09:23 Owaz / mini-kyssajyk | |
OWAZ
Hekaýalar
![]() Dünýe gapyşdy. Gerşinden-ä dert basýar, göwnündenem gert. Edeni bişow. Erbet ýerem, başyny tutan işi, ýöne bir paşman, şol öňki durkuna-da galaýanok. Tersine, oňa ýamanlyk, maňlaýyna sokudaş bolup gaýdyp gelýär... Nätmeli? Hernäçe urunýar, çykalga ýok. Bergiçilik. Görgüçilik. Sergezdançylyk. Biperwaýçylyk. Doňbagyrçylyk. Ýalňyzlyk... Bir günem, doýdy. Hemme zatdan. Özündenem. Özgelerdenem. Dünýädenem. Säher bilen turup, gam-gussadan ýaňa gasyn atan alnyny, dogup gelýän Güne garşy tutdy-da, hyrçyny dişläp, namart, bihaýa, şerraý gahar bilen, dişini gyjyrdadyp, sorady: -Nired-ow, Sen?! -Ýanyňda... ...diýip, gulagynyň agzynda, gamgyn rehim-şepagatdan doly owaz eşidildi... | |
|
√ Ertir / hekaýa - 04.01.2025 |
√ Erkek dogan / hekaýa - 03.01.2025 |
√ Kesel kesgidi / hekaýa - 01.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||