23:19 Palestinalylar ýer satdymy? | |
PALESTINALYLAR ÝER SATDYMY?
Publisistika
Palestina Ysraýyla ýer satdymy? Palestinalylar haçan jöhitlere ýer satdy? Ine, şular ýaly soraglar uzak wagt bäri Palestina sebitindäki möhüm üýtgeşmeleriñ yzyndan orta atylyp gelinýän meseleler hökmünde tanalýar. Makalanyñ dowamynda giñden bilinýän taryhy jogaplaryñ ýany bilen mantyk we argumentler arkaly-da şu soragy ýene bir gezek jogaplamaga synanyşarys. Palestinalylaryñ ýer satandygy barada aýdylýanlaryñ şu ýyl orta atylan täzelik däldigini aýtmagymyz gerek. Sionistik ysraýyl režimi palestin halkyna garşy bolýan jenaýatlary bilen ençeme ýyl bäri Palestinada bolýan wakalary we uruş jenaýatlaryna garşy dünýä jemgyýetçiliginiñ bildirýän nägileliklerini sem etmek üçin her dürli mediýatik tilsimleri ulanýar. Emma munuñ bilenem çäklenmän, Palestina meselesindäki taryhy hakykatlara çenli ýoýup, galp taryh düşünjesini döretmegi maksat edinýär. Gürrüñi gidýän uzak wagtlaýyn kabul etme (восприятие) operasiýasynyñ netijesinde orta atylan meseleleriñ birem palestinalylaryñ jöhitlere ýer satandygy hakdaky pikirdir. Ýewropa ýaly dünýäniñ birnäçe ýerinde ýaşaýan jöhitleriñ palestin ýerlerine göçürilip getirilmegini maksat edinýän Angliýa käbir taraplaryñ satylandygyny aýdýan ýerleriñ ep-esli bölegine el urdy. Emma Angliýa eýelän ýerlerine käte aç-açan, käte gyýtaklaýyn ýollar bilen el urdy. • Balfur deklarasiýasynyñ kölegesindäki palestinalylaryñ ýerleri Döwrüniñ Britan daşary işler ministri Artur Balfur sionist öñbaşçylaryñ gepleşikleri we tagallalary netijesinde 1917-nji ýylyñ 2-nji noýabrynda sionistik akymyñ liderlerinden Rotşilde hat ýazyp, Angliýanyñ palestin topraklarynda jöhit döwletiniñ gurulmagyna oñyn göz bilen garaýandygyny mälim etdi. Birinji gezek Teodor Gersliñ başlyklyk etmeginde 1897-nji ýylda Bütindünýä sionistik guramasynyñ birinji gurultaýynda mälim edilen jöhit döwletini gurmak ideýasy şol wagtdan başlap üznüksiz ýagdaýda ösdürildi. Sionistleriñ Osmanly, Germaniýa, Angliýa döwletleri bilen geçiren ilkinji gepleşikleri şowsuz tamamlananam bolsa, Birinji jahan urşunyñ yzyndan Angliýanyñ jöhitlere iñlis bähbitlerine hyzmat edip biljek faktor hökmünde garamagy bu ýurduñ jöhit döwleti hakdaky çemeleşmesiniñ üýtgemegine getirdi. Balfur deklarasiýasynda öñe saýlanan iñ möhüm mesele iñlis döwletiniñ jöhitlere niýetlenen özbaşdak ýurduñ döredilmegi üçin gerekli tagallalary ýerine ýetirjekligidir. • Angliýanyñ palestinalylaryñ garşysyna salgyt syýasatlary Angliýanyñ gözegçiligindäki Palestinada Angliýa sionistleriñ fantaziýalaryna hyzmat edýän maksatlaryny amala aşyrmak üçin dürli-dürli ýollara ýüz urupdyr. Bularyñ başynda bolsa, Angliýanyñ palestinaly ýer eýeleriniñ garşysyna güýje girizsn adatdan daşary salgyt syýasatlary bolupdyr. Palestinaly ýer eýeleri Angliýanyñ girizen salgyt syýasatynyñ garşysynda bialaç galypdyr, ýerlerini taşlamakdan başga alaçlary galmandyr. Angliýa dürli ýollara ýüz urup satyn alan ýerlerini jöhitlere satmak bilenem çäklenmedi, umumy-jemgyýetçilik ýerlerini-de göçüp gelýän jöhitlere beripdir. Beýleki bir ýandan palestinalylaryñ ýerleri zora galyp tabşyrmaklarynyñ yzysüre raýatlykdan çykarylmalary-da ortada ýer söwdasynyñ bolmandygyny, palestinalylary zor bilen ýerlerinden çykarylmagynyñ göz öñüne tutulandygynyñ ýene bir subutnamasydyr. Palestinalylar Angliýanyñ zory bilen ýerlerini arzan bahasyna satan badyna raýatlykdanam çykarylýardy. Ortada söwdalaşygyñ ýokdugyny hemmelerem bilýärdi. Ýerlerini satan az sanly palestinalylaram ýerlerini jöhitlere däl-de, musulmanlara satypdyr. Dürli ýurtlardan gelip, Angliýanyñ hasabyna işleýän käbir musulmanlar dini aýratynlyklaryndan peýdalanyp ýerleri palestinalylaryñ elinden alma syýasatynda Angliýa hyzmat edipdirler. Palestinaly dini alymlaryñ jöhitlere ýer satmagyñ haramdygy barada çykaran fetwalary hem-ä bir ýandan palestinalylaryñ Angliýanyñ jöhitlere ýer bagyş etme syýasatynyñ añyrsynda näme bardygyny bilendikleriniñ subutnamasy, hemem iñlisleriñ näme üçin käbir musulman şahslaryñ üsti bilen ýer satyn almaha synanyşma zerurlygy duýandygynyñ sebäbi hökmünde görlüp bilner. • Angliýa Palestinanyñ ýerlerinde näme etjek bolýardy? Milletler Ligasy tarapyndan 1922-nji ýylda Palestinanyñ iñlis mandatlygynyñ garamagynda bolmagyny tassyklaýan dokumentde on ýylyñ dowamynda palestinalylara Palestina döwletini gurup bermek işi Britaniýa tabşyrylýardy. Osmanly imperiýasynyñ dargamagynyñ yzysüre palestinalylaryñ Palestinada döwlet gurmagy üçin gerekli mümkinçilikleri bolmandygy üçin döwletleşme tapgyryna çenli Palestinany dolandyrmak işi Angliýa berilipdi. Emma iñlisler Balfur deklarasiýasynda sionistlere söz berişleri ýaly, Milletler Ligasynyñ aksiýasyny diñe palestin topraklarynda agalyklaryny gurmak üçin ulanyp, bu ýerlerdäki agalyk süren 28 ýyllyk döwürlerinde sistematiki ýagdaýda sionistik jöhit döwletini gurmak üçin jan etdiler. Sionistler palestin topraklarynda emeli döwlet gurmak stadiýasyna gelenlerinde öñünden meýilleşdirilişi ýaly iñlisler gämiler bilen Palestinadan çykanda, ellerindäki ähli harby serişdeleri sionistlere berip gitdiler. • Palestinada "jöhitlere ýer satmak haram" fetwasy Palestinalylar aýratynam XX asyryñ otuzynjy ýyllarynda ýerleriniñ sionistlere satylmagyna garşy giñ gerimli göreş alyp barmaga başladylar. Palestinanyñ baş müftüsi Hajy Emin Hüseýniniñ ýolbaşçylygynda "Ýokary Yslamy geñeş" hem bu babatda möhüm rol oýnapdyr. Palestinaly alymlaryñ ilkinji gurultaýy 1935-nji ýylyñ 26-njy ýanwarynda geçirildi. Gurultaýda palestinaly dini ýolbaşçylar we müftiler biragyzdan palestin ýerleriniñ jöhitlere satylmagynyñ haramdygyny mälim etdi. Şol fetwa laýyklykda jöhitlere ýer satan ýa-da satmak üçin arada duran kişi mürtet saýylmalydy we musulman jemgyýetinden çetleşdirilmelidi. Beýleki bir ýandan şol döwürde palestin halky jöhitleriñ öz ýerlerine ýerleşdirilmegine, göçüp gelýän jöhitleriñ sistematiki ýagdaýda Palestina getirilmegine we palestinalylaryñ öz ýerlerinden kowulmagyna nägilelik bildirip, telim gezek çykyş edipdiler. • "Hamasyñ" harby ganatynyñ adyny göterýän "Izzeddin el-Kassamyñ" ady nireden gelip çykýar? Izzeddin el-Kassam (19.12.1882-20.11.1935) Palestinanyñ Angliýanyñ mandatlygy astynda bolan döwründe jöhitleriñ sistemariki ýagdaýda Palestina göçmegi üçin ýöredilen syýasatlara garşy çykan mojahetleriñ biridir. Izzeddin el-Kassam bu boýunça ýaragly göreşi dowam etdirip, Angliýanyñ sionistik syýasatyna garşy çykdy. El-Kassam 1935-nji ýylyñ 20-nji noýabrynda iñlis güýçleri bilen çaknyşylanda şehit düşdi. "Hamasyñ" harby ganatyna şehit Izzeddin el-Kassamyñ ýagty ýadygärligini hormatlap, "Kassam brigadalary" diýlipdir. Şu ýerde üns berilmeli zat - Izzeddin el-Kassam ýaly ýaragly göreş alyp baran adamlaryñ has köp bolmagy we palestin taryhynda Angliýanyñ sionistik syýasatynyñ bu ýerlerde dürli formalarda garşylyk berilenligidir. Şu ýagdaýyñ özem Palestinanyñ jöhitlere ýer satandygy we şuña meñzeş gipotezanyñ näderejede hakykatdan daşdadygyny aç-açan görkezýär. • Palestinanylar Ysraýyla ýerlerini satdy gipotezasy mantyklymy? Aýdaly, ähli taryhy subutnamalary bir gyra goýup, sionist mediýa organlarynyñ ýygy-ýygydan orta atmaga dyrjaşýan şeýle ýalan gipotezany dogry hasap edeliñ. Palestinalylaryñ ýer satma meselesinde jedeli edilýän bu ýerler Palestinanyñ ýerleriniñ 1,8%-ni düzýär. Angliýanyñ şu ýazgyda-da birnäçesiniñ üstünde durup geçen ýollarymyz bilen jöhitlere berilen palestinalylara degişli ýerleriñ ählisi Palestinanyñ territoriýasynyñ 7%-ne golaýlaýar. Biz palestinalylaryñ ýer satandygy baradaky ýalan maglumaty dogry hasaplaýanymyzda hem jedele sebäp bolýan bu ýerleriñ barsy iñ köp bolanda palestin topraklarynyñ 8%-ni emele getirýändigine üns bermeli. Biziñ günlerimizde bolsa, palestin topraklarynyñ 80%-den gowragy sionistik ysraýyl režiminiñ okkupasiýasy astynda. Şeýle ýagdaýda orta atulýan maglumaty dogry hasaplanymyzda-da, barybir sionistik režimiñ basybalyjydygy hakdaky hakykaty inkär edip biljek delil döränok. • "Palestinalylar ýer satdy" gürrüñi kimiñ bähbidine? Sionistik režim resmi taýdan gurlandan soñ palestinalylaryñ galan ýerlerini basyp almak üçin dünýäniñ gözüniñ alnynda giñ gerimli jenaýatlary etmekden birjigem gaça durmady. Sionistler indi munam az görýän ýaly palestinalylara garşy hakyky genosid amala aşyrýar. Dünýäniñ gözüniñ alnynda hassahanalary, metjitleri, buthanalary, mekdepleri nyşanalaýan sionistik ysraýyl režimi munuñ bilenem çäklenmän, görnetin ýagdaýda fosfor bombalary bilen palestin halkyny bombalaýar. Sionistik ysraýyl režimi edýän şular ýaly ähli jenaýatlaryny mediýa organlary arkaly emele getiren sorag alamatlary bilen örtmäge synanyşýar. Sionistik ysraýyl režimi bu taktikany diñe eden uruş jenaýatlary we beýleki jenaýatlary üçin däl, eýsem bu bikanun režimini kanunylaşdyrmak üçin ýalñyş taryhy pikirleri emele getirmek üçinem ulanýar. Ysraýyl jeñbazlary we onuñ mediýa şahasy parallel görnüşde öñe süýşüp, biri-birlerini goldaýarlar. Şol sanda "Palestinalylar ýerlerini satdy" ýaly biderek gürrüñleriñ orta atylmagy üçin arryk gynamalar adamlaryñ sionistik režimiñ adamzada garşy edýän jenaýatlaryny ýazgarmakda ikirjiñlenmelere batmagy üçin amala aşyrylýar. Sionistik ysraýyl režiminiñ şular ýaly ähli tagallasyna garamazdan, "Hamasyñ" "Aksa tupany" operasiýasyndan soñ bolup geçenler sionistik ysraýyl režiminiñ harby we howpsuzlyk babatda öwezini dolup bolmajak ýeñlişiniñ yzysüre mediýatik ýeñlişiniñem ýiti täsiri boldy. Dünýä boýunça sionistik ysraýyl režimine garşy guralýan protest demonstrasiýalary we dünýä jemgyýetçiliginiñ bu režime garşy otrisatel garaýşy sionistleriñ mediýa ganatynyñam ullakan ýeñlişe uçrandygyny görkezýär. 31.10.2023 ý. News ID: 85276764 # Eýran Yslam Respublikasynyñ Habarlar gullugynyñ (IRNA) taýýarlan maglumaty esasynda terjime edildi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |