14:18 Özara gatnaşyk saklamak barada internetden henekli jümleler | |
ÖZARA GATNAŞYK SAKLAMAK BARADA INTERNETDEN HENEKLI JÜMLELER
Degişmeler
1. Internet – bu hakyky durmuşda (realda) adamlary känbir halamaýanlar üçin özara gatnaşyk saklamagyň serişdesi; 2. Meniň adamlar bilen özara gatnaşyk saklamagymyň iň gowy usuly – akylly, asylly adam bilen birsellem dymşyp durmak; 3. Tanyşlammyň biri şeý diýdi: - Ýaňy ýakynda gyzlaň Ýeriň ýüzünde özüne iň ynamly jandarlardygyna göz ýetirdim. Çünki, diňe gyz, sene-menäň dowamynda saňa: “Besdir! Men seň bilen gepleşemmok!” diýmegi başarýar. Düşünýäňizmi, başga bir adamy özüň bilen gepleşmek mümkinçiliginden mahrum etmek arkaly jezalandyrmaga het etmegiň üçin, özüňi nä derejede gyzykly şahsyýet hasaplamaly we özüňe nä derejede tükeniksiz ynamyň bolmaly? Hatda, Dalaý-lama hem öz yzyna eýerijilere beýle jeza bermek derejesinde özüne ynamly bolmandyr. 4. Öz başyny iýmiş internet hem-de sosial torlar realda özara gatnaşyk saklamagyň ýöntemje şatlygynam, sadaja lezzetinem ýok etdiler. Ýadyňyza düşýärmi? Şo ala-haralar ýok wagtynda biz öz göwnümizden turmadyk söhbetdeşimizi ýa-da tanşymyzy “gara sanawa” (blacklist, черный список) goşmazdyk-da, oň jaýyny daşlardyk ýa-da tabagyna tüýkürerdik... 5. Ýabany Günbatar (Amerikada 19-njy asyrda doly özleşdirilmedik çäkleriň atlandyrylyşy). Kowboý (padyman, sygyr çopany) saluna (meýhana) girýär. Meýhanada kowboý lybasly, gelşiklije gyzyň oturandygyny görýär. Ol onuň bilen iňňän tanşasynyň, içgin gatnaşasynyň gelýändigini syzýar. Ýöne, meýhana adamdan doly bolandygy sebäpli, nädip tanyşjagyny bilmän, bir çete geçýär-de, oturgyja çökýär. Birdenem kellesine täsin pikir gelýär. Ol böküp ýerinden turýar-da, sapançasyny gabyndan sogrup, sende ýok mende, meýhanaň içindäkileriň şol gyzdan galanyny atyşdyryp çykýar. Şondan soň ol epeýlik bilen gyza ýakynlaýar-da, öňünden pikirlenip, sünnälän jümlesini oklaýar: - Ýeri, muň ýaly görmegeýje näzeniniň ýekkeje özi, bu giden çopba-çola mesgenhanada näme işleýär-ä?!... 6. Dünýäde gowy, akylly, asylly, edepli adamlar juda kän. Ýöne näme üçindir, men internetde hemişe, diňe kellesine taýak degen mahawlar ýa-da ýarym kakuwda otlanyp duran däliler bilen gatnaşmaly bolýaryn; 7. Abonentlere we forumdaşlara! Kim meniň bilen habar alşasy, gatnaşasy gelmeýän bolsa, bilip goýuň! Maňa bir köpük! 8. Internetde käbir adamlar bilen ýazyşýaň, ýazyşýaň, birdenem günlerde bir gün düşünýäň – oň beýnisiniň deregin-ä mesge! Olam saryýaga-da ýaramsyz derejede ulanyş möhleti geçen... 9. Ýazyşmagy tepbet etmäň iň mizemez deliliniň nämedigini bilýärsiňizmi?! “Men ýatjak”. 10. Habarlary jogapsyz goýmagyň iň mizemez deliliniň nämedigini bilýärsiňizmi?! “Internet gowy işlänok”. 11. Biri özüniň forumda ýazyşýanyna habar ýollaýar: “Siz üns berdiňizmi? Men kä sapar-a size “siz” diýip ýüzlenýän, kä saparam saňa “sen” diýip habar gatýan. Diýmek, men seni kä gezek sylaýan, kä gezegem sylamok...”. 12. Realdaky söhbetdeşlikde esasy zat gürrüňdeşiň näme diýse-de, wagtly-wagtyna baş atyp durmak – şeýtseň ol seniň üçin özüniň warsakylarynyň bahasynyň gara şaýydygyna düşünmez. Wirtde bolsa, esasy zat, öz habardaşyň ýazgylaryna wagtly-wagtyna “ok” diýen ýazgyny ugradyp durmak... 13. Wirt-gatnaşygyň real-gatnaşykdan esasy artykmaçlygynyň nämedigini bilýärsiňizmi? Wirtdäki tanyşlaň üçin sen näçe gatnaşsaňyzam şol nätanyşlygaňa-da galýarsyň. Realdakylar bolsa eýýam seniň dolboý...blygyňa aňryýany bilen belet. 14. Forumlardaky jedel jeňlerinde hemişe diýen ýaly üstün çykýan blogerden, onuň bu ýeňişleriniň sebäbi hakda soralanda, ol şeýle jogap beripdir: - Men hiç haçan hiç kime hiç zady subut etjek bolup janygmaýaryn. Sebäbi meniň pikir alyşýan zatlarymyň aglaba köpüsi, bu geometriýanyň nazary kesgitlemesi däl-de, meniň adaty durmuşym. 15. Ölemen netkeşleň biri şeýle diýýär: - Eger-de meniň bilen bir forumda irden habar alyşsaň men bir adam, eger-de gijara habar alyşsaň, onda men eýýäm başga biri. 17. Forumlardaky bimany söz söweşlerinde taplana-taplana beýnisi bodibilderiň endamyna dönen birinden tanşy maslahat sorapdyr: -Gardaş, inetde bolgusyz zatlary ýazyp halys bizar-peteňiňi çykaran çoça medeniýetlije: “güm bol” diýjek bolsaň, nähili sözleri ulansaň şap bolar-aý?! - Aýaklaň ýörgür bolsun! 18. Inetde köpler bilen yzygiderli habar alyşýanlaryň biri şeý diýip zeýrenipdir: -Meň forumdaşlammyň köpüsini diňleseň, her haýsynyň ýokary bilimem, ýeterlik medeniýet, ylym-bilim, edep goram bar. Ýöne, olar sähel gyzarylyp başladyklary, habarlaryny edil ömürboýy türmede oturyp ýörenleňki ýaly ýazýarlar... 19. Forumyň ölemeni şeý diýip zeýrenipdir: -Men şu wagt bir şizofrenik bilen habar alyşýan weli, oň maňa ýollaýan habarlaryny, berýän sorag-jogaplaryny okap, özümi şeýlebir tükenen, gömük sähne ýaly saýýan... 20. Forumdaşlary tarapyndan garasöýmezlikde aýyplanan bir müdimi nägile, şeý diýip olara jogap beripdir: - Men ýarys-a meni samsyk hasaplaýan, galan ýarysynam meniň özümiň samsyk hasaplaýan adamlarym bilen jinnek ýalam gatnaşasym gelmeýär. 21. Biri forumda şunuň ýaly ýazgy goýupdyr: -Men käte-käte inetde beýleki adamlar bilen habar alyşýan. Soňam öz-özüme haýran galýan – bu bidereklik meň nämäme derkar boldy?! 22. Netkeşleň biri psiohologa ýüz tutup, özi bilen forumdaşlarynyň-a wirtde, beýleki tanyşlarynyňam realda gatnaşaslarynyň gelmeýändigi hakynda şikaýat edipdir. Şonda lukman şeýle jogap beripdir: - Jaň etmeli – seni diňläsi gelýäne! Ýazmaly – seni okamaga şat bolýana! Sen babatda hemişe “işli” bolup, başaryp bilse senden gizlenýänlere bolsa – dakylmaly däl! 23. “Men birinji bolup asylmaýyn-la! Eger-de gatnaşasy gelse, özem ýazar-la!” – diýip ikisem birwagtda oýlandy... 24. Häzirki döwürde internetde kimdir birine gyzykly, gowy söhbetdeş bolup görünmek üçin üç sany söz ýeterlik: Ok! Bäh! Wiý!... 25. Netkeş gyzlaň biri şeý diýdi: - Adamlar bilen gatnaşmagyň pişik saklamakdan tapawudy – adamlaň köpüsiniň suratynyň aşagyna “laýk” goýasyň we ony realda sypalap göresiň gelmeýär. 26. Hakykaty edil (awt. gadyrly myhmanyňa) palto alyp beren ýaly alyp bermeli, köne, myžžyk esgini ýüzüňe zyňan ýaly etmeli däl-de. Mark Twen 27. Iň gowusy, agzyňy açyp şeýledigiňe gutarnykly şek-şübhe galdyrmanyňdan, dymyp akmak ýaly bolup görünmekdir. Mark Twen 28. Näme sorandyklary hakda pikir etme, näme üçin sorandyklary hakda oýlan. Näme üçindigini çaklap bilseň, näme diýip jogap bermelidiginem bilersiň. Maksim Gorkiý 29. Boş adam bilen gürrüňdeş bolanyňdan gowy kitap okanyň gowudyr. Mihail Litwak 30. Dostlaň bilen gatnaşmak lezzetli, duşmanlaň bilen peýdaly. Mihail Litwak 31. Kimdir biri bilen gatnaşyk saklaňda, onuň özi hakda (awt. örän) gowy pikirdedigini ýadyňda sakla. Mihail Litwak 32. Ruhy garyp adam ýalňyzlyga erbet çydaýar we almak üçin gatnaşyk saklaýar. Ruhy bişişen adam ýalňyzlyga gowy döz gelýär we paýlamak üçin gatnaşyk saklaýar. Mihail Litwak 33. Zäheriň damjasy bolan sözleri, Oýun edibem diýmeli däl. Abu Şükür Balhy 34. Dana bilen söhbetdeşlik – ajaýyplyk. Aristofan 35. Meň pikir edýän zadymyň, Meň aýtmak isleýän zadymyň, Meň göwnüme bolmasa, diýip duran zadymyň, Meň hakykat-da diýip duran zadymyň, Siziň eşidesiňiz gelýän zadyňyzyň, Siziň göwnüňize bolmasa, eşidip duran zadyňyzyň, hem-de siziň düşünesiňiz gelýän zadyňyzyň, Siziň düşünip duran zadyňyzyň arasynda, düşünişmezligiň döremeginiň 10 görnüşi (warianty) dur. Ýöne, onda-da, barybir, geliň synanyşalyň... Bernard Weber 36. Özüňiz barada geplemäge howlukmaň. Siz hakda gep siz giden badyňyza başlanar. Al Paçino 37. Hemme kişide-de kemçilik bar – kimde köp, kimde az. Ine şonuň üçinem eger-de biziň aramyzda özara sabyrlylyk, geçirimlilik bolmasady, onda dostlugam, birek-birege hemaýatam, özara gatnaşygam mümkin bolmazdy. Gwiççardini Françesko 38. Forumdaky kejeňek opponentine (garşydaşyna) halys gep düşündirip bilmedik agzalaň biri, oňa şeýle ýazypdyr: -Men siziň meň näme diýýänime düşünýändirin öýdýändigiňizi bilýän. Ýöne, men siziň okan teswiriňiziň size doly düşnüklidigine ynanyp bilemok. Çünki men öz teswirimde siziň düşünýäniňizden düýbünden başga zady göz öňüne tutýan ahyry!... 39. Forumçy agzalaň biri, jedelde utulyp, şeýle ýazgy galdyrýar: -Käteler men adamlar bilen diňe olaň geplemeklerini bes edip dymmaklary üçin olar bilen doly ylalaşýan. 40. Netkeş ýigitleň biri öz nikiniň aşagynda şunuň ýaly post goýupdyr: -Meniň öz salgyma iberilen habarlara jogap bermezligimiň 4 sebäbi: Men ýatyryn. Men işli. Men ýaltanýan. Maňa bir köpük... 41. Inetçi seljerijiler täze açyş edipdirler: - Adamyň organizminiň 80 göterimi suwdan ybarat. Diýmek, onuň gepleýän, ýazýan zatlarynyňam 80 göterimi suw. 42. Forumlarda ulanylýan: “Men hiç kimiň göwnüne degmek islämok” diýen jümle – örän amatly. Ony ýazdyň, soňra kimiň göwnüne degesiň gelse degiber. 43. Badyhowa çagyljyklaň kemçiligi – özlerini mähnet dag harsaňy diýip hasaplamak. 44. Internet seljerijileri, ruhy keselleň käbir görnüşlerine pişikleň kömegi bilen takyk diagnoz goýmagyň usulyny oýlap tapypdyrlar: - Ýiti psihoz – pişik bilen gepleşmek; - Ýiti gallýusinator psihoz – ýok pişik bilen gepleşmek; - Paranoýýa – pişigiň ýanynda gereginden artykmaç geplemekden gorkmak; - Şizofreniýa – pişigiň içiňde gepleýändigini eşitmek; - Newrasteniýa – pişigiň özüňe ýüz bermeýändigini çak etmek we bu ýagdaýa çydap bilmezlik; - Maniakal-depressiw psihoz – öz pişigiň özüňe gadyr goýmaýandygyna ynanmak. 45. Internet – bu, meň internetsiz düýbünden tanamajak, bilmejek adamlammyň meň içimi ýakmaklary üçin döredilen zatdyr. Dürli internet materiallaryndan terjime edilip taýýarlandy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |