03:51 Palestinalylar Salwadorda-da ýeñýär | |
PALESTINALYLAR SALWADORDA-DA ÝEÑÝÄR
Publisistika
Salwadorda "Palestina" baýlygy añlatsa, kubalylar "palestinaly" sözüni ýurduñ gündogaryndan paýtagt Gawana göçen garyplary tanamak üçin ulanýarlar. Salwadoryñ prezidenti Naýib Bukele / Fotosurat: Reuters Salwadoryñ prezidenti Naýib Bukele arap däp-dessurlarynyñ bir bölegini ýurduna getiripdir. Ol entek sesleriñ 85%-ni alandygyny tassyklaýan resmi netijenamalar mälim edilmänkä özüne ikinji gezek prezidentligi gasandyran saýlawlarda ýeñişini yglan etdi. Kyrk iki ýaşly prezident ýene bir arap däbine eýerip, ýeñişiniñ "dünýä taryhyndaky iñ möhüm demokratik wakadygyny" aýtdy. Prezident Bukele palestinaly Kattanlar maşgalasynda kemala geldi. Onuñ musulman kakasy elinde mediýa şereketi bolan baý adamdy. Birinji gezek saýlanmanka Salwador ýetjek derejesine baryp ýeten guramaçylykly jenaýatlardan we asuda durmuşyñ ýoklugyndan ejir çekýärdi. Häzir bolsa prezident ýurdunyñ iñ howpsuz ýurtlaryñ birine öwrülendigini aýdyp magtanýar. Alty million ilaty bolan ýurtda jenaýat jogapkärçiligine çekilenleriñ sanynyñ 70 müñe ýeteñkirländigi çak edilýär. Şunuñ bilen baglanyşyklylykda Naýib Bukele "Demokratiýa alternatiwa döredemzok, çünki Salwador taryhynda demokratiýa amal edip bilmedi. Bandit düwnügini ýok etdik, indi gowulanma tapgyryna gadam basdyk we arzuw edişimiz ýaly ýurt bolmak üçin jan edýäris" diýdi. Salwador ýarym asyrlap eden-etdilikler we jenaýatlar zerarly kän kösençlik çekdi. Şonuñ üçinem Bukelr ýaly adam hukuklary bukjasy boýunça daşary ýurtlardan gelen tankydy belliklere üns bermezden, ähli Orta Amerika ýurtlarynyñ prezidentleri oña gazanan üstünligini gutlap hat ýolladylar. Bukele indem "täze pikirler" ady berilen ýeke partiýaly sistemany ýola goýmagy meýileşdirýär. Şahsy ýeñşi bilen birlikde, onuñ partiýasy-da 60 orunlyk parlamentde 58 orun gazandy. Tarapdarlary ýeñiş gutlaglaryny paýtagt San-Salwadoryñ asmanyny salýutlar bilen dolup beýan etdiler. Salwadorda "Palestina" baýlygy añlatsa, kubalylar "palestinaly" sözüni ýurduñ gündogaryndan paýtagt Gawana göçen garyplary tanamak üçin ulanýarlar. Bu adyñ geçmişde Kastro hökümetiniñ palestin dawasyna beren goldawy sebäpli ýörgünli bolan bolmagam ahmal. Megerem, Latyn Amerikadaky iñ uly palestin jemgyýeti Çilide bolsa gerek, galan jemgyýetleri bolsa, XIX asyryñ soñlaryndan bäri Latyn Amerikasyna göç eden liwanlylar düzýär. Latyn Amerikasyna gelen ähli arap migrantlary şol döwür Arap ýurtlarynyñ türk häkimiýetiniñ golastynda bolandygy sebäpli ilkibaşda "el-Turko" diýip atlandyrylýardy. Emma Naýib Bukeleniñ kakasy çagalaryna arapça atlary dakypdyr: Ybraýym, Kerim, Ýusup. Semir ATAULLAH, Liwanly žurnalist. Duşenbe, 12.02.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |