11:51 Poeziýa kitaplarynda sowet watançylygy | |
POEZIÝA KITAPLARYNDA SOWET WATANÇYLYGY (1982-1983)
Edebi tankyt
Sowet watançylygy temasy sowet edebiýatynyň hemişelik hormatly temalarynyň biridir. Türkmen sowet edebiýatynyň ilkinji wekilleriniň ilkinji eserlerinden başlap, şu günüň ýaş awtorlarynyň galamyna degişli bolan eserlere çenli bu tema özüniň mynasyp beýanyny tapyp gelýär. Çeper edebiýatda sowet watançylygy temasy özbaşdak bir çäklendirilen tema hökmünde beýan edilmän, elbetde, ol dürli temalar bilen organiki utgaşyklykda, birlikde şöhlelendirilip gelinýär. Sowet watançylygy, taryhy-rewolýusion, halklaryň dostlugy hem internasionalizm, harby-watançylyk, il-ýurt hem graždanlyk motiwleri we käbir beýleki temalar köplenç ýagdaýda bütewilikde beýan edilip, dolulygyna sowet watançylygyny, onuň hakyky ideýasyny wasp edýärler, emele getirýärler diýsek, ýalňyş bolmaz. Bu aýratynam soňky döwrüň poeziýasynda şeýledir. Biziň partiýamyz sowet adamlaryny sowet watançylygy ruhunda terbiýelemekde çeper edebiýatyň roluna uly ähmiýet berip gelýär. Bu hakda ýörite aladalar edýär. SSKP-niň gurultaýlarynda-da, partiýanyň çeper edebiýatyň meselelerine bagyşlanan dokumentlerinde-de edebiýatda sowet watançylygy temasynyň ähmiýeti barada ýörite durlup geçilýär. Hususan-da SSKP Merkezi Komitetiniň «Edebi-çeper žurnallaryň kommunistik gurluşygyň praktikasy bilen döredijilik arabaglanyşyklary hakyndaky» kararynda şeýle diýilýär: «Çeper sözüň terbiýeçilik ähmiýetini artdyrmak üçin, belent watançylyk äheňine ýugrulan, Watana, partiýanyň işine bagyşlanan hyzmaty şahyrana wasp edýän eserleri döretmek üçin ähli mümkinçilikleri peýdalanmak gerek». («Sowet edebiýaty» žurn, № 8, 1982.) Partiýanyň işine wepaly bolan sowet ýazyjylary, şol sanda türkmen ýazyjylary hem hemişe döwrümize mynasyp eserler döretmegiň aladalary bilen ýaşaýarlar hem işleýärler. Munuň şeýledigini soňky döwürlerde neşir edilen şahyrana kitaplardaky onlarça şowly goşgulardyr poemalaryň özi bar zatdan gowy düşündirýär. Respublikanyň halk ýazyjysy K.Gurbannepesowyň okyjylara öňden belli bolan we soňky döwürlerde döreden goşgudyr poemalaryny öz içine alan «Edi ýaprak», «Ajy günler, süýji günler», «Ýaz şemaly», halk ýazyjysy B.Hudaýnazarowyň «Sahawat» ýaly kitaplary okyjylar tarapyndan gyzgyn garşylandy. Şeýle hem poeziýamyzyň işeňňir wekilleri hökmünde tanalýan I.Nuryýewiň «Gadamlaryň owazy», A.Agabaýewiň «Söz bileň göz», B.Jütdiýewiň «Ala meýdanlar», G.Şamyewiň «Hoş niýetler», A.Atabaýewiň «Söýgüden söýgä», A.Gurbannepesowyň «Söýgi derýasy», O.Annaýewiň «Öz-özüm bilen ikiçäk», N.Annatyýewanyň «Güýz arzuwlary» we beýleki käbir goşgular kitaplary, tutuşlygyňa alanyňda, gowy täsir galdyrýar. Kitaplaryň köpüsini okap çykanyňda, olaryň köpüsiniň awtorlarynyň özbaşdak stillerini, dünýägaraýyşlaryny aňmak kyn däl. Eserleriň gahrymanlarynyň döwre bolan gatnaşyklary, jogapkärçilikleri, durmuşy ykrar edijilikli oý-pikirleri olaryň awtorlarynyň aktiw durmuş pozisiýalaryndan, kämil dünýägaraýyşlaryndan habar berýär. Sowet watançylygy ýazyjy-şahyrlarymyzyň eserleriniň esasy özeni bolmalydyr. Ýokarda belleýşimiz ýaly, bu tema köp şahalary özüne birikdirip, tutuş bir kuwwatly daragty emele getirýär. Şol daragtyň esasy göwresi hem, biziň pikirimizçe, syýasy-publisistik eserlerdir. Biziň edebiýatymyzda ykrar edilişi ýaly, W.I.Lenine, Oktýabr rewolýusiýasyna, Kommunistik partiýa, Sowet Watanymyza, Lenin komsomolyna, Sowet Goşunyna we beýleki şulara ýakyn bolan temalara bagyşlanan eserler şol eserleriň hataryny düzýär diý- sek dogry bolar. Şeýle eserler bolsa biziň şahyrlarymyzda az däl. Poeziýadaky sowet watançylygynyň beýany şol goşgularda has äşgär duýulýar. B.Hudaýnazarowyň «Sahawat» kitaby tutuşlygyna alanyňda, päkize ahlakly liriki gahrymanynyň durmuşa garaýyşlaryny açyp görkezýär. Diýmek, goşgular graždanlyk mazmuna ýugrulan. Syýasy temada ýazylan goşgular bolsa onuň syýasy poeziýasyny düşündirmäge hyzmat edýär. Kitapdaky «XX asyr, Segseninji ýyllar», «Lenin», «Meniň ülkäm», «Lenine tarap», «Oktýabr gijesindäki taryhy mejlis», «Graždanlyk goşgusy» we käbir beýlekiler sözümize delildir. Ideýa hem çeperçilik kämilligi babatda biri-biriniň üstüni ýetirýän bu goşgular soňky döwür türkmen poeziýasynyň üstünligidir diýsek, dogry bolar. «Nurly ülkäm» goşgusyndan setirler: Köpetdaga ümzük atyp, nur çaýyp, Aralykda parlap otyr paýtagtyň. Atalaryň, babalaryň mekany, Bu beýik asyrda galkyndy bagtyň. ...Eli açyk, göwni açyk daýhan sen, Müň hünäre ezberleşen işçi sen. Lenin ideýasyn baýdak edinen Güneşler ülkesi, neneň güýçli sen. Şahyryň guwanjy – güneşler ülkesiniň SSSR halklarynyň doganlyk maşgalasynda egsilmez güýç-kuwwatlydygy öz-özünden düşnüklidir. Şeýle äheňdäki goşgulary beýleki şahyrlaryň kitaplaryndan hem okaýarys. A.Agabaýewiň gezende liriki gahrymany bar. Ol syýasy durmuşymyza bolan gara- ýyşlaryny gözi bilen gören, eşiden wakalaryna baglanyşdyrmak arkaly ýüze çykarmaga çalyşýar. Esasan, şowly netijeler gazanýar. Şahyryň «Partiýa hakynda aýdym», «Duşuşyp», «Hawa, men ruslaşýan», «Ýeniseý ýatlamasy», «Komsomol bileti», «Surnaý ýaňlanýar» ýaly ýene birnäçe goşgulary şeýle ideýa-mazmunlydyr. Onuň bu topar goşgulary syýasy kämilligi, düşünjeliligi bilen gowy täsir galdyrýar. Şahyr Nazar Gullaýewiň özboluşly döredijilik tärleri bar. Köplenç halatda millilik hem internasionallyk meselelerini utgaşykly teswirlemäge çalyşýan şahyryň soňky kitaby hem şol däbiň beýanyndan habar berýär. Öz içine «Il-gün, saňa döneýin», her haýsy birnäçe bölümden durýan «Wladimir Iliç Lenin hakda ballada», «Watan hakda ballada», «Lenin, kompartiýa, halk hakynda ballada», «Komsomol», «Sowet Goşuny», «Dostlugymyz ebedi» ýaly eserleri öz içine «Il-gün, saňa döneýin» ýygyndysynyňagramly bölegini syýasy-publisistik, graždanlyk motiwli goşulary düzýär. Şahyrlar B.Jütdiýewiň «Ala meýdanlaryndaky», «Kommuniste ýüzlenme», «Watan», Lenin temasyna bagyşlanan «Minnetdarlyk namasy» goşgular toplumy, N.Annatyýewanyň kitabyndaky «Partiýam», «Oktýabryň şapagy», «Watan hakda iki goşgy», «Öçmez çyra», «SSSR-den» ýaly goşgulary ideýa-mazmunlarynyň sagdynlygy, çeperçiliginiň kämilligi bilen şu temadaky goşgularyň üstüni ýetirýär. Şeýle mazmundaky goşgularyň birnäçesini A.Gurbanowyň «Ene ýüregi» kitabyndanam, awtorlar toparynyň «Alty aýdym» atly ýygyndysyndanam okamak bolýar. Elbetde, syýasy-publisistik goşgular diňe ýokarda ýatlanlarymyz bilen çäklenmän, beýleki kitaplarda-da duşmak bolýar. Biz ýokarda şol temada köpräk işlänleri ýörite bellemek isledik. Ýatlanan kitaplarda syýasy-publisistik goşgularyň üstüni her taraplaýyn ýetirip duran ýokary graždanlyk mazmunly liro-filosofiki goşgularyň-da, peýzaž, adam we tebigat meselelerine bagyşlanan goşgularyn-da onlarçasy bar. I.Nuryýewiň, G.Şamyýewiň, B.Jütdiýewiň, A.Gurbannepesowyň, A.Agabaýewiň, A.Atabaewiň, O.Annaýewiň kitaplaryndaky şeýle mazmunly goşgulary sowet watançylygynyň dürli formalarda giňden işlenilmeginiň şahyrana mysalydyr diýsek dogry bolar. Elbetde, şol goşgularda-da kä halatlarda çeperçilik meselesinde, temalaryň beýan edilişindäki gaýtalanmalar ýaly käbir bärden gaýtmalaryň bardygy gizlin däl. Kitaplaryň tutuşlygyna şowlulygy olara göz ýumdurýar. Bularyň tersine, käbir kitaplar aýry-aýry şowly goşgularyň bardygyna garamazdan, maňzyňa oturmaýar. Olardaky tema garyplyk, şol bir hörpden öz-özüňi gaýtalamak, meseleleriň – temanyň ýöntem beýan edilişi çeperçiligi juda gowşadýar. Okyjynyň poeziýa eserinden aýratyn talaby bar. Olam şahyranalyk. Sereden kitaplarymyzyň käbiriniň, gynansak-da, şol talaby ödemeýändigi, käbir şowly kitaplardaky gowşak goşgularyň hem ýokardakylara ýakyndygy gynandyrýar. Atajan Annaberdiýewiň «Bugdaýly meýdan» kitabynda estetiki-emosional täsirli setirleriň gaty azdygyny belläp, ondaky goşgularyň tematikasynyň dardygyny-ýöntemdigini aýdasymyz gelýär. «Bugdaýly meýdan» ýygyndysyndaky goşgularyň esasy kemçiligi – şahyryň beýan edýän temalaryna gatnaşygy ýok. Wakalaryň çözgüdine garaýşy-da şonuň ýaly. Awtor şol bir temalaryň daşynda synçy bolup aýlanyp ýör goşgular şol sähra-meýdan, güýz-gyş, gar-ýagyş ýaly düşünjelerden daşlaşyp bilenok. Muny onuň goşgularynyň ady-da aýdyp dur: «Güýz», «Güýz peýzažy», «Güýzterneler», «Güýz ýeli», «Güýzüň soňy», «Güýz geldi», «Gar ýagýar», «Gyş gijesi», «Gyş etýudlary», «Türkmen gyşy», «Gyşyň soňy», «Gar ereýär» we ş.m. Onsoňam gerek bolsa-bolmasa, her setirde diýen ýaly deňeşdirme, meňzetme ulanjak bolup, özüni ýitirýär. Şeýdibem goşgulara jemgyýetçilik mazmun berip bilenok. Bulam onuň esasy kemçilikleriniň biri. Şeýle ýagdaýlara kitap çapa taýýarlananda gowy üns berilmeli eken. Şahyr Ş.Borjakowyň «Deňiz şemaly» atly uly göwrümli goşgular hem poemalar kitaby, tutuşlygyna alanyňda, soňky döwür poeziýamyzyň tematiki mazmunyny ep-esli baýlaşdyrýar. Onuň durmuşyň dürli meselelerine bagyşlanan irili-ownukly goşgulary pähim-parasady goýalyşan halypanyň sesi bolup eşidilýärler goşguda diýen ýaly geçilen ýola täzeden nazar aýlamak, ýaşaýşa aýawly garamak ýaly pähimleri aňmak bolýar. Goşgularyň synasy sagdyn, öwredijilikli. Kähalatlarda poetik serişdeleriň, diliň, obrazly aňlatmalaryň kemterlik edýäni duýulýar diýäýmeseň, olary şu günüň kämil goşgulary kabul etmek bolar. Poemalar kitabyň uly bölümini tutýar. Onda ýerleşdirilen bäş poemada-da şahyr öňki döredijilik däbine wepaly bolup, respublikanyň günbatar senagat raýonlarynyň, deňiz ýakalarynyň meselelerine, wakalaryna ýüzlenýär. Epiki planda ýazylan bu poemalaryň wakalary köplenç ýagdaýda deňiz ýakasynyň taryhy bilen baglanyşykly. Ol «Dostluk kenary», «Şagadam», käbir derejede «Öz sözüm bilen» poemasynda hem deňiz ýakasynyň geçmiş taryhy hem şu güni bilei tanyşdyrýar. «Halypalar», «Çeşmeler» poemalarynda şu günüň önümçilik temasy arkaly işçi durmuşyna tehniki intelligensiýanyň aladalaryna aralaşdyrýar. Munuň şeýle edilmegi şahyryň belet temalary arkaly şu günüň talaplaryna öz garaýyşlaryny mälim etmegidir. Bu şahyryň aktiw durmuş pozisiýasyny görkezýär. Umuman, eserleriň ideýa-mazmuny, tematik ugry şeýledir. Ýöne poemalarda käbir bärden gaýtmalar hem ýok däl. Olaryň beýan edilişinde prozaçyllyk bar. Kähalatlarda bolsa olara powest diýesiň gelip dur. Poemalaryň ählisiniň bir kitaba ýerleşdirilmegi okyjynyň ýagdaýyny has hem agyrlaşdyrýar. Okyjy şahyrana eserden ideýa-tema aktuallygy bilen birlikde estetik-emosional täsire-de garaşýar. Kitap çapa taýýarlanmazdan öň, bu zatlar hakda oýlanylsa kem bolmazdy. Nury Baýramowyň şu döwürde neşir edilen «Meniň hazynam» kitaby köp ýyllyk döredijiliginiň netijesi. Mundaky eserler onuň dürli ýygyndylarynda çap edildi. Kitabyň mazmuny baý. Onuň köp bölegini sowet watançylygyny dürli formalarda beýan edýän eserleri tutýar. Kitabyň bu tarapy diýseň kämil. Ýöne kitabyň köp döwrüň önümini öz içine alýandygy üçin, käbir tematik taýdan gaýtalanýan goşgulary saýhallamaly eken. Olar, esasan, söýgi hem peýzaž lirikasynda duş gelýär. Elegiýalary köpräk, ýygyndynyň şahyryň tomlugy däldigi üçin, käbir şeýle goşgulary girizmekden saklanmaly eken. Kitap çapa taýýarlananda salyhatlylyk saklanylmandyr. Onuň dürli bölümlere bölünip, ýokary çeperçilik üçin artykmaç işleriň geçirilmegi şony aňladýar. Hiç bir elli ýaşaýan şahyryň, hatda klassyklaryň kitaplary-da şu görnüşde çykarylanok. Öň okyjyda dürli kitaplarda gowşan eserleriň ýene ýokary (15000) tiraž bilen çykarylmagy-da dogry bolmandyr. Mämmet Seýidow indi türkmen sowet poeziýasynyň ýaşuly nesliniň hatarynda her taraplaýyn kämil,talapkär, ussat şahyr hökmünde tanalýar. Ol kyrk ýyla golaý hasylly döredijiligi bilen biziň edebiýatymyzyň altyn fonduna ençeme şahyrana ýygyndylar, liro-epiki poemalar goşdy. Ýaş edebi güýjüň telimsini terbiýeledi. Köpleriň kitaplaryndan onuň setirlerini okamak bolýar. Şahyryň yzygider edebi hyzmaty şeýledir. Soňky ýyllarda bolsa ol has hem işeňňirlik görkezdi. Onuň diňe soňky 4 –5 ýylda neşir edilen «Liriki fantaziýa» poemalar kitaby, «Seniň yşkyňda» atly goşgular hem poemalar kitaby muňa kepildir. Her taraplaýyn kämil şahyryň «Seniň yşkyňda» kitaby onuň ummasyz köp goşgularyny, poemalaryny öz içine alýar. Awtor kitaby dört bölüme bölüp, ondaky poemalaryň ählisini bir bölüme girizip, oňa «Ownukly-irili poemalar» diýip at beripdir. Goşgularyny bolsa «Ädimlerimiz», «Ýanwardan ýanwara», «Seniň yşkyňda» bölümlerine ýerleşdiripdir. Munda tematik aýratynlyklar göz öňünde tutulsa-da, ol şertlidir. Çünki şol bir temadaky goşgular ähli bölümde gabat gelýär. Kitabyň ahyrynda ady berilmän, diňe bölümler berlipdir. Hut şeýle edilmegi hem kitabyň mazmunyna düýpli üns berilmelidigini aňladýar. Kitapdaky irili-ownukly dokuz poema-da, bölümlerdäki goşgular-da şahyranalyk hem ideýa-tematik taýdan dürs, synasy sagdyn eserler. Olaryň ählisi-de aýry-aýrylykda alnanda, gutarnykly kämil eser. Olar çuňňur sowet watançylygy, ýokary graždanlyk mazmunyna ýugrulandyr. Emma biz onuň ähli şowly taraplaryny şahyryň, şeýle hem tutuş edebiýatymyzyň üstünligi hasaplap, ýetmez taraplary hakda käbir bellikler aýdasymyz gelýär. Birinjiden, kitapdaky poemalar köp derejede awtoryň öň neşir edilen poemalaryny gaýtalaýar. Wakalar juda süýndürilip, ertekilik derejesine ýetirilýär diýsek ýalňyş bolmaz. Poemalaryň ählisiniň bir äheň, bir formada ýazylmagy-da gowy täsir galdyrmaýar. Goşgular babatda aýdanyňda-da, köplenç şeýledir. Kitapdaky aýry-aýry mynasyp mertebeli adamlara bagyşlanan goşgular, şol bir äheňdäki sene goşgulary, edebiýatyň we sungatyň wekillerine, ýyl pasyllaryna we ş.m. bagyşlanan goşgular ikinji, üçünji bölümiň agramly tarapyny tutýar. Şol goşgular mazmun hem beýan edilişi boýunça biri-birinden tapawutlanmaýar diýen ýalydyr. Kitaba at beren dördünji bölüm okyjyny has-da kejikdirýär. Şol bölümdäki goşgularyň ählisi dürli möçberli atsyz goşgulardyr. Şol bölümde şahyr başdanaýak diýen ýaly öz-özüni gaýtalaýar. Goşgularyň arasynda gaýtalanýan setirlere, bentlere däl, hatda tutuş goşgulara-da duşup bolýar. Bir zada bagyşlanan meňzeş äheňli-mazmunly goşgular barada-ha gürrüň edip oturasy işem ýok. Şeýle bolansoň, goşgulardaky bir meňzeş elementleriň ençeme ýerde gaýtalanýandygy öz-özünden düşnükli. Şu ýerde sözümizi, pikirimizi delillendirmek üçin, şahyryň sözleri – rifmalary işledişine dürli goşgulardan käbir mysallar hem alsak bolardy. Ýöne ony okyjynyň özüne goýduk. Gynansak-da, şeýle mazmunda taýýarlanylan kitabyň okyjylarda nägilelik döretjekdigi ikuçsuzdyr. Halypa, ussat şahyrymyzyň tutuş beýikligi, hyzmaty hakda ýokarda aýdanlarymyzy biz öwran-öwran gaýtalamaga taýyn. Ony hiç kim inkär etmez. Şu kitabyň gowy taraplary hakda-da öňki pikirimizde. Ýöne kitap çapa taýýarlananda beýle başdansowmalyga ýol bermän, eserleri saýhallap, olaryň üçden biri alnaýan hem bolsa boljak eken. Şeýle edilse, şahyryň mertebesi has-da belent bolardy, edebiýat-da, okyjy-da uly utuş gazanardy. Sapar Öräýewiň «Gözlerim seni gözlär» atly kitaby dürli mazmunly, dürli göwrümli goşgulary hem «Gyzylgül» atly uly göwrümli epiki poemany öz içine alýar. Kitabyň başky sahypalaryny, awtoryň adatça aýdylyşy ýaly, «syýasy tema» bagyşlanan goşgulary tutýar. Goşgular haýsy tema bagyşlanandygyna garamazdan, S.Öräýewiň şekilini görkezýän şowhun bilen başlanyp, şeýle hem tamamlanýar. Diýmek, ýeňil okalýar. Ýöne bu beýan etmek goşgularyň ideýa-mazmunynyň sagdynlygy, şahyrana gurluşynyň dürslügi bilen utgaşykly bolsa, göwne makul bolardy. Arman, ýagdaýyň şeýle däldigi okyjynyň lapyny keç edýär. Onuň sebäbi awtor şol goşgularynda saýlan temasyna degişli özbaşdak pikir gozgap, şony yzygider beýan edip bilenok. Ýadyna düşen pikiri goşgy setirlerine salmak isläpdir. Şonuň üçinem goşgularda logiki yzygiderlilik bozulyp, pikirler nyşana degmän galýar. Sebäbi şahyr goşguda sýužet bardyr diýip pi- kir edenok. Bu onuň poeziýasynyň esasy kemçiligi bolsa gerek. Şol sebäpli-de onuň goşgulary juda umumy çykyp, birgiden yrga, dumanly pikirleri öz içine alýar. Şahyr «Watan ýoly» goşgusyndan başlap, syýasy-publisistik temadaky goşgularynyň ählisinde diýen ýaly, yrga, dumanly pikirleri goşgudan goşga geçirýär. «Watan ýoly» goşgusynda «Ýat illere baranyňda, yzda galan ata Watana» söýgiň çägi bolmaz diýen pikiri öňe sürýär. Onuň Birinji maý baýramçylygyna bagyşlanan «Lenin nurly Maý» goşgusy has-da bulaşyk. Awtor Birinji Maýyň biziň ýurdumyzda uly dabara bilen bellenýändigi üçin bolsa gerek, onuň döreýşinem biziň ýurdumyz bilen baglanyşdyrmaga çalyş- ýar. Goşguda «Äpet bir güýç baş bolup dur il-güne» diýen setir bar. Şahyr şol güýji şeýle häsiýetlendirýär: Ol güýç gudratly güýç! Ol güýç Marksyň, Engelsiň akylynda eýlendi. Dünýä serkerdesi beýik Leniniň Akylynda äpet güýje aýlandy. Birinjiden-ä, bu ýerde awtoryň diýjek bolýan zady başa barmandyr. Ikinjidenem, «akylynda eýlendi, äpet güýje aýlandy» ýaly rifma üçin getirilen söz oýnatmalar ol mukaddes taglymata şahyrana häsiýet berip bilmeýär. Onsoňam Lenin dünýä proletariatynyň beýik serdary diýip aýdylýar. Näme üçindir, bu goşguda dünýä serkerdesi diýip baha berilýär. «Dünýä» düşünjesine örän köp zat girýär. Lenin bolsa dünýäniň ezilen halklarynyň, azatlyk, özbaşdaklyk ugrunda göreşýän zähmetkeşleriň – proletariatyň söýgüli serdarydyr. Onsoň hem serkerde diňe goşunda bolýar. Serdar bilen serkerdäniň manysy örän tapawutly ahyryn. S.Öräýewiň Lenin temasyna bagyşlanan «Nyşanlar» goşgusy-da diýseň emelsiz ýazylypdyr. Çaganyň Lenine bolan söýgüsini (elbetde, goşgudan şoňa düşünibem bolanok) şeýle beýan edýär: Ene ony süýdi bilen emdirse, Menem ony mährim bilen içirdim. Ene ony nany bilen siňdirse, Menem ony ganym bilen geçirdim. Grammatiki taýdan seredeniňde, sözlemiň, tutuş bendiň eýesi ýok. Onuň üstesine-de, şahyr «mährim bilen içirdim, ganym bilen geçirdim, nany bilen siňdirse» ýaly mähirsiz, bulaşyk, deňdeş jümleler bilen goşgynyň lezzetini gaçyrýar. Şahyr S.Öräýewiň «Moskwanyň eteginde» goşgusy has-da gözgyny. Liriki gahryman Moskwa etekleriniň tokaýlaryny synlap ýörkä, uly duýgulary başdan geçirýär. Tokaýda agaçlara özüçe durmuş pelsepesini bermäge çalyşýar. Şeýdibem dialektikanyň, durmuşyň kanunlaryna laýyk gelmeýän gödeksi ýalňyşlyklara baş urýar. Goşgudaky beýleki kemçilikler bilen birlikde onuň ak berýozalara aýdýan: Rus gözelini gujaklan ýaly, Gujaklarsyň weli bolarsyň beýhuş diýen setirleri okyjyda gowy pikir döretmeýär. Şu ýerde köp dürli kanuny soraglar ýüze çykýar. Eýsem rus gözelini gujaklamak beýlekilerden tapawutlymyka? Ýa-da rus gözeli her öňýeten bilen aňsatlyk bilen gujaklaşyp ýörmelimişinmi? Onsoňam şahyr rus gözelini şeýle aç-açan kemsidip, beýik rus halkynyň mertebesine, namysyna şikes ýetirýändigine düşünmedimikä? Munuň özi şahyr islese-islemese, şeýle gödek netijedir. S.Öräýewiň «Rus dili» goşgusynda has-da yrga pikirler ýüze çykýar. Ol goşgudan şahyrana netije çykaranda «bu dil öwrülip barýar dünýä diline» diýip, onuň sebäplerini düşündirmäge çalyşýar. Neneň öwrülmesin mährem partiýam Dünýä daýanç bolýar bu dil arkaly. Hut şoňa daýanyp özgerýär eýýam, Şeýle partiýanyň dilem sarpaly. «Partiýanyň dünýä daýanç bolmagy» ýaly birtopar nätakyklyklary aýtmanyňda-da, rus diliniň partiýanyň dili däldigini, munuň syýasatyň gödek ýoýulmasy bolup çykandygyny aýtmalydyrys. S.Öräýewiň Lenin komsomolynyň döreýşine bagyşlanan «Gaýda dörän gahryman» goşgusynda-da käbir yrga pikirlere duşmak bolýar. S.Öräýewiň şu kitapdaky söýgi lirikasynyň-da, durmuşy goşgularynyň-da çeperçilik derejesi ýokarkylardan gowy däl. Poema barada bolsa gürrüň edeniňe-de degenok. Elbetde, bu zatlar barada häzir gürrüň edilmän, kitap çapdan çykmazyndan öň düýpli pikirlenmeli eken. Dogrusyny aýtsaň, munuň özi çeper edebiýatyň kitaby däl-de, diňe kagyz zaýalama bolupdyr. Kitap bolsa başgalaryňka seredeniňde iki esse tiraž bilen çap edilipdir. Biz ýokarda «Türkmenistan» neşirýatynda çap edilen kitaplar hakda pikir ýöretdik. Şu ýyllarda «Magaryf» neşirýaty hem poetik ýygyndylaryň ençemesini neşir etdi. Olar esasan, iki žanrda: çagalar hem ýaşlar üçin niýetlenendir. Diýmek, kitaplar iki redaksiýanyň önümi. Çagalar üçin çykarylan kitaplar, esasan, kiçi ýaşly, orta hem uly ýaşly mekdep okuwçylary üçin, birlän-ikilän mekdebe çenli ýaşly çagalar üçin diýen ýaly, çagalaryň ýaş aýratynlyklaryny göz öňünde tutulyp neşir edilipdir. Neşirýat kiçi ýaşly mekdep okuwçylary üçin A.Allanazarowyň «A» ýazýan», T.Söhbetowyň «Aşgabadym –göwün şadym», H.Şirowyň «Ýaşyl kitap», Ýa.Agageldiýewiň «Oba agşamy», orta hem uly ýaşly mekdep okuwçylary üçin G.Çöliýewiň «Gün gülüp bakýar», «Boýçy», O.Annaýewiň «Bagtymyzyň gözbaşy», mekdebe çenli ýaşly çagalar üçin A.Omarowanyň «Akgala» ýaly ýygyndylaryny çap edipdir. Kitaplardaky goşgulardyr poemalar, umuman alanyňda, şahyranalygy taýdan erbet täsir galdyrmaýar. Kitaplaryň awtorlarynyň köpüsi bu ugurdan tejribeli şahyrlar. Agzalan kitaplarda çagalaryň dünýäsine täsir edip biler ýaly goşgular az däl. Olar, esasan, çagalarda Watana, il-güne topraga, tebigata bolan söýgini çuňlaşdyrmaga kömek etjek eser. Kitaplarda çagalaryň dünýägaraýşyny, geografik düşünjesini giňeltmäge kömek etjek eserlerde az däl. Aýratyn-da, ýygyndylarda haýwanat dünýäsine bagyşlanan goşgular köp, Käbir awtorlarda has-da köpräk. Ilki bilen A.Allanazarowyň kitabyň her taraplaýyn kämilligi bilen has gowy täsir galdyrýandygyny bellemek gerek. Şahyr çagalar dünýäsine has golaý aralaşmagy başarýar. Temany düşnükli, sagdyn beýan etmegi başarýar. Onuň tematikasy-da baý. Terbiýäniň iň gowusy çagalykdan başlanmaly. A.Allanazarow şol meselä düşünjeli çemeleşýär. Kitapdaky «Güneşli gämi», «Lýotçik bolsam», «Täjiň arzuwlary», «Welnar aga», «Meniň jigim oktýabrýat» ýaly watançylyk terbiýesine eýlenen goşgular bilen birlikde tebigatyň uly baýlyklaryna söýgi döredýän köp sanly çeper goşgular awtoryň bu işe çynlakaý çemeleşendigini aňladýar. T.Söhbetowyň kitapçasy, adyndan görnüşi ýaly, gezelenje gelen oglanyň paýtagtyň gözel ýerlerini synlap alan täsirleri hakda söz açýar. Mundaky goşgularyň oglanyň öz ýaşyna laýyk garaýyşlar bilen beýan edilmegi, onuň şowly tarapydyr. Goşgularyň çeperçiligi erbet däl. Sagdyn oý-pikirli, kämil dünýägaraýyşly goşgularyň ençemesini H.Şirowyň ýygyndysyndan hem okamak bolýar. Kitap tutuşlygyna diýen ýaly tebigatyň täsinliklerine, baý haýwanat hem ösümlik dünýäsine, oňa hakyky eýelik gözi bilen garamaklyga bagyşlanypdyr. Käbir şowly goşgulary Ýa.Agageldiýewiň kitabyndan hem okap bolýar. Kitapdaky goşgular niýetlenen çagalara laýyk dilde, formada ýazylypdyr. Ýöne olardaky umumy bir kemçilik: şol bir öň ýazylan, okalan temalaryň daşynda aýlanýar. Olardaky goşgular köplenç öý haýwanlary, öý guşlary, pasyl alamatlary, tebigat hadysalary we ş.m. hakda gürrüňberýär. Şeýlelikde, biri-birini we öz-özüni gaýtalaýan ýagdaý emele gelýär. Orta hem uly ýaşly mekdep okuwçylarynyň tebigaty ýokardakylardan başgarak. Olar üçin ýazylan eserlerden edilýän talap hem şeýle bolmaly. G.Çöliýewiň ýokarda agzalan ýygyndylaryndaky goşgy-poemalaryň köpüsi şol bir talaba esaslanypdyr. Goşgularyň, bu ugurda işlemäniň tärini ymykly öwrenen şahyra de- gişlidigi belli bolup dur. Olar çagalara düşnükli, sada dil, usul bilen beýan edilýär. «Gün gülüp bakýar» tutuş diýen ýaly haýwanat hem ösümlik dünýäsi hakda gürrüň berýär diýsek-de ýalňyş bolmaz. Elbetde, käbir durmuşy goşgular hem ýok däl. G.Çöliýewiň «Boýçy» kitaby-da gowy täsir galdyrýar. Goşgularyň tematikasy hem baýlaşýar. Bu ýerde gönüden-göni sowet watançylygyny häsiýetlendirýän goşgularyň telimsine duşýarys. «Ýurdumyz», «Lenin heýkeli», «Al baýdagymyz», «Biziň köçämiz», «Moskwa», «Iň şöhratly adam», «Leningrad – rewolýusiýanyň öýi», «Rus tokaýy» we ş.m. goşgularyň üstüni ýetirip duran graždanlyk mazmunly zähmet endiklerini ündeýän goşgular hem az däl. Ýöne şahyryň iki kitabyndaky goşgy-poemalar-da şol bir formada: bäş-alty bogun ölçegli setirlerde düzülipdir. Şol bir usuldaky beýan etmeler çagalary ýadadaýmasa diýip pikir edýärsiň. Onsoň hem şol formalar olaryň şol niýetlenen ýaşdaky çagalar üçin ýeňiljek gelýär. Şeýle hem, uly ýaşly mekdep okuwçylary üçin diýilmegi onçakly dogry däl. Olar ýokary klas okuwçylary. Olar ýetginjekler. Şonuň üçinem olara niýetlenen goşgularyň mazmuny-da, formasy-da has kämil bolmaly. Has takygy, kitaplar-da jemgyýetçilik mazmunly şu günüň ösen düşünjeli çagalary-ýetginjekleri üçin bolmaly. Olarda ylmy-tehniki progresiň täsirlerini oýarýan eserler bolmaly. Şu jähtden seredeniňde, O.Annaýewiň «Bagtymyzyň gözbaşy» kitaby, göwrüminiň kiçidigine garamazdan tapawutlyrak. Ondan syýasy-publisistik, zähmet, tälim-terbiýe temalara bagyşlanan çeper dilli, sagdyn ideýaly, mazmunly, dürli formaly goşgularyň ençemesini okamak bolýar. Bu onuň üstünligi. Ýöne kitapda başga bir kemçilik bar: žanrlar bulaşdyrylypdyr. Çagalar üçin bolan goşgular bilen birlikde şol neşirýatda diýlişi ýaly, ýaşlar üçin goşgular hem ýerleşdirilipdir. Dogrusy, bu goşgular kitabyň köp bölegini tutýar. «Mukaddes ýer», «Rewolýusiýa näme», «Waspnama» «Komsomol aýdymy», «Ýygymçy gyz», «Durmuşyň soragy», «Bagt», «Gözellik hakda goşgy» we ş.m goşgularyň toparyny düzýär. Umuman, çagalar bölüminiň kitaplary hakda aýdylmaly bellik, biziň pikirimizçe, şeýleräk: häzirki ýagdaýda kitaplaryň mazmuny erbet däl. Ýöne olaryň tematikasyna seretmeli. Mekdep ýaşly çagalar üçin bolsa-da, kitaplarda mekdep durmuşy bilen baglanyşykly eserlere duşup bolanok diýen ýaly. Tebigat bilen, haýwanat dünýäsi bilen baglanyşykly goşgular, maşgala gatnaşyklaryndaky köp sanly «atam-enemler», «jigiler» şahyrlary basmarlaýan ýaly ertekiçilik usuly-da köpräk duşýan ýaly. Geljekde çagalaryň öz aralaryndaky dostluk-agzybirlik meselelerine, halklar arasyndaky dostluk-doganlyk, internasionalizm ideýalaryna, häzirki zaman we ylmy-tehniki progres we ş.m. temalara awtorlaryň ünsi çekilse, gowy bolardy. Ilkinji nobatda hem mekdep reformasyna düýpli üns bermeli. «Uly ýaşly mekdep okuwçylary üçin» diýen meselä özbaşdak seretmeli. Sebäbi, belleýşimiz ýaly, olar üçin bolan eserler tapawutlyrak bolmaly. Kitaplary-da özbaşdak bolsa, kem boljak däl. Hiç bir ýetginjek ýokarky kitaplary özüne degişli diýip düşünmez. Şol neşirýat seredilen döwürde «ýaşlar üçin» diýen rubrika bilen poetik kitaplaryň birnäçesini neşir etdi. Olaryň arasynda D.Haldurdynyň «Hakyda», A.Taganyň «Aşgabadyň agşamy», R.Alyýewiň «Bahar geldi», S.Öräýewiň «Akdereli Akmaral», A.Taşowyň «Laçynyň aýdymy», G.Daşgynowyň «Sözle, sözüň ýaýylsyn» kimin we käbir beýleki kitaplar bar. Kitaplar, esasan, ýaşlar temasyna ýakyn hasaplanan eserlerden düzülipdir diýsek ýalňyş bolmaz. Bu işe dürli nesliň awtorlary çekilipdir. Şol awtorlaryň kitaplaryndan sowet watançylygyny dürli formada wasp edýän eserleriň onlarçasyny okamak bolýar. Zähmet hem graždanlyk mazmunly, dostluk hem internasional garaýyşly eserler az däl. Bir söz bilen aýdanyňda, eserleriň köpüsiniň süňňi sagdyn, çeperçilikleri-de hiç neneň däl. D.Haldurdynyň «Hakyda» poemasy şu jähtden aýdanyňda, jüpüne düşen eserdir. Şahyr W.I.Lenin temasyndan ýazan bu eserini gönüden-göni ýetginjeklere niýetläpdir. Munda beýik Leniniň zähmetkeş halkyň çagalary üçin eden atalyk aladalarynyň tarypy edil- ýär. Poemanyň gahrymany «etim hem garyp çagalar üçin Leniniň açan mekdebinde» terbiýe alypdyr. Şol mekdepdäki çäreler hakda gyzykly gürrüňler berilýär. Poemada agaç ussasy Iwanyň çagalara leninçilik hakykaty sada dil bilen, praktiki iş arkaly düşündirmegi gowy garaýyşlar oýarýar. R.Alyýewiň kitabyna şahyryň dürli döwürlerdäki watançylyk lirikasynyň nusgalary girizilipdir. A.Taşowyň kitabyna-dasyýasy-publisistik goşgularyň ençemesi ýerleşdirilipdir. Ondaky «Watan», «Juwanlyk şäheri», «Gara deňziň matroslaryna», «Komsomolyň ýüreginiň sesi» goşgular toplumy şolara degişlidir. Şeýle hem, kitapda ýaş atanyň arzuw-isleglerini, şahyryň durmuş hakdaky oý-pikirlerini alamatlandyrýan goşgular bar. Goşgular sada, gönümel lirikanyň nusgalarydyr. G.Daşgynowyň kitabynyň mazmuny-da baý, ondan kämilleşen şahyryň sesi gelýär. Ýygyndydaky «Partiýanyň sözi», «Mekanym», «Hakykat», «Kawkazda», «Uruşdan gelmedikler» we birnäçe durmuş dakdakyoý-pikirleri jemleýän goşgulary şahyryň kämil dünýägaraýyşlaryny kämilleşdirýär. Bir söz bilen aýdanyňda, goşgularyň süňňi sagdyn. Ýöne bir bellemeli zat: kitap ýaşlar üçin diýilse-de, munda hemme zat hakynda bar. Kitap ýörite rubrika bilen berlensoň nähili-de bolsa, şoňa ýakyn durjak bolmaly eken. Bu durşuna muny «Türkmenistan» neşirýatynda çykarsaňam boljak. Şahyr S.Öräýewiň «Akdereli Akmaral» kitabyna kitap bilen atdaş uly göwrümli epiki poemasy hem birnäçe goşgusy ýerleşdirilipdir. Poema tanymal pagtaçynyň zähmet ýoluna bagyşlanypdyr. Poemada şowly epizodlar, sahypalar ýok däl. Şeýle-de bolsa, poemanyň ýugrumynyň ýetmändigi okyjyny nägile edýär. Epizodlar, wakalar juda süýndürilýär. Poemanyň edil ýarysyny gysgaldanyňda-da, üýtgejek zady ýok. Neşirýatçylaryň şu ýagdaýlara janypkeşlikli seretmegi gerek eken. Mundan başga-da, kitapda on goşgy bolup, şonuň altysy pagta ýygymy barada. Ählisi bir äheňdäki goşgular. Aslynda, şu kitaba hiç hili goşgy salmaly däl eken. Ol goşgularam kitabyň abraýyny artdyranok Sebäbi goşgular biri-birinden gowşak. Şu günüň okyjysynyň islegine laýyk gelmeýär. Umuman, «ýaşlar üçin» rubrikasy bilen çykarylýan kitaplaryň žanr aýratynlygyna birneme üns berilse, kem bolmazdy. Aslyýetinde-hä, edebiýatyň ählisi diýen ýaly ýaşlar üçin. Onsoňam şol ýerde ýaşlar üçin diýip çap edilýänler ýetginjekler üçin bolmaly. Häzirki ýagdaýda doly üns berseň, şolaryň ikisem däl. Kitaplary ünsli gözden geçireniňde, käbir ýoldaşlar ikinji derejeli eserlerini şol neşirýata berýän ýaly görünýär. Hakykatda bolsa, şol ýerde ýetginjekleri hemme taraplaýyn kämil terbiýelemäge hyzmat edip biljek eserler neşir edilmelidir. Şu günüň derwaýys meseleleri bolan Azyk programmasy, mekdep reformasy, harby-watançylyk, parahatçylygy gorap saklamak, ahlak hem halklaryň dostlugy şu günüň çeper edebiýatynyň esasy temalary bolmalydyr. Soňky döwrüň poeziýasynda, aýratyn hem lirikada ýygy-ýygydan duş gelýän tema ownuklygy, durmuşdan üzňelik, öz-özüňi, birek-biregi gaýtalamak ýaly ýagdaýlaryň öňüni almaga çalyşmaly. Neşirýat işgärleriniň özlerine-de talaby güýçlendirmeli. Olaryň kitaplarynyň göwrümi-de tiražy-da hemmelerinkiden köpbolýar. Hili bolsa beýlekileriňkiden pes bolmasa, artyk däl. Munuň şeýledigini ýokarda seredilen käbir kitaplaryň mysaly hem görkezip dur. Neşirýat işine şeýleräk çemeleşilse, biziň poziýamyzyň geljekki ösüşli ädimlerine uly ýardam ederdi. 1983 ý. | |
|
√ Döredijilikde ideýa meňzeşligi bolup bilermi?! - 07.06.2024 |
√ Palestin ýazyjysy Gassan Kanafaniniñ "Haýfa gaýdyp gelmek" hekaýasy hakda - 16.06.2024 |
√ Amin Maluf we "Empedoklyñ dostlary" - 03.03.2024 |
√ A.M.Gorkä hat - 19.10.2024 |
√ Ýaş şahyrlar we şahyr ýaşlar - 10.01.2024 |
√ Söýginiň tarypy - 14.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 3 | ||||
| ||||