07:32 Pallaýan adamlaryñ ýurdy / satiriki erteki | |
PALLAÝAN ADAMLARYÑ ÝURDY
Satiriki hekaýalar
Bir bar eken, bir ýok eken. Saña bolsa maña ýok eken, maña bolsa saña ýok eken. Gadym zamanlarda Ýer togalagynyñ bir ýerinde bir ýurt bar eken. Bu ýurduñ adamlary bagtyýar durmuşda ýaşap ýörkäler, günleriñ bir güni, Hudaý hiç kimiñ başyna salmasyn welin, bir ýokanç kesel ýaýrap, olary aldym-berdime salmaga başlapdyr. Ol şeýle bir kesel bolupdyr welin, ýurtdaky adamlaryñ köpüsi horlanmaga, kiçelmäge, birnäçeleri-de semremäge, daýawlaşmaga başlapdyr. Munuñam üstesine horlanýanlaryñ boýy gün geldigiçe kiçelip barýarmyşyn. Emma bu ownama, bu kiçelme, bu horlanma şeýle bir assa-ýuwaşlykdan bolýarmyşyn welin, hiç kim özüniñem, özgeleriñem kiçelip barýandygyny duýanokmyşyn. Her kim günde bary-ýogy bäş-on gram ýeñläpdir, bir-iki millimetr kiçelipdir. Adamlar kiçele-kiçele, horlana-horlana, bir wagt gelende hasa ýaly inçelip, tagan ýaly pessejik bolupdyr. Olar gün geçdigiçe mundanam beter gysgalyp, ownap barýarmyşyn. Şol bir wagtyñ özünde birnäçe adamlar günbe-günden semräpdir, daýawlaşypdyr. Horlanýanlaryñ kiçelmesi, ownamasy ýaly, bularam öz gezeginde daýawlaşyp, semräp, döw ýaly bolup barýandyklaryny ne özleri, ne-de başgalar duýupdyr. Boýlary ýangyn gözegçisiniñ diñi ýaly uzapdyr, göwreleri bolsa gaýyk ýaly ersip gidipdir. Emma ol ýurtdaky semreýänleriñ sany, horlanyp barýanlaryñ sanyna deñ dälmişin. Iki tarapyñam sany bir-birine deñ dälmiş. Bäş-on sany horlanýanyñ deregine, diñe bir adam semreýärmişin. Horlanýanlaryñ çagalary-da ejizje, pisse dänejigi ýaly kinniwanja doglup başlapdyr. Muña derek çişikleriñ çagalary piliñ çagasy ýaly uly bolup dogulýarmyşyn. Dogabitdi kinniwanjalar bilen dogabitdi äpet bolanlar bu zatlary bolaýmaly zat diýip düşünipdirler, olar bu zatda hiç bir terslik, hiç bir çaprazlyk, hiç bir adatdan daşary zat görmändirler. Görmeýişleri ýaly-da, özlerinden has kiçileri görüp, olara garap, "Hudaýjan, muña-da şükür, kiçiñem kiçisi bar. Men ýene gowu-la!' diýip oñaýarmyşyn. Günbe-günden ýarsyp barýanlar bolsa, özlerinden has daýawlary görüp, "Hudaýjan, meni ondanam daýaw et!" diýip dileg edermişin. Edilen dilegleri, nalyşlary eşidip duran Hudaýam olary barha semrediberipdir. Bir wagt gelipdir, semräp-ýognap gidenler bolýan jaýlaryna, ýatýan otaglaryna, ýöreýän ýollaryna sygmandyr. Onsoñ olar aýaklary ýorganlaryndan daşyna somalşyp duransoñ, ýorganlaryny aýaklaryna görä uzaltmaga, ýollary göwrelerine görä giñeltmäge, öýleri-de boýlaryna görä ulaltmaga başlapdyrlar. Ýene bir wagt gelipdir, giñelden ýollaryndandanam geçip bilmändirler, beýgelden jaýlaryna-da girip bilmändirler, uzaldan ýorganlaryna-da sygmandyrlar. Onsoñ olar ýene-de öýlerini, ýollaryny, ýorganlaryny täzeläpdirler. Meýdanlar darlyk edipdir, täze ýerleri açypdyrlar. Ýaşaýan şäherleri darlyk edensoñ, şäherden daşyna çykypdyrlar. Ýaýyldygyklaryça ýaýylyp, joşduklaryça joşup barýarmyşynlar. Kiçelýänler bolsa peseldigiçe peselipdirler, ownap bildiklerine ownapdyrlar. Olar bir wagt gelipdir welin, käbirleri öý diýip garpyz paçagyna, käbiri hozuñ, pissäniñ gabygyna girer ýaly derejä gelipdir. Iş munuñ bilenem gutaraýmandyr. Birnäçe wagtdan soñ kinniwanlaşyp barýanlar düýbünden ýok bolmaga başlapdyr. Hatda göz bilenem saýgaryp bolmandyr. Diñe mikroskop bilen seredilende görüp bolýarmyşyn. Hemmeler bütin bu bolýan zatlary adaty bir zat hasaplapdyrlar, hiç kim bir alajyny tapjagam bolmandyr. Şeýdip ýörüşlerine, daýawlaşýanlaryñ daýawlaşmasy, semreýänleriñem semremesi durupdyr. Munuñ bilenem gutaraýmandyr. Olaram birden kiçelmäge, ownamaga başlapdyrlar. Gün geldigiçe horlanýarmyşlar. Özem olaryñ horlanyşlary semreýişleri ýaly kem-kemden däl-de, birdenkä bolupdyr. Öñler boýy günde bir-iki millimetr uzaýan bolsa, indi bir-iki garyş gysgalypdyr. Öñ günde birküç gram semreýänler, indi günde 5-10 gram birden horlanypdyr. Gije ýatanda boýy bäş metr, agyrlygy iki tonna bolanlar irden turanda boýy iki metr, agramy iki ýüz kilo bolup oýanypdyr. Çaltlyk bilen pagyş-para eremäge başlapdyrlar. Bir wagt gelipdir, olar indi bir-birlerini-de tanaman başlapdyrlar, aýna seredenlerinde öz keşplerinden gorkmaga durupdyrlar. Tükenmez gaýgy-alada galypdyrlar. Bu gorky bilen kiçele-kiçele başbitin ýok bolup gidenimden-ä ölenimem gowudyr diýip öz janlaryna kast edenlerem bolanmyşyn. Yzly-yzyna özlerini öldürýärlermişin. Şäheriñ çar künjünde ahy-nalalar, nalyşlar asmana galypdyr: - Horlanýarys!.. - Eräp barýarys!... - Tükendik!... Aglamak, iññildemek, ahy-efgan hiç zada ýaramandyr. "Başbitin ýok bolup gitmänkäk kellämizi işledeliñ. Kiçelmä garşy bir çykalga tapalyñ!" diýipdirler. Olar indi semremekden, ulalmakdan ellibizar geçen, öñki durkuna galsalaram kaýyl bolupdyr. Lukmanlara ýüz tutupdyrlar. Lukmanlaram olardan beter. Her kim öz gamy başyndan agdyk. Göz-görtele ownap, eräp barýarmyşlar. Bu şeýle bir ýokanç keselmişin welin, ondan oña, mundan muña geçýärmişin. Lukmanlar semremegiñ garşysyna dermän-däri edipdirler, süñkleri iýmitlendiriji sanjymlar urupdyrlar. "Doýa garna iýiñ. Gamlanmañ, janyñyzy gynamañ!" diýipdirler. Emma bu aýdylanlaryñ hiç birisi peýda bermändir. Soñra ol ýurtda ýaşaýanlar oturyp oýlanypdyrlar, "Başga bir ýurtdan derdimize derman tapjak hünärmen gözläliñ" diýipdirler. Diýişleri ýalam edip, dünýäniñ semizlige garşy iñ ökde hünärmenini ýurtlaryna çagyrypdyrlar. Hünärmen gelipdir, kiçelenlere, maýda bolup gidenlere bakyp: - Bu täze dörän kesel däl - diýipdir. - Dünýäniñ başga ýerlerinde-de duş gelýär. Her näçe ýokanç keselem bolsa öñüni alsa bolar. Arañyzda biraz wagt ýaşajakdyryn. Men näme etsem, sizem meniñ edenimi gaýtalañ. Ynha, görersiñiz, meniñ edenlerimi gaýtalasañyz, horlanmañyzam, kiçelmäñizem, semremäñizem togtajakdyr... Edil häzir nähili bolsañyz, şonum ýalam bolup galarsyñyz. Hünärmen muny aýdandan soñ, olaryñ gözüniñ alnynda öz boý-agramyny ölçedipdir. Agramy ýetmiş bäş kilogram, boýu-da bir metr ýetmiş dokuz santimetr bolupdyr. Adamlar näme ederkä diýip hünärmenden gözlerini aýyrmandyrlar. Olar bir gulaga, bir göze öwrülip tiñkesini dikip durupdyrlar. Hünärmen ol ýurtda kyrk gije-gündiz bolupdyr. Soñra ol ýurduñ ilatyny daşyna toplap: - Şunça wagt arañyzda ýaşadym. Näme edendigimi gördüñiz. Sizem meniñ edenimi etseñiz, meniñ ýaly ýaşasañyz, bu dertden halas bolarsyñyz!.. - diýipdir. Diýmesine diýipdir welin, ol ýurduñ adamlary hünärmeniñ özlerinden üýtgeşik bir zat edenini görmändirler. Görselerem düşünmändirler. Hünärmen: - Ynha, serediñ, ýene gözüñiziñ öñünde ölçedýärin!.. - diýipdir. Boý-agramyny ölçedipdir, agramy ýetmiş bäş kilogram, boýy bir metr ýetmiş dokuz santimetr... Gelende nähili bolsa, häzirem şeýle. Ne semrän, ne-de horlanan zady bar. Ol ýurduñ adamlary añk bolup galypdyrlar. "Bu hünärmen bizden aýry, biziñ edýän zatlarymyzdan başga näme etdi-de, hiç hili horlanmady?.." diýipdirler. Hünärmen gämä münüp, ol ýurtdan gaýtmakçy bolanda: - Düşünensiñiz-ä... - diýipdir. - Men näme eden bolsam, sizem şony ediñ!.. Alla sizi öz penasynda saklasyn. Hünärmen şondan öñki gije ýatmandygy üçin bu sözleri aýdan wagtynda kiçi dili görünýänçä agzyny açypdyr, soñam uludan pallapdyr. Ol ýurduñ adamlary muny gören badyna, hemmesi birden gygyryşypdyrlar: - Boldy... - Hünärmen pallady... - Hünärmen gerindi... - Indi bildik onuñ näme üçin horlanmandygyny... - Hünärmen näme eden bolsa, bizem şony edeliñ... Şol günden soñ, ol ýurduñ ýaşaýjylary hünärmen pallady, gerindi diýip, olaram pallamaga, gerinmäge başlapdyrlar. Hakykatdanam, horlanmalary, kiçelmeleri, peselmeleri togtanmyşyn. Iriler iri, maýdalar maýda bolup galyberenmişin. Hiç hili üýtgeşme bolmandyr. Çünki adamlar pallamakdan, gerinmekden ýaña kiçelmäge, ownamaga ýa-da ulalmaga, ýarsmaga wagt tapmandyrlar. Olaryñ şo-ol pallap, şo-ol gerinip ýöruşlerimişin... Terjime eden: Has TÜRKMEN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |