16:09 Osmanly köşgünde parahor aýalyñ ummasyz uly baýlygy: Şekerpara hatyn | |
OSMANLY KÖŞGÜNDE PARAHOR AÝALYÑ UMMASYZ ULY BAÝLYGY: ŞEKERPARA HATYN
Taryhy makalalar
Osmanlynyñ garañky döwürleriniñ biri bolan Soltan Ybraýym döwrüniñ iñ syrly ýüzlerinden Şekerpara hatyn patyşa bilen açan dostlugy arkaly ummasyz uly baýlyk toplapdy. Soltan Ybraýym agasy Myrat IV-den soñ tagta geçipdi. Akyl-huşy ýerinde bolmandygy üçin oña "Däli patyşa" diýilipdir. Kösem soltanyñ hökmürowanlyk sürmäge bolan höwesi we agasynyñ kakabaş häsiýeti Soltan Ybraýymyñ nerwisini bulaşdyryp taşlapdy. Daş-töwereginiñ beýemçilik etmegi bilen osmanly köşgi pyssy-pyjurlygyñ öýjügine öwrülipdi. Ýeri gelende şuny aýdyp geçmek gerek: Safranboluly Jynçy Hüseýin atly bir kezzap Goşunyñ baş kazylygyna çenli göterilip, adalaty üpjün etmeli kazylaryñ ornuny puluny berene satýardy. Patyşa işini oñarýan häkimleri, döwlet işgärlerini ýa-ha ölüm jezasyna buýurýardy ýa-da ýurduñ iñ çet künjegine ugradyp, pes wezipä belleýärdi. Warwari Aly paşa şeýle eden-etdilige we gäbazan hökümete garşy Siwasdan goşuny bilen çykyp, Stambuly eýelemekçi boldy. Warwarini diñe güýç birikdiren häkimleriniñ eden dönükligi togtadyp bildi. Elbetde, Soltan Ybraýymyñ eden gowy işleri-de bardy. Meselem, häzir Emirgana ady dakylan Emirgun Ýusup paşany tagta çykan badyna ölüm jezasyna buýurmagy diýseñ ýerlikli permandy. Dördünji Myrat Sanardan kän erbet hüý-häsiýeti bilen Stambulda ýakasyny tanadan Ýusup paşa Myrat IV-ni arak-şeraba öwrenişdirip, her dürli keýpi-sapalar, meýlisler bilen soltanyñ at-abraýyny ýedi gat ýeriñ teýine sokupdy. Ýusup paşa Myrat IV aradan çykansoñ ýurdy Eýrana gaçyp gitjek bolanda saklanyp öldürilipdi. Soltan Ybraýymyñ döwründe halanmaýanlar diñe Kösem soltandyr Jynçy Hüseýin ependiden ybarat däldi. Şekerpara hatyn atly ýene bir haseki (gyrnaklaryñ arasyndan patyşa üçin saýlanylyp alynýan zenan) bardy. Onuñ para-peşgeş arkaly toplan baýlygy Jynçy Hüseýiniñ baýlygy bilen bäsleşýärdi. • Eýupsoltanyñ kümmet hekaýasy Stambul-Eýupsoltana gidip görenler bilýändirler, ol ýerde "Şekerpara hatyn" kümmedi bar. Kümmet öwrenilende bolsa içerden hiç hili gubur çykmandyr, çünki kümmedi gurduran Şekerpara hatynyñ bu ýerde jaýlanmandyr. Geliñ, sebäbini bilelikde öwreneliñ. "Şekerpara hatyn" kümmedi Şekerpara hatyn köşge çerkez gyrnagy bolup gelipdi. Onuñ hakyky ady Zöhre Şasuwar hatyn eken. Köşge aralaşan wagty 1640-42-nji ýyllar bolandygy dürli çeşmelere agzalýar. Oña "Şekerpara" adyny bolsa Soltan Ybraýym dakypdyr. Şekerpara hernäçe üzümi suwy ýaly gyz bolup görünýänem bolsa, aslyýetinde bir ýañagy gyşykdy. Oña "ýakymly, hoşsurat" manysyny bermek üçin şeýle at dakylan bolmaly. Şekerpara hatynyñ köşkde Kösem soltanyñ täliminden geçendigini aýtsa bolar. Şonuñ üçinem ol syýasy meselelerde aýallaryñ nädende güýji öz tarapyna çekip biljekdigini we pozisiýasyny berkidip boljakdygyny hakyky ussadyndan öwrenipdi. Käbir çeşmeler onuñ agramynyñ 150 kg bolandygyny aýtsalaram, muny tassyklap biljek düýpli çeşmä ýa-da maglumata gabat gelip bilmedik. Megerem köp kişi Şiwekär soltan bilen Şekerpara slltany bulaşdyrýan bolmaly. Şekerpara hatyny köşkde güýçlendirenem Soltan Ybraýym bilen gatnaşygyndan zyýada oña owadan gyrnaklary tapyp berýändigidi. Soltan Ybraýym Şekerpara Stambul hammamlaryna aýlanyp, soltana mynasyp gyrnaklary gözläp tapardy. Elbetde, şu ýerde gündogar haremhanasy göz öñüñize gelmesin, çünki Osmanogly dinastiýasyna gyssagly mirasdüşer gerekdi we Soltan Ybraýymyñam akyl-huşy ýerinde däldi. Şonuñ üçinem ogul perzent döwletiñ derwaýys meselesine öwrülipdi. Şekerparanyñ 1647-nji ýylda Gara Musa paşa durmuşa çykmagy onuñ güýjüne güýç goşanam bolsa, güýjüniñ esasy gözbaşy Soltan Ybraýymyñ nedimesi (ýoldaşy) we syrdaşy bolmagyndan gaýdýardy. Bu güýç soñabaka köşge işi düşen birnåçe döwlet işgärinden para alyp, mesele çözmäge başlapdy. Şekerparanyñ iñ uly ýalñyşlygy gözden düşendir öýdüp Kösem soltan bilen bassaşlyga girmegidi. Şu meselede iki çaklama bar: birinjisi we gowşak hasaplanýan çaklamada Şekerparanyñ Kösem soltany horlandygy aýdylýar, beýle zat mümkin däl. Ikinji çaklama bolsa, Şekerparanyñ Kösem soltany ýok saýyp äsgermezligi, netijede köşkde Şekerparanyñ Kösemden almytyny almagydyr. Netijede bu bassaşlygyñ soñy Şekerparanyñ sürgün edilmegine sebäp bolýar. Kösem soltan Şekerparanyñ sürgün edilmegi we soñunda onuñ orta çykan baýlygyny Naimanyñ agzyndan eşdeliñ, Naima hem Kösem soltanyñ Şekerparanyñ burnundan ikli gan getirendigini aýdýar: "Jumadel-ulanyñ üçünji hamis güni (iýul, 1648) musabihelerden Şekerpara hatyn birnäçe işde ady geçýär. Ol golastyndaky adamlaryñ arada durmagynda para alyp, hetdinden aşandygy üçin beýleki musabiheler bilen tersleşendigi, mesele boýunça Walyda Soltanyñ ony gamçylap jezalandyrandygy eşidilýär. Ýagdaý patyşanyñ gulagyna ýetip, şol günüñ özünde ýaşaýan ýerinden alynýar we Sakyz adasyna sürgün edilýär. Köplenç ýagdaýda onuñ bilen gürrüñ etmek üçin Şekerparanyñ köşgüne barýan Halapdan mazul Hasan paşanyn aýaly Ebe gyzy Hamyda hatyn hem şol wagt onuñ ýanynda bolansoñ, onuñam sürgüne ýollanmagy buýrulýar. Emma Hamyda hatynyñ bir akylly gyrnagy "Hamyda hatyn men" diýip, özüniñ gaýyga mündürilmegini gazanýar. Şeýdip Hamyda hatyn-a halas bolupdyr, gyrnak hem bu hereketi arkaly tanalypdyr. Şekerparanyñ emläginiñ muzdasyz alynmagy buýrulýar. Onuñ ýakyn adamlaryndan Sebzeçi Süleýman we Däde atly iki kişiden soralýar. Şu iki adam Şekerparanyñ güýjünden we meşhurlygyndan peýdapanyp baýapdylar we döwrüniñ Karunyna öwrülipdiler. Walyda Soltanyñ gurduran kompleksindäki bir otagda 16 sandyk doly jowahyr, altyn-kümüş bolupdyr. Sandyklaryñ açaryny Sebzeçi tabşyrypdyr we sandyklar patyşanyñ öñüne getirilipdir. Hemmesi Şekerparanyñ möhüri bilen açylanda her bir agzyna-burnuna çenli jowahyrdyr merjen bilen doludygy, şeýle-de altyn, rival we gymmatbahaly hindi antikwarlarynyñ we başga-da gymmatbahaly sowgatlaryn bardygyny gören patyşa: "Haý, kapyr-a! Maña agşam çörek almaga pulum ýok diýip ant içerdi, gör bak, nämeleri çykdy, hemmesi meñ zadym!" diýip gygyrýar. Oturan ýeri barlananda birgiden zatlar we dürli ýüpeklerden edilen 200 ýorgan tapylýar. Başga-da köp sanly gymmatbaha zatlary bilen 250 käse nagt pul çykýar. Birküç günden soñ Şekerpara kethudasy Sebzeçi diýilýän Ysmanakçybaşy giýewi Ybraýym Çelebiniñ boýny oñrulyp Aksaraý bazaryna zyñylýar. Süleýmandyr Däde bolsa gije bogulyp öldürilýär. Şekerpara hatyny Goçbegogly Pälwan Ahmet aga atly oturdaşy bilen Ibrime sürgün edýärler. Ol gerek-ýarak zadyny Goçbegogluna aýdýar, ol oña 600 akça berýär, hatyn minnetdarlygyny bildirmek üçin pälwanyñ syýyny öpýär, muña onuñ ikisi-de bozulyp aglaýar. Olar Müsür serhedine ýetenlerinde Haýdar Agazada Mämmet paşa gabat gelýär, olam 300 altyn, Müsürde häkim Kiçi Emir paşa 500 teññe sowalga pul berip, mübaşiri (oturdaşy) Ibrime äkidip gelýär". Şeýlekin dereje ummasyz baýlygy bolan Şekerpara hatyn sürgün edilipdir, onuñ äri Gara Musa paşa-da Ýedikule zyndanynda öldürilipdir. Ibrim galasyna sürgün edilen Şekerpara hatyn Müsür-Efiopiýa araçäginde ýerleşen bir ýerde ömrüniñ ahyryny dilegçilik edip ötüripdir. Uly umyt-arzuwlar bilen gurduran Eýupsoltandaky kümmedini bolsa Abdyrahman aga atly biri satyn alypdyr. Şular ýaly sebäp bilenem Eýupsoltandaky "Şekerpara hatyn" kümmedinde Şekerpara hatyn ýatanok. Osmanlynyñ garañky döwürleriniñ biri bolan Soltan Ybraýym döwrüniñ iñ syrly ýüzlerinden Şekerpara hatyn patyşa bilen açan dostlugy arkaly ummasyz uly baýlyk toplapdy. Hatda Naimada aýdylýan Soltan Ybraýymyñ "Haý, kapyr-a! Maña agşam çörek almaga pulum ýok diýip ant içerdi, gör bak, nämeleri çykdy, hemmesi meñ zadym!" diýen sözlerindenem düşünişimiz ýaly, hut patyşanyñ özüni-de aldamagy endige öwrüpdir, ýöne onuñ baýlygynyñ düýp çeşmesi para-peşgeş hasaplanypdyr. Mehmet MAZLUM ÇELIK. celikmehmedmazlum@gmail.com Ýekşenbe, 26.02.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |