahmet paşany Bella Hadidiñ garry atasynyñ üstüne ýollady. Jezzar Ahmet paşa hakda aýratyn durup geçmek gerek. Jezzar Ahmet paşa • Napoleona Palestinany zyndan eden serkerde Jezzar Ahmet paşa Jezzar Ahmet paşa beýik fransuz serkerdesi Napoleona ilkinji şarpygyny datdyran adamdy. Napoleon osmanly topraklaryny çekirtge sürüsi kimin basyp alyp ýörkä, birsellem gözüni Jezzar Ahmet paşanyñ goşun bölümleriniñ ýerleşen Akka galasyna gözüni dikdi. Jezzar Ahmet paşanyñ ýaşynyñ ötüşendigi sebäpli Akkany gorap bilmejegini pikir esen Napoleon Ebu Utbäniñ golaýyny labyr taşlap, galany basyp almak üçin taýýarlyk işlerini tamamlady. Jezzar Ahmet paşanyñ garrap lagar düşensoñ gaýtawul bermäge gurby çatmaz öýden Napoleon Ebu Utbäniñ töwereginde düşläp, galany basyp almak üçin taýynlyk gördi. Galanyñ bir gije-gündiziñ dowamynda eýelenip, indiki ýörişlere başlanmagyny talap eden Napoleon 1799-njy ýylyñ 19-njy martynda goşun bölümlerine hüjüme geçmegi buýurdy. Gala top atyşlary bilen böwsüldi, gala diwarlarynda açylan gädiklerden birinji hüjüme geçildi, emma netije fransuz goşuny üçin gaty erbet gutardy. Osmanly esgerleri köplenç birinji hüjümde gumbaýrak ýaly pytrap gidýärdi we fransuz esgerleri gyrybilen adamyny gyrýardy. Jezzar Ahmet paşanyñ serkerdeligindäki esgerleriñem birem yza tesmedi we hüjüme geçen fransuz goşun bölümini doly ýok edipdi. Gala diwarlaryna düşen gädiklerem şobada düzedilipdir, hatda ýumrulan ýerler örülip durka Ahmet paşanyñ esgerleri galadan çykyp, garşylyklaýyn hüjüme geçipdir we fransuz goşunynyñ nyzamyny bozupdyr. Napoleon Bonapart Napoleon birinji hüjüminiñ ertesi güni täzeden hüjüme geçenem bolsa, hiç hili netije gazanyp bilmändir. Mundan soñ ol gala diwarlarynda has ulurak gädikler açyp, galanyñ darajyk gädiklerinden ötri meýdan garpyşygyna öwrüljek hüjüm meýilleşdirdi. Gala diwary top atyşlary bilen uzak wagt oka tutulyp jaýrylandan soñ, fransuz goşuny uly güýç bilen hüjüme geçdi. Fransuz esgerlerini iñ beter aljyradan zat hem togsan ýaşdan goja Jezzar Ahmet paşanyñ goşunyñ başynda durup fransuzlary garşylamagydy. Däriniñ döreden tüssesi dargansoñ Napoleon has beter aljyraññylyga düşdi, çünki hüjüm ýollan goşun bölümleriniñ aglabasy ýok edilipdi we diri galanlary Jezzar Ahmet paşanyñ eline ýesir düşüpdi. Napoleon Kaire gaýdyp gelende, yzynda wepat bolan we ýaralanan san-sajaksyz esgerini taşlap gelipdi. Şeýle-de bolsa, beýik serkerde özüniñ ýeñlendigini boýun alman, hatlarynda gojanyñ köşgüni başyna ýumrandygyny we yzynda daş üstünde daş goýmandygyny aýdýardy. Aslynda welin, Jezzar Ahmet paşa Napoleonyñ goşun bölümlerini iki büküp, Müsüre gabap goýupdy. Zahir bin Omar • Hadidiñ atasy ruslar bilen güýç birikdirip, Jezzar paşany ýeñlişe uçratdy Zahir bin Omaruñ ruslar bilen güýç birikdirmeginiñ netijesi ruslar taryhynda birinji gezek Ýakyn Gündogaryñ gursagyna goşun salypdy we Beýrutyñ häkimiýetini basyp alanda müñlerçe osmanly esgeri şehit bolupdy. Jezzar Ahmet paşa bir ýandan ruslara garşy, beýleki bir ýandanam dürzilere garşy söweşip ýörenem bolsa, Beýruty elden gideripdi. Bella Hadidiñ atasynyñ getiren belasynda ruslar musulman ýurdy basyp alanea müñlerçe musulman wepat boldy. 1774-nji ýylda Osmanly ruslar bilen ýaraşyk şertnamasy baglaşansoñ, Zahir bin Omar Osmanlydan ötünç sorady. Soltan Abdylhamyt I has köp gan dökülmesin diýip, onuñ towakgasynyñ kabul edilmegini isledi. Zahir bin Omar Osmanla hijem hyýanat etmändigi we hemme zady Şam häkimimiñ bulaşdyrandygy hakda hat ýazyp, Şeýhulyslama ýollady. Stambul hökümeti Zahir bin Omaryñ günäsiniñ geçilendigi hakdaky permany onuñ öz eline gowşuranam bolsa, ol beren sözleriniñ birinem ýerine ýetirmänsoñ, Osmanly döwleti bu jenaýatçynyñ wagt utmakdan başga maksadynyñ ýokdugyny bildi. Osmanly bu işiñ soñuna gutarnykly nokat goýmak üçin soñky döwrüñ iñ güýçli kaptany-derýalaryndan (admirallaryndan) biri bolan Alžirli Gazy Hasan paşany Zahir bin Omaryñ üstüne ugratdy. Üstesine tabşyryk diñe pitnäni basyp ýatyrmak däl-de, Zahir bin Omaryñ kellesini Stambula getirmelidi. Alžirli Gazy Hasan paşa we meşhur ýolbarsy Ilki Akka, yzyndanam Haýfa alyndy. Osmanly birlikleri Zahir bin Omary galanyñ içine gabady. Ýeke okda öldürilenden soñ 1775-nji ýylda kellesi kesilip 1775-nji ýylda osmanly patyşasyna ugradyldy. Bella Hadid Palestina bagyşlanan demonstrasiýada Maşgalanyñ gelip çykyşy sosial mediýada aýdylyşy ýaly Palestina däl. Bella Hadid we onuñ maşgalasy Medineden Siriýa göçüpdi we Palestinany az wagtlygyna gysymyna alypdy. Bella Hadidiñ özüniñ Palestina üçin alyp barýan göreşi ähmiýetli bolsa-da, onuñ atasy müñlerçe osmanly esgeriniñ wepat bolmagyna sebäp bolupdy. Şol sanda Zahir bin Omaryñ turzan gozgalañy netijesinde Beýrutyñ rus ädiginiñ astynda hapalanmagyna sebäp bolandygy üçin halanylýan adam däldigini aýdyp bileris. Muhammet Enwer Hadid (Bellanyñ kakasy) Galyberse-de, wagtal-wagtal Bella Hadiduñ kakasy Muhammet Hadidiñ atalaryndan bolan Zahir bin Omara "Palestinanyñ patyşasy" diýen ýaly sözleri we epitetleri ähli ýigrenjiligi bilen ortada dur. Palestinanyñ ýeke-täk patyşasy bardy, olam Stambuldaky osmanly patyşasyndan başga hiç kim däldi. P.S.: Has giñişleýin okamak üçin professor Feridun Emejeniñ "Yslam ensiklopediýasynda" ýazan "Zahir bin Omar bin Ebu Zeýdan ez-Zeýdani (aradan çykan wagty 1189/1775)" maddasyna seredip bilerler". Mehmet MAZLUM ÇELIK. @MMazlumcel celikmehmedmazlum@gmail.com Duşenbe, 11.03.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |