14:49 Pawarotti we onuñ döredijiligi | |
PAWAROTTI we ONUŇ DÖREDIJILIGI
Aýdym-saz sungaty
“Şeýle bagşylar bar owazy melhem, Şahyrlary gül heň, durşuna ylham. Diňläp ony öz bolşumy geňledim, Birdem agyr halym, birden ýeňledim. Misli Mylly aganyň “Humaralasy”, Gitmedi gulagymdan. Behişdi owaz, Akdy şerbet bulagyndan. Beýle-de bir owaz bolar oguşýan, Ömür göwün küýsegiňe gowuşýaň. Şonda men ekdim bir çynar nahalyn, Adyna “Luçano” diýdi dahanym. Tomusda ýel, gyşda nur bolup çoýdum. Kök urup, çynarym ýaýdy şahasyn. Mahal-mahal aýdym aýdýar Sumbarda, Ýaňlandyryp kenaryn, Pawarotti çynarym...” Dünýä belli italýan tenory (opera aýdymçysy) Luçano Pawarottä bagyşlanan bu setirler tanymal şahyrymyz Allaýar Çüriýewe degişli. XX asyryň ikinji ýarymynyň iň görnükli opera aýdymçylaryndan Luçano Pawarotti 1935-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda Italiýanyň Modena şäherinde dünýä indi. Luçanonyň kakasy Fernando şäheriň saz hor ansamblyna gatnadyp, oglunyň sungat älemine ugrudyp gitmegine uly goldaw beripdir. Ýaş ýigitkä kakasynyň ýanyna goşulyp, “Gioachino Rossini’ hor ansambly bilen Uelse gidýär. Aslyýetinde mugallymçylyk ugrundan taýýarlanan Pawarotti Arrgio Polanyň we Ettore Kampogallinaniniň okatmagynda 1961-nji ýylda "Concoɾso İnteɾnazionale" baýragyna mynasyp boldy we şol ýylyň 29-njy aprelinde opera žanryndaky ilkinji synanşygyna teatrlaryň birinde “La bohème” eseri bilen girişdi. Şondan soň dünýäniň dürli ýurtlarynda konsert berdi – Günorta we Demirgazyk Amerika ýurtlarynda, Aziýa, Afrika, Ýewropa ýurtlarynda we Awstraliýada çykyş etdi. Yzyndanam Modenada ýaş aýdymçylary taýýarlaýan mekdep açdy. Pawarotti Modenada her ýyl geçirilýän “Pawarotti we onuň dostlary” adyndaky haýyr-sahawat konsertlerinde alyp baryjy bolup çykyş etdi. Şol konsertlerde aýdym-saz sungatynyň dürli ugurlaryndan gatnaşýan Andrea Boçelli, Jon Bon Jowi, Braýan Adams, Bono, Jeýms Brown, Meraýýa Keri, Erik Klepton, Şeril Krou, Selin Dion, Anastasiýa, Elton Jon, Mit Louf, Jorj Maýkl, Sting, “Deep Purple” britan rok toparyndan Riçi Blekmor, Ien Gillan, Dewid Kawerdeýl, Ien Peýs, “Queen” britan rok toparyndan Freddi Merkýuri, Jon Dikon, “Spice Girls’ aýdym-saz toparyndan Melani Braun, Wiktoriýa bekhem, Emma Banton, Melani Si, Jerri Holliell ýaly aýdymçylar BMG-nyň guraýan çäreleri üçin pul toplapdyrlar. Toplanan pullar Bosniýadaky, Gwatemaladaky, Kosowadaky, Yrakdaky uruşlardan ejir çeken garyp maşgalalara sarp edilipdir. Bosniýa urşundan soň Mostar şäherinde öz adyny göterýän saz merkezini açdy we saz ugerundan höwesek ýaşlaryň zehinlerini kämilleşdirmekleri üçin mümkinçilik döretdi. Şonuň üçinem 2006-njy ýylda oňa “Saraýewo şäheriniň hormatly raýaty” diýen at berildi. “BBC Music Magazine” 1998-nji ýylyň aprelinde Pawarottiniň haýyr-sahawat konsertlerinde sözlän şu sözüni çap etdi: “Men syýasatçy däl, men ýönekeý aýdymçy. Men diňe adamlary şatlandyryp biljek we olary täzeden durmuşa dolap getirjek nämedir bir zatlary etmegiň aladasynda gezýärin. Siz başgalaryň ruhuny galkyndyrmaga mejbursyňyz, oňa şol ruhy beriň. Şol wagt siz hemme işi etdigiňiz bolar.” Pawarottiniň meşhurlygy şol wagta çenli ýaşap geçen ähli tenorlaryňkydan ýokarda bolupdyr. ABŞ-da "Big Lucio" diýip tanalan beýik senetkäriň diňe 1993-nji ýylda ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäheriniň Merkezi seýilgähinde (“Central Park”) beren konsertine 300 müň adam üýşüpdir, teleýaýlymlardan we radioýaýlymlardan berlen göni goýberilişde bolsa millionlarça adam tomaşa edip-diňläpdir. 90-njy we 2000-nji ýyllarda döredijilik karýerasynda az-owlak pese düşmeler bolandygyna garamazdan, dünýäniň iň ussat aýdymçylarynyň sanawyndan düşmän gelen Pawarotti iki gezek Ginnesiň “Rekordlar kitabyna” girdi. Ol bir ýüz altmyş bäş gezek opra sahnasyna çykyp, “iň köp sahna çykan tenor” we "The Three Tenors in Concert" ("Placido Domingo ve Jose Carreras") atly klassyky aýdym-sazlardan düzülen albomy bilen “iň köp satyn alynan klassyky saz albomynyň” rekordyny täzeledi. Bu üstünlik Pawarottiniň gysga wagtyň içinde klassyky aýdym-saz industriýasynyň iň görnükli wekilleriniň birine öwürdi. Onuň ses ýazgylary diňe klassyky saz sanawlarynyň däl, eýsem görlüp-eşdilmedik derejede pop sanawlarynyňam başyny çekýärdi. Hususanam onuň “Essential Pavarotti” atly albomy iňlis pop sanawynda birinji orna çenli geldi we tegelek bäş hepde birinjiligi saklady. Pawarotti 2007-nji ýylyň 6-njy sentýabrynda aradan çykdy. Belli aýdymçy egin-eşik çalşyrynýan ýeri bilen sahnanyň arasy daş bolan ýerlerde özi üçin ýörite taýýarlanan we muşdaklary tarapyndan "Pavamobil" diýip atlandyrylan awtoulaga münüpdir. Konsert berenden soň köplenç konsert zalynda ýa-da bolýan oteliniň golaýynda myhmanlaryna zyýapat berilipdir. Emma özi hiç haçanam zyýapata gatnaşmandyr ýa-da az salymlyk görünmek bilen çäklenipdir. 1963-nji ýylda onuň durmuşynda yz galdyran wakalaryň biri bolup geçipdir. Pawarotti Türkiýäniň paýtagty Ankara şäheriniň döwlet opera we balet teatrynyň çakylygy bilen Ankara gelýär. Heniz iki ýyllyk tenor bolandygy we şol wagt sesi “doly dury däldigi” bahana edilip, yzyna ugradylypdyr. Pawarottiniň yzyna ygradylmagy, has dogrusy kowulmagy barada dürli wersiýaly gep-gürrüňler bar. Ýagny, onuň kowulmagynda başga-başga sebäpler bar eken. Bu barada türk žurnalisti Mehmet Ý.Ýylmaz “Hürriýet” gazetiniň 2007-nji ýylyň 8-nji sentýabryndaky sanynda şeýle diýýär: “Pawarotti ýaşlygynda Ankaranyň opera we balet teatrynda işläpdir, emma kowlupdyr. Eýse nämüçin? Gazetlerde hemişe “sesiniň halanylmandygy sebäpli” diýip ýazyldy, emma onuň kowulmagynyň sebäbi düýbünden başga. Ol sesi däl-de, sözi sebäpli kowuldy! Pawarottiniň ölüminiň yzyndan türk gazetlerinde çykan habarlaryň hemmesi bir pikirde birikdiler: “Pawarotti ýaşlygynda Ankaranyň opera we balet teatrynda işläpdir, emma sesiniň halanylmandygy üçin kowlupdyr.” Ýagdaý bolsa düýbünden başga hili. Birnäçe ýyl öň “Playmen” žurnalynda Jüneýit Gökçer bilen gürrüňdeşlik çap etdiripdim. Pawarottiniň kowlan döwründe Gökçer teatryň ýolbaşçysydy. Onuň kowulmagyna sebäp bolan wakanyň gözli şaýatlarynyň birem şol wagt “Turkish Daily News” gazetiniň ýazuw işleri boýunça müdiri bolup işlän professor Kurthan Fişekdir. Pawarottiniň kowulmagyna sebäp bolan waka bu iki şaýadyň aýtmagyna görä şeýle bolup geçipdir: Şol wagtyň Prezidenti Jemal Gürsel bir gün teatra gelipdir we tomaşa eden operasyny diýseň halapdyr. Ol ýanyndakylara “Artistleri gutlaýsam diýýän, çagyryň, gelsinler” diýipdir. Ýurduň Prezidentiniň islegini Pawarottä Jüneýit Gökçer habar berende, ol: “Men sungat işgäri, ol bolsa diktator. Men syýasatçylaryň aýagyna baryp biljek däl. Goý, özi gelsin!” diýýär. Bu söz şol wagt Pawarottini käbir şahsy sebäpler bilen halaman pursat peýläp ýören Jüneýit Gökçere gowy bahana bolýar we tanymal aýdymçy Ankaranyň opera we balet teatryndan kowulýar. Gökçer muny boýun almadygam bolsa, Fişekiň ýalan sözlemeýändigine ynanýaryn. Gepiň keltesi, Pawarottiniň kowulmagynyň sebäbi, onuň sesiniň halanylmandygy däl-de, aýdan sözleriniň halanylmandygydyr!" • Pawarottiniň sözleri - Men tenorlyga janserek däl. Men özümi duýýaryn. - Men juda kör ekenim. - Has gowy ses gowy aýdymçy bolmagy aňlatmaýar. - Meň hemme ýerde meşhur bolasym gelýär. - Saz diňlemek üçin beýni gerek däl. - Adamlary ýaş wagty klassyky saza we opera gujak germek üçin çagyrmak gerek. - Nämüçin saz diňe ýokary gatlakdaky adamlara elýeterli bolmaly? Bagyşlaň, saz – hemmeler üçin elýeterli bolmalydyr. • Pawarottiniň web saýty: lucianopavarotti.com # Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |