20:25 Poeziýa | |
POEZIÝA
Goşgular
Haçan duşduk, Haçan dogan okaşdyk?!. Şol gün bagtym çüwdümi Ýa-da ýatdymy bagtym?!. Diýsem rastym, Şu güne çen oýlanmandym bu hakda. Megerem, biz duşan bolaýsak gerek Ejemiň jadyly hüwdüsin diňläp Ýatyrkam sallançakda. Özüm bilelim bäri Senem ýanymda. Begenemde gülki bolup ýaňlandyň, Gözýaş bolup ýere dolduň aglamda. Käte-de bütinleý bolduň tersine. Gülemde agladyň, Aglamda-da gülüp gezdiň, görsene. ...Ýigit çykdym, Kalba joşgun, Ele galam berdiň sen. Hem-ä meniň synmaz ganatym bolduň, Hemem bolduň soň gelmez derdim sen. Şeýde-şeýde getirdiň Bir düşnüksiz günlere, Käte daragtlara, Guşdur güllere, Sähradyr çöllere Syrymy ýaýdym men, Düşündi olar. Käte ýürek bilen aýdan sözlermiň Birini-de diňlemän, Duşymdan ýylgyryp geçdi adamlar. Gyzlaryň zülplerin taryp etmäge Hepdelermi bagyşladym, Hasabyny almadym. Ýöne gözi ýolda galan bir gyzyň Dodagyndan öpmäge Wagt tapyp bilmedim. Käte ýyldyzlara golum ýetirdim. Käte golaýyma gol uzatmaga Ýaýdandym ýördüm. Seň bilen geçiren gijelerimi Senden jyda düşen gündizlerimden Has ýagty gördüm. Saňa duşup, Meniň bagtym çüwdümi, Ýatdymy bagtym? Bu sowala jogap tapyp bilemok Şu wagtam. Ogluma, Gyzyma hoş sözler aýdyp Hem golumdan düşürmän öz agtygmy, Gezmeli wagtym meň – Dost-ýarlam bilen Deň-derman paýlaşyp tapan bagtymy. Kä geçmişi ýatlap, Kä meýlis gurap, Kä süzüp şerap, Gezmeli wagtym meň dost-ýarlam bilen. Arman, senden sypур bilmesem nätjek... Diňe seň yşgyňda gezýän humarlap. Käte geçen, Geçýän ýollarmy barlap, Elim sowap, Öz-özüme igenýän. Käte-de özümden göwnüm hoş bolup, Guş bolup, Asmanda uçýan... begenýän... Nirelere alyp barýaň sen meni? Aýt maňa, Barybir gaýry ýok ýolum Ganatym bolsaň-da, Derdim bolsaň-da, Poeziýa, Sensiň ýalňyz ykbalym. Italmaz NURYÝEW. | |
|
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |