14:53 Osmanly köşgüni ýesir alan Hüseýin jynçynyñ geñsi kyssasy | |
OSMANLY KÖŞGÜNI ÝESIR ALAN HÜSEÝIN JYNÇYNYÑ GEÑSI KYSSASY
Taryhy makalalar
Osmanlyda doga-tumar Patyşanyñ derdine derman bolup we osmanogly nesilşalygyny ýok bolmadan halas etjek kişi ibaly medrese bilimi-de bolmadyk, jadygöýlik, doga-tumar bermek, jyn okamak bilen güzeranyny dolaýan Safranboluly Hüseýin ependi diýilýän çalasowatdy Soltan Myrat IV-iñ aradan çykmagyndan soñ tagta geçen Soltan Ybraýym ruhy taýdan näsaglyklary başdan geçiripdir. Iñ ýamany-da, osmanly neberesi Soltan Ybraýym bilen soñlanmagyñ öñüsyrasyna gelipdir. Ýagdaý şeýle bir çataga diräpdir welin, tagta Krym hanlygyndan birini getirip goýmagyñ pikiri alnyp maslahatlaşylypdyr. Däli Ybraýym Soltan Ybraýymyñ başdan geçiren ruhy näsaglygyny onuñ öz galdyran şu inçe setirlerindenem bilse bolýar: "Sanjy deýu ýatyrum, käh arkama gelür, irkilür, gulaklarım dykalur... Şeýle yzam bardyr ki ölüp barýaryn, Ahwalym beter ýaman bolmuşdyr… Halym çökder, mizajymda küdurat bardyr… Göreyin seni, meniñ bu derdime nije çäre taparkañ… Meni söýersen, muña çäre taparsyñ, ondan-mundan sorarsyñ". (Taýýip Gökbilgin, "Ybraýym", "Yslam ensiklopediýasy"). Patyşanyñ derdine derman bolup we osmanogly nesilşalygyny ýok bolmadan halas etjek kişi ibaly medrese bilimi-de bolmadyk, jadygöýlik, doga-tumar bermek, jyn okamak bilen güzeranyny dolaýan Safranboluly Hüseýin ependi diýilýän çalasowatdy. Ol patyşany sagaldandan soñ Anadolynyñ baş goşun kazysy wezipesine çenli göterilip, parahorlyk arkaly "gözi gumdan dolup, puldan doýmadyk" Karun ýaly ummasyz baýlyk toplapdy. Elbetde, Hüseýin jynçyny köşge aralaşdyran we Soltan Ybraýymy oña örkläp goýanam Kösem soltandy. Kösem soltan Iñlis ilçisi we osmanly taryhçysy ser Pol Rikotyñ aýtmagyna görä, Kösem soltan öldürilen wagtynda-da onuñ egin-eşikleriniñ arasyndan Hüseýin jynçynyñ doga-tumarlary çykypdyr. Medresede okanda Hüseýin jynçy bilen bile okan Öwlüýä Çelebi "Syýahatnama" atly meşhur eserinde onuñ sowat derejesini şeýle beýan edýär: "Zagferonborly (Safranboluly) nam şäherde şeýhzada nam bir softady. Asitanä (Stambula) gelip Ungapany iç ýüzünde Pil okuşynda "Hamyt ependi" medresesinde hakir Ahfeş ependiden Molla Jamy tilawet edip (okap) "Kitaby Ylmy-Hajyp Kafiýäni" yrab edende, bu mezbur (ady agzalan) Jynçy molla Ahfeş ependi ussadyndan "Kitaby-Izzi" okanda, hikmeti-eziz ismine mazhar düşüp, bir günde yzzat tapyp sagadatly patyşaha surh-bad we "Kenzül-Arş" dogalaryny tilawet edip, bi-emrillah (Hudaýyñ buýrugy bilen) Ybraýym han hoşhal bolup (ýagdaýy gowulaşyp) şazadanyñ ismi Jynçy molla bolup iştihar tapdy (at-owazasy ýaýrady). Emma Allah alymdir, şärigimiz (ders ýoldaşymyz) bolmasy jähti bilen keýpiýeti-haly mälimiñiz (ýagdaýyny bilýäris. "Ylmy-dawetden" (Doga biliminden) ýeke harp bilmezdi. Ýöne birselem bagty we nesibesi çüwüp, olam peleki atlasy-bukalemunda (üýtgäp duran şu dünýäde) paý-baflyk (çulhalyk) edip saga-sola gunagun (tüýsli-tüýsli) oýnuny etdi". Öwlüýä Çelebi Aslynda Jynçy hojanyñ meşrebini ilkinji bolup duýanam medrese mugallymy Şeýh Mämmet Çelebi bolupdyr. Ol Izmire bellenende, medresäniñ talyplary Hüseýin jynçyny-da ýanlaryna alyp gitjek bolupdyr, çünki Hüseýin ependi doga-tumar ýazyp berip we jyn okamak bilen meşgullanyp, medresäniñ adyna ysnat getiripdir. Mämmet Çelebi bolsa muña garşy çykypdyr: "Be-heý ependi! Biziñ mertebämiz bar-a! Aýal-owrata we oglan-uşaga efsun okaýan bu sehhary-nabekary, jadygöý kelesañy äkidip mansybymyzda betnam (ýaman atly) bolalyñmy?" (Naima taryhy). • Hüseýin jynçynyñ beýgelişi we peselişi Hüseýin jynçynyñ ganyna jynçylyk doga-jady mübtelalygy ymykly siñipdi. Ol indi düzelerden geçipdi. Bu uguryñ lomaý girdejisi we adamlara edýän jadyly täsiri çalasowat mollany belli-külli özüne örkläp goýupdy. At-owazasy köşge baryp ýetensoñ-a, ýyldyrym çaltlygynda ösüpdi. Gysga wagtda goşunyñ baş kazysy bolup, hatda weziri-agzamdanam güýçli mertebä ýetipdi. Iñ gynandyryjysy-da, Şeýhulyslam Ýahýa ependi ýaly öz döwrüniñ ylymda belent mertebelere ýeten din alymynyñ şeýle masgaraçylykly ýagdaýa çydap bilmän keselläp ölmegidi. Ahmet Refik Altynaý ýagdaýa şu sözler bilen baha beripdi: "Soltan Ybraýymyñ sekiz ýyl dowam eden soltanlygy döwründe dört şeýhulyslam çalşypdy: Şahyr Ýahýa ependi, Ebuseýit ependi, Seýit Ahmet ependi, Abdyrahym ependi. Bu şeýhulyslamlaryñ üstünde ýeke-täk güýç höküm sürýärdi. Oña ýakasy gaýyşly Hüseýin jynçy ependi diýilýärdi". ("Aýallar soltanlygy" / "Kadınlar Saltanatı") Osmanlynyñ çagşap barýan ykdysadyýetini düzeltmek üçin wezipä bellenen Kemankeş Gara Mustapa paşa öz döwrüniñ zehini daş ýaryp duran saýlama döwlet işgäridigine garamazdan, Hüseýin jynçynyñ para-peşgeş toruna çomak sokmagynyñ öwezini şirin jany bilen ödemeli boldy. Abdyrahman Şeref Hüseýin jynçynyñ şol ölüm jezasyndaky roluny şeýle sözler bilen beýan edýär: "Jynçy molla" lakamy bilen tanalýan Hüseýin ependi atly arsyz hemme zada burnuny sokmaga başlapdy. Emma sadrazam (baş wezir) Kemankeş Gara Mustapa paşanyñ agraslygy we haýbatlylygy islän oýnuny oýnajak bolýan munuñ ýaly bozgaklaryñ jogapkärçiliksiz hereketlerine böwet bolýardy. Emma olaryñ garazkär pirimleri sebäpli zerarly ol akylly wezirem öldürildi". ("Osmanly döwletiniñ taryhy"). Şular ýaly möhüm döwlet işgäriniñ öldürilmeginde-de rol oýnap bilen Hüseýin jynçy Stambulyñ orra-ortasynda özüne howalaly köşk saldyrýar, ol köşkde ýüzlerçe adam işläpdir. Stambuldaky köşgi bilen birlikde häzir Safranbolunyñ simwoly hasaplanýan monumental "Jynçy hanany-da" saldyrypdy. Safranbolu "Jynçy hanasy" Akyl-paýhas, mantyk paýtagty terk eden döwründe Hüseýin jynçy kazylyk wezipelerini pula aç-açan satyp başlapdyr. Ol gün geçdigisaýy şeýle bir baýaýardy welin, şahsy baýlygy osmanly hazynasy bilen deñleşip biljek derejä ýetipdi. Hüseýin jynçy gara nebsiniñ ýesiri bolupdyr. Eline düşen zady añyrsyna atmak gylygynyñ güýçli bolşy ýaly, husytlygy we mal-mülke bolan yşky-da şeýle bir güýçlidi welin, kellesini-de zannyýaman parahorlugy üçin däl-de, husytlygy sebäpli togalatmaly boldy. Öwlüýä Çelebi Jynçy mollanyñ meşhur köşgüni we baýlygyny şeýle suratlandyrýar: "Öwlüýä Çelebi medresede siziñ bilen ylma meşgul bolandygymyz sebäpli jenaby-yzzat ylym bereketi bilen bu köşi, Üsküdar welaýatymyzda nije ýerlerde mülk ýerleri bilen nije gune yhsan we engamlar etdi" diýip bihadd (hetdenaşa, aşa köp) hamdy-senalar etdi. "Enşalla soltanym, ylym tilawet etmekde şärikdeşdim, enşalla, döwletiñizde-de dünýäligiñiz bilen şärikdeş bolarys" diýende: "Wallahy, bitekellüf (teklipsiz) bolanlygyndan hazz eýledim. Bejit, hazynadar bäri gel!" diýip, hazynadaryñ gulagyna güftügi edensen soñ bir käse teññe we ýaşyl çuhawla gaplanan gunduz syýahy semmür kürk, giñ kazy dony, el-hasyl boýdan-başa bir gat esbap (egin-eşik) yhsan edip, doly taawwül edip (iýip-içip) "Dessur!" diýip gidende, aşak düşüp gördüm, biziñ atymyzyñ ýerine Pilmahmyda meñzeş küheýlan atyñ biri, Şam üzeññili we sim (kümüşden) eýerli, wüzera rahtly (wezirlere bap) küheýlan atyñ ýene biri. "Ependi (Jynçy hoja) size yhsan etdi" diýenden, ýene ependi huzuryna çykyp: "Soltanym, bizi hakten ref eýleýip (gara ýerden göterip) pyýadakam atlandyrdyñyz. Hudaý sizden razy bol-a!" diýip, ýene ata süwar bolup (münüp) sehl (seýil) edenden soñ badel-asr (ikindinden soñ) pursaty ony gördüm, bir haý-huý bilen (gaty ses bilen) elli sany hammal ýükli bürünç, kofe, şeker, şemi-asal (bal mumy), rowgan (ýag), asal (bal), wel-hasyl günagun (dürli-dürli) makulat we meşrubat bilen hanaýy-tehim (boş öýüñ) malamaýy-nygmaty Rebbi-rahym bolup (Rahym Allanyñ nygmaty bilen dolup) jahanma-jahan hazz edip, adama bir şerbeti ýaglyk berip gitdim". ("Syýahatnama"). Arşy-Agla munça eden-etdiligi göterip bilmezdi. Ahyrynda Jynçy hojanyñ pyrryldaklary paş bolup, eýeleýän wezipesinden pyzylmagyna sebäp bolan hadysany Ahmet Rasim "Naima taryhyna" salgylanyp, şeýle beýan edýär: "1057-nji ýyl Jynçy hoja düşmedi. Ol Anadolynyñ harby kazysy bolandygy üçin gämi ussahanasyna gidip, harby-deñiz güýçlerine gerekli serişdelere esewan edip ýörkä, Ankara kazysy Tawil Ahmediñ dogany Ýunus atly kazy onuñ öñüne çykyp: - Doganymyñ dört müñ teññesini alyp, Ankara kazysy wezipesini berdiñ. Emma alty aýdan soñ aýryp, Kederzadanyñ müñ altynyny alyp, Kederzadany bellediñ. O nähili beýle bolýar? - diýip, yrsaramaga başlaýar. Bu galmagala hojanyñ ähli jynlary üýşüp, "Güm bol, jahyl!" diýip, Ýunus Derýadili kowjak bolsa-da, Ýunus beter beleñ aldy. Bunun üzerine mahzarlary ýollap, tussag etdirdi. Diwan hanasynda Ýunusa 20-30 gamçy urdurdy. Emma Ýunus molladan agzy bişen beýleki adamlary-da daşyna üýşürip, gapy-gapy aýlandy we jynçy mollanyñ edýän ähli bolgusyzlyklaryny paş etdi". Soltan Ybraýym halkyñ arasyna dürli gep-gürrüñleriñ ýaýrap başlandygyny eşden badyna, mollany Anadoly sadaretinden boşadýar, şeýle-de täze salnan köşkdenem çetleşdirýär. Möwlid üýşmeleñleriniñ birinde-de onuñ ýerine Bahaýy ependini belläp, mollany halamandygyny, onuñ özüni gynandyrandygyny görkezipdir. Soltan Ybraýym tagtdan gyrakladylandan soñ sadrazam Sopy Mämmet paşa jynçy molladan täze patyşanyñ tagta çykyş dabarasy üçin 200 käse altyn bermegi haýyş edipdir, emma husutlykda ýaka tanadan jynçy mollanyñ soralan puly beresi gelmändir. Bu gezek kethudalaryñ gatnaşmagynda mollanyñ öýüne girilende, hemmeler añk bolup galýar. Müñlerçe käse altyn öýüñ dürli ýerlerinde bukulan ýagdaýda tapylýar. Belki-de ol, soralan 200 käse altyny beren bolsa, beýle zat bolmasa-da bolmazdy. Hüseýin jynçynyñ ömürboýy gyrp-çyrp edip ýygnan puly Soltan Mämmet IV-niñ tagta çykyş dabarasyny sowmaga bir özi ýetik bolupdyr. Tagta çykyş dabarasy-da ýöne-möne çäre bolmandyr, sebäbi her patyşa çalşygynda halka paýlanýan pul hazynanyñ doly boşap galmagyna sebäp bolan dabaraly çäre bolupdyr. Dogry deñeşdirmäni şu ýerden etse bolýar. "Ajaýyp asyr. Kösem" taryhy teleserialynda Hüseýin jynçy Safranboluly Hüseýin jynçy oñly medrese bilimi bolmasa-da, goşunyñ baş kazysy wezipesine doga-jady, jyn okama ýaly işleriñ üstünden göterilipdi. Ýurduñ kazysy ýaly jogapkärli wezipäni para-peşgeşe satyp, osmanly hazynasy bilen bäsleşip biljek derejede ummasyz baýlyk toplan Hüseýin jynçynyñ toplan baýlygy özüne nesip etmedi, ol ahyrsoñunda 1648-nji ýylda ölüm jezasyna höküm edildi. Stambul köşgüni we patyşany ýesir alan bu zaññar ulamalaryñ at-abraýynyñ gaçmagyna hem sebäp bolupdy. Mehmed MAZLUM ÇELIK. @MMazlumcel celikmehmedmazlum@gmail.com Sişenbe, 13.12.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |