14:31 Pisse | |
PISSE
Goşgular
Ýigrimi ýyldan soñ gülleýär pisse. Bolýar güller onuñ baldaklarynda. Besse-besse. Ýöne şol gülleriñ açylaryna Garaşmaly bolýar ýigrimi ýyllap. Ekilse-de düzde, belentde-pesde Möwrüti gelýänçä gülläp bilenok Pisse Çagajyklañ ýere sünjen nahaly, Miwe berýär ýigit çykan mahaly. Ýetişýär ýigitleñ eken nahaly, Saçlaryñ agaryp başlan mahaly. Gojalañ oturdan nahallary soñ, Begendirýär olañ agtyk-çowlugyn. Wasp edişip otyr güllän pisseler, Özün eken adamlaryñ gowlugyn. Myhman biz, baýyrdan gül ýygdyk bu gün. Hem gülüşip pisselikde oturdyk. Duşuşmagy arzuw edip güllände, Her haýsymyz bir düýp pisse oturdyp. Atajan ANNABERDIÝEW. | |
|
√ Ene hakynda / Goşgular - 28.05.2024 |
√ Daglar we adamlar / Goşgular - 10.12.2024 |
√ Şygyrdaky yşkym / Goşgular - 11.12.2024 |
√ Balerina / Goşgular - 09.08.2024 |
√ Eý, aşyklar bahary, haýyr hamyla senden... / Goşgular - 22.10.2024 |
√ Söýer ýaly / Goşgular - 21.10.2024 |
√ Nyşanmy / Goşgular - 09.11.2024 |
√ Aýşy-eşret çagynda / Goşgular - 20.08.2024 |
√ Saýhally hem sada / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Gel, bize goşul / Goşgular - 15.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |