21:29 Osmanlyda dilegçiler | |
OSMANLYDA DILEGÇILER
Taryhy makalalar
Paýtagt Stambulda dilegçi milleti iki topara bölünipdir. Birinji topardaky dilegçileriñ Stambulda elmydama dilegçilik etmäge hukugy bolupdyr. Bularyñ sany belli bir möçberden ýokary geçmändir we Stambul halky üçin birahatlygyñ sebäbi bolmaga ýol berilmändir. Dilegçiler özlerine resmi bolmadyk gildiýa gurup, düzgün-tertibe laýyklykda dilegçilik edipdir. Eger kimdir biri degişli ýerden almaly rugsadyny almazdan, meselem, "Eýýup" ýaly belli ýerde dilegçilik etse, onuñ almytyny ilki bilen ýerli toparlaýyn dilegçiler beripdir. Dilegçiler "gädik" ("gedik") diýip at beren ýerlerini goramak babatda hüşgärligi elden bermändirler. Muharram we Oraza aýlary Stambulda dilegçileriñ aşygynyñ alçy gopýan aýlary bolupdyr. Hususanam, Oraza aýynda raýon bölünişikleriniñ bolmagynyñ we şol bir dilegçileriñ birden artyk paý almagynyñ öñüni almak üçin dilegçileriñ şefi bolan "kahýalar" deñligi üpjün edipdir. Kahýalar ençeme ýylyny dilegçilik edip geçiren we beýleki dilegçileriñ arasynda sylanýan adamlaryñ arasyndan saýlanypdyr. Kahýalaryñ ýene bir esasy wezipesi, aýratynam Oraza aýlarynda Stambulyñ daşyndan gelip dilegçilik etmäge rugsat berilen dilegçilere gözegçilik etmek we Oraza baýramyndan soñ Stambuldan çykyp gitmegine esewan etmek bolupdyr. Elbetde, bularyñ birem resmi taýdan bellenilýän wezipe bolmasa-da, wagtyñ geçmegi bilen däbe öwrülen bu ýörelge döwlet edaralary tarapyndanam sylanypdyr. Kahýalar gezende dilegçileriñ arasynda esasanam syganlaryñ gelişine ünsli garapdyr. Çünki syganlar hemişelik gelmändir we köplenç Orazadan soñ olary Stambuldan ugratmak has añsat bolupdyr. Emma Oraza aýynyñ bereketi Stambuly gysga wagtda dilegçiler üçin höwes edilýän ýere öwrüpdir. Rumeliden we Anadolydan her tüýsli dilegçi Stambula gelenini gowy görüpdir. Bu ýagdaýdan erbet ynjalyksyzlanan Aly Ryza beý ýagdaýy ýañsyly görnüşde şeýle tankyt edipdir: Mukaddes Oraza aýynyñ sadaka bolçulygyndan peýdalanmak üçin Stambula üýşýän adamlar bardy. Bularyñ köpüsi oba ýerlerinden täze gelenler bolman, başga wagt Üsküdardaky otly gaýyklarda we baržalarda günlükçilik edýän ýa-da köçelerde eli elekli, arkasynda gara çöpürden edilen horjunly kişmişdir nohut satýan hepbesizlerdi. Bular "Bitbazaryndan" birküç teññä şal esgisini alyp, sarykdyr ýapynjaly köne don atynyp, dilegçilik ederdiler Olaryñ bir topary oba ýerlerinden gelen, dogry-dürs dili öwrülmeýänem bolsa, käbir gazallaryñ bendini başly-barat ýat tutan edep-terbiýesiz bihepbelerdi. Bular käwagt öz aralarynda birleşip we hemişelik dilegçiler bilenem birigip uly jemendä öwrülerdi. Ine, şol mahalam Stambulyñ köçeleri ýarym-ýalañaç, ýigrenji, dikdüşdi, eleşan, eliñdäkini kakyp aljak bolup duran dilegçilerden ýaña geçer ýaly bolmaýardy. Bir bölegi-de, tarawa namazyndan soñ çaýhanalara girip, salam berip, gazal aýdýardy we hekaýatlar gürrüñ berýärdi. Bir bölegi bolsa, metjitde namaz okap duranlaryñ öñüne "Jaýyñ jennet bolsim" ýazgyly kiçijik kagyzlary bir başdan zyñyp gelip, beýleki bir uçdanam ýygnardy. Ýene bir topar metjitleriñ howlusynda üýşüp, derwüş Ýunusyñ birnäçe gazalyny biragyzdan, ýöne galiz sesler bilen okapdyr, birnäçeleri-de halk metjitden çykanda gapynyñ agzynda seteran durup dilegçilik edipdir. Agşamlaryna agzaçar naharyndan iýmek maksady bilen öýleriñ arasynda aýlanypdyrlar, kimdir biriniñ agzaçar edip durandygyny gören batlaryna hödür-mürähede garaşman şobada saçagyñ başyna çöküpdirler ve soñam pul ("diş kireýi") diläpdirler. Stambul dilegçileriniñ bu gelşiksiz hereketleri soñlugy bilen hökümet tarapyndan nazara alnyp, "Darülajeze" ("Ejizleriñ öýi") gurupdyr. Emma gynansak-da, soñky döwürlerde olar ýene örç alyp köpelipdir". Aly Ryza beýiñem janyny ýakyşy ýaly, dilegçi gädikleri bozulypdyr, Osmanly imperiýasy gowşadygysaýy, ýurduñ çäklerinde çäkden, çygyrdan çykan dilegçiler topary emele gelipdir. Wagtyñ geçmegi bilen oraza saçaklarynda hemişe bir tabak nahar we "diş kireýi" aýrylýan dilegçiler topary stambullylar üçin açgöz we gorkuly hülgent toparlaryna öwrülipdir. Kawkaz we Balkan ýurtlaryndan gelen bosgunlar dilegçiligiñem atmosferasyny bozupdyr. Az wagtyñ içinde eleşan dilegçilerden ýaña Stambul hyñ beripdir. "Eýýup" ýaly Stambulyñ magnawy raýonlary hamana dilegçileriñ eýeçiligine geçen ýalydy. Hökümet öñüni alyş işi hökmünde dilegçileri tutup, ýekän-ýekän Stambuldan çykaryp kowmaga başlady, emma dilegçilik problemasynyñ asyl çygyrdan çykan ýeri Mekge-Medinedi. Stambul, Şam, Kair, Bagdat ýaly ýerlerden müñlerçe dilegçi mukaddes ýerlere ylla çekirtge sürüsi ýaly çozýardy. Bu ýagdaý asudalyk taýdanam, magnawy taýdanam huzursyzlyk döredipdi. Hökümet dessine herekete geçip, mukaddes ýerlere girişde "meni-mürur", ýagny, pasport düzgünine meñzeş düzgün girizip, dilegçilik etmäge meýilli adamlary mukaddes ýerlere salmandyr. Dilegçiler boýunça iñ jogapkärli çemeleşen patyşa Soltan Abdylhamytdyr. "Darülajeze" - 1895-nji ýylda Soltan Abdylhamyt II-niñ permany bilen "Okmeýdanynda" 27 müñ² km meýdanda gurulan haýyr-sahawat edarasy Abdylhamyt "Darülajezäni" gurup, bu meselä guramaçylykly çykalga tapmaga synanyşypdyr. Ejiz biriniñ dilegçilik etmäge başlan badyna "Darülajezä" zor bilen äkidilendigi aýdylýar. Belli bir derejede öñi alynan dilegçilik problemasy Balkan uruşlaryndan we Birinji jahan urşundan soñ Stambuly täzeden öz girdabyna dolap alypdyr. Hususanam, Stambulyñ basylyp alynan günlerinde Çanakkale frontuna gatnaşan gazylaryñ (weteranlaryñ) bir böleginiñ seretmäge hossary bolmansoñ, Stambulda dilegçilik edip gün görendiklerine şol döwrüñ ýol ýazgylarynda gabat gelýäris. Mehmet MAZLUM ÇELIK. Ýekşenbe, 17.12.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |