00:16 Perzent / hekaýa | |
PERZENT
Hekaýalar
Meret aga bu gün hem işden soň adatdakysy ýaly arassa howadan dem alaryn hem gezelenç bolar diýen niýet bilen ýuwaşja ädimläp öýüne tarap ugrady. Güýz paslynyň çigrek howasy, günbatardan çalaja öwüsýän sowujak şemal bir bada Meret agaň ýadawlygyny aýyran ýaly etse-de, bir näçe günden bäri böwrüne sanjy bolup duran düşnüksiz howsala ýene-de onuň kalbyny gurşap aldy. Güýzüň öňki gamgyn keşbine has hem gamgynlyk çaýylan ýaly boldy. ”Bääý, indi gartaşyp ýörmükäk, Allajanlarym, göwünler çöküşip ýörmüka? Häzir öýüňe bararsyň, keýwanyň garşy alar, ikiçäk çaý-nahar iýersiň, soň näme? Telewizory açarsyň, şol bir meňzeş görnüşler, gürrüňler, durmuşyňam gyzygy gaçyp barýar. Durmuş diýilýän zadam juda täsin zat, düýnki gymmatlyklaryň bu gün gadyry ýok, şu sary ýapraklar ýaly, düýn ezizläp, guwanan zadymyzy bu gün basgylap ýörüs, hapa höküminde syryp-süpürip ýok edýäris...” Şeýle pikirlere çümüp gelşine, goňşy gelin eda bilen çalaja baş atyp geçip gidende, öýüniň deňine gelenini bilip galdy. Ol gapydan gireninde Şirinjemal eje geldiňmi diýen terzde baş atdy-da, Meret aga ýuwunýança, çaý naharyň ugryna çykdy. Meret aga ýerine geçip ornaşyp otyrdy-da göz astyndan Şirinjemal ejäni synlady, ”Ýene-de aglapdyr, ýüzi-gözi çişip gidipdir, saçlarynyň agy köpelen ýaly, ýüzünde mese mälim bolup duran ýygyrt ýogam bolsa gamgyn gözler ony garry görkezýär, öňki özüne serenjam berip, saçlaryna hyna goýup, göräýmäne täze gelin ýaly bolup ýören keýwany gözümiň öňünde haldan düşüp barýar...” Şirinjemal eje eli saçakly otaga girip, saçagy ýazyp üstünde nahary getirip goýdy-da, ýene-de öz öý işlerine gümra boldy. Meret aga göwünli-göwünsiz garbanansoň, ýene içki oý-pikirini dowam etdi .”Dursunjan durmuşa çykandan soň öýüň içi boşap galan ýaly bolaýdy, keýwany bilen gümür-ýamyr edişip degişip-gülüşip oturaýmamyz bardy, indi olam ýekesireýär, wah bize ogul perzendem nesip etmedi, ýeke dikrarymyz Dursunjanyň ýeke özi bize şatlyk paýlap ýören ekeni. Olam indi kişi maşgalasy, nätjekda, hemme islegiň bolaýýarmy näme.” Meret aga toýdan öňünçä bolup geçen wakany ýadyna saldy. Şirinjemal eje gyzlaryna gudaçylyga gelýändiklerini, gyzyňam şolara göwneýändigini, başga hiç kime barmajakdygyny aýdanda, Meret aga olaryň aňyrsy bilen gyzyklandy. Oglanyň gowy oglandygyny,ýöne ýeke ýetmezçiliginiň ýetimdigini eşideninde ör-gökden geldi.Ýöne ýeke dikrarynyň gözýaşyna döz gelmän, toýa razyçylyk beripdi hem-de şeýle şert goýdy: - Ol biziň jaýymyza göz gyzdyrýan bolsa,baýlygymyza göz dikýän bolsa şu gapydan aglap-eňiräp gelmejekdigiňe söz berseň, men il deňinde toýlap, gelnaljylap ugradaýyn, soňky gün öz günüňizi özüňiz görüň. Menden kömege garaşmaň. Dursun şonda “bolýar” diýip ýaşa dolan gözlerini kakasyndan gizläp bilmän aşak bakypdy. Meret aga “Hymmm” diýip, uludan demini aldy-da ”Ömürem ortalap barýar, orta çäkden geçipdirem asyl, indi altmyşyň onundan alyberdik, keýwanam geljek hepde elli ýaşaýar, sowgatjygyň ugruna çykmaly, ýeri sowgat nämäni üýtgeder öýdýäň...” Birdenem ol: - Keýwany, ertir meniň ýol şaýymy tut,iş saparyna gitmeli, tas ýadymdan çykan ekeni - diýdi. Ertesi irden Meret aga aýaly bilen hoşlaşyp öýden çykyp barýarka: - Şirinjemal, ýaş toýuň aladasyny ediber gelýänçäm, men saňa gowy sowgatam getirjek - diýdi. Şirinjemal eje uludan demini aldy, balkyldap duran gözlerine ýaş aýlandy, sesini çykarman baş atdy. Aşgabat menzilinden ugraýan otla petek alan Meret aga öz ornuna geçip otyrdy-da içini gepletdi: ”Eeh, Şirinjemal, Şirinjemal, men saňa düşünýän, men şu ýaşan ömürimizde saňa näme etdim, hiç zat. Men diňe ýekemenlik etdim. Öz diýenim, öz aýdanym boldy. Sen bolsa şol meň göwnüm diýip öz ömüriňi öýüň hysyrdysyna gümra bolup geçirdiň.” Meret aga otlynyň penjiresinden daşaryk garady. Şol bir meňzeş tebigat, janly jandar ýok ýaly, bar hem bolsa otlynyň sesini eşidip gizlenýärdiler. ”Ömürimizem şeýdip geçip barýar, biri-birine meňzeş günler hatar gurap deňimizden geçip gidýär, hol öňümizden görünýän menzil hä diýmän deňleşýär-de, ýenede geçip yzda galýar, soň täze menzil, ahyram düşmeli menziliň geler.” Meret aga “Ata, ata” diýen ses gelen tarapa gözüni aýlady. Garşysynda ejesine gysmyljyrap oturan bäş-alty ýaşlyja gyzjagaza gözi düşdi. Ol gyzjagaz bir enaýyja ýylgyrdy-da, ejesiniň ýüzüne seretdi, soňra bolsa Meret aga ýüzlenip: - Ata, men şo ýerde oturaýaýyn - diýdi. Ejesi gyzjagazy çalaja siltäp, nägilelik bilen: - Bolşuň nähili gyz? - diýdi. Gyzjagaz: - Men öňüme seredip oturasym gelýär-ä, eje - diýip ýene-de şeýlebir naşyja ýylgyrdy welin, garşy bol-da oňarsaň. - Wiý, köşek, onuňam bir kynçylygy bolarmy, gel geç meň ýerime, geç gelin senem gyzjagazyň ýanynda otur - diýip Meret aga olar bilen ýerini çalyşdy-da ýene gyzjagaza seretdi, onuň ýüzünde çaga begenji, şatlygy bardy. - Allajan şularyň ömürini uzak et. "Ata" gör nähili mähirli söz. Diljagazyňa döneýin, gyzym.” diýip, Meret aga uludan demini aldy. Soňra bolsa penjirä seredip: - Meret, Meret, sen indi ýetmeli menziliňe golaýlap barýaň, sen indi yzyňa, yzyňda galan menzillere seredip netije çykarmaly. Durmuşyň pelsepesi köp, şujagaz bolan wakajygam sapak alarlykly. Sen ornuňy ýaşlara bermeli, wagty gelende olaram şeýderler, tebigatyň kanuny bu. “ Şeýdip içini gepledip oturşyna Meret aga öz düşmeli menziline gelip ýetdi. Meret aga sorap-idäp Dursunlaň ýaşaýan jaýynyň deňine geldi, töweregi synlady, arrasaja, päkize howlyjyk, mellekde köp bolmasada miweli baglar, nar agajy, üzüm ekilipdir. Gök önümem bar. Meret aga ardynjyrap howludan girdi. Şol barmana onçakly uly bolmadyk jaýdan Dursun daş çykdy, kakasyna gözi düşende ol: “Kaka, kakajan” diýdi-de ylgap gujaklarly göründi, emma gelinlik haýasy ony saklady. Meret aga-da Dursuny şol öňki çagajykkasy ýaly bagryna basasy, ýaňajyklaryndan, maňlaýjygyndan ogşasy geldi. Ýöne ol diňe ”Gyzym...” diýip ýetişdi, bokurdagy doldy, gözleriniň owasy ýaşdan doldy, demi içine giden ýaly bolup, soňra-da sojap-sojap zordan demini aldy, ýaňaklaryndan syrygyp gaýdan gözýaşlaryny eliniň aýasy bilen syryp, hamsygdy. Meret agaň ömürinde ilkinji gezek aglaýşydy, ýok bu ejizlik däldi, bu ökünçdi, ahmyrdy. Dursun: - Kakajan näme boldy, kakajan, goýsana, kakajan, ejeme bir zat boldumy, kakajan, şu gün ýüregim bir zat syzdyla-a-a”-diýip aglap başlady. Bu agy Meret agany özüne getirdi. - Ýok, gyzym, ejeň jany sag, meniňem, ýöne seni gördüm-de biraz bozulaýdym, goý gyzym. Özüňiz nähili, balam, saglyk- amanlykmy? - diýip ugruny düzetdi. Dursun kakasyna golaý gelip “Kakajan” diýip kellesini onuň egninde goýdy, Meret agada Dursunyň başyny sypap: - Balam, meni bagyşlaň, men ötünç soramaga hem-de sizi öýe alyp gitmäge geldim, gyzym - diýdi. Meret aga otaga girip, otagyň içini synlady. Päkize-tämiz otag, kiçeňräk iki sany haly düşelipdir, diwara golaý goýulan gadymy sandygyň üstünde rejelenip goýulan ýorgan düşek diýäýmeseň başga bir göze iläýjek zat ýok. Meret aga sandygyň üstünden bir ýassygy aldy-da töre geçdi, birdenem diwarda asylgy duran surata gözi düşdi, ýene gözlerine ýaş aýlady, ýöne bu gezekki ýaş buýsanç gözýaşydy. Diwardan Meret aga seredip Şirinjemal bilen onuň özi otyrdy. Meret aga assyrynlyk bilen çaý-naharyň ugruna çykan Dursuny synlady. Dursunyň şatlykdan ökjesi ýere degenokdy. Hortabyrak, uzyndan gelişikli beden şeýle çalasyn hereket edýärdi welin ol howada gaýyp ýörene meňzeýärdi. - Ejesini gör-de gyzyny al diýileni-da, Şirinjemalyň terbiýesi mesemälim görünüp dur - diýip içini gepledip oturşyna gapydan ätlän giýewisiniň salamyna ukydan oýanan ýaly bolup jogap gaýtardy. Saglyk-amanlyk soraşylandan soň,nahar geldi, oturyp sessiz-üýnsiz iýip içdiler. Soň çaý geldi. Meret aga ardynjyrap, gürrüňe başlady: - Sen meni üns berip diňle, ogul. Türkmençilikde giýewsine ogul diýýän az-azdyr, men birnäçe wagtdan bäri köp oýlandym. Indem men öz maksadymy aýtmaga geldim. Men gürrüňi köpeltmän, gönümel aýtmakçy, Dursunjanam gelsin, ýanymyzda oturyp diňlesin gürrüňimizi - diýdi-de, käsesine guýan çaýyny çäýnege gaýtardy. Häliden bäri özüni nähili alyp barjagyny bilmän, oňaýsyz ýagdaýda oturan Begenç biraz ekabyrlandy, soňra Dursuny çagyrdy. Meret aga sözüni dowam etdi: - Biziň gyzymyzam, oglumyzam Dursunjan, biziňem indi köpümiz geçip, azymyz galdy. Ojagymyza eýe bolmalam siz. Baryp şol ojaga, öýe eýe çykyň diýjek bolýan. Tüweleme ikiňizem ýokary bilimli şäherde işlärsiňiz,meniň öz hususy eýeçilikdäki edarama göz-gulak bolmalam siz. Ejeňizem-diýip ol Dursuna soň bolsa Begenje garady: - Ejeňizem indi ýekesireýär, günde günaşa gözine ýaş aýlap ýör - diýip sözüne dyngy berdi. Soragly nazaryny olara dikdi. - Ýöne... - diýip Begenç gaýyn atasyna nähili ýüzlenjegini bilmän sägindi: - Bu ojagam eýesiz goýup bolmaz-a-diýdi. - Bu ojagy taşla diýýän ýok, ogul. Wagtlaýynça gyş geçýänçä il-gün göz-gulak bolsa ynha hä diýmän bizem zähmet rugsadyna çykarys, oba ýeri indi bize kem ýaranok, gelip gider durarys. Soňam näme wagt diýeniň geçip dur, pensiýa çyksak Şirinjemal ikimiz şu ýerde bolubereris... Birnäçe wagt dowam eden gürrüňdeşlikden soň ertir irden ýola düşmegi makul bildiler. Şirinjemal öý işlerine gümra bolup ýörşüne öz-özüne käýinýärdi: - Wah, men guraýyn, nirä gidýäň, haçan gelýäňem diýäýmändirin. Halys huşum gaçypdyr öýdýän. Ýaş toýuň gürrüňini edýär, ýeke perzendiň gatnaşmajak bolsa toý bormy ondanam.” Şu pursat gapy kakyldy. Şirinjemal eje baryp gapyny açanynda gözlerine ynanmajak boldy. Balasyny gujagyna gysan enäniň ýüzi nurlandy, taýly gezek gyzynyň ýaňagyndan ogşady. Gyzynyň egni aşyr şatlykdan pürepür şol öňki mähirli gözler minnetdarlyk bilen Meret aga garady. Azat NURGELDIÝEW. | |
|
√ Bulutlaryň döreýän ýeri / gysga hekaýa - 17.11.2024 |
√ Men şu gün gyz boljak / hekaýa - 26.07.2024 |
√ Ene / hekaýa - 10.10.2024 |
√ Möjekler / hekaýa - 26.04.2024 |
√ Gürp / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Ýazyjynyň durmuşyndan bir parça / hekaýa - 25.11.2024 |
√ Diwana / hekaýa - 03.09.2024 |
√ Nälerkerde / ajy hekaýat - 14.09.2024 |
√ Gijeki gapydanyň ýazgylary / hekaýa - 25.01.2024 |
√ Шер аминь / рассказ - 20.01.2024 |