21:49 Para / hekaýa | |
PARA
Satiriki hekaýalar
Güýçli ýel bazar meýdançasyndaky beýik çynarlaryň ýapraklaryny şagyrdadýardy. Gür ýaprakly şahalaryň kölegeleri eýläk-beýläk çaýkanýardy. Aklawjy Hajy Namyk ependi kagyzlaryny ýel dargadar öýdüp, gorkusyna öz ýaşyl reňk bilen reňklenen kiçijik kontorasynyň penjirelerini ýapyşdyryp, gapa tarap ugranda, kellesi selleli, egni horjunly gysga boýly daýhanyň eýerlenen ýabynyň jylawyndan dartyp gelýänine gözi düşdi. - Essalawmaleýkim, Aly hoja! – diýip, aklawjy daýhana ýüzlendi: - Siz nire, bu ýerler nire? Özem bu gün. Bazar ýene iki günden ahyry. Tokgaja adam iki sany gara nokada meňzäp duran kiçijik gözlerini oýnadyp: - Waleýkimes-salam, ependim! Bir bolmasy iş boldy. Men sudlaşmaly boljak... Şonuň üçinem senň ýanyňa geldim – diýdi-de, gaharlanyp, kellesini ýaýkady. - Ýeri bolýa, gel, geç, gürrüň ber, maslahatlaşaly. - Maslahatlaşaly... - Hany, näme boldy, aýdyber... - Hawa, senden başga maslahatlaşar ýaly adam ýok. Aly hoja ýabysynyň jylawuny kürsiniň aýagyna iltedi-de, kontora girip, hoz agajyndan ýasalan ýazuw stolunyň sag gapdalyndaky çybykdan örülen pessejik oturgyjyň üstüne özüni goýberdi, soňra horjunyny egninden aýryp, gapdalynda goýdy. Namyk ependiniň uzadan temmäki haltasyndan bir çümmük temmäki alyp, çilim ýasndy-da, gürrüňe başlady. Ol obalarynyň kethudasy Soýsuzogly bilen sudlaşmakçydy. Aly hoja bir wagt onuň mülkünde özüne jaý salnypdyr. Ynha, indem bolsa, şol kethuda, onuň jaýyny elinden almak üçin, “ýer kimiňki bolsa, jaýam şoňkydyr!” diýip, nadaralyk edýär. Aly hoja bolsa, onuň tersine, “jaý kimiňki bolsa, ýerem şoňky bolmalydyr!” diýýär. Namyk ependi öz çal sakgalyny barmaklary bilen darady-da, äýneginiň ýokarsyndan daýhana seredip: - Aly hoja, sen mamla däl! – diýdi. - Men mamla däl? - Hawa, sen mamla däl. - Ýok, men mamla. Näme üçin ol ozal, men jaý sakynýarkam sesini çykarmady? - Sesini çykarmanam biler. Ol oň öz işi. - Men açyk bilýän. Namyk ependi, hakykat meniň tarapymda. Şonuň üçin men sudlaşmakçy. - Utularsyň. - Zyýany ýok! Utulsam utulaýaýyn. Ýöne hökman sudlaşaryn. Namyk ependiniň bir häsiýeti bardy. Ol sudda ýeňjegine gözi ýetmese, işe ýapyşmaýardy. Şonuň üçinem ol Aly hojanyň haýyşyndan boýun gaçyrjak boldy. Ýöne Bozoýuk obasyny daýhanlary indi otuz ýyl bäri onuň öz müşderileridi. Onuň kontorasynyň ýoluna olar beletdiler. Onsoňam, daýhanlar Namyk ependini azyk bilen üpjün edýärdiler. Ahyry aklawjy onuň ýüzünden geçip bilmän: - Ýagşy, men saňa kömek etjek bolaýyn, ýöne ýeňiläýseňem gaty görme! – diýdi. - Gaty görmen. Ýöne, näme üçin ýeňilmeli? - Sebäbi sen mamla däl. - Eger-de şol sudýa bir semizje tokly sowgat etsem? - Näme?! - Belki şonda biz ýeňeris? - Ýok, beýtseň-ä sen hökman ýeňilersiň! - O näme üçin? - Täze sudýa ol seň diýýän adamlaryňdan däl. Namyk ependi täze sudýany öwüp başlady: - Ol parahorlugyň hem dürli sowgatlaryň ganym duşmany. Sen mamla-da bolsaň, oňa para bermäge synanaýdygyň hökman işi para bermedigiň haýryna çözýär. Aly hoja iki elini asmana uzadyp: - Alla jan, şonuň ýaly adalatly sudlaň sanyny köpeldeweri her-nä! – diýip, alkyş okady. - Omyn! Omyn! – diýip, Namyk ependi yzyny ýetirdi. Olar öz işleri, adalatlylyk barada gürleşip, esli oturdylar. Aklawjy bu işi alyp barmaga razy boldy, ýöne şowly boljagyna ynananokdy. Diňe müşderini sylaýany üçin razy boldy. Iki hepde geçenden soň, Aly hoja Namyk ependiniň ýaşyl reňkli kontorasynyň gapsynyň agzynda peýda boldy. Aklawjy gelen adama äýneginiň ýokarsyndan seredip: - Gel, gel! Biler bolsaň, biz sudda ýeňdik! – diýip, ýylgyryp habar berdi. Sudýanyň beýle adalatsyz höküm çykaranyna Namyk ependi indi bir hepdeläp geň galyp ýördi. - Ýeňen meniň sudýa iberenje toklym – diýip, Aly hoja perwaýsyzlyk bilen jogap berdi. - Näme?! Sen sudýa para berdiňmi? - Elbetde. - Neneň gorkman beýdip bildiň? - Täze sudýa para berýänleň ganym duşmanydyr, kim para berjek bolsa şony ýazgarýar diýip, özň aýtmadyňmy näme? - Aýtdym... - Menem oňa bir tokly iberdim, ýöne öz adymy aýtmadym. - O nähili, beýle? - Obanyň kethudasy Soýsuzoglynyň adyndan iberdim. Goja aklawjynyň galamy elinden gaçdy. Ol oturgyja arkasyny berdi-de, öz müşderisiniň gözündäki ýalpyldap duran iki sany gara nokada seredip, doňup galdy. Bazar meýdançasynda bolsa, çynarlar öňküsi ýaly şagyrdaşýardy. Köwsarlap gelen şemal kiçijik kontoranyň içini ýapraklaryň şygyrdysyndan doldurdy. Omar SEÝFEDDIN, türk ýazyjysy. Terjime eden: Hangeldi AGAHANOW. "Edebiýat we sungat" gazeti, 1985 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |