05:50 Pornografiýa tomaşa etmek | |
PORNOGRAFIÝA TOMAŞA ETMEK
Publisistika
Beýik rus ýazyjysy Aleksandr Puşkin "Kapitan gyzy" powestinde 1773-1775-nji ýyllarda bolup geçen Pugaçýowyñ gozgalañyndan söz açdy. (Puşkin bu daýhan gozgalañynyñ taryhyny-da ýazdy). Kazak halk serdary Ýemelýan Pugaçýowyñ ýolbaşçylygynda tatarlar, başgyrtlar Moskwanyñ alkymyna gelip diredi. Ýewropa rus döwletini güýçsüz görkezjek bolup gozgalañdan peýdalandy. Osmanly-Russiýa uruşynyñ 1774-nji ýylda soñlanmagy bilen gozgalañda täze döwür başlady. Imperatrisa Ýekaterina goşuny gozgalañçylaryñ üstüne ugradyp, gozgalañy basyp ýatyrdy. Pugaçýow ölüm jezasyna höküm edildi... Gozgalañçy ýedi müñ adam öldi, alty müñi ýesir düşdi. Imperatrisa ýesir alynanlaryñ gulaklaryny kesdirdi! Zyndan ýok, azyk ýok, şonça adamy nirä ýerleşdirip, nädip naharlajak? Ekin ekmäge-de ilat sany azdy. Emma jezany-da bermeseñ bolanokdy, goý, günälidigi hemişe bilinsin, masgaralansyn! Muny ýazmagymyñ bir sebäbi bar: YŞYD 22-nji martda Moskwada konsert merkezine hüjüm etdi, 133 bigünä raýatyñ ganyna galdy. Ruslar bir terrorçynyñ gulagyny kesdi. Dünýä mediýasy "gulak kesmäni" öwran-öwran habar edip berdi... "Московский Комсомолец" gazeti gulak kesmäniñ sebäbini ýazdy. "Gulagyñy gidermek uly namysdyr we masgaraçylykdyr, çünki terrorçylar gulaklary bolmasa şehit bolup bilmejeklerine ynanýarlar. Birnäçesi "Allatagala gulagyñdan tutup jennete tarap çekýär" sözüne harpma-harp eýerýär we gulaklary bolmasa jennete girip bilmejekdigine ynanýar. Uly ähtimallyk bilen bu gorkunç etmişi gaýtalap biljek beýleki potensial militanlara beriljek iñ gowy signal..." * * * Başdan geçirýän döwrümizi ýeke sözde nähili aýdyp bilersiñiz? Meniñ pikirimçe-hä muña ekspozisiýa diýmeli. Göze ilmeýäniñ, görünmeýäniñ tutýan ýeri görlenok sebäbi! Syýasat bilen birlikde her dürli gara güýjüñ subuty agressiýa bütin dünýäde tomaşalyk boldy! Iñ soñky gezek Moskwa gandöküşliginiñ wideogörnüşleri tomaşa etme rekordyny täzeledi. Fransuz akyldary Žan Bodriýýar bedeniñ her dürli agressiýa sezewar bolmagynyñ mediýa arkaly görkezilmegine "pornografiýa" diýip kesgitleme berdi! Gürrüñsiz, YŞYD gandöküşliginiñ syýasy sebäbi we Russiýanyñ terrorçynyñ gulagyny kesmesiniñ öñden gelýän ýörelgesi bar... Beýleki bir ýandan bizem bar: Ýa agressiýanyñ ejirini çekýäris, ýa agressiýany edýäris, emma iñ köpem agressiýa tomaşasynyñ - pornografiýanyñ şaýady bolýarys! Bu meýletin "alyjy bolma haly" agressiýanyñ köpçülikleýin häsiýete eýe bolmagyna getirýär... Adamlar diñe konsert merkezinde bolup geçen wagşyýanalyga ýa-da gulak kesmä däl-de, Saddam Hüseýiniñ öldürilişi ýa-da Kaddafiniñ linç edilişi ýaly ölümli tomaşalara neçün beter "gyzyklanma" bildirýär? Mediýada agressiýa gündelik durmuşyñ bölegine öwrülip, bolaýmaly zat hemişe gözümiñ öñüne nämüçin çykarylýar? Sebäbi belli: Kapitalizmiñ diñe peýdakeşlige gönükdirilen bazary bu işiñ merkezinde! Transport tehnologiýalaryndaky ýyldyrym çaltlygyndaky üýtgeşmeler, toslama ýa-da hakyky gaty köp sanly wideolaryñ giñ köpçüliklere ýaýramagyna sebäp bolýar. Hawa, agressiýa (tiraž, reýting, kassa we ş.m. üçin) girdeji gazanmagyñ maksadyna öwüldi... * * * Ýeri, kapitalizmden näme edende-de geñ görýän ýok. A biz tomaşaçylar näme? Meselem, YŞYD ekspozisiýasynyñ "ýaşyryn goldawçysy" bolandygymyzy kellesine aýlaýan barmy? Ölümli tomaşanyñ gyzygyna añyny aldyran bizler agressiýany ýörelge edinen bu toparlar tarapyndan jezalandyrylýarys, adamkärçiligimiz ýitirdilýär! Gulak kesme täze däl, "bejit kellesini togalañ!" täzelik däl we ş.m. Bärde täzelik jezalandyrma tomaşasynyñ köpçülikleýin häsiýete eýe bolmagy we has gynançly ýeri mundan giñ köpçülik gatlaklarynyñ hoşnut bolmagy! Rim gladiatorlarynyñ döwüşýän arenasyndaky tomaşaçylardan tapawutly ýerimiz ýok, başam barmak aşak burulýar: “öldür öldür...” Hakykatyñ kime geregi bar: YŞYD teraktynyñ añyrsynda kimleriñ bardygy bilen gyzyklanýan ýok! Ganly sahna tomaşa edildi. Bolany... Dürli hili pornografik ekspozisiýalar köpçüligiñ psihologiýasyny bozdy. Dünýäniñ çar künjündäki adamzat jan alýan epizodlara keýp edip tomaşa kylýar. Soñam "agressiýa ne beýle artdy?" diýip soralýar. Eee, senden ötri... Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 26.03.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |