19:19 Parahatçylygyñ pidasy: Folke Bernadot | |
Taryhyñ akymyny üýtgedenler
Taryhy şahslar
PARAHATÇYLYGYÑ ILKINJI PIDASY: FOLKE BERNADOT Palestinanyñ ýarsy basylyp alyndy we palestinalylar öýlerine gaýdyp barma umydy bilen arap dünýäsine sygynmaga mejbur bolupdy. Nurana ýüzli, damaryndan "gök gan" akýan şwesiýaly graf Folke Bernadot şol wagt Ierusalime bardy. Şwed koroly Gustawyñ inisi Bernadot BMG-nyñ agyr çaknyşyk zolagynda bellän ilkinji wekilidi. Özüni bellän ýörite komitetiñ esasy wesýeti bardy: "bitaraplyk". Emma "bitarap bolmak" bosgunlaryñ öýe gaýdyp barmagyny goramagy gerekdi, bosgunlaryñ gaýdyp barmagy-da Ýewropadan "wada berlen ýerlere" gelen jöhitleriñ basylyp alynan öýlerinden çykarylmagyny añladýardy. Täze gelenleriñ çözgüt tilsimi bolsa terrordy. Ierusalime gelenden dört aý soñ Folke Bernadot 17-nji sentýabrda ysraýylly terrorçylaryñ guran duzagynda wepat boldy. Şondan soñky terrorçylykly hadysalar ýaly bu hadysany-da amala aşyranlaryñ kimdigi belli bolman galdy. Emma 53 ýaşynda wepat bolan graf Bernadot Palestinada bolup geçýän adalatsyzlyklaryñ ilkinji halkara şaýady bolmaga ýetişipdi. Ierusalimde geçiren dört aýynda eden ähli tagallalaryna garamazdan hiç bir meseläni çözüp bilmedi, emma taryhyñ dogry ýazylmagyna goşant goşdy. Bernadot uzak "araçylyk ýolunyñ" ilkinji ýolagçysydy, yzyndan köp sanly diplomat mirasyny dowam etdirdi. Grafyñ yzyndan Dag Karl Hammarşýold, onuñam yzyndan Gunnar Ýarring agzalýan wezipäni boýnuna aldy. Palestinanyñ hakly dawasy şwed diwarlaryna ýazyldy we norweg derýalaryna aralaşdy. Ähli araçylar Bernadotyñ mirasyny dowam etdirdi, diplomatlar we harby gullukçylar onuñ ýolundan ýöredi. Yzynda uzak wagtlyk diplomatiýada durnukly yz we harby personal goýup gitdi. Bu harby gullukçylar üýtgeşikdi, olar uruş turuzmaýan we uruşlaryñ önüni alýan, raýatlary öldürmän, goraýan harby gullukçylaryñ hilindendi. BMG ABŞ-na maliýe goldawy üçin, Skandinawiýa bolsa diplomatlary üçin minnetdardyr. Semir ATAULLAH, Şenbe, 25.04.2020 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |