16:07 Öz bilenini okaýar | |
ÖZ BILENINI OKAÝAR
Publisistika
Hökümet ýene hiç kimi diñlänok. Hökümet ýene kim näme diýse-de, öz bilenini okaýar. Ýer yranma heläkçiliginiñ salan ýaralary saralyp durka bir meseläniñ üstünde hiç pikir alyşjak bolýan ýok: - Ýumrulan jaýlaryñ ýerinde ýene täzesini gurjak bolýarlarmyka? - Täze jaýlar ýer yranma howpuny has az mukdarda duýjak ýaşaýyş massiwinde guruljakmyka? Ýene meýilnamalaýyn işler ýok! Ýene diñe bir adamyñ agzyna bakylýar! Näme diý, näme goý, näçe käkele... Barsy bihuda! Muña garamazdan biz ýazmagy, aýtmagy, pikir alyşmagy dowam etdirmeli. Serediñ... Ösen ýurtlar näme etdi, bir mysal bereýin: 2008-nji ýylyñ 12-nji maýy. Sagat 14:28. Hytaýyñ Syçuan prowinsiýasynda Çendu episentrli 7.9 ball magnitudaly iki minutlyk ýer yranmasy 110 müñ km² aralyga ýaýrady. Bu ýer yranmasy häzire çenli hasaba alynan köp sanly geologik howpuñ döremegine sebäp boldy. Soñky 72 sagadyñ dowamynda magnitudasy 6.1 balla ýeten 104 awtoşok bolup geçdi. Munuñ özi asyryñ iñ uly tebigy betbagtlygydy... 87 müñ 587 adam gurban boldy, 18 müñ 392 adam dereksiz ýitdi we 374 müñ 643 adam ýaralandy, 12.5 million haýwan jan berdi... Azyndan 4.8 million adam öýsüz galdy. Zyýan 150 milliard dollara ýetdi... Ýer yranmasyna biziñem başymyza bela bolup inen Ýewraziýa platosy sebäp boldy! * * * Gynansak-da… Türkiýe ýaly ösüp barýan ýurtlarda ýer yranmasynyñ hötdesinden nädip gelnişi we heläkçilikden soñky ýaşaýyş-durmuş derejesine gönüden-göni täsirini ýetirjek onçakly kän ylmy-barlag işi ýok. Muña derek meýilnamalaýyn ýurt Hytaý şu meselede at gaýtarym öñde... Syçuan prowinsiýasy seýsmiki zona bolansoñ, ýer yranmasyny birinji gezek başdan geçirenokdy. Şondan öñem (Wençuan, Luşan, Çannin) üç gezek ýer yranmasyny başdan geçiripdi. Şol sebäpden: Hytaý birinji nobatda "näme etmeli, nädip etmeli" meselesinde ýeñini çyzgap işe girişdi. Ýörite hünärmenlere oturymly ýerleriñ oñaýlylygyny barlatdy. Ýer yranmasynyñ ýetirýän zyýanyny azaltmak, halkyñ ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak üçin ylmy işleriñ gurşawynda ykjam ýerlerde täzeden oturymly ýerleriñ maksatnamasyny işläp düzdi. Ýöne bu hiç añsat bolmady. Çünki bu iş diñe ýer yranmasyna çydamly ýeriñ kesgitlenmegi bilen çäklenenokdy: - Transport serişdeleri ýaly birnäçe makrofaktorlar bardy... - Maşgala gurluşy, maliýe mümkinçilikleri, tebigy betbagtlyk howpuny kabul etme birnäçe mikrofaktorlar bardy... Meselem, belli bir ýerde uzak ençeme ýyllap ýaşan adamlar pugta ýerli örki sebäpli işlerini, öýlerini başga ýere göçürmäge göwünjeñ däldiler. Diñe gaçybatalga şertleri we ýañadandan weýrançylyk bolma ähtimallygy göçme pikirine täsirini ýetirýärdi... * * * Hytaýdan görelde almaly bolýas: Hytaý şol bir ýerde ýa-da aýry-aýry ýerde ýerleşmäge girişmezden öñ maglumat toplamak üçin üç ýer yranmasyndanam uly zyýan çeken dokuz obany saýlap aldy. Bu obalara 18 sany ylmy barlagçyny ugratdy. Bulara halkyñ pikirini öwrenmek tabşyryldy. Hawa, "demokratiýa ýok" diýilýän Hytaý halkynyñ pikirini diñlemek üçin pikir soralşyk geçirdi. - Adamlaryñ ýer yranmasyndan soñ ýaşaýan ýerini üýtgetmäge bolan islegine ýiti täsirini ýetirjek demografik faktorlara seretdi... - Adamlaryñ ýaşaýyş-durmuş şertlerine täsir etjek täze binalaryñ haýsy mätäçlikleri aradan aýyrjagyny öwrenmek isledi... Obalarda we hojalyklarda raýatlar bilen ýüzbe-ýüz geçirilen pikir soralşygy başga ýere göçmäge bolan islegiñ ýene şol öñki ýerde ýaşamakdan has öñdedigini ýüze çykardy. Beýleki bir ýandan oba ýaşaýjylarynyñ gartaşan adamlary öñki ýaşan külbelerinde näçe köp ýaşan bolsa, ýene şol öñki ýerde ölýänçä ýaşamak pikirindedi. Uzatmaýyn. Bizde nämä seredip karara gelinýär? AKP-niñ deputaty elije kagyz-galam alýar-da "Şu taýyk, şu taýyk jaý gurmaly" diýýär. Lideri-de özlerinden üýtgeşik däl - ylmylykdan binesip, halkyñ pikirini diñlemeledirem öýdenok… Bizde hemme zat saýlaw sandygyna indekslenen… Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 24.02.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |