20:33 Özi ýykylan aglamaz! | |
ÖZI ÝYKYLAN AGLAMAZ!
Publisistika
Dünýä ýurtlaryna aýlanmaga çykan Keloglanyñ ýoly bir ýurduñ paýtagtynyñ üstünden düşüpdir. Ol şäheri aýlanyp ýörkä bir seredýär welin, bir topar adam üýşüp duranmyş. Keloglan: - Bu märeke nämä garaşýar? - diýip sorapdyr. Oña: - Häzir ýurduñ täze patyşasy saýlanmaly - diýip jogap beripdirler. Keloglanam beýlekiler ýaly uly gyzyklanma bilen garaşyp başlapdyr. Ine, birdenem, deprekler çalynyp, surnaý-kernaýlar sygyryp, köşkden ak kepderini uçurypdyrlar. Kepderi köpçüligiñ üstünden birnäçe öwran aýlanypdyr-da, gelip Keloglanyñ ýaldyrap duran kel kellesine gonupdyr... Halk "Ýaşasyn täze patyşa!" diýip gygyranmyş. Şol ýurtda patyşa mydama şeýdip saýlanýarmyş. Keloglan patyşa bolansoñ, ähli salgytlary artdyrypdyr, her iri şahly mala, ownuk dowara aýry salgytlary girizipdir. Halk "günümizi dolap bilemzok" diýip aglaşmaga başlansoñ, wezirler gelip oña ýagdaýy duýdurypdyrlar. Keloglan gülüp: - Çydarlar-la - diýipdir: - Kellesine guş gondy diýip meniñ ýaly birini patyşa edenler muña añryýany bilen mynasyp. Her bir halk öz bolşuna görä-de dolandyrylýar! • GÜNÜÑ SÖZI Durmuşda näme gözleýäniñi bilmeseñ, näme tapandygyñy nädip biljek? Rahmi TURAN. "SÖZCÜ" gazeti, 24.07.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |