16:54 «Owaz bilen sözlärin» | |
OWAZ BILEN SÖZLÄRIN
Ýatlamalar
Pälwansypat, tegelekden gyzyl ýüzli, epeý-epeý basyşly, agrasdan äwmän gürleýän adamyň keşbi gözde galypdyr. Ondan bäri är ömri geçiberipdir. Geçen asyryň 80-nji ýyllarynda her gün diýen ýaly gabatlaşylan, salamlaşylan wagtlar indi hakyda depderinde ýatlama bolup galdy. Ýaňy ýokarda «gyzyl ýüzli» diýipdim. Şu wagt oýlanýan weli, aslynda ak ýüzli bolup, türkmen ýurdunyň jöwzasyna garalansoň gözüme şeýle görnen bolmaly. Epeý-epeý basyşam ulumsylykdan däldi, ýasawy salykatly bolany üçindi. Birki agyz gep alşyp-alyşmankaň: «Ýaz ýaly adam eken-ow» diýdiräýýärdi. Bir gezek Türkmenistanyň halk ýazyjysy, şol wagtlar Ýazyjylar birleşmesiniň Daşoguz welaýaty boýunça edebi maslahatçysy Hangeldi Garabaýewe pete-pet gelnende, el uzadyp: — Salam, Mihail Fedotowiç! — diýipdi. Şonda ol ýylgyryp: — Mihas diýsene, belaruslarda şeýle diýilýänini sen bilmel-ä — diýipdi. Muny gör-le! Ine, häzir belarus ýazyjysy, türkmen edebiýatynyň hakyky dosty Ales Karlýukewiçiň Minskiniň «Звязда» neşirýatynda 2018-nji ýylda çapdan çykan «Edebi doganlyk» («Литературное побратимство») atly kitabyndaky setirleri okap, ýokardaky waka ýadyma düşdi. Sebäbi alys ilden goýberilen kitapda şeýle ýazylan: «Asly mogilýowly şahyr Mihas Karpenko 1930-njy ýylyň 11-nji iýulynda Hotimiň gapdalyndaky Moksimowka obasynda dogulýar. Ol 80 ýaşy arka atyp aradan çykdy. Onuň ykbaly täsin galdyryjydyr. Şahyryň soňky kitaby Minskide 2001-nji ýylda «Отсовское поле» («Atamyň meýdany») ady bilen çap edildi». Ýokarda agzalan kitapda bellenilişi ýaly, gür tokaýlaryň, ýaşyl öleňlikleriň, göm-gök kölleriň gyrasynda ulalanam bolsa, onuň kämillik, hatda gojalyk ýyllary gyzgyn Garagumuň gujagynda geçipdi. ...Ýediýyllyk mekdebi tamamlan Mihas Grodnyý şäherindäki medeni aň-bilim uçilişesine okuwa girýär. Çagalygyny, ýetginjekligini urşa ogurladan, iň ýakynlary faşist basybalyjylarynyň elinden gurban bolup, doglan, ýaşan obasy oda-ýalna berlensoň, onuň egni gysykdy. Ýöne ýüregi joşgunlydy. Onsoň ýetginjegiň galamyndan çykan ilkinji goşgularam dessine «Гродненская правда» welaýat gazetinde çap bolýar. Şeýdibem, geljekki ykbal döredijilige ulaşýar gidiberýär. Okuwy gutaran zehinli ýigit «Могиловская правда», «Пионери Беларуси» neşirlerinde işleýär, kämilligiň ilkinji ädimlerini geçýär. 1950-1960-njy ýyllarda poeziýanyň jadyly dünýäsini has giň gulaçlap başlan şahyr Adam Maldis, Maksim Tank ýaly edebiýatyň ägirtlerinden tälim alýar, dostana gatnaşykda bolýar. Belarus şahyry Mihas Karpenkonyň goşgularynda tüýs türkmençilige mahsus «ysy», diňe biziň ýurdumyza, ilimize muwapyk aýratynlygy her setirde diýen ýaly duýup bolýar. Bu topragy on iki süňňüň bilen söýmeseň, ýürekden beýle setirler syzylyp çykmaýar. 1969-njy ýylda Moskwada Ýokary komsomol mekdebini tamamlan hyjuwly ýigidi Türkmenistana işe ugradýarlar. Krasnowodskiniň (häzirki Türkmenbaşy şäheri) «Знамя труда» welaýat gazetinde baş redaktor bolup işläp başlanda, Mihail Karpenko goşgularyny eýýäm rus dilinde ýazyp başlapdy. Hazar deňzi, Balkan dagy, Sünt-Hasardag, Garabogaz, Çeleken (häzirki Hazar), Gumdag... Iň esasam, Garagumuň «aňyrsy tükenmezdir» diýdirýän depe-gollary, ak takyrlarydyr giden mallar agyp-dönýän ýaýlalary şahyr ýüregini görülmedik gözellik bolup joşdurýar. Şonuň üçindir, Garagum, şahyryň öz aýdyşy ýaly, ebedi temasyna, döredijiliginiň hiç wagt solmajak elwan meýdanyna öwrülýär. Doga janypkeş bolsaň, mertebäňem beýgeliberýär, at-owazaňam ýaýraberýär. «Sen şu taýda has gerekli» diýip, M. Karpenkony getirip, «Ташаузская правда» welaýat gazetine baş redaktor belleýärler. Eýýäm başga durmuş. Iň esasam, başga tebigy aýratynlyk, başga adamlar. Bärde balykçylyk, nebitçilik däl-de, pagtaçylyk, ekerançylyk bar. Diýmek, ylham çeşmesiniň gözbaşam üýtgäýmeli. Şeýle-de bolýar. Nijeme ýyl bile işleşen, tanyşlygy soňra «gyl geçmez» diýilýän dostluga öwrülen, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri, 104 ýaşy tegeläp barýan Baba Garaýew şeýle ýatlaýar: — Men şol wagtky «Kommunizm ýoly» welaýat gazetiniň baş redaktory bolamsoň, her gün hökman duşuşýardyk. Mihail Fedotowiçiň salamdan soňky sözi hökman döredijilige sapardy. Gezendeligi gowy görerdi. Şahyryň gözüne siňen gözellik, täsir soň galamyna geçýär-dä. Ylaýta-da, Üstýurt gyrlarynyň eteklerine, Sarygamyş kölüniň kenaryna, iň esasam, Garagumuň gujagyna gitmek onuň üçin aňrybaş lezzetdi, ylham çeşmesidi. «Çopan goşunda bir gije ýatsaň, gije ak çägäniň aýdymyny diňlän ýaly bolýaň. Aslyýetinde, Garagumuň gujagy okalmadyk roman ýaly gyzykly, täsin, täsirli» diýip joşubererdi. Welaýatyň iň çet künjegi şol wagtlar Oktýabr raýony (häzirki Saparmyrat Türkmenbaşy etraby) diýilýänidi. Onuň ýolbaşçysy Gurbangeldi Gajarow söze, saza aýratyn sarpa goýýan, žurnalistleri diýseň sylaýan adamdy. Bu ýeriň jepakeş pagtaçylary, üýtgeşik şaly ýetişdirýän daýhanlary, Üstýurduň depesidir eteklerinde dowar bakýan çopanlary, Sarygamşyň balykçylary... hakda Mihail Fedotowiçiň ýazan oçerkleridir göwrümli makalalary sanardan kändir. Pälipes adamdy. Inçeden duýguçyl häsiýeti bardy. Bir gören adamyny özüne imrindirmegi oňarardy. Türkmende biri hakda gep gozgalsa: «Ýola ýoldaş bolup gördüňmi?» diýilýändir. Men kärdeş hökmünde onuň bilen uzak illere iş saparlaryna, resmi ýygnanyşyklara kän gezek bile gatnaşdym. Mihail Fedotowiçiň mähremligi, seni ynjytmajak bolup elewreýşi, ugruňdan gopjak bolup jan edişi, garaz, diýilýändir-ä, «Agzyndakyny çykaryp bermäge taýyn» diýlip. Ine, tüýs şoldy. Poeziýany ömrüniň manysyna öwrüp bilen şahyrdy. Bir gezek ýarygijeler jaň edýär: «Şatlygymy seniň bilen paýlaşaýaýyn diýdim. «Edebiýat we sungat» gazetiniň şu sanynda Mämmet Seýidiň terjimesinde goşgularymy beripdirler. Bir okap görüp, pikiriňi aýtsana, bolupmy?». Men degişdim: «Ýazan ökde, terjime eden ussat bolar-da, goşgy gowy bolmazmy. Mämmede aýt, başga terjime eden goşgulary bar bolsa, bärik ugradaýsyn, bizem çap ederis». Hakykatdanam, ol kämil ýazyp bilýän şahyrdy. Geň galdyrýan ýerem, öň ene dilinde — belarusça ýazyp ýörenem bolsa, bada-bat rusça ýazmaga hem ezber boldy... Baba Garaýewiň bu aýdanlary göwnüňe edil düýn-öňňin bolup geçen ýaly bolup dur. M. Karpenkonyň goşgularynda tüýs türkmençilige mahsus «ysy», diňe biziň ýurdumyza, ilimize muwapyk aýratynlygy her setirde diýen ýaly duýup bolýar. Bu topragy on iki süňňüň bilen söýmeseň, ýürekden beýle setirler syzylyp çykmaýar. Çölde kän zatlardan habarly boldum, Manysyny bilýän çalyň, gowurmaň. Munda öz gamyny iýmeýär adam, Öňürti atyny otdan doýurman. Türkmenistanyň halk ýazyjysy, şahyr Atamyrat Atabaýew şeýle gürrüň berýär: — Biz ýaňy adygyp başlan şahyrdyk. Mihail Fedotowiç Aşgabada gelende, hökman redaksiýalara sowlup öterdi. Ylaýta-da, Täşli Gurbanow, Aşgabat Mämmedow, Wasiliý Şatalow, Walentin Rybin, Ýuriý Rýabinin, Nikolaý Zolotarýew, Mämmet Seýidow, Hojanepes Meläýew, Hangeldi Garabaýew dagy bilen içgin gatnaşardy, görme-görşe sowlardy. Bir gezek «Aşgabat» žurnalynyň baş redaktory Wladimir Pu meniň iş ýerime — «Türkmenistan» neşirýatyna jaň edýär: «Atamyrat, ýanymda Mihail Fedotowiç otyr. Özem: «Atamyrat Atabaýyň täze ýazan goşgularyny almasam, yzyma — Daşoguza gitjek däl» diýýär. Sebäbi men işleýän gazetimiň okyjylaryna: «Şol şahyryň goşgularynyň terjimesini gaty ýakyn sanlarymyzda çap ederin» diýip söz berip gaýtdym» diýýär. Gaýrat et, gardaş!». Bu sözler degişme bolsa-da, süňňünde hakykat ýokundysynyň bardygy üçin: «Bitirerin» diýip söz berdim. Ertesi Mihail Fedotowiç uçmazdan sähel salym öň rusça terjimeleri ýetirdim. Agageldi Allanazarow, Nobatguly Rejepow, Bibi Orazdurdyýewa ýaly şahyrlaryň hem şeýdip aladasyny edeni ýadymda. Onuň özüniňem oçerkleri çeperdi, goşgulary goýazydan manylydy, tüýs lirikidi... Bu sözlerden soň şahyryň döredijilik «harmanyny» saldarlap görmek has gyzykly. Şonda bir tema has beýgelip, gözüňi dokundyrýar duruberýär. Ol — dost-doganlyk temasy. M. Karpenkonyň bu babatda iň ýakyn hemaýatkäri, aslyýetinde, ilkinji okyjysy, şol bir wagtda-da «ýüz görüp, gapyrga syrmaýan» tankytçysy — ýanýoldaşy bolupdyr. Mogilýow döwlet pedagogik institutyny tamamlandan soň ykbalyna türkmenistanly çagalara rus dilini hem edebiýatyny öwretmek nesibesi ýazylan mähremden talabediji zenan, edil adamsy ýaly, Garagumuň gudratyna sygnypdyr. Şeýle bolansoň, halklaryň arasyndaky doganlyk gatnaşyklary, edebiýatlaryň dostlugy olaryň ömrüniň gönezligine, durmuşlarynyň kireňsiz manysyna öwrülipdir. Şahyryň türkmen okyjylaryna goýup giden kitaplary az däl: «Красный колос», «Моя кочующая юрта», «Вишенка», «Песня дутара». Bugdaýly meýdan, Amyderýanyň suwundan ganyp, goňras-mele öwsüp ýatan şüdügär ýerler, ak güle bürenip oturan pagtaly atyzlar, asmanyna ýyldyz sepilene meňzeş Garagum gijesi, depesinde mollatorgaý saýraýan Üstýurt düzlügi, gök tolkunlary gözüňi egleýän Garabogaz aýlagy, Ýasga ýeňsesindäki çopan goşunda içilen düýe çalynyň jana ýakymy... Üstýurduň çagylly düzlüklerinde, Ertekä meňzeşip ýatyr ýodalar. Meni ýaşyl oty ygşyldap duran, Sähraýy meýdana ýetirer olar. Sähra şemalynyň sesine goşup, Men hem şonda owaz bilen sözlärin. Üsti tekiz baýyrlardan ýol ýasap, Ýodalykdan öz ýodamy gözlärin. «Песня дутара» kitabynyň her sahypasyndan däl, eýsem, her setirinden gara gazmanyň goşa kirşiniň owazy gulaga gelip duran ýaly. ...Bir gezegem şeýle waka bolan. Akdepe etrabyna döredijilik sapary mahaly onuň ýoly gadymy Was düzlügine sapýan Ýomut Durdyýew adyndaky daýhan birleşiginiň üstünden düşen. Dogrusy-ha, şondan sähel öňräk ilerräkdäki gum depeleriniň arasyndaky çarwa obasynda çaý-suw içilensoň, hoşlaşylyp, myhman ýola salnyp goýberilen. Döredijilik sapary «hasylly» bolan, çarwa hyzmatyndan göwni biten M. Karpenko keýpiçag halda Daşoguza tarap ugrap, esli ýol geçipdirem. Ýokarda ady agzalan obanyň içinden geçip barýarkalar bagşynyň joş urýan owazy ýüwrük ýeňil ulagdanam öňe düşüp, gulaga gelip uran. M. Karpenko ilki sürüjiden ulagy haýallatmagy towakga edipdir, soňam saklanmagyny sorapdyr. Birdenem, düşüp gidiberipdir. Sürüji gözüni tegeläp galyberen. Jadylanan ýaly bolup dutardyr gyjagyň owazyny yzarlap barýan M. Karpenko giden toý märekesiniň üstünden barýar. Türkmeniň toýunda: «Sen kim, nireden geldiň?» diýilmeýär. Myhmanam törräge geçirýärler. Aýdym aýdyp oturan bagşy Bally Mätgeldi eken. Ozalam ady belli bagşynyň owazyna teşne bolup ýören M. Karpenko ençeme tirmä gulak gerip oturýar. Soňam «Görogly» şadessanynyň «Bezirgen» şahasyny dim-dik oturyşyna iki-üç sagatlap diňleýär. Ýarygijeden geçirip, «Wolga» ulagynyň ýanyna barsa, sürüjisi uklap galan. M. Karpenko weli, tä Daşoguza barýançalar, gulakda galan aýdymlara hiňlenip giden. Megerem, şondan soň liriki goşgularyň ençemesi dörän bolsa gerek. * * * Ömrüniň ahyrky ýyllaryny dogduk mekanynda, has anygy, Mogilýowyň sümme tokaýlyga bürenip oturan künjeginde geçiren şahyr söz meýdanyna seždegähli bolupdyr. Haýran galmaly, söz meýdanynyň «oragyny oranda», doganlyk-dostluk temasyna, «Bir gün duza müň gün salam» ýörelgesine ygrarly bolupdyr. Mihas oturan-turan ýerinde hemişe Türkmenistany ýatlapdyr, ol ýerdäki dostlary, kärdeşleri bilen gatnaşykly bolupdyr. Aleksandr Karlýukewiçiň «Edebi doganlyk» kitabynda şahyryň ogly Sergeý Mihailowiç kakasy hakynda şeýle ýatlamalary getirýär: «Bärik gelensoň kakam Çernýawko obasynda ýaşady. Döredijilik endigine eýerip, ir turardy, aýaklary ýadaýança, gezelenç etmegi halardy. Aglaba wagtlabam elinden galamyny düşürmezdi. Ol ömrüniň agramly, onda-da manyly geçen mekany bolan Türkmenistan, ol ýerdäki geň-enaýylyklar, milli häsiýetleriň üýtgeşikligi, dost-ýarlary, galamdaşlary hakda tutumly esse-ýatlama ýazmagyň hyýalyndady. Arman bu arzuw dolulygyna amala aşmady...». Ýeri gelende aýtsak, ykbalyny Türkmenistana baglan belarus ýazyjy-şahyrlarynyň az däldigi diýseň ýakymlydyr. Şolaryň içinde has «bilek çermäp işläni», türkmen aýtmyşlaýyn, artykmaç hyzmat görkezeni Nikolaý Kalinkowiç hem söhbedimiziň gahrymany M. Karpenko bilen dostana gatnaşykda bolan galamdaşlarynyň biri. Bu guýmagursak zehin sözüň doly manysynda belarus-türkmen edebi gatnaşyklarynyň mizemez sütünini diken şahsyýet. Onuň Belarussiýany faşistik basybalyjylardan azat etmäge gatnaşan türkmenistanly gerçek, Bobruýsk ugrundaky söweşde Sowet Soýuzynyň Gahrymany bolan Iwan Wasilýewiç Bogdanow hakda ýazan eseri «Возвращение рассветной рани» ady bilen 1987-nji ýylda Aşgabatda çap edilýär. Galamyny ezber işleden N. Kalinkowiçiň soňky ýazan eserleriniň, eliňe agram berýän kitaplarynyň Türkmenistana, bu ýurduň mähriban adamlaryna, üýtgeşik tebigatyna bagyşlananlary bar. Öz döwründe «Sowet edebiýaty», «Ашхабад» žurnallarynda, «Edebiýat we sungat» gazetinde hekaýalary, oçerkleri, zarisowkalary, ýol ýazgylary yzygider çap edilýär. Ol «Taryh ylymlarynyň kandidaty» diýen alymlyk derejesini almaga bagyşlanan ylmy işiniň agramly bölegini hem Aşgabatda ýazypdyr. Iň gyzykly tarapy-da, I. Bogdanow bilen hem, N. Kalinkowiç bilen hem M. Karpenko gadyrly gatnaşyk saklapdyr. 1960-1990-njy ýyllar aralygynda güneşli türkmen topragynda asly belarusly ýazyjy-şahyrlardyr žurnalistleriň has öndümli işläp, yz galdyranlary ýatlanmaga mynasypdyr. Türkmen radiosynda ençeme ýyllap zähmet çeken zehinli žurnalist Wladimir Graçýowyň biziň ýurdumyzda dabanynyň degmedik ýeri ýok diýen ýalydyr. Wasiliý Sluşnik halypa hökmünde köpleriň ýadyndadyr. Ol birnäçe ýyllap «Туркменская искра» gazetiniň baş redaktory bolup işläpdi we M. Karpenkonyň galamdaşy hem ýegre dostlarynyň biridi. «Garagumuň çägesi altyn öwsüp durandyr. Ol reňk bu keramatly sähranyň goýnundaky baýlygy alamatlandyrýar. Zire-zire bolup ýatan altynsow çägeleriň üstünden ýöreseň, dabanyňdan urýan gyzgynlyk bütin süňňüňe ýaýraýar. Ol gyzgynlyk, ol mähir şu mekanda ýaşaýan türkmen halkynyň ýürek howruna meňzeýär. Ajaýyp tebigat hem ajaýyp ynsan häsiýetleri, şeýdip, üýtgeşik bir utgaşygy kemala getirýär». Mihail Karpenkonyň galamyndan çykan bu setirler onuň ykbal baglan topragyna, dost-dogan bolan halkyna sözden dikip giden mizemez heýkelidir. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |